21:55 Gerkez obasynda okalan goşgy | |
GERKEZ OBASYNDA OKALAN GOŞGY
Goşgular
![]() Biz salama geldik seni görmäge, Gerkez, Saña tagzym etmäge geldik. Pyragynyñ howasyndan dem alyp, Ýörän ýodasyndan ätmäge geldik. Biz tagzyma geldik, Eý, gözel Gerkez! Görkez bize ogluñ yzyny, görkez! Görkez bize goýun bakan düzüni, Ylham alan çeşmesiniñ gözüni! Görkez bize bedew çapan gollaryn, Watan üçin gylyç syran ýollaryn! Biz bu gün jana-jan doganlar bolup, Geldik ýatlamaga eziz ogluñy. Dana dessanlara minnetdar nesil Ajap alkyşlaýar hergiz ogluñy. Biz salam getirdik çasly çaýlara, Gojaman daglara salam getirdik. Gerkezli şahyryñ şanly adyny, Bu gün buýsanç bilen dünýä ýetirdik! Salam size, Sumbar gözelleriniñ, Ýañaklary ýaly elwan enarlar! Salam size, aram berip janyna, Magtymgula saýa salan çynarlar! Salam berýäs saña, asuda asman! Bahar bägül açýan baglara salam! Kemeri käkilik, keýikden doly, Deresi maýsaly daglara salam! Bu baglarda, Bu daglarda, Bu çaýda Pyragynyñ gözleriniñ yzy bar. Onuñ erkin topragynda ebedi Onuñ arzuw edip giden ýazy bar. Öçmez onuñ gara günde gaýratly Ili üçin ýakyp giden çyragy! Oña ömür alkyş edýän dünýämiz Durdygyça, Durar dana Pyragy! Ata ATAJANOW. Surat: "Sumbar jülgesi" / Döwran HYDYR | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |