HÖKÜMSIZ JEZA
Agyr kesellileriň palatasyna getirilen gartaşan aýal näsaglary gaty geň galdyrýardy. Ol birsyhly urnup ýatyşyna, wraç gyzyň sowallaryna-da jogap berenokdy. Şol bir heňine tutýardy:
— Wah, sadagaň bolaýyn, gyzym, eger dünýede birine ýagşylyk etmek isleýän bolsaň, maňa et, öldür meni, öldür. Derdime em etseň, razy däldirin, gyzym, eşidýäňmi, razy däldirin! Men bu durmuşdan bizar.
Wraç gyz ilkibada hassa samraýandyr öýtdi. Ýöne onuň öz hakydasyndalygyna göz ýetirende welin, geň galmakdan ýaňa kesellä aňk bolup seretdi.
— Diýýäniň näme, daýza jan. Bu ýere gelýänler ölmek üçin däl-de, sagalmak üçin gelýärler ahyry. Sizi häzir keseliň aljyradýan bolmagy mümkin. Sabyr ediň, barysy geçer—diýip, wraç gyz oňa göwünlik bermek isledi.— Ganyňyzyň basyşy artypdyr. Sizi gaty basym bejereris. Soň bolsa maşgalaňyzyň arasyna dolanyp bararsyňyz.
Keselli ahmyr bilen hyrçyny dişledi. “Maşgalaňyzyň arasyna...” diýip, doktor gyzyň aýdanlaryny içinden gaýtalady. “Maşgala barmy diýsene mende!”.
“Men ganym, men ganym” diýip, ol birsyhly beýnisinde at çapýan pikirleri makullaýardy. Ölmeli. Bireýýäm dünýäni terk etmeliniň biri men. Emma ýaşap ýörün. Binamys adam ajala-da gerek däl öýdýän!”.
Urşuň soň ýanynda bolan bir waka ýene Amansoltanyň ýadyna düşdi. Tisginip gitdi. Misli kino lentasy ýaly göz öňünde janlanýan ol wakany görmezlik üçin mejalsyz gözlerini berk ýumdy. Emma beýdeni bilen Amansoltan ol harasatly wakany unudyp bilmedi. Gyzyl dişli ýigit birsyhly ýylgyrýardy. Hatda Amansoltanyň gulagyna onuň gara maşynynyň üýtgeşik zygyldysam gelen ýaly boldy.
Urşuň gutaran ýylydy. Şäheriň çörek dükanlarynyň nobaty heniz öňküsi ýalydy. Şol gün hem Amansoltan adatdakylary ýaly ýanlaryndaky çörek dükanyna ugrapdy. Uly ýola ýeten ýerinde ony uzyn boýly, daýaw ýigit garşylady. Onuň kirpikmen ala gözleri gyzy iýerli göründi.
— A gyz, çörek almaga ugradyňyzmy?—diýip, murtlaryny sypalap, nakys ýylgyranda, agzyndaky gyzyl dişleri ýalpyldap gitdi. Amansoltan ýigide soragly nazaryny dikdi.
— Geň galýaňyzmy?—diýip, boýdan-başa maşynynyň reňkine kybapdaş geýnen ýigir gözüne gara üýnegini geýdi.—Men eýýäm näçe wagt bäri hol dükandan siziň çörek alşyňyzy synlap ýörün. Bütin günüňizi nobata durup geçirýäňiz.
— Dagy nätjek? Hemmelerem şeýdýä ahyry—diýip, Amansoltan ýigidiň sözüni bölüpdi.
— Dogry, nobata durýanlar kän—diýip, ýigit köp manyly gürledi.—Ýöne size ýüregim awansoň diýäýýän. Kömeg-ä edip bilerdim. Isleseňiz... nobatsyzja çörek tapyşaýyn.
“Be, nobatsyz çörek alyp bolýan bolsa, ötägideýin-le” diýip, Amansoltan içini gepletdi. “Ejem görgüli içini hümledip, uzakly gün ýeke ýatýar. Basymjak çörek alaýyn-da, baraýyn ýanyna. Onsoňam, bäş ýyl bäri şü nobata durmakdanam bizar boldum”.
— O dükany salgy beräýseňiz, gow-a bordy. Men şoňa gidäýeýin.
— Aýdýanyňyz näme!—diýip, gara eşikli ýigit içki begenjini gizläp, şelaýyn ýylgyrdy.—Salgy berip durman, elter gaýdaýaryn. Asyl, şo tarapa barýan özümem.
Ýaňyja on altyny dolduran gögele gyz gara reňkli ýeňil maşyna münende, huşy başyndan uçdy. Ol beýle maşyna düýşünde-de münüp görmändi. Diňe uzakdan synlardy. Asyl, özi ýaly köýnegi ýamalyja gyzjagazlar beýle maşyna mündürilýändirem öýtmeýärdi.
Göwün matlabynyň uşlybyny tapan ýigit bolsa barha mylaýymsyraýardy:
— Seniň adyň näme, owadan gyz?
Görküne berlen baha gyzy ganatlandyrdy. Ol maşynyň aýnasynda garamyk gözlerini synlap, buýsanjaňlyk bilen jykyrdady:
— Amansoltan...
— He... Amansoltan diýýän-ä, eger garşy bolmasaň, dükana barmazdan öň, öýe bir sowlup geçeli-le.
Gül pürkülen ýaly howly, içi durşuna gyzyl halyly otaglar gyzyň aňkasyny aşyrdy. “Be, “Gyzym, häzir hiç kimem bizden artyk ýaşaýan däldir, uruş ahyry. Ine, kakaň dagy dolanyp geler welin, çöregem köpeler, zadam” diýen bolup, ejem meni aldaýan eken-ow. Büý-ä horlanana meňzänok” diýip, gyz içini gepledýärdi.
Ýigit düýe ýüňünden edilen mele saçagy getirip öňünde goýanda bolsa, Amansoltan ýeke sözem diýip bilmän, barmagyny dişläýdi. Gözlerini elek-çelek edip, çörek doly saçagy nebsewürlik bilen synlaýardy. Tamdyrda bişirilen bugdaý çöregiň tagamly ysy ýüzüne haplady. Agzy suwaryp gitdi. “Belki, şundan iýse, ejemem sagalar. Onuň ýanyny ýere bermegem ölçeglije gara çörek sebäpli bolaýmasyn?”.
— Amansoltan, şundan alaýsana geregiňi. Dükana baryp nätjek. Häli men öýde çörek bardyram öýtmändirin.
Ýigidiň bu sözlerine gyz ukudan oýanan ýaly aýňalaýdy. Onuň sözüni tamamlaryna mähetdelem garbap bir çöregi aldy-da, misli ony kimdir biri yzyna almakçy bolýan dek, bagryna berk gysdy. Ýaş gyzy çoçgaryna çolap ugran gara eşikli ýigit bolsa, bu wagt has-da mylaýymsyrady:
— Al-da köpräk, Amansoltan. Ýekejesi bilen oňaýjakmy?! Ikini bir al. Maşgalaňyz uludyr-a?!
Birden beýle mylakatly hossaryň tapylanyna Amansoltanyň kemligi geldi. Onuň gözlerinden ajy gözýaşlar biygtyýar paýrady. Geplände dodaklary kemiş-kemiş etdi:
— Ýekeje ejem bar... O-da keselli. Kakam urşa gitdi. Iki ýyl bäri hatam ýok, habaram. Ejem onda-da “geler” diýýä. Özümden kiçi gyz jigim bardy... Ýogaldy. Ejem-ä “Ýeterlik iýmäninden” diýýä...
Ýigit sen-men ýok, Amansoltanyň gaşynda dyza çökdi. Gödeňsi aýalaryny gyzyň näzijek ýaňaklarynda gezdirip, gözýaşlaryny süpürdi.
— Aglama, Amansoltan... Şu günden başlap, çörekden hor bolmarsyňyz. Her gün ýola çyk. Garaşaryn. Şu ýerden äkidiber. Isleseň... Isleseň, şu öý, halylar—bary seňki, Amansoltan!
Gyz gulaklaryna ynanmady. Özüni düýş görýändirin öýtdi. Emma bu bolýan zatlaryň hakykatlygyna göz ýetirende bolsa, begenjini gizläp bilmedi.
— Men razy! Ýöne ejeme-de diýeýin.
Ejesi gyzynyň getiren çöreginden datmandam. Ol gözüniň owasyny ýaşdan dolduryp, sandyr-sandyr etdi:
— Ol düzüwli adam bolýan bolsa, urşa giderdi. Bi uruş döwründe saçagy halal çörekden dolduryp bolmaz, balam. Haramdyr ol çörekler. Sen ýaş bolýaň-da entek, gyzym! Bar, basymjak ugra-da, öňküje dükanyňdan ýetdik çörek paýymyzy getir. Gaýdyp ol naýynsabyň ýüzüne bakaýsaňam, beren ak süýdüme razy däldirin.
— Eje, bolşuň nähili seň... Beýdip horlanyp ýörenden... çörek bolsa bolýa-da. Halal-haram diýen bolup... Onsoňam, bizar boldum bäş ýyl bäri ölmezödüden.
Ejesi ýarasyna basylan ýaly gygyrdy:
— Ugra basym! Ata-baba nesliňde haram bilen gün gören ýokdur! Diýenime gulak asmasaňam, güm bol meň öýümden! Indi sygryň guýrugynda pyçak döwjek bolýaňmy? Şunça çydadyk. Bar zat bolap başlar indi. Uly il iren däldir öýdýäňmi şeýle günden?!
Amansoltan ejesiniň gaňryşyna gaýtmady. Sesini çykarman, öňküje çörek dükanyna ugrady. Ýöne, ejesi gyzynyň bu getiren çöregindenem dadyp bilmändi. Amansoltan öýüne ýetiberende, goňşy garry aýal ýarym-ýaş bolup, onuň öňünden çykdy. Ýürek agyryly ejesi amanadyny tabşyrypdy.
Amansoltan ejesiniň pendini tutmady. Ol gara maşynly ýigidiň öýüne bardy. Bol iýdi, bol geýdi.
Eline akja bäbejigi alan güni bolsa, nämüçindir adamsynyň ýüzünden gar ýagýardy. Kürşerilip, çagajyga nazaryny-da aýlanokdy. Oglanjyga iki aý boluberende, ol gara niýetini orta atdy:
— Amansoltan, biz bu jaýy satmaly boljak. Oba—ejemiň ýanyna göçmekçi. Men oňa heniz öýlenenimi aýdamok. Toý etmese, öz eli bilen başyňa kürte atmasa, ol seni öýüne salmaz. Şonuň üçinem, gepiň gysgasy, men seni çagasyz äkitmeli boljak.
— Bolýa—diýip, ilkibada gepiň näme hakda barýanyny aňlamadyk gyz dessine razylaşdy.—Goňşularyň birine birki gün saklamaga beräýerin. Soň gelip äkideris-dä.
Adamsynyň zorruk sesi öýi ýaňlandyrdy.
—Oň tapawudy näme! Çagany bu gün elteniň ýa-da iki günden äkideniň parhy bir barmy! Barybir, ejemi ynandyryp bolmaz! O çaga ejemiň göz öňünde döremedi ahyry! Il bolsa “Berdişka şo baýlygy, şo syraty bilen çagaly aýala öýlenipdir, boý gyz tapmadymyka” diýer.
— Sen aýdarsyň-da bolan zatlary.
— Sered-ä bu samsyga. Sen bu giden mähelläniň haýsy birine aýdyp çykjak! Özüňem “Çaga özüme meňzäpdir” diýýäň. Iň gowusy, sopbaş baraly-da, toý tutaly!
Amansoltanyň ýüregi erbet habara garaşýan ýaly, erbet gürsüldäp başlady. Ol gara dere batyp, dünýäden bihabar emmesini sokjap ýatan çagajygy bagryna basyp, gözüni ýaşlady:
— Onda muny nätjek?!
Adamsy azgyryldy:
— Hany, gepiňi azalt-da, mün maşyna. Başyň ýaş. Muň ýaly tapylar. Ýöne abraý tapdyrmaz! Ýa-da menden geç! Ýaş çaga bilen bu şäherde nädip başyňy çarajak?! Ne-de işläp bilýäň. Gün görerin öýtseňem, geple. Soňky gün armanyň galmasyn. Sensiz gün geçmez öýtme.
“Dogrudanam, suw ýaly çaga bilen kimiň gapysyny kakjak?! Her kim gününi zordan itekleýä bu günler. Kim seni özüne ýük ediner” diýip, Amansoltan birsyhly oýlanýardy. Adamsy şäheriň çetindäki obanyň golaýyna baryp, maşynyny saklanda, Gün çörek ýaly gyzaryp, tutlugyň aňyrsynda ýitip barýardy. Aňyrrakda bir aýal tamdyrda ot goýberýärdi. Gapyrgalary somalyşyp çykyp duran ala köpek bolsa, ýol öwrenýän ýaly, iki ýana at salýardy, oýun edýärdi.
— Bar, hol uly tuduň aşagynda goýup gaýt.
Amansoltanyň ýüregi birden aşak gaçan ýaly boldy. Hopugyp gygyrdy:
— Ýok! Ýok, çagamy zyňman!
Adamsynyň sesi ondanam batly çykdy:
— Hany, zyňmasaň, düş maşyndan! Bar, nirä gitseň, şoňa git! Meni saklama ýolumdan!—Birdenem ol ýuwaşady.—Sen nämäni alada edýäň? Hol daýza maşyna seredýä, belki, çaganyň sesini eşidip alar. Ölmese bolýa-da! Nirede ýaşanda näme! Soň gözläris-de alyp gideris. Emdirme-de äkit. Derrew aglap ugrar. Eşitmez öýdýäňmi sesini!
Amansoltan ýuwaşlyk bilen maşyndan düşdi. Onuň adamsyndan aýrylyşasy gelenokdy. “Başym ýaş, çaga tapdyrar, ýöne Berdişkasyz durmuş garaňky bor maňa!” diýip, içini gepletdi. Adamsynyň diýen tudunyň düýbünde çaganyň düşekçesini ýazdy. Günäsizje adamjygy emaý bilen ýatyrdy.
Gyzyletene çagajyk boýnuny-da tutup bilenokdy. Ol eýjejik eljagazlaryny aňsyz açyp-ýumýardy. Aýajyklaryny däbşenekledýärdi. Günäsizje gözjagazlary bir açylyp, bir ýumulýardy.
Amansoltan çaganyň üstüne akja arlyjak atdy-da, yzyna seretmän, maşyna tarap okduryldy. Obadan daşlaşdyklarysaýy, süňňüne ýeňillik aralaşypdy. Agyr ýüküň astyndan sypana döndi. Adamsynyň öz ýanyndalygyna guş bolup uçýardy. Onuň baýlygyna başga bir aýalyň däl-de, hut özüniň eýe boljakdygy ýadyna düşende, bagryndan önen perzendiniň awusyny hem unutdy. “Şo daýza alar. Gerek bolsa, ulalansoň alar gidäýerin. Belki, başga çagam bolsa, ýatdanam çykyşar-la. Ölýän çaga-da az däl-le. Meňkem ýogalanmyş-da, hamala” diýip, öz-özüne göwünlik berýärdi. “Ýöne Berdişkasyz kyn bordy maňa”.
Amansoltan adamsy bilen bäş ýyl ýaşaşdy. Emma gaýdyp onuň çaga ýüzi düşmedi. Günleriň birinde bolsa gara maşynam, gyzyl halylaram, adamsynyň özem ýygnaldy. Gaýynenesi gelniniň üstüne awuna topulan gaplaň kimin penje gerip düwledi:
— Ýit, ýok bol, meň öýümden şor daban! Seň toýnagyň düşmedi meň öýüme. Saňa sataşyp, çemçeläp ýygnanymyzçanaklap döküldi, eziz balam gözenekden baklamy boldy. Ugra basym! Garaňy saýla şu ýerden, önelgesiz töňňe!
Ol ejesiniň jaýyna dolanyp geldi. Ýalňyz özi girip-çykdy. Ondan bäri otuz bäş ýyla golaý wagt geçdi. Ýalňyzlyk Amansoltany halys gysyp-gowurýardy. Onuň hossar bolup adyny tutýan ýokdy. Işine gidip-gelip, şol içini hümleder oturardy.
Aýajyklaryny däbşenekledip ýatan gyzyleteneje çagajyk göz öňünden ýekeje salymam aýrylanokdy. “Otuz bäş ýyl. Meň balam diri bolsa, häzir otuz bäş ýaşynda bolmaly. Ol nähili ýigit bolduka?! Gelni, çagalary bardyr. Wah, gelne guwanyp, agtyk söýmedim-dä men”. Birdenem ol iki ýana at salýan hor, ala köpegi ýatlap hopukýardy...
Ol gün Amansoltanyň ýüregi halys dünýä sygmady. Özi-de duýman, çagajygy goýup gaýdan ýerine ugrady. “Edil şu wagtlardy” diýip, batyp ugran Güne seredip, içini gepletdi. Başy aýlanýan ýalydy. “Ol aýal maňa berermikä çagany?! Eger şonda bolsa-ha, her zat ederin welin, alaryn!”.
Öňki obanyň ýeri harabaçylyk bolup ýatyrdy. Ýöne, garry tut welin seleňläp otyr. Töwerek giden pagta meýdanyna öwrülipdir. “Tamdyr görnenok-la. Öz-ä ho gaýrarakda bolmaly”. Amansoltan tuduň aşagyna baryp, az salym oturdy. “Arlyjagy dagy galmadymyka şu ýerlerde” diýip içini gepledip ýörşüne, ot-çöp, ýandak basan ýerlere aýlanyp ugrady. Birdenem, garyş boýy ýalaňaç süňke gözi düşüp, çirkin gygyrdy:
— Wah, it iýipdir! Wah, şonda şo nejis köpegi halamadym-la.— Birdenem ol köşeşdi.— Bir haýwanyň aýagy-la bi—diýip, kimdir birine makullatmak isleýän ýaly, töweregine garanjaklady.
Pagta meýdanynda ot ýygyp ýören oglanjygy görüp, şonuň ýanyna bardy:
— Aý, jigim, hany bu taýdaky oba?
Oglan gözlerini hanasyndan çykaraýjak bolup, gorkuly seredýärdi.
— O nämäniň obasy?—diýip, ol ahyrsoňy peltekledi.—Men-ä bu ýerde oba bolanynam bilemok. Hol, ilerde-hä posýolok bar.
— O nähili bileňok?—diýip, Amansoltan oglana golaýlaşdy.— Şol tuduň ýanynda tamdyry bolan aýalam tanaňokmy?
Oglan birden sen-men ýok, ýazzyny berdi. Ylgap barşyna-da möňňürýärdi:
— Ata!.. Waý, ata-a! Däli aýal bar! Gaç!
Amansoltan şundan soň näme bolanyny bilenok. Onuň gözüniň öňi garaňkyrap, başy aýlanypdy. Kimdir biri gelip, üstüne abanypdy. Ol öz üstüne abanýandan mejalsyz:
— It çaga iýýämi, aýtsana—diýip sorady.
Ol adamyň hüňürdisi Amansoltanyň henizem ýadynda.
— Item bir çaga iýermi! It çagany adamdanam gowy görýä. Muň, dogrudanam, aňkasy aşypdyr öýdýän. Niräň bendesikä bi?!
Amansoltan pyşyrdysy bilen ýene ol adamy geň galdyrypdy:
— Wah, şol aýalyňka baraýsam boljak eken. Iň bolmanda, süýtden bir doýurmaly ekenim, açja zyňyp gitdim-dä.
Ol özüne gelende, keselhanada ýatyrdy. Özem bir hepdeden sagalypdy.
— Ine, daýza, tut ýaly bolduň. Sag-aman öýüňe bar—diýip, ýylgyrjaklap gelen gyza ýaşly gözlerini dikdi:
— Sen näme üçin meni sagaltdyň, gyzym?! Men ýene ýaşamalymy?
Doktor gyz hiç zada düşünmän, eginlerini gysdy.
Awgust, 1980 ý.
Ogulsenem TAÑÑYÝEWA.
Hekaýalar