17:52 Hukuk sorag-jogaplary – 2: Maýyplara berilýän ýeňillikler we maşgala gatnaşyklary hakda | |
MAÝYPLARA BERILÝÄN ÝEŇILLIKLER we MAŞGALA GATNAŞYKLARY HAKDA
Hukuk maslahathanasy
SORAG: (@Hyýalkeş) - Ikinji topar maýyplaryna gaz-tok meselesinde nähili ýeňillik berilýär? JOGAP: Maýyplara döwlet tarapyndan berilýän goldaw hakda hukuk kadalary, esasan, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 124-152-nji maddalarynda bellenilýär. Bu Kodeksi şu salgydan: https://minjust.gov.tm/mcenter-single/28 tapyp bilersiňiz. Maýyplara elektrik togy, gaz, suw we jemagat hyzmatlary boýunça berilýän ýeňillik, şol Kodeksiň 148-nji maddasynyň 3-nji böleginde bellenilen. Ýöne, ol ýerde gaz, tok, suwdan mugt peýdalanmaga bolan hukuk, diňe I toparyň maýyplaryna berilýär. Şol kada laýyklykda: “I topar maýyplygy bolan adamlaryň (maýyplygy kanuna garşy hereketler netijesinde ýüze çykan adamlardan başga), olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalarynyň suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan degişli edaralaryň öz serişdeleriniň hasabyna mugt peýdalanmaga hukuklary bardyr”. SORAG: - Bir gyzy toý edip alýarlar. Dini nika bilen ýaşaşyp başlaýarlar. 10 aýdan soňam goşuny aýyrýarlar. Gyzyllarynam gaýyn tarapy alyp galýar. Hälki zenanyň atasy öýünde çagasy bolýar. Çaga 9 ýaşynda hälki adamdandygy subut edilip aliment ýöredilip başlanýar. 18 ýaşansoň aliment ýatyrylýar. Hälki adam öýlenmän ýaşaýa (öýüň körpesi, beýleki ogullar göçüp giden). Öýüne-de aýal dogany göçüp gelýär maşgalasy bilen. Indi hälki çaga bilen zenan şol adamyň emlägine dalaş etse, alyp bilermi? Gyzyllaryny sorap, hakyny töledip bilermi? Munuň üçin nirä ýüz tutmaly? JOGAP: Bu soragyň jogabyny birnäçe bölege bölmeli bolýar: 1. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 52-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, är-aýal tarapyndan nikaly döwründe edinilen emlägi olaryň bilelikdäki umumy eýeçiligi bolup durýar. 2. Şol Kodeksiň 54-nji maddasyna laýyklykda, nika baglaşylmazdan öň är-aýala degişli bolan emläk, şonuň ýaly-da olaryň nikaly döwründe sowgat görnüşinde ýa-da miras almak tertibinde alan emlägi olaryň her biriniň öz eýeçiligi bolup durýar. Är-aýalyň nikaly döwründe umumy serişdeleriniň hasabyna edinen şahsy peýdalanýan zatlary (geýim, aýakgap we ş.m.), olardan peýdalanan äriniň (aýalynyň) eýeçiligi diýlip ykrar edilýär, gymmat bahaly we beýleki zynat zatlar muňa degişli däldir. 3. Kanun “galyňy” ykrar etmeýär. “Galyň” däl-de, “sowgat” diýip alsak, onda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 553-nji maddasyna laýyklykda, eger sowgat ediji barada ýa-da onuň ýakyn kowum-garyndaşlary barada özüne sowgat berilýän ýokary gadyr bilmezlik gylygyny görkezse, onda sowgat etmek ýatyrylyp bilner. Eger sowgat etmek kanuny esasda ýatyrylan bolsa, onda sowgat beriji sowgat edilen emlägi yzyna talap edip alyp biler. Sowgat etmegi ýatyrmaga hukuk berýän ýagdaý sowgat berijä mälim bolan wagtyndan soň bir ýylyň dowamynda sowgat etmek ýatyrylyp bilner. 4. Şeýlelikde, ýaňky aýrylyşan gelniň, altyn şaý-sepleri boýunça meselede ol elbetde özüne “sowgat” berlen şaý-sepleri yzyna gaýtaryp almak hakda kazyýete hak isleg arzasy bilen ýüz tutmaga hukukly. Ýöne, bu meselede oň ýagdaýy yrga, dawaly. Ol şaý-seplere “Äri ikisiniň umumy emlägi. Şoň üçinem deňje paýlaşmaly” diýjek bolsaň, onda bu ýerde ýene-de bir hukuk kadasy herekete girýär: Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 7-nji maddasynyň 2-3-nji böleklerine laýyklykda, Türkmenistanda diňe RÝNÝ edarasy tarapyndan bellige alnan nika ykrar edilýär. Dini däp-dessur boýunça nikalaşmagyň hem beýleki dini däp-dessurlar ýaly hukuk taýdan ähmiýeti ýokdur. Beýle diýildigi, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 49-njy maddasyna laýyklykda, är-aýalyň hukuklarynyň we borçlarynyň (şol sanda emläk hukuklarynyň we borçlarynyňam) RÝNÝ edarasynda nika baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyndan ýüze çykýandygyny aňladýar. 5. Bu gürrüň beren wakaňda, aýalynyň resmi nikadan geçmän ýaşaşan adamsynyň emlägine hiç hili miras hukugynyň ýoklugyny aňladýar. Ýöne, oglunyň miras hukugy ýüze çykýar. Sebäbi seň aýdyşyňa görä, ol ýogalan adam şol çagaň özüniňkidigini ykrar edip, oňa 18 ýaşaýança hossar hakyny (aliment) töläp gelipdir. Eger-de ol adamyň dogan-garyndaşlary ondan miras galan emläkden oň ogluna düşýän paýy bermekden ýüz dönderýän bolsalar, onda şol emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça etrap kazyýetine hak isleg arzasy bilen ýüz tutmaly. Hak isleg arzasyny islendik etrap hukuk maslahathanasynda tölegli ýazyp berýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |