19:31 Hergiz sözümde duraýyn! | |
HERGIZ SÖZÜMDE DURARYN
Goşgular
Ýollar uzak, ýyllar gysga, Bu dilde asal ezeýin. Possun gadryn bildi:r gyşda, Dosta dost bolup gezeýin. Ýykmaň, köňlümiñ külbesin! Kalpdan gözläñ zer küýzesin. Döwüp duýgymyň kündesin, Söýgime seýle geleýin. Gaýga goýup gaýgylarmy, Yşkdan bagtsyz gaýdylarmy?! Sazsyz, sözsüz aýdymlarmy Taşlap, señ bile güleýin. Eläp durmuş eleginde, Ýük goýanda her eginde, Güýç döredip ellerimde, Ykbaly bagtym bileýin. Halkyñ bereni bir günlük, Halygyñkydyr ömürlik. Kyblaga tarap öwrülip, Hajatym Hakdan diläýin. Ýol uzakdyr, Nury ýigit Kyn bolsa-da,hak ýoldan git! Ygrarsyz ýigit - gorkak it, Hergiz sözümde duraýyn! Nury SAKÇYÝEW. | |
|
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |