22:11 Hokkeý | |
HOKKEÝ
Goşgular
Gijäň ýary gykuw bilen eýwanda Girjek bolduk göni indi ekrana, Buzdan batly böküp barýan şaýbany Biz özümiz urýan ýaly, hamana. Bizden beter basga düşdi diktoram: Sekundomer oýny gaty gyssaýar. Deň hasaply, deň ýalynly ýaryşyň Soňky sekund, soňky synag, kössi bar. - Ýarym minut... On bäş sekund... Bäş sekund... Soňky sekund! Soňky sekund ereýär!.. Gol diýdi-de, bökdi birden Ozerow, Stadionda şeýle bir goh döreýär! Soňky sekund! Soňky sekund arzyly Hem azaply uly ýeňşe ýetirdi. Soňky sekund erjel erke mynasyp Hem sapaly şanly şöhrat getirdi... Ýaşam indi ýetdi, ýoldaş, bir çene... Öňde bolsa biçak beýik geriş kän... Soňky sekund gadryn bilen çilikçi Diýdi: agam, entek-entek göreş kän. Ata ATAJANOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 24.12.1977 ý. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||