21:50 Näbelli gahrymana | |
NÄBELLI GAHRYMANA
Goşgular
Ukrain çölünde, ýapyň üstünde Ak şelpeli derek ygşyldap otyr. Gan öýülen gara toprak astynda Türkmen esgeriniň mazary ýatyr. Gök çüýşe dek dury asuda asman, Derek-da baş egýär gubura sary. Enaýy şelpeler owazyn kesmän, Hüwdüleýär ýalňyz ýatan mazary. Türkmen enesiniň jan-jigirbendi, Ukraina üçin ganyn döküpdir. Tebigatam sylap batyr perzendi, Üstünde solmajak güller ekipdir. Goňur gullakjanyň ýyldyzy indi Mazaryň başynda saçyp dur ýalkym. Armanly ölse-de gerçek perzendi, Adyny aýdyma öwürdi halkym. Aýdym bolsa ömürbaky ölmeýär, Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy. Ol esgeriň adyn adam bilmeýär, Emma ol adamlaň baky gardaşy. Ukrain çölünde, ýapyň üstünde Ak şelpeli derek ygşyldap otyr. Gana ýuwlan gara toprak astynda Türkmen esgeriniň mazary ýatyr. Ata ATAJANOW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |