10:12

Hazareýler we Taliban

HAZAREÝLER WE TALIBAN

Geçen anna güni (30.09.2022 ý.) Kabulyñ bir raýony ýene gan kölüne çümdi.
Aglabasyny hazareý talyplarynyñ düzen ýokary okuw jaýyna giriş ekzameniniñ geçýän binasynda birnäçe talyp gurban boldy, ölenleriñ sanyndan iki esse köp talyp agyr ýaralandy.
Şeýlelikde taliban häkimiýetiniñ astynda agyr tramwany başdan geçiren hazareý kowçumy ýene bir gezek agyr sarsgyna düşdi.
Wepat bolanlaryñ köpüsi jemgyýetiñ geljegi saýylýan juwan ýaşly (18-19 ýaşlarynda) ýaş oglan-gyzlardy.
Geñ görmeli, soñky aýlarda hazareýlere garşy bolýan her terakty özüniñ amala aşyrýandygyny aýdýan DAIŞ-iñ Horasan şahasyndan bu gezek ses çykanok. Kabula belet ýerli žurnalistler bu gezekki terakty Talibanyñ "Hakkani" şahasynyñ amala aşyran bolmagynyñ mümkindigini aýdýarlar.
Owganystanda puştun däl demirgazykly toparlaryñ arasynda Talibanyñ sistematiki hüjümlerine iñ köp uçraýan etniki topar hazareýler bolsa gerek.
Diñe soñky bir ýyllyk taliban häkimiýeti döwründe Kabuldaky we beýleki şäherlerdäki edaradyr guramalar (metjitler, medreseler, kurs merkezleri, mekdepler we ş.m.) sistematiki ýagdaýda bombaly hüjümleriñ nyşanasyna mündi.
Taliban hökümeti bu hüjümleriñ garşysynda göz üçin berýän beýanatlaryndan we gözboýagçylykly ýazgarmalaryndan başga hiç zat etmedi, geljekde bolup biläýjek hüjümleriñ öñüni almak üçinem hiç zat edenok.
Öz häkimiýet başyna gelen döwründe hazareýlere garşy bolýan agressiýalara sesini çykarmaryk Taliban 20 ýyllyk respublika döwründe-de owgan geografiýasynyñ kyn şertlerini güne garalyp giden ýüz-gözlerinde we ýüzleriniñ ýygyrtlarynda göterýän bu ejiz halky pursat tapan wagty gyrdy, ýok etdi.

2021-nji ýylyñ başynda, ýagny Talibanyñ Kabula girmeginden birnäçe aý öñ Kabulda hazareýlere degişli mekdebiñ öñünde okuwçylaryñ sapakdan çykýan wagtynda bolan bombaly teraktda 10-15 ýaş aralygyndaky 90 okuwçynyñ ömür tanapy üzülipdi.
Mekdebi öñi dört ýana sowrulan jesetlerden ýaña gassaphanany ýada salýardy.
Bütin dünýäniñ näletlän bu ganly teraktyny Taliban amala aşyrandygyny aýtsa-da, iki puştun lideri - öñki we soñky prezidentler Aşraf Gani we Hamid Karzaý ganojak topara terrorçy diýmäge bogunlary ysmady hem-de hadysany gözboýagçylykly sözler bilen başdan sowmaga dyrjaşypdy.
Ýogsa-da, Talibanyñ hazareýlere bolan şeýlekin çuñ ýigrenji nirden gelip çykýar?
Taliban we DAIŞ ynanjynda şaýy ynanjy yslamy bozýan yrga ynanç, muña uýýanlar-da kapyrlardan has howply duşman saýylýar.
Aýratynam, hazareýleriñ owgan jihady, taliban agalygy döwdünde şaýy Eýran tarapyndan goldanmagy, toparlanmagy we ideologik taýýarlykdan geçirilmegi, olary kese ýerlileriñ aýakçylygyny edýän içki duşman hökmünde sypatlandyran taliban ynanjyny pugtalandyrdy.
Hazareý jemgyýeti respublika döwründe Kabulda Eýran goldawly birnäçe ýokary okuw jaýyny we metjidini gurupdy. Kum şäherinde Ymam Homeýniniñ syýasy-ideologik şaýy täliminden geçen hazareý mollalary-da akgynly eýran-pars aksentleri hem-de eýran mollalaryny ýatladýan akly-garaly selle-saryklary bilen ünsi çekýärdiler.
Hazareýlerdäki bu medeni-ideologik üýtgeşme we saýrylaşma Owganystandaky beýleki etniki toparlaryñam ünsüni çekmäge başlady. Hazareý mollalarynyñ eýran tüýsli egin-eşiklerini we parsça aksentlerini ilkibaşda ýadyrgady we halamady.

Her niçik-de bolsa, bu garşylyklar hiç wagtam Talibanyñky ýaly ýigrenje öwrülmändi. Hazareýler Eýranyñ gözüne ilmek üçin we goldawyñ dowam etmegi üçin ellerinden gelenini etdiler. Segseninji ýyllarda Owganystan sowet tanklarynyñ astynda iñläp ýatyrka, Eýranda emigrant bolup ýaşaýan hazareýler Homeýniniñ gözüne ilmek üçin Saddam Hüseýniñ garşysyna uruşmak üçin Yrak frontyna gidýärdiler. Eýran gazetleriñ başky sahypalaryny olaryñ görkezen "gahrymançylyk" hekaýatlary bezeýärdi.
Emma hazareýler hernäçe çytraşsalar-da, Eýranyñ Owganystandaky syýasy tamasyny ödäp bilmediler.
90-njy ýyllarda Talibanyñ garşysynda durup bilmedik hazareýler respublika döwründe-de möhüm häkimiýet şärikdeşi hökmünde güýjüñ merkezinde ýer alandyklaryna garamazdan, Eýranyñ tamasyny ödäp bilmedi.
Lapykeçlige düşen Eýran goldaw bermegini bes etdi welin, hazareýler guk ýanlarynda täze bir hemaýatkär we howandar tapdy. Hazareýleriñ daşyndan tutunan bu gezekki howandary Türkiýeden başga hiç kim däldi.
Hazareýleriñ türkleriñ göwnüni awlamak üçin toslap tapan "hazareý türkleri" gipotezasy Ankara, Stambul ýaly şäherlerde çaltlyk bilen ýaýrady we oñlandy.
Şeýdibem, 90-njy ýyllarda Talibanyñ elinde ýesirlikdekä wepat bolan, owgan jihadynyñ iñ garañky ýüzlerinden biri bolan hazareý serkerdesi Abdul Ali Mezari Türkiýedäki Owganystana bagyşlanyp geçirilýän konferensiýalarda "beýik türk şehidi" diýip ýatlanmaga başlandy.
Edil ýöne şol wagtky duran ýerine görä reñkini üýtgedip bilýän hameleon ýaly baran ýurdunda jynsyny we milletini üýtgedip bilýän hazareýler özlerini Eýranda şaýy-pars, Türkiýede türk ýa-da asly türki, Ýewropada bolsa ariýes hökmünde tanatmaga başlady. Munuñ bilenem çäklenmän, Ýewropa we ABŞ-na gidensoñ, dinlerini üýtgetmäge ýöneldi.
Owganystanda onlarça etniki topar baram bolsa, owganlaryñ arasynda daşary ýurda çykansoñ dinini üýtgedýän ýeke-täk topar hazareýlerdir. Hristianlyga geçen ýeke täjige, puştuna ýa-da özbege duş gelip bilmersiñiz, emma men size dinini üýtgeden onlarça hazareýi sanap berip bilerin.
Elbetde, din we ynanç her kimiñ öz şahsy meselesi. Meniñ bärde ünsüñizi çekmek isleýän zadym - hazareýler üçin din, millet, millilik ýaly düşünjeleriñ hiç zady añlatmaýandygy.
Hazareýler özleriniñ aýdyşy ýaly pars, türk ýa-da ariý milletinden däl bolýan bolsa, onda nämekä? Hazareýler pars-täjik medeniýetine we şaýy ynanjyna giren asly mongol halkdyr.
Çingiz han Owganystanyñ häzirki ýerleşen ýerlerini basyp alan wagy, şol ýerlerde müñ adamlyk galalary gurupdy. Şol müñ adamlyk galalar wagtyñ geçmegi bilen "müñ" manysyny berýän Hazar sözünden döredilen hazara, hazareý (müñlük, müñlük topar manysynda) görnüşinde aýdylmaga başlandy.
(Osmanly oýlap tapyjysy Hazarfen Çelebiniñ lakamy-da hazar sözünden gelip çykýar we "müñ bir ylymdan baş çykarýan kişi diýmegi añladýar).

Çingiz hanyñ ölüminden 50-60 ýyla golaý wagt geçensoñ, Orta Aziýadaky mongol taýpalary bolýan ýerlerine görä türkileşdiler ýa-da parslaşdylar.
Naýman, kereý, çagataý, barlas, goñrat ýaly mongol taýpalary özbekler, gazaklar, gyrgyzlar bilen garyşyp türkileşdi. Hazareý adyny alan Owganystandaky mongol goşun bölümleri-de täjikleşdiler.
Üns beriñ, Orta Aziýadaky we Sibirdäki türki halklar biri-birlerine örän ýakyn dilde gürleýärler, şeýle-de sanlar, dil, agyz, burun, el-aýak ýaly esasy beden agzalarynyñ atlary hem-de beýleki esasy sözler şo durşuna gaýtalanýar.
Munuñ sebäbi olaryñ hemmesiniñ düýbüniñ bir halkdan gelýänligindendir. A hazareýlerde bolsa bu sözleriñ köpüsi parsça.
Ýagny, beýleki türki halklar bilen hazareýleriñ arasynda bir geografiki giñişligiñ adamy bolmakdan gelip çykýan fiziki meñzeşlikden başga medeni taýdan hiç hili umumylyk ýok.
Hazareýleriñ asly türki gelip çykyşly bolsa, onda hökman beýleki türki halklar bilen arasynda käbir meñzeşlikleri bolardy.
Ýalñyş düşünilmesin: elbetde, bütin bularyñ barsy Talibanyñ hazareýlere garşy amala aşyran gandöküşligini hiç bir ýagdaýda hakly görkezip bilmez.
Ýene bir zat bar, olam - hazareýler şaýy ynanjynyñ esasy prinsipi bolan takiýe däbine amal edýär. Takiýe - başa düşen agyr ýagdaýdan gutulmak, maddy ýa-da magnawy bähbit gazanmak, howply pursatlary başyñdan sowmak üçin bilgeşleýin ýalan sözlemek, "artistlik" etmek we özüne hakykatdanam şeýledir öýtdürip ýaşamakdyr.
Ýöne gynansak-da, bu çemeleşme olary howp-hatardan gorap bilenok.
Hazareýler nirä gidende-de, şol giden ýurdundaky halkdandygyny subut etjek bolup kösenip ýörmegiñ deregine, "Hawa, biziñ aslymyz mongol, emma wagtyñ geçmegi bilen täjikleşip yslam dinine we medeniýetine giripdiris!" diýseler gowy bolar.
Hakykat şular ýaly ýönekeý we açyk-aýdyñ görnüp durka, amerikan aýdymçysy Maýkl Jekson ýaly ömürboýy reñkiñi we aslyñy üýtgetjek bolup ýörmegiñ näme manysy barka?
Bilşiñiz ýaly, Maýkl Jeksonam teniniñ reñkini üýtgetmek üçin onlarça gezek operasiýa giripdi, emma näçe jan etse-de, "garaýagyz aýdymçy" ýarlygyny özünden aýryp bilmändi.
Näme edeniñde-de, Günüñ öñüni palçyk bilen suwap bolmaýar ahyryn!

Esedulla OGUZ,
Türkiýeli türkmen žurnalisti.

04.10.2022 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 170 | Добавил: Gökböri | Теги: Esedulla Oguz | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]