17:48 «Hüýrlukga– Hemra» dessany | |
«HÜÝRLUKGA – HEMRA» DESSANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
«HÜÝRLUKGA – HEMRA» DESSANYNYŇ BAGŞY NURY HALYKOW TARAPYNDAN AÝDYLAN NUSGASY (SÖZBAŞY) Ajaýyp türkmen dessanlarynyň biri «Hüýrlukga - Hemra» halk arasynda giňden meşhur bolup, ol irki döwürlerden bäri söýlip diňlenip we okalyp gelinýär. Ençeme türkmen bagşylary bu dessany ürç edip aýdypdyrlar we ol häzirki wagtda hem dessançy bagşylar tarapyndan hemişe ýerine ýetirilýär. «Hüýrlukga - Hemra» dessanyny bagşylardan ýazyp almak işi 1939-njy ýylda başlanypdyr. Şol ýyl Aba Garryýew daşoguzly bagşy Nazar baga Morsy oglundan dessanyň doly nusgasyny ýazyp alýar. Häzire çenli dürli ýyllarda (1941, 1950, 1961, 1971, 1980) neşir edilen «Hüýrlukga - Hemra» dessany Nazar bagadan ýazylyp alnan şol golýazma esasynda taýýarlanylypdyr. Dessany alymlar B. Garryýew, A. Mirbadalowa, B. Mämmetýazow, A. Durdyýewa çapa taýýarlap, okyjylara ýetiripdirler. Geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda «Hüýrulykga-Hemra» dessanyny täzeden bagşylardan ýazyp almak işi başlanypdyr. Bu iş Türkmenistanyň YA-nyň Dil we edebiýat instituty tarapyndan yzygiderli we guramaçylykly ýola goýlupdyr. Türkmenistanyň çäginde we ondan daşarda ýaşaýan türkmen bagşylaryndan dessany ýazyp almakda institutyň alymlary, ylmy işgärleri B. Mämmetýazow, A. Baýmyradow, A. Borjakow, M. Akmämmedow, B. Welbaýramow, dörtgülli mugallym G. Bazarow we beýlekiler gatnaşypdyrlar. Şonuň netijesinde, bagşylar Gyzylarbat şäherinden (häzirki Serdar şäheri) Baý Tekäýewden, Ýylanly etrabyndan (häzirki Gurbansoltan eje etraby) Aşyr Ýazmämmedowdan, Tagta etrabyndan (häzirki Görogly etraby) Öre Seýitmädowdan, Muhat Gandymowdan, Köneürgenç etrabyndan Öre Maksudowdan, Baýar Baýramowdan, Täçnazar Mätjanowdan, Nury Halykowdan we beýlekilerden dessanyň dürli nusgalary ýazylyp alnypdyr. Şonuň ýaly-da, Stawropol we Dörtgül türkmenleriniň arasynda aýdylýan nusgalary hem ýazga geçirilipdir. Häzirki wagtda dessanyň 1939-njy ýylda A. Garryýew tarapyndan ýazylyp alnan nusgasyndan başlap, soňky ýyllarda ýazylyp alnan golýazma we magnit lenta nusgalarynyň hemmesi Türkmenistan YA-nyň Milli golýazmalar institutynda gymmatly medeni miras hökmünde aýawly saklanýar. «Hüýrlukga-Hemra» dessanynyň golýazmalar gaznasynda ýigrimi bäşden gowrak golýazma nusgasy bar. Olaryň arasynda öň çap edilmedik, möçber taýdan uly, çeperçilik taýdan kämil, beýlekilerden aýdymlary köp bolan bagşy Nury Halykowyň aýdan nusgasy has-da tapawutlanýar. Ony şol wagtlar Türkmenistanyň YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda kiçi ylmy işgär bolup işleýän, soňra belli dilçi alym bolup ýetişen, uzak ýyllar Döwletmämmet Azady adyndaky Milli dünýä dilleri institutynda kafedra müdir bolup işlän, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Aşyrguly Borjakow ýazyp alypdyr. Dessany ýazyp almak iki etapda geçirilipdir. 1964-nji ýylyň dekabrynda dessanyň ýarsy, 1965-nji ýylyň iýulynda galan bölegi ýazylypdyr. Milli golýazmalar institutynyň gaznasynda iki bukjada saklanýan dessanyň birinjisindäki ýazgyda dessanyň başyndan Hemranyň üstünde Hüýrzagpyranyň eden dawasynyň çözülip, Hüýrlukga bilen Hemranyň duşuşyk pursatyna çenli wakalar beýan edilýär. Şondan soňky wakalar, ýagny ikinji bukjadaky ýazgyda Hemranyň Bilbilgöýäni alyp, öz ýurduna gaýtmakçy bolýan pursatyndan ahyryna çenli bolýan wakalar beýan edilýär. Dessanda jemi 69 sany aýdym bar. Her aýdymyň dowamlylygyny orta hasapdan 3 minut diýip hasaplasak, dessanyň diňe aýdymlary 4 sagada golaý wagty alýar. Kyssasyny aýtmak üçin hem şonçarak wagt gerek bolýandygyny hasaba alsak, bagşa bütin dessany başyndan aýagyna çenli aýtmak üçin 7-8 sagat wagt gerek. Munuň özi başda birnäçe tirme aýdymlary aýdyp, giç agşam sagat 9-larda dessana başlan bagşy ony daňyň öň ýanlary, sagat 4-lerde aýdyp gutarýar diýmegi aňladýar. Dessandaky 69 şygryň arasyndan biri ikileme (mesnewi), biri bäşleme (muhammes), galany dörtlemedir (murapbag). Aýdymlaryň arasynda dessan gahrymanlarynyň ikitaraplaýyn aýdyşyk aýdymlarynyň hem birnäçesi bar. Aýratyn üns berilmeli zat, beýleki dessanlarda duşmaýan ýagdaýlaryň biri, bu dessanda üçtaraplaýyn aýdyşyk aýdymy duş gelýär. Hemra bilen Hüýrlukga Bilbilgöýä ýüzlenip, özlerine kyýamatlyk dogan bolmagyny soraýarlar. Şonda üçüsi Gurhany ortada goýup, bir bentden gezekleşip, üçtaraplaýyn kyýamatnama (kyýamatlyk dogan okaşylanda birek-birege dogan bolmak hakynda äht edilip aýdylýan nama, şygyr, aýdym) aýdyşýarlar. Lakamy «Oglanlar bagşy» (Sahy Jepbarowyň hem «Oglan bagşy» lakamy bolupdyr) bolan Nury Halykow 1900-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «8-nji mart» daýhan birleşigidäki Gazakkümmet diýen ýerde doglupdyr we 1967-nji ýylda Köneürgenç etrabyndaky häzirki Maslahat daýhan birleşiginde aradan çykypdyr. Dessanyň ýazylyp alnan döwürlerinde bagşy 64-65 ýaşlarynda bolup, ol şol wagtlar Köneürgenç etrabynyň Kommunizm kolhozynda (häzirki Akderýa daýhan birleşigi) we Maksim Gorkiý adyndaky sowhozynda (häzirki Maslahat daýhan birleşigi) ýaşaýan eken. Ol döwrüniň belli bagşylary Aşyr bagşydan, Rejep bagşydan, Agamyrat bagşydan tälim alypdyr. N. Halykow «Hüýrlukga-Hemra» dessanyndan başga-da «Saýatly-Hemra», «Şasenem-Garyp», «Nejeboglan» ýaly birnäçe halk dessanlaryny ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Onuň repertuaryndaky «Göroglynyň» «Serwijan» dessanyny aýdan başga bir bagşa duşulmaýar. Professor B. Mämmetýazowyň ýazmagyna görä, «Serwijan» dessanyny bagşynyň dilinden 1943-nji ýylda meşhur ýazyjy Ata Gowşudow onuň ýaşaýan ýeri bolan Köneürgenç etrabyna baryp ýazyp alypdyr. Maňa geçen asyryň togsanynjy ýyllarynyň ahyrlarynda belli görogluşynas, dessan öwreniji, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Babyş Mämmetýazow bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Folklor bölüminde birnäçe ýyl bile işlemek nesip edipdi. Alym bölümiň müdiridi. Meniň «Türkmen halk dördijiliginiň öwreniliş taryhyndan» diýen temadan ýazýan kandidatlyk dissertasiýamyň ylmy ýolbaşçysydy. Halypam şol ýyllar bagşy Nury Halykowyň aýdan «Hüýrlukga-Hemra» dessanynyň çeperçilik taýdan kämil nusgadyny, ony çapa taýýarlap, halka ýetirmegiň zerurdygyny köp gezek nygtap aýdardy. Şoňa görä, men aspiranturany tamamlap, institutda kiçi ylmy işgär bolup galan ýylym – 1998-nji ýylda bagşy Nury Halykowyň aýdan «Hüýrlukga-Hemra» dessanynyň tekstini çapa taýýarlamagy meýilnamaly iş edip aldym. Dil w edebiýat institutynyň direktoryndan Milli golýazmalar institutynyň dirktorynyň adyna meniň golýazma gaznasynda işlemegim üçin Haýyşnama hat alyp, dessanyň tekstiniň üstünde işledim. №3016 E we №1070 F belgili iki bukjada saklanýn dessanyň möçber taýdan uly tekstini çapa taýýarladym. Şeýdip, halypam Babyş aganyň bu dessan baradaky isleg-arzuwyny ýerine saldym. Ýöne ony şu wagta çenli kitap edip, okyjylara ýetirmek mümkinçiligi bolmady. Şol bir folklor dessany birnäçe bagşydan ýazylyp alnansoň, ol köp nusgalylyga eýe bolýar. Ýokarda beýan edip geçişimiz ýaly, «Hüýrlukga-Hemra» dessany hem ýigrimi bäşden gowrak nusgaly ýagdaýa eýe. Golýazmalar gaznasynda dürli döwürde dürli bagşylardan ýazylyp alnan dessanlarymyzyň (şol sanda «Görogly» şadessanynyň şahalarynyň) köpsanly nusgalary jemlenen. Elbetde, olaryň uçdantutma hemmesini kitap edip çykaryp bolmasa-da, iň kämillerini «Pylan bagşynyň aýdan nusgasy» diýip görkezip, okyjylara ýetirmek zerurdyr. Bu tejribe beýleki halklaryň (özbek, azerbaýjan, türk, gyrgyz, gazak we beýlekiler) folklor öwreniş ylmynda giňden ulanylýar. Çünki «Her gülüň öz ysy bar» diýlişi ýaly, her bir bagşynyň şol bir dessany aýdyş ussatlygy, dil-çeperçilik, mazmun, beýan ediş aýratynlygy, gaýry tapawutlary hem artykmaçlyklary bolýar. «Hüýrlukga-Hemra» dessanynyň çapa taýýarlanan teksti okyjylara belli bolan öňki kitap neşirleriniň mazmunyndan belli bir derejede tapawutlanýar. Tekst taýýarlanylanda, bagşynyň dil özboluşlylygyny mümkingadar saklamaga çalyşdyk. Şoňa görä, dessanyň dili edil bagşynyň öz aýdyşy ýaly, türkmenleriň demirgazyk ýomut şiwesindedir. Dessanyň çapa taýýarlanan şol tekstiniň şahsy arhiwimde ýatanyna indi 20 ýyl bolupdyr. «Halk üçin, okyjylar üçin» diýlip edilen iş eýesine gowuşsa ýagşy. Şol niýet bilen bagşy Nury Halykowyň aýdan «Hüýrlukga-Hemra» dessanyny internet mümkinçiliginden peýdalanyp, giň okyjylar köpçüliginiň söýgüli saýty bolan www.kitapcy.ml arkaly okyjylara ýetirmegi makul bildim. Nury SEÝIDOW, ylmy işgär. 2018-nji ýylyň 2-nji dekabry. HÜÝRLUKGA – HEMRA Rawylar rowaýat kylarlar, kim Misir ýurdunyň patyşasyna Hysrow şa diýip at berer erdiler. Perzentsizlik dagyny çekip, Allatagala giçden soňra dört sany perzent berip erdi. Bir aýalyndan Ziwer, Hurşyt atly iki ogly bolupdy. Ikinji aýalyndan Hemra atly ogly, Güljemile atly gyzy, dört perzendi bardy. Näge perzentler berlen wagtda, olaryň on dört ýaşy dolanda aljak diýlip berlip erdi. Oglanlar on dört ýaşa ýetenden soňra, Kasym weziri baş edip, ogullaryny Çynmaçyn ýurduna iberdi. «Ölse şol ýerde ölsün, gözüm görmesin» diýip iberip erdi. Bular kerwen bolup, Çynmaçyn ýurduna bardylar. Agalary äkiden dünýälerine söwda edip, weç aldylar. Barsalar, Çynmaçyn ýurdy ýaman açlyk eken. Hemra jan köp açlary ýygnap, bu halky ölmez ýaly edip, ýurduna alyp gaýtdy. Bir ýerden bir ýere gelende, Hemranyň sanalgy demi dolup, Ezraýyl munuň janyny almakçy boldy. Onda Hemra Ezraýylga aýtdy: − Men köp bir şun ýalak aç halky alyp getirýärin. Şolar bilen razylaşaýyn. Osaň al meni − diýdi. Hemra gelip halky bilen birme-bir razylaşmaga başlady. − Biziň wagtymyz doldy. Şu gün biz jan tabşyrýas − diýdi. Onda bu jemagat halk: − Biz seniň üçin barymyzyň janymyzy bagyşladyk − diýdiler. Hemra muny baryp, Ezraýyla aýtdy. Ezraýyl Allatagala bolan işi aýtdy. – Şeýle-şeýle iş boldy, näme iş edeýin? − diýdi. Allatagaladan neda boldy. − Janlaryny bagyşlan bolsa, bir çetinden al − diýdi. Ezraýyl halkyň bir çetinden janyny alyp ugraberdi. Birem «wah» diýip gabagyny çytmady. Hemmesini saplap boldy. Ýene Allatagaladan neda boldy: − Şol alnan janlary gaýdyp bermeli, Hemra jana hem beýleki dostlaryna ýüz ýigrimi ýaş berilmeli. Şonuň bilen Hemra sag-aman gelip, ýurduna gowşup erdi. Indi habary kimden eşit, Hysrow şadan eşit. Näge ýatyrka bir düýş gördi. Düýşünde bir bilbilgöýe patyşany saýrap, beýhuş edip haýran galdyrdy. Şol ýatyşyny patyşa oýalygym diýip ýatsa, görse düýşi eken. Tisginip ýerinden galsa, daň wagty bolan eken. Bilbil-de ýok, zat-da ýok. Patyşa heýran bolup oturyberdi. Emma wezir-wekillerini ýygnap maslahat etmäge başlady. − Şol bilbilgöýäni tapmak elajy näme bolar? − diýdi. Onda wezirler aýtdylar: − Eger onuň nirdedigini bilse, gurrandazlar, azaýym hanlar, kitap garaýanlar bilýär − diýdi. Patyşanyň ilinde gurrandaz bolsa, palyman bolsa, kitap garaýan bolsa, baryny ýygnadylar. Gurrandazlar gurra saldy, münejimler kitap bakdy, palymanlar pal açdy. Bir gurrandaz gurrany ýazyp: − Şahym bizler gördük. Perileriň şahy Şahruh şanyň bilbilgöýäsi eken. Ony Hudaýyň özi asan etmese, ömrüň ötünçä-de ýörip ýete bilmeýäň. Üç ýol bar. Olaryň biri barsa gelmez, biri barsa geler gelmezi gumana, biri barsa geler. Ine, şol barsa gelmez ýol Şahruh şanyň şäherine barýa. Ondan baran adam gaýdyp gelmeýe − diýdi. Patyşanyň şeýle düýşüni aýdyp, birnäçe gün jar çekdirildi. Men gitjek diýip gelen adam bolmady. Muny patyşanyň Ziwer, Hurşyt iki ogly eşidip, atasynyň arz jaýyna gelip gol gowşuryp salam berdiler. Atasy bularyň salamyny alyp: –Eý, balalarym, aýdyberiň arzyňyzy − diýdi onda ogullary: –Şol gören düýşüňiziň hyzmatyny biz bitiris. Şonuň üçin arza geldik − diýdi. Onda patyşa: –Siz bitirebilmeseňiz − diýip, ogullaryna näçe töwella etdi. Bular: –Jogap bermeseň-de gitjek − diýip dyzaşyberdiler. Patyşa näalaç bolup, olara jogap berdi. Ogullary gerek-ýaragyny alyp, atlanyp ýola düşüp ugraberdiler. Ol wagt Hemra mekdepde okap ýördi. Okuwy gutaryp öýlerine gaýdyberdi. Gelse, öňünde iki agasy ýok. – Niräk gitdi? − diýip sorady. Onda aýtdylar. – Bilbilgöýäni sorap, şonuň soragyna gitdiler − diýdiler. – Olar gitse, men-de gitjek − diýip, Hemra ylgap çykyp ýöriberdi. Ýuwrüp atasynyň arzhanasyna baryp, gol gowşuryp salam berdi. Hysrow şa salamyny alyp – Eý, balam, nä arzyň bolsa aýdyber − diýdi. Onda Hemra: – Menem şol bilbiliň soragyna agalarym bilen gitjek − diýdi. Hysrow şa – Sen ýaş oglansyň. Sen ony tapmarsyň. Heläk bolarsyň − diýdi. Hemra – Rugsat berseň-de, bermeseň-de gidýen − diýdi. Hysrow şa«Garry ataňy kime taşlap gitdiň?» − diýip zar-zar aglap, bäş agyz söz diýse gerek. Bu dünýäni seniň üçin ýygnadym, Alsaň nesihatym gitme, Hemraýym. Birniçe gün boýuň gördüm, guwandym, Menden nesihatdyr gitme, Hemraýym. Men guwandym, mundan ölmeý galdy diýip, Oglanlaryň peýmanasy doldy diýip, Oglanlaryň ýaşy on dört bardy diýip, Menden nesihatym, gitme Hemraýym. Pyragyň oduna günde ýana men, Çarhypelek elwan kimin dönemen, Ýerinden aýrylan ýalňyz sona men, menden nesihadym, gitme Hemraýym. Ne müşgüldir nesihatym almasaň, Gal diýende ganlar ýygnap galmasaň, Şundan gidip üç aýa deň gelmeseň, Çolaşaryn kefen dona Hemraýym. Hysrow aýdar, günüm ah bilen geçer, Özüm ölen günüm çyragym öçer, Ezraýly geler kefenimi biçer, Menden aýra düşer bolduň, Hemraýym. Elkyssa, Hysrow şa sözüni tamam etdi. Ondan soň anyk gitjegine gözi ýetdi. Hemra jana nesihat bermäge aýlanyşdy – Mundan gitseň, araba ýolda, takyr ýerde, suw alan ýerde ýatma. Öwlüýalyk görseň, köne kümmet görseň, ýatyber. Eger takyr ýerde ýatmakçy bolsaň, töweregiňe çyzyp ýat − diýdi. Hemra − Bolar, ata − diýip, atasynyň jogap berenine wagty hoş boldy. Hysrow şa ogluna hazynahanadan birniçe göwher şamçyrag çykaryp berdi. Sary ýaý, kesgir gylyç çykaryp berdi. Seýislere şasuwar atyny eýerläp, ony hem Hemra jana berdi. Hemra ýol azygyny jemläp, dutary arkasyna taşlap, «Alla rahman» diýip, ata galyp bolup, ýola rowana bolmakçy boldy. Şol wagt Güljemile siňlisi bilen Mähriban enesi aglaşyp, gözýaş bolup, Hysrowyň ýanyna gelip: – Agzynyň sarysy gitmedik ýaş oglany sen iberýesiň − diýip, saçlaryny ýaýyp, ýüzlerini ýyrtyp: – Hemra jan gitse, bizem gitjek − diýdiler. Hysrow şa ne iş ederini bilmän sermisar bolup durdy. Şol wagt Kasym wezir geldi. Güljemile bilen Mähribana töwella etdi: – Goý, gitsin, bu agalarynyň yzyndan ýeter. Hemra ýurt görüp, ýagşy-ýamany tanap, adam bolup geler − diýdi. Bu sözi eşidip, Güljemile bilen Mähribanyň ýüregine teselli aralaşdy. Bular Hemra jana rugsat berip, ak patyýa galdyrdylar. Patyýa bu turur: – Göwnüň päk bolsun, göwnüň ak bolsyn, ýoldaşyň hak bolsyn sag-aman gelgeýsiň, algaýsyň, aldyrmagaýsyň − diýip patyýa galdyrdylar. Hysrow şa wezir agzamlary, ýar-dostlary bilen Hemrany ýola çykaryp ýörüberdi. Esli meýdan ýöränden soň, «Uzadandan ýoldaş bolmaz, siz gaýdyň» diýip, Hemra olaryň gaýtmagyna rugsat berdi. Olar üýşüp otyryp, Hemrany ugradyp gaýdyberdiler. Hysrow şa gelip, tagtynda karar tapsyn. Hemra jan ýola düşüp ýöriberdi. Agalary üç-dört mezil öňe düşen ekeni. Bir sagada galman, Şasuwar at Hemrany agalarynyň yzyndan ýetirdi. Üçüsi goşulyp ýörüberdiler. Söz keltesine ýagşy. Az ýörüp, üçüsi bir bendergä ýetdiler. Bendergä ser salyp dursalar, daşyň ýüzünde bir ýazylan hata gözleri düşdüler. Ol hatyň mazmuny şudy«Üç ýoluň bendergäsy − biri barsa geler, biri barsa gelmez. Biri barsa ýa geler, ýa gelmez» diýlip ýazylan. Hemra jan muny okyp gördi. Ulusy Ziwere – Sen barsa geler ýoly bilen git − diýdi. Ortanjy Hurşyt agasyna – Sen barsa ýa geler, ýa gelmez bilen git. Men özüm barsa gelmez bilen giderin − diýdi. Üçüsi durup gol goýuphat ýazdylar«Her kimse öňürti şu ýere öwrülip gelse, yzarlap tapgaýly bolsun». Her haýsy billerinden sogrup, bir-bir ok aldylar. «Bizden nyşana bolsun» diýip, oki jemläp, haty epläp, şol daşyň aşagynda goýdular hem ähti-wefa etdiler. Hemra jan ozaly bilen Ziwer agasyny barsa geler ýoluna, Hurşyt agasyny barsa ýa geler,ýa gelmez ýoluna ugratdy, özi hem barsa gelmez ýoluna düşüp ýöriberdi. Erse bular gidibersin. Habary kimden al, Ziwer, Hurşytdan al. Biri-birine gol galdyryp, ikisem barsa geler ýoluna düşüp ýörüberdiler. Hemra jan «Ýekäniň ýary Hudaý» diýip, gije-gündiz şöwir çekip, bu-da ýörüberdi. Şu barşynda birnäçe gün ýol ýörüdi. Oglan aryp, çarşap, at aýagyndan bikär bolup barýardi. Gün namazigär bolan wagty öňünde bir kümmet. Hezret Aly piriň, kyrk çilten gaýyp erenleriň namaz-jümä okaýan kümmedi erdi. Hemra jan atdan düşüp, aty duşap, ota göýberip, özi çaý-nahardan keýpini kökledi. Ikindi namazyny okydy. Agşama çenli oturdy. Gün batdy. Agşam namazyny hem okydy. Hupdan namazyny hem okyp, kümmediň içinde ýatdy. Şol ýatyşyna gijäniň ýary ötüp, dörtden biri galanda kyrk çilten gaýyperenler, dört çaryýar jem bolup geldiler. Kümmede ýakyn, ýakyn geliberende, kyrk çilten gaýyp erenler«Adam ysy bar» diýmäge başladylar. Onda Şahymerdan pir – Ol meniň nefes oglum Hemra jandyr − diýdi. Kyrk çilten erenler gelip, jem bolup namaza durdular. Daň namazyny okyp bolup: – Bu oglanyň jübti barmy-da, jübti barmy? − boluşdylar. Onda Şahymerdan pir: – Jübti bardyr − diýdi. – Jübti kim bolar? − diýdiler. Onda Şahymerdan pir aýtdy: – Herem bagynda Şahruh şanyň gyzy Hüýrlukgajan munuň jübti − diýdi. Gaýyp erenler. – Kim getirer-de, kim getirer − boluşdylar. Şahymerdan pir. – Jogap berseňiz, özüm göz açyp ýumasy salymda häzir ederin − diýdi. Derrew Hüýrlukgany getirdi. Ony eltip Hemra janyň gujagyna saldylar. Onsaň: – Kim myňa nika gyýar? − diýmäge aýlanyşdylar. Şahymerdan pir. – Hemmäňiz jogap berseňiz özümiz nika gyýarmyz − diýdi. Onda: – Kim wekil bolar? − diýişmäge aýlanyşdylar. Omar, Osman, Aba Bekr Syddyk: – Özümiz wekil bolyrmyz − diýdi. Şahymerdan pir nika gyýdy. Olara pata göterdi. Daň agardy. Bular gaýyp boldular Hemra jan: – Asly ot peri gol gatýança gol gatmaýyn − diýip ýatyberdi. Huýrlukga: – Asly tofrak adamzat gol gatmynça, gol gatmaýyn − diýip, o-da ýatyberdi. Näme bolsa-da Hemra jan ýatabilmedi. Ozaly Hemra jan, jogaby Huýrlukgadan sowaly jogap diýse gerek. Hemra − Seni görenleriň akly lal bolar, Perim, nirde bolar mekanyň seniň? Seni görenleriň işi kyly-kal bolar Perim nirde bolar mekanyň seniň? Hüýrlukga − Aslym peri, Şahruh şanyň gyzy men, Herem bagyndadyr mekanym meniň. Seniň üçin synalarym daglydyr, Herem bagyndadyr mekanym meniň. Hemra – Perizadym, aslyň aýan eýlediň, Başyňdan ötenin beýan eýlediň, Bize aşyklyga güman eýlediň, Perim nirde bolar mekanyň seniň? Hüýrlukga − Sizni aşyk, bizni magşuk diýmişler, Biziň ilde köpdür altyn-kümüşler, Men bir peri, mende mekan ne işlär, Her ýerde häzirdir mekanym meniň. Hemra − Başda taňry nä üçin janym almady, Ajal ýetip, emri peýmanym dolmady, Eýse, perim seni görmek bolmady, Her ýerde häzir bolsa, mekanyň seniň. Hüýrlukga − Maňa aşyk bolsaň, ýanyp ötersen, Sabyr kylsaň dost golundan tutarsen, Ýöriberseň bäş ýüz ýylda ýeter sen, Bäş ýüz ýyllyk ýoldur mekanym meniň. Hemra − Adym Hemra şa Hysrowyň ogly men, Ýaşym kiçi, han ýanynda uly men, Pirim Aly, bir Subhanyň guly men, Perim nirde bolar mekanyň seniň? Hüýrlukga − Adym, Huýrlukga Şahruhyň gyzy, Sen tapmasaň, isläp taparmen seni, Aslym otdyr, perizat diýerler bizi, Kyrk günlük ýol bolar mekanym meniň. Ikisi sözüni tamam etdi. Ondan soň Hemra jan Hüýrlukga gol urmakçy boldy. Hüýrlukganyň gahary gelip – Beren malyň ýok, gyýan nikaň ýok, çek eliňi − diýip gygyrdy. Kükreginden itip çykyp ýöriberdi. Hemra şol halatda ukuda Hürlukganyň ýaňagy diýip basany tamdyrça, Hürlukga diýip gujaklany mütdeke boldy. Ýassygyny gujaklap porhan bolup aýlanyp ýör. Bir wagtlar özüni dürsäp, gözüni açsa daň atyp, kümmediň içi ýagtylyp, gün dogmaga ýakynlapdyr. Hemra hasyr-husur ýerinden galyp, täret alyp namazyny okady. Özi misli aýlandyrylan ýaly bir hili bolup otyrdy. Özüniň göreniniň düýşdigini bildi. Bir meýdan oýlanyşyp oturyp, Şasuwar atyny äkelip, ony eberteň-zeberteň eýerläp, jüp aýylny mäkäm tartyp ugramakçy boldy. Hemra atyna garap – Dilsiz hem bolsaň dilliden gowy erdiň. Sen şundan bir şymam aňmaýarmyň − diýip, goluna sazyny alyp, bäş agyz söz diýse gerek. Misiriň ýurdundan geldim, Barsa gelmez ýoly beýle. Pirleriň jemini gördüm, Aly käse berdi şeýle. Pirim gelip namaz uýdy, Kyrklar gelip omyn diýdi, Hezret Aly käse berdi, Içip mes bolmuşam şeýle. Kyrklar geldi bir at goşlap, Meniň garyp göwnüm hoşlap, Meni türfe jaýa başlap, Ajap türfe jaýy beýle. Hemra diýer döwran sürmese, Pirim medetgär bolmasa, Perizat gola ilmese, Boldy renjim zaýa beýle. Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Atdan hiç seda bolmady. Gara dutary arkasyna taşlap, «Alla rahman» diýip, ata galyp bolup, öňki ýoly bilen ýöriberdi. Hemra aty gündizine ylgalyna sürerdi, gijeler şöwür çekerdi. Şeýdip birnäçe gün ýol ýöridi. Oglan ardy, çarşady Meň öňümden bir bellik bolmady − diýip barýar erdi. Bir belent dag peýda boldy. Ýol şuňa baryp, urup duruberdi. Eýläk-beýläk aýlanyp, yz kesip gördi. Hiç ýana çykmady. Hemra bu boluşa hafa bolup goluna sazyny alyp, bäş agyz söz aýdar gerek. Kadyr Alla saldyň meni bu derde, Men neýleýin ýardan aýan bolmasa. Ýary ýar diýip gezer erdim her ýerde, Çiltenlerden maňa ýaran bolmasa. Men gelipmen barsagelmez ýol bilen, Ýol bardyr ahyr bir gün men bilen, Göwün mätäjiňi Alladan dilän, Men neýleýin belli mekan bolmasa. Däli göwnüm Herem handa, men handa, Ukuda görenim eýleme bende, Ýat illerde ölüp galsaň, şerbende, Maksadym-myradym aýan bolmasa. Hemraýym ýitirdi gül ýüzli ýaryn, Agzyndan gaçyrdy sabry-kararyn, Agtaryrmen pany dünýäniň baryn, Köp ýatmak özüme zyýan bolmasa. Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Gara dagyň gerşinden ýol açyldy. Hemra ýoluny yzarlap ýöriberdi. Gündizler ylgalyna ýördi, gijeler şöwir çekdi. Şol barabarynda birniçe ýollara ta kyldy. Töweregine ser salyp barýardy. Ala sazak köwreýiň içinde gözüne bir gara göründi. Hemra«Basymrak munuň yzyndan ýeteýin, ýol salgy berer» diýip, şasuwar atyň jylawyny ýazdyryp göýberdi. Şasuwar at gidiberdi badyna ýakyn-ýakyn baranda ser salsa, başynda selle, egninde melle, aýagynda köwüŞ moza, golunda ýaşyl hasa bir ak sakally baba duş boldy. Hemra atdan düşüp salam berip, baryp babanyň goluny aldy. Baba bilen aman-saglyk soraşdylar. Baba aýtdy – Eý, Hemra jan, seniň Hezret Aly piriň bolurmen. Her wagt gynansaň, gyssansaň, bizi ýat etseň ýetişeris saňa. Sen sabyr kyl, howlukmagyl. Muşakgat çekmeseň magşugyň wefasy bolmaz saňa. Men şu taýda seniň geleriňe garaşyp durdum − diýip, gol ýaýyp, Hemra jana pata berdi. Hemra göz açyp ýumsa, görse baba-da ýok, zat-da ýok. Hemra bir meýdan durup akylyny durlap, ýola düşüp ýöriberdi. Şol sürüp barşyna-da ýol üstünde uly tüweleý turup ýöriberdi. Hemra tüweleýe – Sen meniň ýaryma özümden öň barar ýaly kim bolduň? − diýip, Şasuwary ýazdyryp göýberdi. Bir meýdan kowalaşyp ýöridi. Tüweleý bara-bara arany açyp gidiberdi Hemra. – Menden öňünçä tüweleý barmakçy boldy. Men Hüýrlukga ýaryma bäş agyz salamymy aýdyp goýbereýin−diýip, atyň üstünde, sazy destinde, bäş agyz söz diýse gerek. Bady safa salamymy Hüýrlukga jana ýetir. Meniň bu arzy halymy Keremli soltana ýetir. Men bolup men şaga nöker, Gamzaň oky janym ýakar. Agzy pisse, lebi şeker, Dişleri dürdänä ýetir. Bir ýar üçin boldum heläk, Aýra saldy gabha-pelek, Ak ýüzleri menek-menek, Gözleri messana ýetir. Men bolup tut özüňi, Gam bilen saralt ýüzüňi, Taňrym üçin şu sözümi, Ol gaşy kemana ýetir. Bir ýar üçin boldum hassa, Habar ýetir ýara-dosta Bilbilim galdy kafasda Janymy janana ýetir. Hemra diýerler adyma, Hak eşitgeý arzy-dadymy, Şamu-säher perýadymy, Hüýrlukga jana ýetir. Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Tüweleý «Seniň sözüňi kabul etdim» diýip aýtmady. Özüniň ugruna ýöriberdi. Şol sürüp barşyna bir boz meýdana çykyp ýöriberdi. Oglan aryp, çarşap, suwsap barýardy. Bozdan çarwalaryň gazyp goýan serhowuzy dahyl boldy. Dolup oky bilen gaýdyp ýatan mele suw, töwereginde dyzdan çaýyr. Ine, birsafali ýer. Hemra: – Eý, Şasuwar seniň hem gezimiň ýetdi. Menem ýadadym − diýip, şu ýerde atdan düşdi. Sazagyň gury kötüklerinden çöpläp, tüňçäni horjundan alyp, suwdan doldurup, çakmagy çakyp, ody ýakyp göýberdi. Hemra jan çaý içip, çilim çekip wagtyny hoşlady. Ikindi, agşam namazyny şu ýerde okyp yzyndan hupdany okyp, takyrrak ýere çykyp töweregini çyzyp, düşek salyp, bu gije şu ýerde boldy. Tisginip ýerinden galyp görse, daň wagty, bolan eken. Täze täreti bilen ertir namazyny okyp, ýene hem çaý, çilimden wagtyny hoşlap, Şasuwar atyň ýanyna baryp: – Senem ýagşyja dynjyňy alansyň − diýip, synap, sylap eýerlemäge başlady. Aty eberteň-zeberteň eýerläp, jüp aýylny mäkäm tartyp, dutaryny arkasyna taşlap, «Alla rahman» diýip, ata galyp bolup, ýola düşüp ýöriberdi. Sürhä-sür, barha-bar, birniçe menzil ýol ýöridi. Oglan ýadap, at aýagyndan bikär bolup barýardy. Birnäçe dag-derelerden geçdi. Şol barşyna ýol üstünde bir torgaý saýrap asmana çykyp duryberdi. Hemra janyň göwnüne: – Bu-da meniň ýaly ýaryndan aýrylyp, ýanyp-köýüp duran janawer eken. Şundan hem bäş agyz söz sorasam, maňa habar bermezmikä? − diýip, elinde sazy,dilinde sözi, birniçe ýerlerinden tymsal getirip, torgaýa ýalbaryp, bäş agyz söz diýse gerek. Asmandaky boz torgaý Saýramasaň ne bolgaý Saýramaga dilim ýok Bile ýörseň ne bolgaý Bir niçäni görürdim, Safa bilen söhbetde. Bir niçäni görürdim. Gaýgy bilen hasratda. Men ejiz biçäräni Gynamasaň ne bolgaý. Altyn aşyg bolanyň, Bolarmeken dawasy Her kimse aşyg bolsa, Ölmek şonuň rowasy. Mejnun kibi saýraýşyň, Bu guşlaryň uýasy. Men ýarymi ýitirdim, Galdym arman içinde. Yşk oduna tutaşyp, Ýanar boldy ýüregim. Garyndaşym islemez, Ýokdur meniň geregim. Hemra diýer ahyr çykdy, Bir hudaýdan dilegim. Men ýarymy ýitirdim, Bu çölüstan içinde. Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. GuŞ öňküdenem beter asmana çykyp, gözden ýitip ýöriberdi. Hemra haýran bolup, gözläp durdy. Şol gelşine guŞ asmandan ganatyny düwüp,özün ýere taşlady. Ýere bagryny oýkap ýatyberdi. Hemra bu guşy bu halda görüp: – Bu guş menden hem zyýada aşyk eken − diýip haýran galdy. Bir zaman garaşyp durdy. Guşdan seza bolmady. Hemra ýanyp-köýüp, ýene ýola düşüp ýörüberdi. Hemra gündizine ylgalyna sürdi. Gijesine şöwür tartdy. Oglan aryp, çarşap barýar erdi. Öňünden gargalar gagyldaşyp, asmana çykýa, ýene ýere gonýa. Hemranyň göwnüne geldi. – Ýa iliň çetinden agaçlyga ýetişdim, ýa harman jaýa geldim − diýip, Şasuwary ýazdyryp goýberdi. Gelip ser salsa, bir jeren ölüpdir. Gözlerini garga çokup, doýan gargalar aňyrrak gonup,«arryk-arryk» diýişýärler, zat ýetmedik gargalar «puluň çykdymy» diýýär. Hemra muny görüp, bir sagatlap haýran bolup durdy. – Eger kazam ýetip, şu meýdanda ölsem, meniňem boljagym şu − diýip, zar-zar ýyglap, golunda sazy, dilinde sözi, bäş agyz söz diýse gerek. Kadyr Allam, meni salgyn ýoluma, Gözden akan ganly ýaşyma meniň. Aman-esen ýetir ýaryň iline, Gözden akan ganly ýaşyma meniň. Meniň ýarym almamydyr, narmydyr, Men geler diýip, şu gün intizarmydyr, Aman-esen ýary görmek barmydyr, Hüýrlukga göwün hoşuma meniň. Aly pirim, dogry salgyn ýoluma, Özüň medet bergin meniň halyma, Meni tiz gowşyrgyn gyzyl gülüme, Hüýrlukga janyma meniň. Ilden aýra düşdüň, Hemra, pähm eýle, Ýoldan aýra düşdüň, özüň wähm eýle, Eý,Hudaýym, özüň maňa rehm eýle, Gözden akan ganly ýaşyma meniň. Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Oglan şu gije şu ýerde demini ady. Erte irden turup, daň namazyny okyp, ýorgany täzeden eýerläp, «Alla rahman» diýip, dutary arkasyna atyp, ýola rowana boluberdi. Hemra öňki dessurynda gündizine ylgar urup, gijesine şöwür tartyp ýöriberdi. Şu barabaryna birniçe daglardan, birniçe çöllerden aşdy. Oglan ýadady. At aýagyndan bikär boldy. Şol barşyna öňünden bir gabyrystanlyk dahyl boldy. Baýaky atasynyň beren nesihaty ýadyna düşdi. Gün ikindi wagty boldy. Şasuwary mäkäm baglap, öňüne selin taşlady. Eýerkeçäni ýazyp, özi uzyn uka gitdi. Hemra ýadapdyr. Şol ýatyşyna ýatyp galyberdi. Gijäniň ýary ötüp, dörtden biri galan wagtda kyrk çilten gaýyp erenler, dört çaryýar, hezreti Aly piri häzir boldy. Kyrk çiltenler «Adam ysy gelýe» diýmäge başlady. Onda hezret Aly pir aýtdy – Ol meniň nefes oglum, Hemra ol köp muşakgat çekip, gynanyp gelýe − diýdi. Onda: – Munuň jübütini basymrak gowuşdyrmak gerek − diýişdiler. Onda hezret Aly piri – Hemmäňiz jogap berseňiz, özümiz, enşalla, gowşurarmyz − diýdi. Onda bary rugsat berdi. Birden Hemra tisginip, ýerinden galsa, daň eles-gofas bolup, gün çykmaga ýakynlaşyp gelýär. Ur-da-tut ýerinden galyp, geýim-gejimini geýip, ertir namazyny okamaga durdy. Namazy tamam edip, öňünçä sag egnine salam berdi, sagyndan bir gün çykyp ugrady. Soňundan sol egnine salam berdi, sol tarafyndanam bir gün çykyp ýokari galmaga başlady. – Barsa gelmeziň nyşany şu bolsa gerek. Şu wagta çenli iki gün dogdy diýip eşitmedim, Allatagala maňa her hili gudrat görkezmäge başlady − diýip aglamaga başlady. Hemra – Umyt bilen çykdym Misir ýurdundan, men bu günüň haýsysyna gideýin − diýip, zar-zar aglap, sazyny eline alyp, bäş agyz söz aýdar gerek. Gör, bak, näme diýýär Aly pirim rehm eýlegil halyma, Men şu günüň haýsysyna gideýin?! Meni gönder özüň dogry ýoluma, Men şu günüň haýsysyna gideýin?! Pälim azyp bu meýdana gelip men, Indi senden gutulmazym bilip men, Aýralyk derdinden juda bolup men, Men şu günüň haýsysyna gideýin?! Jem bolup, kyrk çilten erenler gelse, Bir garyp gulundan habardar bolsa, Allahym rehim edip, nazaryn salsa, Men şu günüň haýsysyna gideýin?! Garyp Hemra diýrler meniň adyma, Hudaýym, sen özüň ýetiş dadyma, Sygynyp çykyp men pir ussadyma, Men şu günüň haýsysyna gideýin?! Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Ondan soň, hudaýa şükür edip, kybla tarapyny gözläp, çök düşüp oturyberdi. Gara atly, ýaşyl naýzaly, başy selleli, egni melleli ak sakal kişi häzir boldy. – Eý, balam, gam çekip, gamgyn bolmagyl. Men Hezret Aly piriňdirin. Balam, ýum gözüňi − diýdi. Hemra gözüni ýumdy. – Balam, gözüňi aç − diýdi. Hemra gözüni açyp, ser salsa endamli bir giň ýatan bag çarbagyň ortasynda dur. Töweregindäki haýatlary asman bilen barabar. Pir aýtdy: – Eý, balam, bu bagy tanaýarmyň? − diýdi. Hemra – Bilmezmen − diýdi. Piri. – Bilmeseň seniň ýaryň Hüýrlukganyň bag çarbagydyr − diýip, gol ýaýyp, ak patyýa berdi. Hemra gözlese, ol gözünden gaýyp boldy. Hemra jan eýlesine-beýlesine oýlanyp, seretmäge başlady. Bagyň içinde iňlär siňek görmedi. – Pah, pah, ajaýyp jaýlaryň bar eken − diýip, aýlanmaga başlady. Şol aýlanyp ýörşüne şasyfanyň üstünde, güjera agajynyň teýinde iki sany ak öýe gözi düşdi «Bissimylla» diýip, gafyny açyp, kybla tarapyndaky öýe girdi. Ortada bir gazan gaýnap dur, teýinden çykýan bir çog ýok. Demlenip häzir bolup duran palaw. Bu palaw näçe bir zatlardan bişirilen palawdy. Çarhy pyýaz, dogry käşir, tahýa ýagy, owründi bürünç, jüýje horazyň göşüdi. Sap-sary bolup, özi ýahna bolup galypdyr. Hemra jan – Pah, pah, zaňňaryň gyzy, bizi geler diýip, häzirläp goýupdyr − diýip, goluny ýuwup, «bissimilla» diýip, elini uzatdy. Şol wagt asmandan bir kepgir oýnap gelip degdi maňlaýyna. Hemra jan çykyp ýazyberdi penjäni. Yzyny gözlese, hiç zat ýok. Durup oýlanyşdy. «Günçykardaky öýi-de bir barlaýyn» diýip, gatyrak ýörip baryp, onuňam gapysyny açdy. Ortada bir gazan gaýnap dur. Teýinden bir çog çykanok. Gazanyň içinde berre guzynyň göşi özi bişip, özi düşüp, göşler süňkden jyda bolup, her gapyrga-da bäşbarmagyň dişi ýaly soňkaýşyp dur. Hemra jan muny görüp – Pah, pah, zaňňaryň gyzy, ajygyp gelende işgeneden dadyp wagtyny hoşlasyn − diýip goýupdyr. «Bissimilla rahman rahym» − diýip elini uzatdy. Şol wagt asmandan bir susak oýnap gelip degdi maňlaýyna. Hemra çykyp, ýazyberdi penjäni. Oglan«Bu barsa gelmeziň nyşanasy boldumy?» diýip haýran boldy. Seredip dursa, kyrk gez ser howuz, içi sement bilen suwalan howuz suwdan dolup çaýkanyp ýatyr. – Gel, bu zatlar-a maňa nesip etmedi. Suw içip bir içimi sowudaýyn − diýip, howuza baryp eňegini basdy. Suw aşak düşüp gidiberdi. Tekjek-tekjek aşak düşdi. Hemra jan defesine seretse, defesinde kyrk tekjek dur. – Aldym seniň habaryňy, aşak düşüp-düşüp, birden ýokary çykyp, meni alajaksyň, men bildim − diýip, ýuwrüp ýokary çykyp ýörüberdi. Hemra – Bu zatlar-a maňa nesip etmedi. Indi bagdan bir garnymy doýraýyn − diýip, baryp bagy aralasa, dürli miweler pişipdir, al-ýaňak alma, gelinbarmak üzüm, muňkaly şepdaly, synygy erik bişip, öz agramyna özi düşüp, güller açylyp, bulaklar çar-para akyşyp dur. Bilbiller saýraşyp, bak-baklar dem tartyp, buzawaşlar ýap tartyp, serçeler serenjam berip, hüpüpükler taraşmanlyk edip, gurbakgalar miraplyk edip, gogurlap kethudaçylyk edip ýören jaýa ýetişdi. Hemra heýran bolup duruberdi. Bir sagat tomaşa edip durdy. – Gel, indi şu miweden ýygaýyn − diýip, miwä elini uzatdy. Şaha ýokary göterilp ötegitdi. Hemra bu halaty görüp, köp hafa boldy. – Eý, Hudaýym-a, «Jenneti görmek bar-da,datmak ýok» diýip eşidýedim, ras ekeni. Indi, Hudaýym, özüň maňa rehm etgil − diýip, zar-zar ýyglap, birniçe ýerden tymsal tapyp, bäş agyz söz diýse gerek. Ýeliň piri Mirhaýdar, Eňil pudagy-pudagy. Säher wagty ösen ýeller, Eňil pudagy-pudagy. Mugteser kyldym säherde, Uçradym men ýowuz ýerde, Ömür boldum men bu ýerde, Eňil pudagy-pudagy. Kimsäni gör, aýyşdadyr, Kimsäni gör, nalyşdadyr, Tup ol agaç behiştedir, Eňil pudagy-pudagy. Hemra aýdar dat erenler, Bize patany berenler, Säher wagty ösen ýeller, Eňil pudagy-pudagy. (Dowamy bar) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |