11:59 Hukuk sorag-jogaplary – 5: Internet we döredijilik hakda | |
INTERNET WE DÖREDIJILIK HAKDA
Hukuk maslahathanasy
SORAG: (@Haweran) Şahsy döredijiligiň internet bilen baglanyşygy barada-da agzalarymyzyň ýüregine sowuk suw sepiji-arkaýynlaşdyryjy taraplarynam ýazaýsañyz, köp hoşal bolardyk. JOGAP: Türkmenistanyň raýatlarynyň syýasy hukuklarynyň biri hökmünde, erkin pikir ýöretmäge we pikirini beýan etmäge, maglumatlary almaga bolan hukugy görkezmek bolar. Bu Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 42-nji maddasynda: “Her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär. Hiç kimiň adama öz pikirini erkin beýan etmegini gadagan etmäge, şonuň ýaly-da ony kanuna laýyklykda ýaýratmaga päsgel bermäge hukugy ýokdur. Hiç kim özüniň pikirini we ynam-ygtykadyny beýan etmegine ýa-da olardan ýüz döndermegine mejbur edilip bilinmez. Her bir adamyň döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary kanunda gadagan edilmedik usulda erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga hukugy bardyr.” diýen görnüşde berkidilýär. 2012-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň (şu salgyda: https://minjust.gov.tm/mcenter-single/201) 1-nji maddasyna laýyklykda, köpçülikleýin habar beriş serişdesi diýlip çap, audio-, audiowizual we beýleki habarlar hem-de maglumatlar bolan köpçülikleýin habarlary döwürleýin ýaýratmagyň görnüşlerine (çap, teleradioönüm ýaýradyş, Internet ulgamyndaky neşirlere we başgalara) düşünilýär. Şonuň ýaly hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýaýratmagyň görnüşine, çykarylýan nusgalaryň mukdaryna ýa-da haýsydyr bir beýleki çelgilere garamazdan habar beriş gulluklarynyň, beýleki şuňa meňzeş habar beriş işini amala aşyrmaga gönükdirilen guramalaryň yzygiderli goýberilişleri degişlidir. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine resmi, tehniki we gulluk resminamasy, gymmatly kagyzlar degişli däldir. Çap neşirlerine gazet, žurnal, býulleten we hemişelik ady, gündelik belgisi hem-de döwürleýinligi bir ýylyň dowamynda bir we şondan hem köp birnäçe sanlary (goýberilişleri) bolan başga neşirler degişlidir. “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasyna laýyklykda, şu aşakdakylar köpçülikleýin habarlaryň erkinligi babatda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ýörelgeleridir: - Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri erkindir. Döwlet pikir aňlatmakda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine erkinligi kepillendirýär. Kanuna laýyklykdakydan başga ýagdaýda hiç kim jemgyýetçilik bähbidi bolan habary gadagan edip ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ony ýaýratmaga päsgel berip bilmez; - Türkmenistanyň raýatlary pikirlerini we ynamlaryny aňlatmak, agtarmak, maglumaty gözlemek, almak we ýaýratmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň islendik görnüşlerini peýdalanmak hukugyna eýedirler; - Türkmenistanyň raýatlary döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, wezipeli adamlaryň işi hakyndaky maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen almak hukugyna eýedirler; - maglumaty ýygnamak, almak we ýaýratmak erkinligi, eger munuň özi konstitusion gurluşy, raýatlaryň saglygyny, namysyny we mertebesini, hususy durmuşyny, jemgyýetçilik tertibini goramak üçin gerek bolsa, kanuna laýyklykdan başga ýagdaýda çäklendirilip bilinmez; - şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmek, olara eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna elýeterlilik we olary peýdalanmak erkinligi çäklendirilmeýär; - köpçülikleýin habary taýýarlamagy we ýaýratmagy amala aşyrýan subýektleriň dogruçyl bäsdeşligini üpjün etmek üçin deň hukukly we ykdysady şertleri döretmek; - köpçülikleýin habar babatda köp pikirliligi we dogruçyl bäsdeşligi üpjün etmek, köpçülikleýin habary taýýarlamagy we ýaýratmagy amala aşyrýan subýektleriň arasynda özüniň agdyklyk edýän ýagdaýy bilen hyýanatçylyklaryň öňüni almak maksady bilen döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleriniň edaralary tarapyndan gözegçiligi üpjün etmek; - Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döwlet we beýleki dillerde taýýarlamak we ýaýratmak; - ýuridik we fiziki şahslaryň hakykata laýyk gelmeýän we fiziki şahsyň namysyny we mertebesini kemsidýän ýa-da ýuridik şahsyň işewür abraýyna zelel ýetirýän çap edilen maglumatlaryň ýalana çykarylmagyny köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaksiýasyndan talap etmek hukugy; - köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň öz işinde döwlet goldawyna bolan hukugy; - Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarlaryna we maglumatlaryna päsgelçiliksiz elýeterliligi; - köpçülikleýin habar babatda halkara hyzmatdaşlygyny Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrmak. Köpçülikleýin habaryň erkinliginden hyýanatçylykly peýdalanmaga ýol bermezlik babatda Türkmenistanyň döwlet syýasaty gadagan etmegiň aşakdaky ýörelgelerine esaslanýar: - ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň monopoliýalaşdyrylmagy; - Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýän kanun tarapyndan goralýan döwlet ýa-da beýleki syry düzýän maglumatlaryň jar edilmegi, konstitusion gurluşy zorluk bilen üýtgetmäge çagyrmak, urşy, zorlugy we ýowuzlygy, teniniň reňki, milli, dini aýratynlygy ýa-da barlyşyksyzlygy wagyz etmek, pornografiýany we beýleki etmişleri ýaýratmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden peýdalanmak; - raýatlaryň şahsy durmuşyna eden-etdilik bilen gatyşmak, olaryň namysyna we mertebesine kast etmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden peýdalanmak; - tele-, wideo-, kinoönümleriň toplumynda, resmi we çeper filmlerde, şeýle hem maglumat kompýuter faýllarynda we maglumat ýazgylaryny işläp taýýarlamagyň programmalarynda adamlaryň aňyna täsir edýän we (ýa-da) olaryň saglygyna zyýanly täsir edýän gizlin wstawkalary peýdalanmak; - köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary işläp taýýarlamagyň, taýýarlamagyň, peýdalanmagyň usullary, tärleri we alynýan ýerleri hakynda maglumatlary ýaýratmak, aýry-aýry neşe serişdelerini, psihotrop maddalary, olaryň kybapdaşlaryny we prekursorlary peýdalanmagyň haýsydyr bir artykmaçlyklaryny wagyz etmek; - söz azatlygyny hyýanatçylykly peýdalanmak, fiziki şahsyň namysyny we mertebesini peseldýän ýa-da ýuridik şahsyň işewür abraýyna zelel ýetirýän, hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary ýaýratmak, žurnalistleriň kazyýete täsir etmekligi. “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, žurnalist hünäri erkindir we ygtyýarlylandyrylmaga degişli däldir. Žurnalist şu aşakdaky hukuklara eýedir: 1) habary agtarmak, soramak, almak we ýaýratmak; 2) döwlet edaralaryna, guramalaryna, kärhanalaryna we edaralaryna, jemgyýetçilik birleşikleriniň edaralaryna ýa-da olaryň metbugat gulluklaryna barmak; 3) maglumaty soramak bilen baglanyşykly wezipeli adamlar tarapyndan kabul edilmek; 4) resminamalara we maglumatlara elýeterlilik almak, döwlet, täjirçilik ýa-da kanun tarapyndan goralýan başga syry düzýän maglumaty özünde saklaýan olaryň böleklerinden başga; 5) “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 44-nji maddasynyň 1-nji böleginiň talaplary berjaý edilen şertlerinde resminamalaryň we maglumatlaryň göçürmesini almak, çap etmek, jar etmek ýa-da başga usul bilen nusgasyny almak; 6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýazgylary geçirmek, şol sanda audio- we wideotehnikanyň, kino- we surata düşürmek serişdelerini peýdalanmak bilen geçirmek; 7) adatdan daşary ýagdaýlaryň ýerlerine barmak, raýatlaryň köpçülikleýin ýygnanýan ýerlerine gatnaşmak; 8) özüne habar berilýän maglumatyň dogrulygyny barlamak; 9) onuň goly bilen ýaýratmak üçin niýetlenen habarlarda we maglumatlarda öz şahsy pikir ýöretmelerini we baha bermelerini beýan etmek; 10) öz ynançlaryna garşy gelýän habarlary ýa-da maglumaty öz goly bilen taýýarlamakdan ýüz döndermek; 11) öz pikirine görä redaksion taýýarlamagyň barşynda mazmuny ýoýulan ýa-da “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda şol habary ýa-da maglumaty peýdalanmagy gadagan edip ýa-da başga hili kesgitläp boljak habaryň ýa-da maglumatyň aşagyndaky Öz goluny aýyrmak; 12) eger ol ýa-da onuň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy bilen baglanyşykly bolsa, baş redaktor ýa-da redaksiýa tarapyndan özüne berlen tabşyrykdan ýüz döndermek; 13) özi tarapyndan taýýarlanan habary we maglumaty öz goly bilen, öz lakamy bilen ýa-da golsuz ýaýratmak; 14) hünär birleşiklerini guramak, şeýle hem olaryň işine gatnaşmak. Žurnalist Türkmenistanyň kanunçylygy bilen özüne berlen beýleki hukuklardan hem peýdalanýar. “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 31-nji maddasyna laýyklykda, žurnalist şu aşakdakylara borçludyr: 1) maglumaty diňe etiki we kanuny usullar bilen ýygnamaga we halka ýetirmäge; 2) dogry, takyk we tarapgöýsüz maglumaty bermäge; 3) öz habarynyň çeşmelerine tankydy baha bermäge, delilleri ünsli we jikme-jik barlamaga, birnäçe çeşmelere esaslanmaga. Maglumat çeşmesiniň ygtybarlylygyny barlamak mümkinçiligi bolmadyk mahalynda ol ýaýradylýan habarda görkezilmelidir; 4) eger muny özüne bu habary beren şahs islese, ilkinji gezek ýaýradylýan taýýarlanan habary awtorlaşdyrmaga; 5) habaryň we (ýa-da) onuň çeşmesiniň ýaşyrynlygyny saklamaga; 6) köpçülikleýin habar beriş serişdesinde raýatyň şahsy durmuşy hakyndaky maglumatlaryň ýaýradylmagyna raýatyň özünden ýa-da onuň kanuny wekillerinden razylyk almaga (haçan-da munuň Özi jemgyýetçilik bähbitlerini goramak üçin zerur bolan halatlar muňa degişli däldir); 7) raýatlardan we wezipeli adamlardan habar alnanda olary audio-we wideoýazgynyň, kino- we surata düşürmegiň geçirilendigi hakynda habarly etmäge; 8) eger muny habary berýän hususy şahs islemese, audio- we wideoýazgy serişdelerini peýdalanmazlyga; 9) habar bermek hakynda ýüzlenilende öz familiýasyny, iş ýerini (köpçülikleýin habar beriş serişdesini we (ýa-da) reportaž taýýarlaýan gepleşigini) we wezipesini görkezmäge, şeýle hem adama onuň sözleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde açyk halka ýetirilip bilinjekdigini duýdurmaga; 10) maglumat çeşmesine zorluk ulanmazlyga we habar üçin hak-heşdek teklip etmezlige; 11) kämillik ýaşyna ýetmedik bilen söhbetdeşlikden öň onuň ata-eneleriniň biriniň (kanuny wekilleriniň) razylygyny, şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedigiň özüniň razylygyny almaga; 12) özüniň zähmet gatnaşyklarynda durýan redaksiýasynyň Tertipnamasyny berjaý etmäge; 13) özüniň saýlawdan öňki wagyz-nesihatyň, hünär işini amala aşyranda sala salşygyň meseleleri boýunça wagyz-nesihatyň geçirilmegine gadaganlygy berjaý etmäge. Žurnalist köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen beýleki borçlary hem çekýär. Hünär işini amala aşyranda žurnalist fiziki şahsyň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, namysyna we mertebesine, şeýle hem ýuridik şahsyň işewür abraýyna hormat goýmaga borçludyr. Döwlet žurnaliste özüniň hünär işini amala aşyrmagy bilen baglanyşykly jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän şahs hökmünde öz namysynyň, mertebesiniň, saglygynyň, ömrüniň we emläginiň goragyny kepillendirýär. 2014-nji ýylyň 20-nji dekabrynda kabul edilen, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň (şu salgyda: https://minjust.gov.tm/mcenter-single/156) 6-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda Internet toruny ösdürmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek şu aşakdaky esasy ýörelgeleri berjaý etmek bilen amala aşyrylýar: 1) Türkmenistanyň raýatlarynyň Internet toruny peýdalanmaga we onda ýerleşdirilen maglumatlaryň elýeterliligine bolan hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek; 2) halkara derejesinde bellenilen we şu Kanunyň kabul edilen pursadynda hereket edýän Internet toruny guramagyň we ösdürmegiň guramaçylyk kadalaryny we tehniki amallarynyň aýratynlyklaryny hasaba almak; 3) halkara derejesinde bellenilen kadalaryň we düzgünleriň bolmadyk ýa-da olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň güýjünde ulanylyp bilinmejek babatynda diňe käbir ugurlarda Internet toruny düzgünleşdirmek çygryny çäklendirmek; 4) Internet toruny ösdürmek bilen baglanyşykly we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen raýatyň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklaryna we bähbitlerine degip geçmeýän gatnaşyklarda düzgünleşdirmegiň ýaýradylmazlygy; 5) fiziki we ýuridik şahslara Internet toruny beýleki peýdalanyjylar bilen bir şertlerde internet-hyzmatlaryny etmek üçin şertnama baglaşylanda ýüz döndermegiň mümkin bolmazlygy. “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji maddasyna laýyklykda: Döwlet Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini höweslendirýär we goldaýar. Döwlet şu aşakdakylary üpjün edýän çäreleri kabul edýär: 1) Internet toruna deň hukukly, hukuk taýdan kemsitmezden elýeterliligi; 2) maglumat hyzmatlaryny we aragatnaşyk hyzmatlaryny ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny Internet toruna birikdirmegiň döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny; 3) Türkmenistanyň maglumat serişdelerinden peýdalanmagyň hukuk taýdan kemsitmezlik tertibiniň bellenilmegini; 4) Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlarynyň işiniň we Internet tory arkaly amala aşyrylýan maglumatyň alşylmagynyň esassyz çäklendirmelerine ýol berilmezligini; 5) internet-tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen edilýän hyzmatlar bazarynyň ösdürilmegine ýardam edilmegini, monopolizasiýa we päk ýüreksiz bäsdeşlige ýol berilmezligini. Döwlet Internet torunyň infrastrukturasynyň ösüşiniň we peýdalanylyşynyň höweslendirilmegini, şol sanda salgytlar we beýleki hökmany tölegler boýunça ýeňillikleri ulanmak arkaly amala aşyrýar. Türkmenistanda Internet torunyň ösüş taslamalaryny döwlet tarapyndan goldamak hakynda çözgütler kabul edilende ilkinji nobatda Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan Internet torunyň has giňden peýdalanylmagyny üpjün edýän öňdebaryjy tehnologik çözgütlere ähmiýet berilýär. Döwlet görkezilen tehnologiýalary peýdalanmak bilen döwlet hyzmatlaryny etmek arkaly döwletiň, hususy pudagyň we raýatlaryň arasyndaky özara hereketlerinde internet-tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyny ýaýratmak boýunça maksatlaýyn işi amala aşyrýar. Döwlet Internet toruny ösdürmegiň tehnologik we guramaçylyk ugurlaryny düzgünleşdirýän halkara kadalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna döwlet dolandyryşynyň Internet toruny ösdürmek we ulanmak babatda ygtyýarly edaralary tarapyndan we Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlary bilen bilelikde gatnaşýar. “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda: Internet torunyň kanallary boýunça maglumat berýän adam ony internet-hyzmatlaryny etmek baradaky şertnamada görkezilen talaplara laýyk gelýän görnüşde bermelidir. Internet hyzmatlaryny etmek baradaky şertnamada maglumatyň görnüşine bolan talaplar bolmadyk mahalynda maglumat berýän adam ony elektron resminama görnüşinde bermäge borçludyr. Elektron resminama: 1) onuň hakykylygyny tassyklamaga mümkinçilik berýän maglumatlary saklamalydyr; 2) elektron resminamany düzüjini anyklamaga mümkinçilik berýän usul bilen we görnüşde döredilmelidir we peýdalanylmalydyr; 3) adamyň kabul etmegi üçin elýeter görnüşde berilmelidir (gaýtadan döredilmelidir); 4) ony birnäçe gezek peýdalanmak üçin elýeter bolmalydyr. Internet torunyň kanallary boýunça maglumat berýän adam onuň mazmuny üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda doly jogapkärçilik çekýär. Internet torunyň kanallary boýunça şu maddanyň degişli talaplaryna laýyk gelmeýän maglumaty berýän adam Internet torunyň kanallary boýunça berilýän maglumatyň ýitirilmek, ýoýulmak ýa-da maglumaty kabul edijä eltmegiň bökdelmek töwekgelçiligini çekýär. Jogapkärçilik: “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda: Internet toruny peýdalanyjylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şu aşakdakylar üçin jogapkärçilik çekýärler: 1) ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen çäklendirilen ýa-da gadagan edilen maglumaty özünde saklaýan habarlaryň Internet torunyň kanallary boýunça iberilmegi; 2) döwlet syryny ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýan beýleki syry saklaýan maglumatyň Internet torunyň kanallary boýunça iberilmegi; 3) Türkmenistanyň Prezidenti babatda kemsitmegi ýa-da töhmeti özünde saklaýan maglumatlaryň, konstitusion gurluşy güýç bilen üýtgetmäge çagyryşlary, urşy, zorlugy we ýowuzlygy, teniniň reňkini, milli we dini duşmançylygy we tapawutlary, pornografiýany, töhmeti we kemsitmegi, jenaýat taýdan jezalandyrylýan etmişleri amala aşyrmak üçin meçew bermegi özünde saklaýan maglumatlaryň Internet torunyň kanallary boýunça ýaýradylmagy; 4) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen degişli rugsat bolmazdan intellektual eýeçiligiň obýektlerine degişli maglumatlaryň Internet torunyň kanallary boýunça ýaýradylmagy, peýdalanylmagy we çap edilmegi; 5) Internet toruny peýdalanyjy tarapyndan, maglumaty kabul edijä mahabaty saklaýan maglumatyň, şol maglumaty almak üçin talap edilmedik halatynda, aýda iki we ondan köp gezek elektron poçtanyň salgysy boýunça bilkastlaýyn iberilmegi; 6) Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorynyň daşyndan aýlanyp Internet torunyň kanallary boýunça maglumatyň üçünji şahslardan kabul edilmegi ýa-da berilmegi; 7) internet-hyzmatlaryndan peýdalanmak hukuklarynyň üçünji şahslara berilmegi; 8) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýan kompýuter maglumatyna bikanun girilmegi; 9) bu maglumat ulgamlarynda durýan maglumatyň ýok edilmegine, gabalmagyna ýa-da üýtgemegine getiren ýa-da getirip biljek içerki, pudagara we beýleki maglumat ulgamlaryna rugsatsyz aralaşylmagy, şeýle hem kompýuter, kommunikasiýa we beýleki enjamyň gabalmagy ýa-da hatardan çykmagy; 10) Internet toruny peýdalanyjylar hakynda hususy ýa-da beýleki maglumaty aldaw ýoly bilen almak üçin niýetlenen web-sahypalaryň we web-saýtlaryň döredilmegi, peýdalanylmagy we ýaýradylmagy; 11) zyýan ýetiriji kompýuter programmalarynyň döredilmegi, peýdalanylmagy we ýaýradylmagy; 12) Internet kanallary boýunça berilýän maglumatyň mazmuny, onuň dogrulygy we ýaýradylmagy; 13) fiziki we ýuridik şahslara moral we maddy zyýanyň ýetirilmegi, şeýle hem döwlete zyýan ýetirilmegi; 14) maglumatyň kriptografik goragynyň sertifikatlaşdyrylmadyk serişdeleriniň peýdalanylmagy. Bu maglumatda salgylanylan we ady agzalan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynyň (https://minjust.gov.tm/) Hukuk maglumatlary bölüminden okap we göçürip alyp bolýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||