|
SAÇAK DOSTLUGY
Aýny diýen wagty gitdi armanly,
Gitdi gerçek ýigit dünýeden doýman.
Ötdi ömür ýany ýürek dermanly...
Ýagyş bolsa şindem guýup dur goýman.
Ýyldyrymyñ ýoly ýaly çylgymlar
Syrygyp dur derçirän gök aýnadan.
Agyp-dönüp geçip gidýär salgymlar
Kimkä game beýle erkin ýaýnadan?
Gulpy gopan penjireden ir bilen
Naçar ýene gamly dünýä bakyp dur.
Ýagyş bolsa ony halys irizen
Gözýaş kimin boýur-boýur akyp dur.
Agyr tabyt öýden çykan güni-de
Ýagyş edil şunuñ ýaly guýýardy.
Öýde yşyk ýanmajagyn ýene-de
Ýarsyz galan ýetim ýürek duýýardy.
Özi barka bazar bolan bu öýe
Myhman bary geler-gider durardy.
Diñe şatlyk öýe bolupdy eýe,
Diñe dostluk öýde meýlis gurardy.
Indi bolsa gelýänem ýok, gidýänem,
Alýan ýaly gam şatlykdan aryny.
Kem-käsinden ýok telefon edýänem,
Alyp gitdi özi bilen baryny.
Alyp gitdi özi bilen baryny,
Indi onuñ gapysyndan gelýän ýok.
Ýetim galan dul zenanyñ zaryny
Belki, indi bu dünýäde bilýän ýok.
Zol bagryna basyp ýalñyz didaryn,
Jandan sogrup zyñjak bolýar tikeni:
"Men çydaryn. Men çydaryn,
Çydaryn!
Ölen adam ýatdan çykar ekeni.
Gaýyp bolar eken saçak dostlugy..."
Arman, indi ýarsan ýürek keselli.
Näletledi naçar saçak dostlugy.
Diñe ogly berýär göwne teselli.
Ýagyş bolsa şindem goýman, guýup dur.
Barha beter derde batýar penjire.
Ene ogluñ halyn häzir duýup dur,
Dostluk hakda pikir edýän müñ jüre.
Ata ATAJANOW.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý.
Goşgular
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 531 |
Добавил: Haweran
| Теги: Ata Atajanow
| Рейтинг: 0.0/0 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary