HOR DÜŞEN EŞEK HAKYNDA HEKAÝAT
Bir suw çekýän bendäñ eşegi barmyş,
Gije-gündiz agyr işde haýdarmyş.
Görýän güni ejirlimiş, agyrmyş,
Suw çekmekden ýaña gerşi ýagyrmyş.
Näçe işlese-de, çekse-de azap,
Ýokmuş doýa garna iýer ýaly zat.
Horlugyndan ýaña somalyp süñki,
Biçäre eşegiñ agypdyr eñki.
Arpadan doýmagy etse-de arzuw,
Oña ýetýän hörek - sypal bilen suw.
(Mañlaýyna ýazylan kysmatdyr, belki),
Hatda şolam tapylanok bol-telki.
Şeýle ýagdaýdaka günleñ bir güni
Şanyñ atbakary görenmiş ony.
Haýpy gelip biçäräniñ halyna,
Eýesini çagyrypdyr ýanyna
"Ýüregiñ daşmy señ? Gör-ä bolşuny,
Atlar bilen bile bakaýyn muny".
Diýende eýesi bolup hoşwagt,
Aýdan: "Bu meñ üçin ullakan bagt..."
Şeýdip, eşek atýataga düşüpmiş,
Çar töwerek oñ gözüne köşkmiş.
Bakan taýy ap-arassa, suwlanan,
Günüñ-güni arpa iýýärmiş olam.
Eşek oýlanypdyr: "Dogrymy diýsem,
Şundan uly bagt barmyka eýsem?
Häzire çen nälet siñen deý ylla,
Ýekeje gün dok bolmadym eý, Alla.
Ömrüm - gyş, görmedim hözirin ýazyñ,
Men eşegem bolsam, ýaradan özüñ.
Ýaşaýşa höwes galman göwünde,
Ölümmi diledim günüñ-gününde.
Hut jennetde ýaly atlañ durmuşy,
Adalatsyz eken dünýäñ gurluşy..."
birdenem adamlar dowla düşüpdir,
Ol asuda ýurtda jeñ tutaşypdyr.
Ýatakda mes duran atlaryñ bary,
Eýerläp, sürülýär söweşe sary.
Ýigitler atlanyp olañ üstüne,
Tizden-tiz çykýarlar duşman kastyna.
Gylyçdan ot syçrap, peýkamlar şuwlap,
Sen atmyñ, adammyñ... goýanok sylap.
Syna peýkam çümüp, aýagy döwlüp,
Köp atlar ýataga gelýär öwrülip.
Gylyç dilen, syna çümen peýkamdan,
Bedenden syrygyp akýan al gandan.
Atýatagyñ içi görer ýaly däl...
Eşek muny synlap, öwürýär hyýal.
"Gideýin eýämiñ ýanna dolanyp,
Mundan müñ paý gowy aç-hor bolanym.
Men başarman oka döşüm germäni,
Iýen iýsin bu belaly arpany.
Alla, günämi geç, gepledim küpür,
Öñküje günüme ýüzde-müñ şükür".
Goşgular