18:19 Hukuk sorag-jogaplary – 3: Zähmet weteranlary hakda | |
ZÄHMWET WETERANLARY HAKDA
Hukuk maslahathanasy
SORAG: (@Dark_Wolf) - Maňa “zähmet weterany” hakynda maglumat gerekdi. Häzirki wagtda nähili ýeňillikler berilýär, şol ada eýe bolsaň? Ýagny, bir edarada üznüksiz 25 ýyl işleseň “zähmet weterany” diýlip berilýän at hakynda. JOGAP: Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi 112-nji madda. Zähmet weteranlary Zähmet weteranlaryna öňki SSSR-iň ýa-da Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanan, şol sanda hormatly atlara mynasyp bolan we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda erkek adamlaryň azyndan 25 ýyl, aýal maşgalalaryň azyndan 20 ýyl iş döwri bolanlary degişlidir. Üns beren bolsaňyz, “zähmet weterany” diýen hukuk derejesini almak üçin, bir edarada 25 ýyl (erkekler üçin) işläniň ýeterlik däldir. Ýene-de döwlet sylagyň ýa-da hormatly adyň bolmalydyr. 113-nji madda. Weteranlaryň şahadatnamalary 1. Weteranlara bellenilen nusgadaky şahadatnamalar: 3) zähmet weteranlaryna we Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara – weteranlaryň ýaşaýan ýerlerindäki häkimlikler tarapyndan berilýär. 121-nji madda. Zähmet weteranlaryny durmuş taýdan goramagyň çäreleri Zähmet weteranlaryna «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynda we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda bellenilen ýeňillikler berilýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksi: 50-nji madda. 2. Hünäri ýa-da zähmet öndürijiligi deň bolanda, işde galmak üçin artykmaç hukuk şu aşakdakylara berilýär: 1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda weteran diýip ykrar edilen adama; 87-nji madda: 7. Weteranlaryň aýry-aýry toparlaryna her ýylky esasy rugsadyň tomsuna ýa-da başga amatly wagtda berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde düzgünleşdirilýär. 103-nji madda: 7. Weteranlaryň aýry-aýry toparlaryna her ýylky esasy rugsadyň tomsuna ýa-da başga amatly wagtda berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde düzgünleşdirilýär. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny 187-nji madda. Salgyt özenine goşulmaýan girdejiler 5. Şu aşakdakylaryň girdejileri salgyt salynmaga degişli däldir: Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda weteranlar derejesine degişli edilen adamlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||