15:05 Adam gaýtalanmaýar | |
ADAM GAÝTALANMAÝAR
Men ölemsoñ, Ýagyş bolup, Ýel bolup Ýa-da sonar sähramyzda gül bolup, Dolanyp gelerin ýene bu dünýä - Diýen şahyr örän nähak öwünýä. Ölensoñ, Adamyñ çeşme-çaý bolup Ýa-da güle gonan bilbile dönüp, Ýazda ýyldyrym dek asmanda süýnüp, Gaýdyp gelmejegne men güwä geçýän! Men meteor kimin ömürlik öçýän... Galat aýdypdyrlar gadym Grekler, Dünýäde hiç bir zat gaýtalanmaýar. Dolanyp gelmeýär Hiç haçan Hiç kim! Her kimiñ öz durky, Öz dünýäsi bar. Meniñ ýazman giden setirlerimi Menden soñ hiç kimse ýazyp bilmeýär. Dünýäde hiç bir zat gaýtalanmaýar. Dünýä täzelenýär! Dünýä ölmeýär! Ata ATAJANOW. | |
|
√ Altymyrada bagyşlanan goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ Ýalta / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Eý, Habybyňdan gelip, hamdyňda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ «Be» harpy / Goşgular - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |