12:48 Hemişe aldabilmersiñ | |
HEMIŞE ALDABILMERSIÑ
Maliýe we ykdysadyýet
Erdogan diýýär: "Walýuta kursunyñ üstündäki köpürjigi aýyrdyk, inflýasiýanyñ üstündäki köpürjigi-de ýüzümiziñ ugruna aýryp, ýurdy bu boluşdan halas ederis!" Ýeri nädip? Nebati hem şeýle diýdi: "Biz ortadoks syýasatlary bir tarapa goýduk. Indi geteredoks syýasatlar bar. Emma muny amala aşyranda-da, eserdeñ bolmagy, ýurduñ hakykatlaryna, içki dinamikalaryna, halkara konstrukturanyñ şertlerine laýyk görnüşre maliýe we pul syýasatlaryny bilelikde ýöredip, her dürli taýýarlygy görüp, ýolumyza dowam ederis." Nämekä "täze" ýol? Ýokaryk bakýarys - prosent ýokarlanmalary... Aşak bakýarys - walýuta ýokarlanmalary... Hem başymyzdan inen ýaşaýyşyñ barha gymmatlaşmagy... Çözgüt bolsa - diñe boş wadalar... "Köpürjik" ýa-da "dürli-geterodoks" diýlen ýoldan eýýäm kyrk ýyl bäri ýöräp gelýäris: Monetarizm! Bu adalganyñ-teoriýanyñ oýlap tapyjysam neoliberalizmiñ atasy ABŞ-ly Milton Fridman! Monetarizm esasan inflýasiýa hakyndadyr. Fridman inflýasiýa ýaly bazardaky durnuksyzlygyñ köpüsiniñ pul bilen baglanşyklydygyny öñe sürdi: "Inflýasiýa hemme wagt we hemme ýerde ýerde monetar fenomendir." Bu teoriýa görä inflýasiýany gözegçilik astyna almak üçjn iñ täsirli serişde pul syýasatydy. Soñky döwürde häkimiýetem agzyny çöpe-çalama urup gürlese-de, inflýasiýanyñ çözgüdini (prosentden walýuta) monetar syýasatlardan gözleýär. Edýänleri-de biri-birine ters... Şeýle: • ABŞ-nyñ BOÝNA DAKMASY Inflýasiýa - Inflation… ABŞ-da XIX asyryñ ortasynda (Amerikan graždanlyk urşunda çykarylan bankbotlaryñ hümmetiniñ gaçmagy bilen) kagyz pul göz öñüne tutulyp orta çykan adalga... Ikinji jahan urşunyñ ykbaly belli bolanda - 1944-nji ýylyñ iýul aýynda ABŞ Günbatar blogundaky kyrk dört ýurduñ boýnuna "Halkara pul ylalaşygy" ("Bretton Woods") şertnamasyny dakdy. Global söwdada amerikan dollary esasy pul birligi boldy. Bu täze maliýe ulgamynda Bütindünýä banky (IMF) halkara "merkezi banky" ýaly hereket etdi! Soñ ABŞ altyn alyp pul çykarmagyny bes etdi. Soñ "Bretton Woods" ýetmişinji ýyllaryñ ahyrynda çöküşlige girdi. Türkiýe ýaly ýurtlaryñam ýokary inflýasiýa bilen tanyşma döwri başlady! Türkiýe ýokary inflýasiýany ilkinji gezek 1979-80-nji ýyllardaky tölegler deñleşigi krizisinde başdan geçirdi. 1960-70-nji ýyllarda 10%-den aşakda duran inflýasiýa 70-nji ýyllaryñ soñunda 100%-iñ üstüne çykdy! Bilşiñiz ýaly, 1980-nji ýylyñ 24-nji ýanwarynda "durnuklylyk programmasy" diýlen berk monetarçylyk syýasatyna geçildi. Bilşiñiz ýaly, "inflýasiýany ýeñmek üçin bir gezek kemer gysyp arkaýynlyga gowşarys" diýip, bary ýok halkyñ gerşine ýüklendi. Bilşiñiz ýaly, 24-nji ýanwar kararlary bilen üýtgewsiz kurs režiminden el çekildi. Dollar uçdy, 37.2% dewalýasiýa bolup geçdi. Soñra näme boldy? “Janawer" sypatyna bürendirilen inflýasiýany aşak çekmek üçin kyrk ýylda - hemmesi monetarçylyk ulgamynyñ içinde galynyp, sekiz "durnuklylyk programmasy" döwrä sokuldy! Näme bolsa hemişe size - halka boldy... Şu günümizden näme tapawudy bar? Fridmançy-monetarçy kararlary kabul edip, dürli netijelere garaşýar häkimiýet! • INFLÝASIÝA ÝALANY Türkiýede kyrk ýyl bäri inflýasiýanyñ hroniki ýagdaýa gelmeginiñ sebäbi - neoliberalizm-monetarizm, ýagny, "humarhana ykdysadyýeti" çemeleşigidir... Bu maliýe sistemasynyñ içinde galyp, çäre tapyp bolmaz... Şu gün Täze Zelandiýa barada ýazjakdym: Togsanynjy ýyllarda inflýasiýa maksatly maliýe syýasaty dünýä nusgalyk edilip görkezildi. 21 ýurt şu sistema geçdi. A soñra... Häzir bu ýurtlaryñ gelip dirän ýeri prosent ýokarlanmalarydyr inflýasiýa garşy göreş boldy! Ýagny ýurtlar "monetarçylyk halkasynyñ" içinde aýlandyrylyp dur. Halkanyñ başam-soñam şobir zat... Bize sa:p bankirlere we olaryñ hyzmatdaşlaryna ýaramly bu halkadan çykyp biljek syýasatlar lazym! Ilkinji nobatda was-wasyly inflýasiýa gönükdirilen "kelleden" halas bolmak gerek. Esasy mesele "janawer" diýip ýuwutdyrylan inflýasiýa däl-de, girdeji bölünişigindäki deñsizlikdir. Ýa-da baýlyklarymyzyñ görlüp-eşdilmedik derejede isrip edilmegidir we ş.m. Bular barada hiç dil ýaramzok. Bular hiç orta atylanok. "Inflýasiýa ykdysadyýeti gorpuñ gyrasyna diredi" diýip gorkuzma maksatly döredilen "janaweri" hakykatdyr öýdýäris! Ýogsam bolmasa. Ykdysady krizisiñ düýbünde inflýasiýanyñ bardygy ullakan ýalan! 2008-nji ýylyñ krizisinden öñ ABŞ-da ýokary inflýasiýa barmydy? Goýuñ-ow, goýuñ! (Biziñ çepçilerimize çenli marksist pul syýasatyny ýatdan çykaryp şuña aslyşyp galdy!) Inflýasiýa "humarhana eýelerini" halas etmegiñ kamflýažy we maliýe sistemasynyñ çökmeginden gorkýanlaryñ ýaragy! Merkezi banklaryñ ýeke derdiniñ inflýasiýa bolmagy-da monetarçylyk sistemasynyñ boýna dakmasydyr. Kyrk ýyl bäri şobir boş paşyrdaýanlary - pul syýasatyny ýöredijileriñ birmeñzeş gury sözlerini eşitmekden ýadamadyñyzmy? AKP-li gardaşym! Iñ köp seni aldaýarlar, sebäbi señ ynanasyñ gelýär! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 07.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |