11:23 Gelin barada | |
GELIN BARADA
Goşgular
Ýok gizlejek bolyp meýilem etme, Men buny bilýänem, öňdenem aňýan Ýöne bir gün öziň aýdarsyň öýdip Bu hakda henizem agzaman oňýan. Belki erkim alan ala gözleriň Gaharymyň öňine bowet basýandyr Ýa-da bizi synlap daşardan biri Hol gapa bukynyp gulak asýandyr. Iň esasam öz ýanymdan ilki men Soňra öwrenşerler çöziler towlar Ene –ene bilen ysnyşar hökman Sowyk duýgularam şemala sowlar. Diýip tama etdim pikir eýledim Käte seniň tarapyňam çaldym men Kalbymyň käbesini halamaýanyňy Bilmedik,görmedik bolan boldym men. Şeýdip ýyllar geçdi ejem bolsa meň Barha seýrekletdi bize gelmesin Eýsem ol çat açan çöken ýüregini Niçik seýisleslesin, nädip ýelmesin. Ejem indi örän az gelýär bize Ýöne aýan onyň bizi küýseýşi Gelni gülip çyksa geljek görgili Galsada öýinde işi-pişesi. Ejemiň ökjeli tüfli, ýa-da bir atyr Ýa gyrmyzy hyna bolinýa Tamakin däldigini öziňem aňýaň Ýylda tikdirenok täze dony ýa. Bir kilo hurmany bir ýyla bölip Bir ýylda müň ýyllyk alkyş aýdany Henizem ýadymdan çykanok onyň Oňa dünýä berilendir öýdeni. Ýok hiç zat hantama däl bizden ol Hoş söz gerek onyň argyn janyna Balalary ene diýip daň bilen Gujak açyp barsa bolýar ýanyna. Balam diýip bada basýar bagryna Şol pursatda tapanok ol kän sözem Ýaşlyk ody bilen ýagtylyp gitýär Ak merjen gaçyrýan gubaly gözem. Ene ýüreginiň bu beýik bagtyn Sen işe güýmenip, görmedik bolýaň Ertir gaýyn ene, boljak ýaş ene Gaýyn enä pikir bermedik bolýaň. Gaýyn ene gamly-gamly garaýar "Guwanaýyn balalarym boýňyza” Sypalaýar körpejämiň gulpagyn "Geleýin men erte uly toýňuza” Soň ýenede gidiberýär sedasyz Göwni bizde galýar göwresi ýolda Näme diýip näme aýtjagmy bilmän Menem garap galýan gözgyny halda. Bize bu älemi beren enäniň Näme ýazygy bar? Näme aýby bar? Belki sen bilýänsiň düşindir maňa! Bu dumana dözeýin men niçe zar. • Ýok Ýok Gizlejek bolyp meýilem etme Men muny bilýänem öňdenem aňýan, Ýöne bir gün öziň aýdarsyň öýdip Bu hakda henizem agzaman oňýan. Ýöne men bir zady bilemok anyk Gören barmy heý enesiz dogany Gaýyn enesini söýmedik gelin Söýip bilermikän onyň ogluny. Ata Atajanow ("Men size barýan” kitabyndan) | |
|
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Galasym gelýär / Goşgular - 13.11.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |