19:46 Parahatlyk aýdymy | |
PARAHATLYK AÝDYMY
Goşgular
![]() Kimde-kim azatlyk isleýän bolsa, Belent sesimize goşsun sesini. Ak ýürekde arzuw besleýän bolsa, Göreşde gazansyn netijesini, Belent sesimize goşsun sesini. Bu aýdym azatlyk, şatlyk aýdymy, Bu aýdym gaýratdan, gujurdan doly. Bolmaz bu älemde onuñ gaýdymy, Galsyn ganat gerip kepderi ýaly. Bu aýdym gaýratdan, gujurdan doly. Saýrasyn durmuşyñ sazy erkana, Güllesin gözellik, ýaşasyn durmuş! Aýdymly agşamlar hoş ýakar jana. Ýaşasyn ýagtylyk, ýok bolsun uruş! Güllesin gözellik, ýaşasyn durmuş! Ata ATAJANOW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |