15:46 Haýsy dogry | |
HAÝSY DOGRY
Publisistika
Global derman öndüriji kompaniýalaryñ (gowy gygyryp müşderi çekip bilýän) jarçylarynyñ nyşanasynda bu gezek Saglygy goraýyş ministri Fahretdin Koja bar. Ministriñ bar eden "etmişi" köpçülikleýin sanjym işleriniñ geçirilmegine garşy çykmakdan ybarat... Men hemişe ýazyp geldim: ylym nikabyna bürenen neoliberalizm käbir derman gerdejikleri ýaly dümew sanjymlarynyñam ömürboýy ulanylmagyny isleýär. Bularyñ ýeke-täk maksady - medisinadan peýda gazanmak. Türkiýede köpçülikleýin sanjym çäreleriniñ üstünde çekişmeler dowam edip durka, 2023-nji ýyl boýunça medisina ugrundan Nobel baýragynyñ kime beriljekdigi mälim edildi: mRNA düzümli COV-19 sanjymynyñ kämilleşdirilmegi üçin iş alyp baran iki alyma baýrak berildi: - Germaniýanyñ "BioNTech" biotehnologiki şereketiniñ başlygynyñ orunbasary bolup işleýän asly wenger ABŞ-ly Katalin Kariko... - "BioNTech" bilen "Pfizer"-iñ bileleşip çykaran mRNA sanjymlarynyñ kämilleşdirilmegine kömek eden ABŞ-ly Drýu Waýsman… Özlem Türejidir Ugur Şahine nämüçin berilmändigi aýry gürrüñiñ temasy... (Gaty yza gidibem oturmaýyn: 2020-nji ýyl boýunça himiýa ugrundan berilen Nobel baýragynda şuña meñzeş ýagdaý boldy. Gen kadalaşdyrma tehnologiýasynyñ kämilleşdirilmegine goşan goşantlary üçin fransiýaly Emmanýuell Şarpentýä we ABŞ-ly Žennifer Daudnä baýrak berildi. Emma olar bilen deñ işlän litwaly Wirginiýus Şikşnise berilmedi. Baýrak iñ köp adama bermek bilen çäklenilýändigi üçinem şolar ýaly çekişmeler köp. Ýeri bolýa...) Baýrak berilende dünýä jemgyýetçiligine "ylma berilen baýrak" diýildi. Serediñ: * * * Şu meselede pikirimiz bir bolmaly: "Hemme zat özgerip durýar, hiç zat 100% dogry ýa-da ýalñyş däl" diýýän ylmyñ özi. Ylymda anyk kesgitleme bolmaýar. Özgermeýän ýeke-täk zat özgerişiñ özidir. Soragsyz ylym bolmaýar. Bir gowy nakylymyz bardyr: "Kesgir pyçak bolmak üçin köp çekiç iýmek gerek!" Ýagny, "ylym" baýraklaryny paýlaýan Nobel ýalñyşyp bilmezmi? Jogaby bermezden öñ şuny aýdaýyn: Ykdysadyýet, çeper edebiýat we parahatçylyk boýunça berilýän baýraklaryñ-a barsy syýasy maksatlydyr. (Ýeke mysal bereýin: neoliberalizmiñ "lideri" Milton Fridman we onuñ "käbesi" Çikago uniwersitetine baýrak barsy berildi. Özem Çilide "neoliberal laboratoriýa" guran Fridmana baýrak berilen 1976-njy ýylynda MRU (CIA) bu ýurtda halky gyryp ýördi. Geñ galyp oturmagyñ hajaty ýok: Mahatma Gandi bäş gezek "parahatçylyk boýunça" Nobel baýragyna hödürlense-de, baýrak berilmedi!). Adamzada iñ uly peýdany edýänlere berilýän baýrak fizika, himiýa, fiziologiýa ýa-da medisina ugrunda şondan parhlydyr öýdýärsiñizmi? * * * Üstünde durup geçmek isleýänim şu: Mysal üçin, 1938-nji ýylda Enriko Fermä Nobel baýragy berildi, emma onuñ eden işiniñ ýalñyşdygy soñ ýüze çykdy! 1926-njy ýylda "düwnügiñ sebäbini tapandygy üçin" medisina baýragy berilen daniýaly Ýohannes Fibigeriñ işi 1952-nji ýylda püçege çykaryldy. 1906-njy ýylda "añ sistemasy" boýunça alyp baran işi üçin baýrak berilen italýan Kamillo Goljinin açyşy 50-nji ýyllarda puja çykaryldy. Nobel baýragyny bermek boýunça komitet berilen baýragyñ nämynasypdygy subut edilse-de, beren baýragyny yzyna almaýar. Mysal üçin, medisina guramalarynyñ bildiren nägileliklerine garamazdan, portigaliýaly Antoniu Egaş Monişiñ baýragy yzyna alynmady. 1997-nji ýylyñ baýragy prionlary açandygy sebäpli Stenli Pruzinere berildi. Bu baýragy jedeli uzaga çekdi, edilen ylmy işiñ güýji we prionlaryñ barlygy-ýoklugynyñ gürrüñi ula gitdi. Diñe bularam däl: 2008-nji ýylyñ Nobel baýragy germaniýaly Harald sur Hauzene "ýatgynyñ agzynda düwnük döremegine sebäp bolýan adam papilloma wiruslaryny (HPV) açandygy üçin" berildi. Köp wagt geçmänkä şwed polisiýasy HPV sanjymynda paýy bolan "AstraZeneca" global derman şereketiniñ bikanun işlerini öwrendi. Şereketiñ Hauzen bilen güýçli ýakynlygy ýüze çykdy. Baýragyñ bir gyrasynda pul bardy! Ömür boýy dogry hasap eden zadyñyz günleriñ bir güni ýalana çykarylybam bilner, ýatdan çykarmañ. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 05.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |