10:37 Heneklije hekaýatlar | |
HENEKLIJE HEKAÝATLAR
Degişmeler
Adybelli bagşy, sazanda Nurýagdy Baýram (1938 ý.d.) geçen asyryň 90-njy ýyllarynda bir toýa baryp, saz çalýarmyş welin, ýaş-ýeleňler: “häzir Bally Hajy gelýä-de, Bally Hajy gelip aýdym aýdýa” bolşup, hyşy-wyşy edip başagaýmyş. Onsoň öz sungatyna sarpa goýulmaýanyna Nurýagdy aga biraz öýkelejek bolupdyr. Bally Hajy gelensoň obaň ýaşlary, aýal-ebtatlary hümer bolup, oň aýdymyny diňleýärmişler. Nurýagdy aga-da Bally Hajyň ýanyna ýakynlap, birneme gyşygrak gürrüň bilen özüniň öýkesini bildiripdir. Şonda Bally Hajy aýdym aýtmasyny kesip: -Halypa, bi halkyň tükenen sammyklygyny menden görýäň-maý?-diýipdir. *** Mäne aga bir toýda saz çalyp otyrmyş welin, bir käse içip, on çüýşelik kükreýän süwümsiziň biri onuň saz çalşyna, oturşyna-gürleýşine, geýnişine at dakyp, yrsarap o bendäni halys peteň edipdir. Olam nä, bagşy halky köpüň adamsy bolýa, köpçülikde-de her hili dubanuta duşulýar, hernäçe ýaňky pyýany ugruna kowup, höre-köşe etjek bolsa-da, o nejis teý per bermän, Mäne aga näme diýse tersinden tutýarmyş. Ahyry Mäne aga onuň uguny ymykly ýekelemek üçin, mylaýymlyk bilen: -Inim, ýüzüň-ä ýaman tanyş görünýä weli, özüň nirede ýaşaýaň-a?-diýip, içginsiräp sorapdyr. O nejisem :-) kejirligini edip diýýämiş: -Eşegiň t...şşagynda! Onda Mäne aga hatda ýüz-keşbinem üýtgetmän jogap beripmiş: -Hä-ä, tüweleme, tüweleme, bolubilýä. Özüň-ä köşek ýaman yrga ýerde ýaşaýan ekeniň. Ýöne, o taýda inim, ýeke özüň ýaşaýaňmy? Ýa ýanyňda ejeň-kakaňam bamy? :-). *** Bir gezegem Mäne agany saz çaldyryp diňlemek üçin, ýaşy ortalaberen, barlyrak epeý kişiler meýlise çagyrypdyrlar. Özlerem: “ata-babalammyzyňky ýaly gumda, gara öýde oturalyň-laý” diýşip, bagşy agany çölüň içine alyp gidipdirler. Barsalar täzeje ak öý dikilgi, törde-de bol nygmatly desterhan ýazylgy diýýä. Özem o kişiler halys bolmajyny bolup, taýýarladan naharlary diňe milli tagamlarmyş. Çekdirme, bökdürme, palaw, kakmaç, kebap, çorba, petir çörek, külçe... garaz ortada adyny agzan türkmen tagamyň bar diýýär. Onsoň Magtymguly atamyzyň: “Baý halky ýaňra bor, garry öwünjeň” diýşi ýaly, ýaňky puluna baýrynyp, balagyna sygman ýören epeý kişileň biri, Mäne aga bilen nazy-nygmatlardan gowy doýansoňlar, içi paň-paňlyja gürrüňjik oklapdyr: -Bagşy aga, hany indi iýip-içip keýpiňi ýagşyja köklän bolsaň, birmeýdan saz çalyp, nama gaýryp ber bakaly. Dynç alyp, lezzet kylaly. Ýa entegem şu saçagyň başynda kem zadyň, küýseýän zadyň galdymy? Mäne aga-da köpi gören adam. Ýaňky güp-güpüň birazajygam bolsa jylawyndan çekmek üçin, gözüni süzgekleden bolup, gyşaryp ýatan ýerinden, üsti ýer-jaýsyz saçaga gözüniň gyýtagyny aýlapdyr. Soňam şo bolup ýatyşyny üýtgetmän, o taýda ýok zady agzapdyr: -Äý iniler, şümätwir kapçonyý kalbasa-da bolaýsa...:-). *** Bir gezegem Mäne Gara toýda saz çalyp otyrmyş welin, gapdalyna serhoş biri gelip, süýkenjiräp, oýkanjyrap çöküpdir. Ol çalýan sazyny tamamlaryna mähetdelem: -Höw hälipe, häniwur, “Ňökje ňepderini” (Gökje kepderini) çalyp mersene! Bir hezil edeýin-le!-diýip bazzyk-buzzuklapdyr. Mäne aga sesini çykarman, oňa diýýämisiňem diýmän, saz çalmaga başlapdyr. Ýene-de sazyny ahyrlap-ahyrlamanka ýaňky gammar ýykylaýyn-ýykylaýyn-da yranjyrap oturyşyna, seslenipdir: -Höw hälipe, häniwur, “Ňökje ňepderini” çalyp mersene! Bir hezil edeýin-le! Mäne aga oňa alarylsa-da, ýene kelam agyz geplemändir. Elbetde bende, ömürboýy märeke baryny sowup ýörensoň, “haýsy bir pitjiň atan lül bilen sögüşeýin-aý” diýýändir-dä. Bagşy aga saza başlapdyr. Ýene-de ol sazyny soňlaryna mähetdel, ýaňky peýan myňňyldapdyr: -Höw hälipe, häniwur, “Ňökje ňepderini” çalyp mersene! Bir hezil edeýin-le! Mäne agaň jany dagy ýanypdyr. Dutaryny gyrada goýup, gapdalynda “jan berene jaý bermez” derejede dykylyp, dyzdaş oturana jiňkeripdir-de, gaharly hüňürdäpdir: -Ýykdyň-aý inim! Hälden bäri gaýtalap-gaýtalap “Gökje kepderini” çalyp otyrynda-how! Ol serhoş bolsa Mäne agaň gaharyny piňine-de almaýamyş. Gaýta gözüni süzen bolup, ýaýkanjyrap oturyşyny mizedeýinem diýmän, myňňyldaýarmyş: -Ba-a-ý-bo-o-w! Onno asyl men hälden bäri hezil edip oturan ekenim-ä-how! Bilmändirinem...:-) *** Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda obalarda adyganrak bir bagşyny, aýdymlaryny ýazga geçirmek üçin radiostudiýa çagyrypdyrlar. Onsoň ony ýazgy etmäge başlanlarynda, ol haýsy aýdymy aýtsa gowy boljagyny sorapdyr. Gepleşigiň redaktory – çalsaç ýaşuly: -Aý inim, haýsy aýdymyňy owal-a özüň halaýan bolsaň, galyberse-de halk gowy görüp diňleýän bolsa, şony aýdaýsana!-diýipdir:-Biz ýazaly, onsoň, sesçi režissýor kesip-biçip owadanlamaly ýerlerini sazlaberer-dä. Bagşy dutaryny ykjamlapdyr-da, dessine belent perdeden aýdyma zowlatmaga başlapdyr: -Haý, girdim-ow obaň çetinden! Bardym-ow tamyň g...tünden! Haý g...tünden! Waý g...tünden! Aý g...tünden! Boý g...tünden! Hoý g...tünden! Soý g...tünden! Oý g...tünden! Jan g...tünden! Han g...tünden! Wah g...tünden! Ah g...tünden! Häh g...tünden! Pah g...tünden!... Bagşyň bu aýdymyny dowam ederine redaktor çydamandyr. Birsellem gahardan ýaňa dym-gyzyl bolup diňläp durupdyr-durupdyr-da, birdenem ýarylypdyr: -Bes ed-aýt, sammyk laňňasy! Owarra bol özüňem ystudýadan! G...tden doldurdyň-a bu taýyny, agzyna eşek buşugan mahaw diýsäni! :-) *** Togsanynjy ýyllaň ahyrynda Gökdepeli gullukdaşyň obasyna toýa gitdik. Teležka bagşy, çyralar, tutluklar, ýarymdaş, ýarympalçyk köçe...Garaz, hezillik. Tans keýpimizi sazlap, teležkaň alkymynda aýdym diňlän bolup durus welin, birdenkä teležka şol obaly aýdym-saza, bagşyçylyga höwesjeň ýaş oglanlaň biri mündi. Sypatyndan onuň bizdenem üç-dört ýaş kiçidigi bildirýär. Äý wopçym, gulluk görmedik-dä, heniz! (Özüňiz bilýänsiňiz, harby gullukdan geläýen uçurlaryň birküç ýyllap dagy deň-duşlaryň, birki ýaş ulular, kiçiler seniň üçin iki topara bölünýär-ä: 1.Gulluk görenler (Diýmek, atduşiler); 2.Gulluk görmedikler (Diýmek, hemeräkler)). Onsoň ýaňky ýigdekçe teležka mündi-de, bagşydan özüne-de mikrofon berilmegini haýyş edip, birje aýdym aýtmaga rugsat sorady. Berdiler. Aýdyp başlady. Şol wagt ortada tans edýänlerem mazaly kelleleri sämäp duran, ýaşlaram biziň şo wagtky dilimizde aýtsaň: “gulluk görenlerine eýýäm asyr geçen”, derlegen-derlegen, epeý adamlar. Onsoň öňküden delräk ses eşidilip ugrady welin, bular patanaklaşmalaryny tapba kesdiler-de, teležkaň edil çat maňlaýyna hümer boldular. Hamana her haýsynyň ýalňyz dikrary hünibirýan özelenip nama gaýyrýan ýaly bolup, gara dykgat bilenem ýaňkyja jahyly diňlemäge başladylar. Dogrusyny dogry aýtmaly, o gögeläňem heniz sesem doly döwlüp gutarmandyr, aýdyp durka birdenkä okundan sypýar-da, horazy berip goýberýär. Şeýdip birsalym ýaňkyja oglany ýaňky epeýler diňlediler. Aýdyp boldy-da, ol oglan öňem birneme ýygrylýany bildirýär, bahymrak köpüň gözünden sumat bolmak üçin, teležkadan düşjek boldy welin, meýdançada üýşüp duran bäş-on kişi ony goýbermedi. -Ýene-de! Gaýtala! Täzeden!-diýip, ýerli-ýerden gygyryşyp ugradylar. Bizem olaryň bolşuna gullukdaş dos bilen hüwwet edip aňyrsyna çykyp bilmän durus. Sebäbi ojagaz jahylyň aýdyşyna-ha bizem diňledik. Ýöne bu adamlar oň nämesini beýle diňläsleri gelýärkä? Onsoň ýaňky ýigdekçe kakasy ýaly adamlar teležkadan düşmäge ýol bermän duransoň, nalaç ýene mikrofony aldy-da, ýaňky aýdan aýdymyny aýtmaga başlady. Ýene şo ses, şo dykgatly diňleme, öňki-öňkülik. Aýdyp boldy. Bu sapar hasam gyzarylyp-bozarylyp teležkadan düşjek boldy welin, ýene düşürenoklar. Ýene-de gykylyklaýarlar: -Täzeden! Dawaý! Aýt! Nätsin, çaga?! Mikrofony yzyna aldy-da, olara delmuryp bir bakdy: -Aý agalar, bolmasa başgasyny aýdaýaýyn-la!-diýip haýyş edýär. -Ýo-o! Şony! Dawaý! Başla! Ýogsa-da häzir bagşyň-sagşyň bilen baryňyzy birýan ujundan ýaman zakonnyý edip başladýas! Ýene-de başlady. Ýene şol ýagdaý. Zoraýakdan, çygnyp-çygnybragam bolsa aýdymyny gutardym etdi. Bendäň çagasynyň teležka münüp aýdymjyk gaýrasy gelen pursadyna eýýäm müň kerem puşeýman eýleýändigi ýüzünden bildirip dur. Ýene düşjek boldy. Ýene düşürenoklar. -Dawaý! Ýamaşgandan! Bu sapar ol ýigdekçe çydamady: -Aý agamjanlar-ow! Ýene näçe gezek gaýtalamal-aý? Irmediňizm-aý?-diýip zarynlady. -Öwrenýänçäň, blät!-diýşip, aşakda duranlar gygyryşýalar :-). *** Bir gün Pyhy däde howlusynda, sekiň üstünde aýaly bilen çaý içip otyrmyş welin, goňşusy salam berip gelipdir: -Pyhy däde, törpiň ýokm-aý?-diýip sorapdyr. -Bar,-diýip Pyhy däde jogap beripdir. -Özümiňkini tapmadym. Bir zat hyrdamaly welin, ulanmaga berip bilmersiňmi?-diýip haýyş edipdir. -Näme bermän? Al, ine, äkidäý!-diýip Pyhy däde, ýanyndaky aýalyny görkezipdir. *** Bir gün Pyhy däde aýaly bilen agşamara ýaňybir öňüne kädili somsany alypdyr welin, daş işikden ardynjyrap myhman gelipdir. Türkmeniň dessuram hemmä mälim. Pyhy däde onuň habaryny almazdan, saçak başynda oturdyp, hödür-kerem etmäge başlapdyr. Myhman öňünde goýlan somsadan göwünli-göwünsiz çüm-süm edip ugrapdyr. Gözem daş işikdemiş. Göwnüne bolmasa, kädili somsadanam özge ýene-de bir teýliräk çam-çüm geläýjek ýaly bolup durandyr-da. Ahyry tamasy çykmansoň, ýaňky myhman süwümsizligini edip, Pyhy dädä garyn küýsegini ýaňzydarman bolupdyr: -Pyhy däde, eşitdiňm-aý, şü kädili somsa birhili, köpräk iýseň aklyňy kemeldýämiş diýýäler welin,... Ýeri, indi gepde basylyp, gep alyp galjagam Pyhy dädemi? Hasam, golaý-goltumynda dag ýaly bolup gelnejemiz direnip durka? Ol işdämenlik somsa iýmegini birjikde haýallatman: -Arkaýynjak iýiber-r inim, iýiber-r-r! Doga samsyga düýbünden täsir etmiýä!-diýipdir. *** Pyhy däde bir gezek deňizýakaň ilatynyň çekizäni gaty gymmat bahadan şüweleňli satyn alýandygyny eşidipdir. Onsoň obadan kiçeňräk ýük ulagyny kireýine tutupdyr-da, öz obasynyňam, töwerek obalaryňam birki sanysynyň süzmesini haltasy bilen çöpläpdir. Soňam Hazaryň ýakasyna üstünden görüp çekize satmaga äkidipdir. Niýetem harydynyň üstünden ep-esli görüp, birneme pul gazanjakdan. Bärden baryp, kenarýaka demiýol menziliniň bazarynda düşüpdir-de, çekizeli haltalaňam birdir ýarymdyryny öňüne düşürip satmaga başlapmyş. Saýasyz-taşasyz ýerde, günem jyzylap ýakyp gelýärmiş. Oň bolsa öňünde siňekläp ýatan süzmesiniň ýüzüne seredýänem ýokmuş. Şo pille-de geçip barýan pullurak biri o ýaşulyň jokrama yssyda bolup oturyşyna dözmän, öňündäki süzmeleri alarman bolupdyr. Harydyndan peýda görmekden geçen, bahymrak ondan dynsa razy Pyhy däde söwdalaşman süzmelerini beripdir. Şonda hasam göwni joşandyr-da, ýaňky pully ýigit, ýaşula kömek etmek maksady bilen: -Ýaşuly, men ýene-de aljak. Çekizäň aňyrsy barmy?-diýip sorapdyr. Öz eli bilenjik öz düşüp ýören gününe içi-bagry tütäp duran Pyhy däde oň jogabyny nagt edipdir: -Wah, ja-a-a-n bally-y-m-m, şü ýeňsedäki Kaspini süzmeçal etseňem ba-a-a:! Toplan: Serdar Ataýew | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |