«HÜÝRLUKGA – HEMRA» DESSANY / dowamy -3
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Agalary «Jany bir eken mynyň» diýip, öňkidenem gaty süýremäge başladylar. Şol dagyň kenaryna süýräp baryşlaryna ýedi dagyň bent bolan ýerinde bir çaý bardy. Adyna Gurrukçaý diýer erdiler. Bu çaý bulara dahyl boldy. Eltip şol çaýa Hemra jany togalap göýberdiler. Hemra jan «ýa suw, ýa saman» diýip ýöriberdi. Çaýyň özi segsen gulaç erdi. Şu ýerde kyrk çilten gaýyp erenler jem bolup tagta rowan guran Hemrany çaýyň düýbüne alyp düşdiler. Aradan bir sagat ýaly wagt geçdi.
Indi habary kimden eşit, Hemranyň agalaryndan. Çaýa agzyny tutup aýagyny öküz basan ýaly:
– Hemra jan, seni alyp gitjek − diýip, gygyryşdylar. Hemra jan«Bularyň maňa rehmi gelipdir-ow» diýip, çaýyň içinde elinde sazy bolmasa-da, dilinde sözi, ozaly ak süýt beren eneme, kyblagähim atama, Güljemile janyma, deňi-duş ýar-dostlarma, Misir ilinemeniň şu bäş agyz sözümi gowşuryň − diýip, salam iberip, bir bäş keleme söz diýse gerek:
Myndan gider bolsaň Misir ýurdyna,
Barsaň şa Hysrowa salam diýgeý sen.
Gözüm oýup saldyňyz çaýyň düýbine,
Mähribanym eneme salam diýgeý sen.
Säher turup meniň ýolum gözleýen,
Geler diýip, geler yzym yzlaýan,
Ak maýa dek zaryn aglap bozlaýan,
Barsaň enem jana salam diýgeý sen.
Hijr oduna ýandy meniň ýüregim,
Çaý düýbünde ýokdyr meniň deregim,
Güljemiläm bile çykan pudagym,
Barsaň Güljemilä salam diýgeý sen.
Hemranyň dilinde Aly Murteza,
Gardaşymdan ýetdi maňa bu bela,
Ýar-dostum deň duşym, ol Misir ile,
Barsaň deň-duşlaryma salam diýgeý sen.
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Agalary:
– O-ho, hälem jany bir eken-ow mynyň − diýişdiler. Haraz ýaly, degirmen ýaly äkelen daşlaryny çaýyň başyna goldaşyp, daşamaga aýlanyşdylar. Birnäçe sansyz daşy ýygnadylar. Ýygnap bolup, ýeke-ýekeden tas çaýa − Hemranyň depesine goldaşyp, taşlamaga aýlanyşdylar. Daşy taşlap bolup
–Eý, Hemra jan, janyň bolsa alyp gitjek − diýip, ýene gygyryşdylar. Hemra jandan seza bolmady. Bu çaý Hemranyň ilinden aýraçylygy bolmasa, sapaly jaý boldy. Bir ýanna elini uzatsa bulak, bir ýanna elini uzatsa miwe boldy. Hemra jan şu tarygada otyrybersin. Indi habary kimden al, Hemranyň iki agasyndan al. Olar daşy taşlap bolyp, hoşwagt bolyp gülişdiler
– Eý, zaňňar, janyň miň-de bolsa, her gaýsyna bir daş zyňandyrys − diýdiler. Hemra janyň agalary çaýyň başyndan aýrylyp ýöriberdiler. Şol wagtda Hemra janyň Şasuwar atly bir aty bar erdi. Ol janawer jylawyny dişläp, çaýyň daşyndan üç gaýtara aýlandy. Dilsizem bolsa, dilliden gowy erdi. At gözünden boýyr-boýyr ýaş akdyryp, Hemra jany Allaga tabşyryp, at janawer bu zaňňarlaryň yzyňa düşüp ýöriberdi. Emma Hemranyň agalary ýola çykyp, urdylar maslahaty
– Atyny eltsek, atamyza näme diýeris, atynam öldüreýli − diýdiler. At janaweriň döweregine tanaf aýlap, tutyp alyp, eýer-esbabyny syryp, ýedi ýoluň üstinde damagyny çalyp, üssine daş basyp ýöriberdiler. Baryp ýük-ýaýlaryny ýükläp, alyp ýola düşip rowana boldylar. Birnäçe gün ýol ýörüp, Misir şäheriniň bir mezillik bäri ýanyndan bardylar. Bir adam tafyp alyp:
– Baryň patyşaga aýdyň. Ogullaryň gelýärdiýip söýünjile − diýdi. Ol adam ýola düşüp rowana boldy. Baryp patyşanyň bergahyna baryp
– Eý, şahy älem, siziň barsa gelmeze giden ogullaryňyz gelip durar − diýdi. Patyşa bu sözi eşidip, söýinjiläp gelen adama baş aýak serpaý etdi, at mindirdi, bir näçe yngam berdi. Şeýdip söýinjiläp gelen adamyň wagtyny hoş edip göýberdi.
Indi habary kimden eşit, patyşadan eşit. Hysrow şa jar urdyrmaga başlady:
– Patyşanyň kyrk gije gündiz toýy bar − diýip, jarçy jar çekip ýöriberdi. Emma toýam başlanyp gitdi. Ogyllary bolsa gelip ýetişdi. At çapdyrdy, altyn gabak atdyrdy, bagşy aýtdyrdy, göreş tutdurdy. Toý-tomaşany sag-aman sowdy. Patyşanyň özi bir oýlanyşyk tapdy. Hiç aňry ýanna çakabilmedi. Düýşinde patyşany jak-jak uryp saýrap beýhuş eden Bilbilgöýe lal bolyp, misli baýhatyn dek çugdyp otyrdy. Şol wagtda patyşanyň üssüne Hemranyň mähriban enesi, Güljemile siňlisi saçyn ýaýyp, ýüzin ýyrtyp, patyşanyň bergaýynda häzir boldy.
– Ziwer, Hurşyt geldi. Biziň Hemra jan gelmedi − diýip, birnäçe zar-zar ýyglaşdylar. Patyşa bu halatyny görip, gonjyndaky hanjaryny eline alyp,Bilbilgöýä dergazap boldy
– Meniň ogluma näme bela etse, şu guşdan ýetdi. Şu guşnyň damagyny çalyp, bir çemçe ganyny içip, içimi sowadaýyn − diýip, patyşa dergazap boldy. Onda patyşanyň özi bilen deň ýaşaşyp gelýen akyldar weziri bardy. Adyna hem Kasym wezir diýer erdiler. Ol köp bir hakylly kişi erdi. Ol patyşa her ýerde gyssansa, gysynsa ýol salgy berer erdi. Kasym wezir aýtdy:
– Eý, patyşaýym, bu guşny öldürseň, öler gider, mert guşdyr. Ondan men şuňa ýalbaryp göreýin, şaýetçe Hemra janyň galan ýerini bu salgy berer − diýdi. Söz Kasym wezirden, Bilbilgöýä guşy taryplap bir bäş keleme söz aýtsa gerek.
Hoş gelipsiň biziň ile,
Miri mähebbetli bilbil.
Açylypdyr bagda güller,
Saýrar bolsaň bu gün, bilbil.
Elim ýetmez pelek çarhyna,
Gezersiň özüň erkiňe,
Şebi nem düşdi gül ýüzine,
Ne üçin gamgyn bolduň, bilbil?
Pasly bahar ýazlar saňa,
Agyr ulysly iller saňa.
Ter açylgan güller saňa,
Perýat ursaň şu gün, bilbil.
Kasym aýdar syrlaşaýly,
Mähebbet ýolun açaýly,
Gel, ikimiz sözleşeýli,
Ne üçin gamgyn bolduň, bilbil?
Elkyssa, Kasym wezir sözüni tamam etdi. Bilbilgäýä guş bu hoşamady eşidip,öňki otyryşyndan ýedi esse zyýada bolup dalmynyp, daranyp, açylyp otyrdy. Patyşanyň hem göwnüne geldi.
– Weziriň aýtgany dogry boldy. Bu guş mert eken. Menem synamdan habar bersem, şaýetki maňa habar berjek eken − diýip, bir bäş keleme söz aýdar gerek.
Sözle bilbil, ne ýerlerden gelersen,
Sözle bilbil, Hemra jandan habar ber.
Nä habar getirdiň, näme bilersen,
Sözle bilbil, Hemra jandan habar ber.
Şunkar guşum uçyrdym men goplumdan,
Bibilim ürkizdim täze gülümden.
Bir zelel ýetmese iki oglumdan,
Sözle bilbil, Hemra jandan habar ber.
Hemra jan gideli ýedi ýyl boldy,
Gözüm ýaşy akdy gamda, ne boldy,
Sagadym gün boldy, günim ýyl boldy,
Sözle bilbil, Hemra jandan habar ber.
Hysrow aýdar nedir bagtym garasy,
Anyň üçin bitmez synam ýarasy,
Hemra erdi maly-mülkim eýesi,
Körpe guzy, şunkarymdan habar ber.
Elkyssa, patyşa sözüni tamam etdi. Bilbilgöýä güş jak-jak uryp:
– Ertirden şunyň ýaly bir ýakymly söz tapsaň, bir akylly adam bolar erdiň. Patyşada kyrk kişiniň akyly bar diýip, eşidýär erdik, emma seniň akylyň jüýje horazyň akylyça ýok eken. Zehaniň ýukalygy eşegiň palany ýaly eken. Meni bir saza, söze gark etseň, men ogluň galan ýerini tapyp berermen − diýdi. Patyşa şu ýerde jarçyny ýanyna çagyryp alyp:
– Her kimse sazanda, göýende bolsa, patyşanyňka gelibersin − diýip, jar çekdirdi. Emma sazanda göýende üýşüp başlady. Onyň içinden ýedi sazanda saýlap aldylar. Ýedi sazandanyň başlygy Hemra janyň dogan daýysy Abdylla beg boldy. Ýedi bir gulakdan düzüp ugraberdiler. Bilbilgöýe saza-söze gark bolup, wagty çennan hoş bolyp, Hemra janyň galan ýerini bir-bir habar berse gerek.
Gulak salyp eşit, şahym arzymy,
Dag ýykyldy, çynaryňdan aýryldyň,
Dykgat goýyp eşit meniň sözümi,
Ýurt eýesi hüňkäriňden aýryldyň.
Çarhy pelek bu gün terse burandyr,
Bilseň şahym seni Hudaý urandyr,
Hemra duşman bilen mejlis gurandyr,
Ýurt eýesi soltanyňdan aýryldyň.
Heremiň bagyndan meni getiren,
Ýarlygyny perizatdan ötiren,
Iki agasyn kellepazdan gutaran,
Körpe guzyň gamhoryňdan aýryldyň.
Seniň ogluň üssi-başyn saýdylar,
Üssin soýyp çaý düýbünde goýdylar,
Gazap edip iki gözün oýdylar,
Şuňkar guşuň Hemra jandan aýryldyň.
Bilbilgöýä aýdar guşuň sarpasy,
Perzent bolar adamzadyň arkasy,
Goýynyň melesi, goçyň körpesi,
Körpeguzy goçgaryňdan aýryldyň.
Elkyssa, bilbilgöýä guş sözüni tamam etdi. Emma Hysrow şa iki oglyny çagyryp aldyrmakçy boldy. Onda Kasym wezir aýtdy
– Eý, patyşaýym, ozalda ýazgydyň şeýle bolsa, gaçyp gutylyp bolmaz. Iki oglyňy bu taýda özüň öldürseň, ol oglyň o taýda ölse, baýaky biperzent bolman näme bolýasyň. Ikinjem, ölik arslandan dirik syçan ýagşy. Hemra jan arslanam bolsa, bize peýdasy ýok. Syçanam bolsa, diriklik ýagşy, bulary öldürme. Bularyňy öldürseň, Hemra janyň galan ýerini kim tapyp berjek? Onda olary ýygyn çekdireýli − diýdi. Weziriň aýdany patyşanyň kükregine jüp düşdi. Ýene hem bir jarçyny çagyryp
– Patyşanyň maslahady bar − diýip, jar urdyryp ýöriberdi. Patyşanyň maslahaty diýensoň, galybilen adam boldymy. Kyrk miň ýygynyň başyny jem edip aldylar. Kyrk eşegi kesgeltekden ýüklediler. Agalaryny çagyryp getirip elini, götine daňdylar. Baýaky kesgeltekleriň biri döwülse, biri bilen urup, ýygynyň öňüne salyp ýöriberdiler. Bu zaňňarlar meýdana çykyp maslahat urdy
– Özümizden başga bu ýoly gören adam ýok − diýip, bir ýanyny daga, bir ýanyny çöle tutyp ýöriberdiler. Muny gören Bilbilgöýä guş:
– Eý, patyşaýym, bir Hemra diýip, kyrk muň janyň ganyna galmasaň, maňa rugsat berseň, Hemrany özim tapyp berermen − diýdi. Patyşa golundan bilbili ýazdyryp göýberdi. Bilbilgöýe guş ol depeden ol depä, ol tommykdan ol tommyga uçyp gonyp ýöriberdi. Ýygyn yzyna düşüberdi. Agalary ýalandan gözüne tükilik çalyp, aglan kişi bolup, çygyryşyp:
– Akmak patyşa, guşhakylyna gidip, kyrk miň ýygynyň ganyna galdyň − diýip gygyryşyberdi. Bu zaňňarlaryň sözüne gulak salan kişi bolmadi. Ýöriberdiler. Az ýörip, köp ýörip birniçe ýoly ta kylyp barýar erdiler. Bilbilgöýe guş baryp, Sasuwar atyň üstüne gondy. Ýygyn aýlanyp duryp, köp hafa boldylar. Ondanam Bilbigöýe guş uçyp ýöriberdi. Baryp çaýyň agzyna gondy. Şol wagtda patyşa atdan özini başaşak goýberdi. Wezirler jem bolup, söýäp otyrdylar. Sagat zamandan essine geldi. Özini dürsläp, alyp çaýa bagryny gerip, bäş keleme söz aýtsa gerek:
Ýa her zada perýat edip,
Tafarmanmy balam seni,
Ýyrtyp ýakamy çäk edip,
Tafarmanmy balam seni.
Joşup derýada gaýnasam,
Ysmaýyl dek darda oýnasam,
Kaknus deý ody çeýnesem,
Tafarmanmy balam seni,
Ýakup kimin gan ýyglasam,
Giden yzyňy yzlasam,
Dawyt dek kyrk ogyl bersem,
Tafarmanmy balam seni.
Adym Hysrow, boldym garyp,
Galdym yzyňda sargaryp,
Ýagty dünýäňi agtaryp,
Tafarmanmy balam seni.
Elkyssa, Hysrow şa sözüni tamam etdi. Bu söz Hemra jana ýetişdi. Hemra jan hergiz sesini çykararmy, sesini çykaryp näme ýagşylyk gördi. Birniçe sagat garaşyp durdylar. Hiç seza bolmady. Ondan soň mähriban enesi, saçyny ýaýyp ýüzini ýyrtyp, guzysyndan aýrylan goýun dek mäläp, ebni nowbahir ýyglap, bäş keleme söz aýtsa gerek.
Daglar ahyma dumandyr,
Balam, senden aýrylgaly.
Elmydama işim nygandyr,
Balam, senden aýrylgaly.
Bu watanlar watan boldy,
Döwran bizden öten boldy,
Geýen donym kepen boldy,
Balam, senden aýrylgaly.
Öňki dertlerim dert oldy,
Ýandy ýüregim gert oldy,
Gözüm ýoluňda dört oldy,
Balam, senden aýrylgaly.
Mähriban diýr meniň adym,
Allaga ýetmedi dadym,
Köpdir ýüregimde ahym,
Balam, senden aýrylgaly.
Elkyssa, Mähriban sözüni tamam etdi. Bu söz baryp, Hemra jana ýetişdi. Hemra jan aýtdy
– Atam bolup aýtdy, enem bolup aýtdy. Eger men sesimi çykarsam, çaýa düşüp meni öldürerler − diýip otyryberdi. Birnäçe sagat jemagat garaşyp durdy. Her ýerden seza bolmady. Onsaň Güljemile siňlisi gara geýip, gan aglap, gül meňzini soldyryp, gül ýüzini ýyrtyp, gara saçyny ýaýyp, çaýa bagryny gerip, zar-zar aglap, bir bäş keleme söz aýtsa gerek.
Hassa janym hasratyndan otga ýakar men gardaşym,
Her zaman öýden çykyp, suw dek akar men gardaşym,
Delminip ýoluňa garap, ýolga bakar men gardaşym,
Islesem indi seni nirden taparmen gardaşym.
Galdy ataň hasratyňda sary sergezdan bolup,
Ýaş döküp ýyglar eneň gözde ýaşy girýän bolup,
Ýary-dostuň ýyglaşlar husnyňda bagry gan bolup,
Yzlasam indi seni nirden taparmen gardaşym.
Bermedi zalym pelek zerre döwrany maňa,
Şat bolyp, gülişip ýörmek nesip etmedi saňa,
Güljemile razy kylsyn derdiňe derman saňa,
Yzlasam indi seni nirden taparmen gardaşym.
Elkyssa, Güljemile sözüni tamam etdi. Bu söz baryp, Hemra jana ýetişdi. Güljemiläniň gözünden akgan ýaşlar damja-damja bolup, baryp Hemra janyň ýüzüne dammaga başlady. Hemra jan aýtdy
– Meniň üçin janyny ýakyp, gözünden ýaş döküp durjak şo bigäne zaňňarlarmy! − diýip, çaýyň içinde oturan ýerinden elinde sazy bolmasa hem dilinde sözi, zar-zar ýyglap, bäş keleme söz aýdar boldy:
Kim sen, meniň köne derdim gozgaýan,
Meniň sendek niçik gardaşym bar?
Bu garaňky jaýda meni yzlaýan,
Meniň sendek niçik gardaşym bar?
Bir hümmet isledim Aly pirimden,
Myradyma ýetdim şonuň gabryndan,
Ene başga garyndaşyň jebrinden,
Hijr oduna köýen içim-daşym bar?
Üssümdedir gam-gaýgynyň dumany,
Çaý içinde bilmen ýagşy-ýamany,
Hup getirdim iki agamy,
Hakyň penaýynda göwün hoşym bar.
Hemra diýer Taňry bersin imanym,
Hiç kimse görmesin ýagşy-ýamanym,
Bir garaňky çaýdyr meniň mekanym,
Meniň kişi bilen ne işim bar?
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Hysrow şa essinden gidip ýatyberdi. Wezirler huş gülüni getirip, onyň burnyna tutdular. Andan soň Hysrow şa huşuna geldi. Durgan jemagat aýtdy
– Eý, şahym, Hemra jan sag-aman çaýda bar eken. Onuň öz towyşyny eşitdik − diýişdiler. Hysrow şa şu ýerde gaýtadan goluna sazyny alyp, ýanyp-köýüp, bir bäş keleme söz aýtsa gerek.
Maňa ýaman habar boldy,
Aman-esenmi sen, Hemra?
Bildim takyk Hudaý urdy,
Aman-esenmi sen, Hemra?
Bolarmy didara doýmak,
Gan ýyglaýyp gara geýmek,
Rowa bolarmy atam diýmek,
Aman-esenmi sen, Hemra?
Habar aldym hoş diliňden,
Hazan nyşany gülüňden,
Hiç gutulmaz sen ölümden,
Aman-esenmi sen, Hemra?
Hysrow aýdar bu zybanym,
Başymdan gitmez dumanym,
Körfe guzym Hemra janym,
Aman-esenmi sen, Hemra?
Elkyssa, Hysrow şa sözüni tamam etdi. Bu sözni Hemra jan eşitdi. Hemrajanyň gahary geldi
– Aman bolan kişi mun ýaly ýerde güýlinip ýatarmy, ata jan maňa biderek azar berdiň − diýip, zar-zar ýyglap, elinde sazy bolmasa-da, dilinde sözi, bäş keleme söz aýdar boldy.
Kim sen maňa mährem bolyp,
Halymy sorgan kimler siz?
Çaý içinde hemdem bolup,
Halymy sorgan kimler siz?
Dünýädäki hasap bilen,
Ýandy bagrym azap bilen,
Safar eýläp gazap bilen,
Görmäge gelen kimler siz?
Hemra aýdar ýagşy kaýda,
Söwer ýardan bolmaz peýda,
Tä ölinçäm ýatsam çaýda,
Görmäge gelen kimler siz?
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Andan soň duran jemagat biri-birine buşlaşdylar. «Hemra jan sag eken, sag bolsa bir çäresi bolar» diýişdiler. Ondan soň Hysrow patyşa aýtdy:
– Men Hemra jana şu zaňňarlary bent edip goýanymy habar bereýin − diýip, goluna sazyny alyp, çünki nowbahar ýyglap, bäş keleme söz aýtsa gerek.
Namardyň goly balandy,
Çykgyl, Hemra, men göreýin.
Agalaň bendi bolandy,
Çykgyl, oglum, men göreýin.
Perizada aşykmy sen
Pyrak içine galanmy sen
Ölikmi sen, dirikmi sen
Çykgyl, oglum, men göreýin.
Gamgyn ataň şat bolsa,
Şat bolup, ülkäge barsa,
Teniňde janyň bar bolsa,
Çykgyl, balam men göreýin.
Ýyglady halaýyk barça,
Hiç kim derdi ýokdur mençe,
Bu göre gelgen Hysrow patyşa,
Çykgyl Hemram, men göreýin.
Elkyssa, Hysrow patyşa sözüni tamam etdi. Bu söz baryp, Hemra jana ýetişdi. Hemra janyň öňki gahary gelmekmi, öňkä ýedi esse gahary geldi.
– Bu çaşan patyşa meni goýmajak boldy − diýip, çykarman otyrdy. Ýene-de Hemra jan çydam berip otyra bilmedi.
– Gamly atam ýanyp-köýip durmasyn, gel, şuňa gözümden aýra düşenligimi beýan edeýin mynda näderka? − diýip, bäş keleme söz aýtsa gerek.
Käbäm menden habar alsaň,
Atam iki gözim ýokdur.
Düzip gitdim, bozyp geldim,
Käbäm iki gözim ýokdyr.
Çaý içinde ýalňyz galdym,
Açylan güller dek soldym,
Ilim-halkdan jyda boldym,
Bu ýerde gamhorym ýokdyr.
Hemra diýr ýagşy kaýda,
Söwer ýardan ýokdyr peýda,
Tä ölinçäm ýatjak çjaýda,
Käbäm iki gözim ýokdyr.
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Hiç ýerden habar bolmady. Hemrajanyň ýüregi gysmaga başlady. Şol wagtda Hemranyň enesi essinden gidip ýatyberdi. Kenizler huş gülüni getirip, Mähribanyň burnuna tutdylar. Bir-iki sagatdan Mähriban huşyna geldi. Çynki nowbahar ýyglap, çaýa bagryn gerip, bäş keleme söz aýtsa gerek.
Çaý içinde hemdem bolyp, müftela bolgan balam,
Barmý sen bu çaý içinde hem jyda bolgan balam.
Gam bilen hijran oduna synasy dolgan balam,
Barmy sen çaý içinde müftela bolgan balam.
Sagynyp ata-enesin her tarapga delmuryp,
Güljemile siňlisin gaýgy-hasratda goýyp,
Enesiniň janyna gaýgy-ataşlar goýyp,
Barmy sen bu çaý içinde müftela bolgan balam.
Bir nowça güfta ediň ol husny ziba balam,
Mahri, çejdim zähri bilen synasy dolgan balam,
Ol ata-enesinden hem jyda bolgan balam,
Barmy sen bu çaý içinde müftela bolgan balam.
Mähribanyň sen erersiň güýç ýüregi kuwwaty,
Ba hasrata neýleýin, ýadyma düşip ady,
Indi niräge baraýyn, kime diýeýin dady,
Barmy sen bu çaý içinde müftela bolgan balam.
Elkyssa, Märiban sözün tamam etdi. Hemra jan çaýyň içinde ata-enesiniň Güljemile siňlisiniň, ýar-dostlarynyň, Misir halkynyň bir jemalyny görsem diýip, ýüregi joş uryp, hem Hüýrlukga jany ýat edip, Hemra jan bäş keleme söz aýtsa gerek.
Misiriň ilinden gelen beglerim,
Habar beriň, biziň iller amanmy?
Saýasyna gün düşmeýen baglarym,
Ter açylan täze güller amanmy?
Hasa bedew minip şikär edenim,
Algyr laçyn salyp telbe kakanym,
Golunda oýnadyp, aýrak ýykanym,
Ýaşylbaş sonaly göller amanmy?
Eläjim ýok, çaýdan çykyp gaçmana,
Ganatym ýok, gaýyp-gaýyp uçmaga,
Huýrlukga inçe bilden guçmaga,
Huýrlukga inçe biller amanmy?
Hiç peýda tapmadym, aşna-bilşden,
Ýaman horluk gördüm iki gardaşdan,
Altysy ýazdandyr, altysy gyşdan,
On iki aýdan gelen ýyllar amanmy?
Bu baglaryň almasy bar, nary bar,
Biziň täleýleriň näden şory bar,
Hemra diýer, her kimiň özine laýyk ýary bar,
Ýardan aýra düşen güller amanmy?
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Duran halaýyk Huýrlukga diýen ady eşidip, «aperin, tasin» diýip haýran galdylar. Eşitmedik atlary erdi. Ondan soň hiç ýerden habar bolmady. Birnäçe sagat garaşyp durdylar. Güljemile siňlisi gara saçynyň ýaýyp, gül ýüzüni ýyrtyp, çünki nöwbahar ýyglap, bäş keleme söz aýtsa gerek.
Iki agam diýip güman eýleme,
Hemra agam, şirin janym bamysyň?
Bu garaňky çaýda öziň myhman eýleme,
Hemra agam, natuwanym, bamysen?
Mähnet çekdiň, rahadym görmediň,
Bäş gün ýalançyda safa sürmediň,
Öwgal haýsy nesibäni bilmediň,
Şirin janym, garyp agam, bamysyň?
Güljemile aýdar, janym gardaşym,
Pyrakyňdan akar boldy gözýaşym,
Bu çaýyň içinde ýalňyzdyr başym,
Baş penaýym, şirin janym, bamysyň.
Elkyssa, Güljemile sözüni tamam etdi. Bu söz baryp, Hemra jana ýetişdi. Hemra janyň ýüregine ot düşüp, misli perwana dek ýanyp-köýüp, otyryp erdi. Çaýyň içinde Hemra jan hofukmaga başlady.
– Eý, Hudaý, maňa ýalançynyň şemalynam gaýgyrdyňmy − diýip, zar-zar ýyglap, bäş keleme söz aýtsa gerek.
Kadyr Alla söwda saldyň başyma,
Safa, ne üçin ýar serine dönmersen
Eneden ýalňyz men, ýokdy gardaşym,
Safa, ne üçin ýar serine dönmersen
Çölde ýatan asylaryň haky üçin,
Ol Muhammet Mustafanyň haky üçin,
Ýakup ogly ol Ýusubyň haky üçin,
Safa, ne üçin ýar serine dönmersen
Alty aýlyk bolar ordasy,
Arasynda köpdir çöli, sahrasy,
Neneň meniň täleýimiň garasy,
Safa, ne üçin ýar serine dönmersen
Aşyg Hemra zary ýary ýüzine,
Ýanar boldym pyragyna, odyna,
Ýarym galmyş didar kyýamatyna,
Safa, ne üçin ýar serine dönmersen
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Gaýta çaýyň içi öňkidenem kapas boldy. Hemra jan Hudaýga şükir kylyp, on iki ymam, dört çaryýary ýat edip, çaýyň içinde bir daşy ýassanyp ýatdy. Şol wagtda uka gitdi. Bir sagat çemesi uklady. Düýşinde on iki ymam, dört çaryýar, gaýyp erenler. Şahymerdan pir:
– Eý nefes oglym, gam bolyp ýatmagyn häziriň özinden sen ýagty dünýä çyksaň gerek. Kyrk çilten erenler, on iki ymam, dört çaryýar gol göterip, pata berdiler. Tisginip ýerinden galsa, görse düýşi ekeni, çaýyň içinde bir güýçli şemal peýda bolupdyr. Hemra jan Hüýrlukganyň ýanyndan gaýdanda depe saçyndan bir pyşta saçy ýakasyna bent edipdi. Hüýrulykga
– Eý, dostum, şuny başyňa iş düşende şu saçymy tütetseň ýetişerin − diýipdi. Alyp kükürt çakyp, tutaşdyryp göýberdi. Saç düýrülip, asmana çykyp ugraberdi. Özi hem daň säher çagy erdi. Tylla kädiň üstünde, kyrk gat çymylgan per düşegiň üstünde ýatan Hüýrlukganyň damagyna ol saç baryp dakyldy. Hemranyň başyna düşen işleri Hüýrlukga birin-biri gördi. Ýerinden galyp, bir nagra çekdi. Kyrk mährem töwereginde häzir boldy. Özüniň ýok ýerine baştutanlyk edýän Simun keniz diýen kenizi bar erdi
– Eý, bibijan, daň säher çagyndaky bu nalyşyň ne beladyr − diýdi. Onda Hüýrlukga jan
– Perýdyň ýorgydy şeýledir − diýip, ala gaýyşly gazmany ak mämäniň ortasynda goýup, kenizlere delmuryp, bäş keleme söz aýtsa gerek.
Eý, ýaranlar, jemi bolup geliňiz,
Menden habar alarmysyz, periler
Zäher saldy meniň içen aşyma,
Menden habar alarmysyz, periler
Binowa bilbiliň güli solmasyn,
Dünýä gelen kişi asla ölmesin,
Hiç bir adamzat men dek bolmasyn,
Ondan habar bilirmisiz, periler
Daň erte ýatyrdym gaflat düýşimde,
Çoh söwda görmüşem Hemra başynda,
Birniçe halaýyk onuň daşynda,
Ondan habar bilirmisiz, periler
Adamzat uçramasyn ajal okuna,
Bendäni almasyn pelek sanyna,
Hüýrlukga söwdüginiň adyna,
Gaýta başdan bu gün ýatdyk, periler.
Elkyssa, Hüýrlukga jan sözüni tamam etdi, onda Simun keniz aýtdy:
– Onuň dek iş bolan bolsa, biz hem leşger ýygnaýly − diýdi. Bu maslahaty Hüýrlukga makul gördi. Bir jarçyny çagyryp alyp, goluna bir dinar berip
– «Hüýrlukganyň maslahaty bar» diýip çar çekiber − diýdi. Jarçy ras köçe, pes köçe, jar çekip ýöriberdi. «Hüýrlukganyň maslahady bar» diýip, sagada galman kyrk miň perinin başyny jem erdiler. Kyrk top aldylar, kyrk baýdak göterdiler. Hüýrlukganyň özi ýygynyň öňini çekip, serdarlyk edip ýöriberdi. Sürhä-sür, barha-bar, birnäçe gün ýol ýöridiler. Hemra janyň ýatan çaýyna ýakyn geldiler. Hysrow şanyň alamany daşdan bir duman görüp
–Gafyllykda biziň üssimizi bassar − diýip, dowyl berip, çaýkanyşmaga aýlanyşdy. Emma Hysrow şanyň ýygyny çet gyragyndan bölünip, ondan, onbäşden gaçmaga başlady. Şol bara-baryna, elliläp, ýüzläp, bölünip-bölünip gaçyberdi. Hemra jan çaýyň içinde oturan ýerinden muny aňyp, ýygyna teselli berip
–Meniň ýagty jahana çykmagym ýakyn geldi,bu gelýen ýygyn meniň Hüýrlukga ýarymdyr − diýip, elinde sazy bolmasa-da, dilinde sözi, bäş keleme söz diýse gerek.
Garyp göwnümiň rehberi,
Bu duman ýar dumanydyr.
Dargatmaňyz bu leşgeri,
Bu duman ýar dumanydyr.
Duşmanlar şul göýe saldy
Şükür ylylla, ýalkady,
Hüýrlukga janym geldi,
Bu duman ýar dumanydyr.
Dumanlar gözümi aldy,
Gam-gussadan içim doldy,
Allahym rehm kyldy,
Bu duman ýar dumanydyr.
Ylgar edipdir yragy,
Akdy gözümiň garagy,
Ýandy Hemranyň çyragy,
Bu duman ýar dumanydyr.
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Hysrow şanyň ýygyny gelip orunly-ornynda durdy. Hüýrlukga janyň bu ýygyna gözi düşdi.
– Men Hemraga aýdypdym, «Başyňa iş düşende meni çagyr» diýip. Bu ara ýolda toý tutupdyr. Men toýuňa barmaýyn − diýip, arany ýedi-sekiz tanap meýdan edip düşdi. Emma Hüýrlukga jan ýygynyna ara berip, tertibe salyp ýöriberdi.
Hemra jan
– Ine geler, ynha geler − diýip, kän garaşdy. Hüýrlukga janyň geler müddeti ötdi. Hemra jan çaýyň içinde zar-zar aglap, elinde sazy bolmasa-da, dilinde sözi, bäş keleme söz aýdar gerek.
Ýowuz günler düşdi başa,
Geler bolsaň, ýar, gel indi.
Rehim eýle gözde ýaşy,
Geler bolsaň, ýar, gel indi.
Sensiz ýerde çekdim mähnet,
Başymga gondy kyýamat,
Hälem bu demdir ganymat,
Gel indi, aýym, gel indi.
Gyz golunda tylla ýüzük,
Juwan golunda bilezik,
Uzyn boýly serwi näzik,
Gel indi, janym, gel indi.
Hemra diýer geçdim senden,
Şirin janym çykdy tenden,
Eger el üzmeseň menden,
Gel indi, janym, gel indi.
(Dowamy bar)
Halk döredijiligi we rowaýatlar