17:51 «Hüýrlukga – Hemra» dessany / dowamy -1 | |
«HÜÝRLUKGA – HEMRA» DESSANY / dowamy -1
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Şol wagtda kybla tarapyndan bir güýçli şemal gelip, baga degdi. Şahalar azaň-azaň boluberdi. Bir erigiň şahasy ýere degdi. Hemra üstüne atlaýyn mindi. Bir miwe eline ildi, gözüni ýumup agzyna saldy. Gözüni açsa, afa-safaçylyk bolupdyr. Miwelerden halanyndan iýip, wagtyny hoşlap, birniçe wagt baga aýlanyp gezdi. Birden häki kabla bilen işgene ýadyna düşdi. − Indi baryp iýip bolamazmyka? − diýip, oglan ýörüberdi. Baryp kybla tarapdaky ak öýüň gafysyny açdy. Barsa kabla öňki durşuna dur. Goluny ýuwyp, «bissimilla» edip iýmäge başlady. Iýip otyr, defesini gözleýär. Garnyny doýyrýança hiç ýerden zat bolmady. Oglan usul bilen yzyny gözläp, çykyp ýöriberdi. Günçykardaky öýüň baryp, işigini göterdi. Görse, hälki işgene şol durşuna dur. Golyny ýuwup, «bissimilla» edip almaga başlady. Mundan hem iýip otyr, defesini gözleýär. Iýip mäkäm garnyny doýurdy. Oýlanyşybraga-da çykyp ýörüberdi. Oglan baýaky serhowza tarap ugrady. Usul bilen baryp, howza agzyny basdy. Suw içip ýatyr. Oglan defesini gözleýär. Suw içip boldy. Hiç üýtgeşik zat bolmady. Çykyp ýörüberdi. – Emeli tetik eken, indi bildim − diýip, baga garşy ýörüberdi. Baryp baga girip, bagyň içindäki her tür haýwanlara tomaşa edip, keýfini kökläp, altyndan bug berlen käkillerini ýazyp gatberip, birnäçe wagt tomaşa etdi. Gün günorta ýakynlaşdy. Oglanyň eti gyzyp, ukusy tutup, agyrlyk basmaga başlady. – Gel, gaýta gelende maňa tomaşa etdirmeýerlermi. Bir uklap dynjymy alaýyn − diýip, Hemra bagdan çykyp ýöriberdi. Şol gelşine baýaky serhowzuň boýuna gelidi. Gelse, howyzyň döweregi gün düşmeýän agaç, boýy şasyfa. – Päh, zaňňaryň gyzy, köp safaly jaýyň bar – diýip, güllere garap ýöriş etdi. Bir, iki gujak ýaly güli ýygyp aldy. Bir dessesini düşedi, bir dessesini ýassandy, bir dessesini örtündi. Oglan: − Dynjymy alaýyn – diýip, uka ýörüberdi. Indi bu söz bu ýerde dursun. Indi habary kimden eşit, Hüýrlukgadan eşit. Simun kenizi ýanyna çagyryp aldy. – Eý, Simunjan, men Hemra jan ýaryma sataşmakda kyrk gün möhlet beripdim. Şol kyrk gün şu gün doldy. Ol gelendir. Semhuryň bagnyna gitmek gerek – diýdi. Hüýrlukga şol wagt: – Bir sagada galman jemleniň – diýip, kenizlerine, döwlerine buýruk berdi. Sagada galman bary jem boldy. Hüýrlukga olaryň öňüni-ardyny jemläp, öňi bilen perilere – Siz habar tutuň – diýip buýurdy. Kyrk peri kepder lybasyna girip, uçup ýöriberdi. Yzyndan döwlere emir etdi. – Sizler baryberiň – diýdi. Olar hem gök gübürdän ýaly, gübürdeşip, silkinşip, gogur lybasyna girip ýörüberdi. Yzyndan bir zaman afy-safalyk bolup durdy. Özi-de bir silkinip, totu guş lybasyna girip, uçup ýörüberdi. Kenizler baga ýakynlaşyp: – Adam ysy gelýe – diýişmäge başlapdyrlar. Onda Simun keniz: – Eý, gyzlar, bu bibimiň ýary Hemra jan gelendir. Şonuň ysydyr – diýdi. Kenizler bagyň depesinde kepder bolup, üç mertebe aýlandy. Aşaklap-aşaklap özlerini taşladylar. Jem bolup bir galta urdular. Boldy bir bölek gyz. Şol wagt ukuda ýatan Hemra janam oýandy. Gyzlar nämedir öz dilinde gürrüň edip, üçden-dörtden tirkeşip, baga aýlanmaga başladylar Hemra jan gyzlary görüp, gülüň teýinden gözläp ýatyberdi. – Bularyň haýsysy Hüýrlukgaka? Birden bir habar gatsam, bulara dik düşermikä – diýip, uly oýlanyşga gitdi. Şol oýlanyp ýatyşyna bir meýdan geçensoň boluberdi bir afy-tupan, gök gübürdedi, ýyldyrym çakdy. Iki sany gogur gelip, bagyň üstünden üç mertebe aýlandy. Aşaklap-aşaklap, özüni taşlap goýberdi. Taşlanda bagyň içi ala gümmürdi bolup, ýer lerzana geldi. Ýaňky gogurlar bir galta urdy. Boldy bir iki sany döw. Aýagy ýerde, depesi gökde. Gepleşseler bagyň içi bolýar ala-zenzele. Hemra jan munam ser salyp görüp ýatyrdy. – Eý, zaňňaryň ogly, päliň azyp gelipsiň bu taýa. Bu döwleriň eline düşseň, müň janyňdan bir jan galmaz – diýip, gaýym bukulyp ýatyberdi. Hemra jan imanyny öwrüp. – Ýa pirli Hezret Aly, bu belany özüň dep etgeýsiň – diýip, bilen safagyny okymaga aýlanyşdy. Bagyň içi bir iki sagat şol afy-tupanlygynda durdy. Afy-sapaçylyk bolup, iki sany toty guş bagyň üstünden üç gezek aýlanyp özüni taşlady. Bir galta urdy, boldy iki sany perizat. Ýöräp ötägitselerem, ýeriň gaýmagyny kä bozýar, kä bozanak. Ondördi gijäniň aýy kimin, bir gijäniň gary kimin, gözleri süzülip duran, galam-gaşly, hünji dişli, gara saçly, pisse dahan, mürçe miýan, agy ak, garasy gara, gyzyly gyzyl, haly hal, ýokary dodagyndan daman ballar aşaky dodagyna minnet bilen düşýär. Daraýy köýnek egninde, endam janynyň bary süýşä guýlan suw ýaly mälim bolup dur. Hemranyň bulara gözi düşüp, baýaky gorkusyny ýatdan çykardy. Ok atjak mergen ýaly ýene gözläp ýatyberdi. Olar öz dillerinde totu kimin jilwe berip sözleşýärler. Emma oňa Hemra düşünmedi. – Gel, men ajalymdan gorkup ýatmaýyn, bulara habar gatman ölsem, biarman giderin – diýip, ysytma degen ýaly, endamyna hem degdi bir galdyratma, hiç özüni saklap bilmedi, şol halda sazyny çala-çula düzüp, bulara garap, bäş-alty söz diýse gerek. Şükür hakyň dergaýyndan, Gözel göründi, göründi. Ýaryň soňky jemalyndan, Göwnüm imrendi-imrendi. Arz aýdaýyn patyşaýyma, Ýalbaraýyn Hudaýyma, Agzymdan çykan ahyma, Daglar defrendi, defrendi. Rugsat ber, gideýli, Bagyňdan güller tireýli, Kaddy boýuňy göreýli, Sallan ýör indi, ýör indi. Aşyk men ala gözüňe, Şekerden şirin sözüňe, Çaprazly hal-hal ýüzüňe, Hakdan nur indi, nur indi. Ýakma Hemraň ýüregini, Sal boýnuna bilegiňi, Barça guluň dilegini, Möwlam ber indi, ber indi. Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi, Hüýrlukga Hemranyň sözüni diňläp durup eşitdi. Simun kenizi ýanyna çagyryp: – Häzir köşge garşy ugraň diýdi. Kenizler ýygnanyşyberdiler. Özi duran ýerinde bir galta urdy. Iki sany totugyş bolup uçup ýöriberdi. Yzyndan hem kyrk keniz hem bir galta urdy. Bularam bir bölek kepder bolup, bularam uçup ýöriberdi. Yzyndan döwlerem bir galta urdy. Boldy iki sany gogur, harlap, düwläp, bagyň içini ala-zenzele edip, bularam göterildi. Indi habary kimden al Hemradan. Harmanjaýda galan hakgulla ýaly bir özi galyberdi. Hemra: – Dillerim lal bolsun, näme üçin habar gatdym, bir zaman görüp dursam mährim ganardy. Jenneti görmek bar-da, ganmak ýok diýeni dogry eken – diýip puşeýman edip, zary-girýan bolup oturyberdi. Indi habary kimden eşit Hüýrlukgadan. Kenizlerini, döwlerini köşkde jemläp alyp,«Hasy» keniz diýip, uruberdi abry-zabry. Hasy keniz: – Nä hyzmat – diýip ýetip geldi. Onda Hüýrlukga aýtdy: – Eý, zaňňar keniz, özüň görüp gaýtmadyňmy? Hemranyň bagyň içinde ýatanyny. Gidişiňden gelşiň basym bolsun, git-de şony getir. Eger ýolda oňa azar berseň, deriňi diri soýduryp, gözüňi oýdyryp, dik aşak gömdirin – diýdi. Hasy keniz: – Buýrugyňa gulluk – diýip, baga garşy ýörüberdi. Bagdan çykmanka yzyndan Selip keniz ýetdi. – Aý, bibijan, niräk barýarsyň? – diýdi. Onda: – Hüýrlukganyň ýary Hemrany äkelmäge barýan – diýdi. Onda ol: – Men saňa bir gürrüň aýtjak. Eger şol oglan bagyň içinde bar bolsa, bir gije dartyşsak, dalaşsak, oýnaşsak, gülüşsek, soň ony ertesi eltende bibimiz gupbamyzy döwýemi? – diýdi. Onda Hasy keniz: – Ýagşy aýdýarsyň, Selip jan. Bizem bir gije wagtymyzy hoşlaly – diýdi. Kenizler maslahaty şuňa goýup ýörüberdiler. Hüýrlukga oturan ýerinde göwnüniň bozulanyny aňlapdy. Ýetip-ýetmänkä yzyndan «Haýsy keniz» diýip jar gygyrdyberdi. Kenizler şol barşyna Hemranyň ýanyna bardylar. Barsalar, şa syfanyň üstünde bir oglan ýatyr, görmäne göz gerek. Ondördi gijäniň aýy kimin, gara gözli, güler ýüzli, altyndan bug berlen käkilleri o çekgesinden bu çekgesine çyla berip düşýär. Misli afy-tap mysaly. Muny gözläp, munuň jemalyna gark bolup, kenizler huşundan gidip, darak gaýtdy bolup gaýdyberdiler. Bir sagat ýaly ýatyp agzy-burunlarynyň suwuny akdyryp ýerinden galdylar. Hemra jana tarap ugraberjek bolanda «Hasy keniz» diýen tawuş gulaklaryna ildi. – Indi biziňki bolmady – diýip, yzyna garşy aýlanyberdiler. Hemra bulary bu halda görüp, tomaşa edip oturybersin. Kenizler ylgaşyp, Hüýrlukganyň ýanyna ylgaşyp bardylar. Hüýrlukga gazap bilen: – Hasy keniz, hany Hemra? – diýdi. Onda ol – Bibijan, oglanlykdan gyzma gylygyň galmaýar. Men saňa gören oglanymy saz bilen beýan edeýin – diýip, bäş agyz söz diýse gerek. Bibijan, bag içinde bir oglan gördüm, Görmedim onuň deý owadan gözli. Ýaňaklary hal-hal, ýüzleri zerli, Görmedim onuň deý owadan gözli. Nä sebäpden gül dek ýüzüň sargara, Bagrym başy boldy göz-göz ýarala, Ýa Hemradyr, ýa Hemradan habarly, Çyn göwher düzülmiş bir syny zerli. Ony görenler köp çeker ah bilen ahy, Gökde bulut oýnyr, derýada mahy, Hemra bir gedadyr, ol gözel şahy, Görmedim onuň deý owadan gözli. Hasy keniz diýer aýan eýlesem, Görenim bir-bir beýan eýlesem, Seniň Hemraň diýip, guman eýlesem, Dallar arasynda boldum heserli. Elkyssa, Hasy keniz sözüni tamam etdi. Hüýrlukga Hasy kenizden ugurly gürrüň eşitmedi. Gahary gelip, bir sagat ýaly otyrdy. Yzyndan – Döw Haşrak – diýip, abry-zabry uruberdi. Döw: – Nä hyzmat! – diýip häzir boldy. Onda Hüýrlukga aýtdy. – Eý, döw Haşrak, Hemra bilen kyrk günlük wadam bardy. Şol wadam dolup ol baga gelipdir. Şony baryp äkelgeýsiň. Eger oňa gazap bilen penje urup, ony tisgindirseň, seniň iki gözüi oýdyryp, deriňi diri soýdyryp, dik aşak ýere gömdirin. Özüňe-de ýarym sagat wagt berermen. Derrew ugra – diýdi. Döw biçäre götinjekläp, yzyna gözleý-gözleý ýörüberdi. Aňyrrak çykyp, duran ýerini bäş-alty gezek depgiledi, turdy bir ala tozan. Şol harasadyň içinde galta urup, gogura öwrülip, uçyp ýöriberdi. Baga baransoň, döw uly oýlanyşyga gitdi. Ol «adamzat» diýip eşitse-de görmändi. Onuň adyndan gorkýardy. Hemranyň çigit ýaly azarsyz gelmegini-de Hüýrlukga aýdypdy. Äkitmäýin diýse, Hüýrlukgadan gorkýar, äkideýin diýse öz janyndan gorkýar. Döw boldy sermisar. Oýlanşa-oýlanşa bagyň depesini üç gaýtara aýlandy, özüni ýere taşlady. Bagyň içi ala şakyrdy boldy. Hemra gözlese, baýaky döw gelipdir. Muny gören Hemra şol toplan gülleriniň teýine girdi. Döw-de oýlanşyp, götinjekläp «Näme-de bolsa gözüm görmesin, syrt tarapymdan gelsin» diýip, götinjekläp geliberdi. Şol gelşine Hemranyň ýanyna ýakyn-ýakyn gelip, gülüň üýşmegräk duran ýerin «şu dälmikä» diýip, netijäni salyp goýberdi. Güli göterip, gürläp asmana galdy. Beren süregi ýarym sagat bolsa, döw on bäş minuda galman ýetip bardy. Eltip güli Hüýrlukganyň ýanynda − öňünde goýdy. Hüýrlukga dergazap bolup – Men saňa gül getir diýdimmi? Hemrany getir diýdim. A zaňňar. Hemra hany – diýdi. Onda döw: – Menem öz janymdan gorkunjyma şu gülüň içinde bardyr diýip, alyp gaýtdym. Şunuň içini gözleseň bardyr – diýdi. Hüýrlukga gülüň arasyny dörüp, Hemrany tapyp aldy. Emma Hemra gorkup tisginipdir. Oglanyň gursagy tirfildeýärdi. Hüýrlukga birniçe wagt Hemranyň gursagyna elini goýup oturdy. Yzyndan aýtdy. – Eger Hemra öňki kaddyna gelmese, seni hiç bir zada höküm edilmedik zulum bilen öldürin – diýdi. Döw, biçäre näme iş etsin, aglap oturyberdi. Birnäçe wagt «eýlesin ber-de, eýlesin ber» bolup, Hemrany göterip, şemala göterdiler. Atdan ýykylan at oglan ýaly, Hemra gözüni açmady. Indi habary kimden al, Hüýrlukgadan, dutary döşüne goýup bäş agyz söz diýse gerek. Eý, ýaranlar, musulmanlar, Sefil boldum ýar derdinden. Ýar derdiňe köýe-köýe, Ölür boldum ýar derdinden. Gördüm, näçelerini gördüm, Başyma söwdalar saldym, Misire kyrk gaýra bardym, Baryr boldum ýar derdinden. Gündizlikde parahat ýok, Gijesinde takadym ýok, Gaýry mundan muşakgat ýok, Ölür boldum ýar derdinden. Adymyz Hüýrlukgadyr, Pany älem biwefadyr. Çekdigim jebri-jefadyr, Çeker boldum ýar derdinden. Elkyssa, Hüýrlukga sözüni tamam etdi. Hemrany kenizler şol elden-ele tutup, şemalladyp ýördüler. Hasy keniz akylly keniz erdi. – Bar-da huş gülünden bir-iki, üç sany gül eken – diýip, Selip kenize buýurdy. Selip keniz bir etek ýaly gül ýygyp geldi. Birini aýryp taşlap, birini Hemranyň burnuna tutmaga aýlanyşdylar. Hemra bir çakdan soň gözüni açdy. Erse kenizler: – Bibim, jany bar-da, bibim, jany bar, bibim, buşluk-da, bibim, buşlyk – diýip gygyryşyp: – Söýünjini bol ber – diýmäge aýlanyşdylar. Hüýrlukganyň wagty hoş bolup, Simun kenizi ýanyna çagyrdy. – Bar-da hazynahanadan göteribildigiňi göterip gaýt – diýdi. Simun keniz birnäçe tylla teňňäni göterip geldi. Hüýrlukga üstüne bäş tylladan, on tylladan goýup, her kime serpaý bermäge başlady. Birnäçe serpaý, birnäçe tylla teňňe berdi. Kenizler hem serpaýlandylar, hem pullandylar. Hemra öňki kaddyna geldi. Ondan soň Hüýrlukga – Siz adamyň çolalygyny berjek dälmisiňiz, indi gidiberseňiz bolmaýamy? – diýdi. Onda kenizler birbada han ýaly meýdana çykdylar. Hasy keniz kenizleriň öňüne düşüp. – Munuň git diýenine gidibermeli däl, bizem munuň ugrunda az heläkçilik çekemzok. Ýörüň yzyňyza gaýdyň – diýdi. Kenizler ýene toparlanyp gaýdyp geldiler. Hüýrlukga: – Näme üçin gaýdyp geldiňiz? – diýdi. Onda Hasy keniz ilerräk durup – Bibijan, saňa bir arzym bar. Her ýeten adamzat padyman sygyr çopan, geçi bakan, ötel-geçen, saýak sandyran seniň ýaryň boluberýämi? Seniň turşyň defäňe çykypdyr. Sen akylly bolsaň«Şu keniz-öýden halanyňy tut, bir gije hudaý hakyna saňa mymandarçylyk edesim bar» diýseň bolmaýarmy? Şonda seniň özüňe agyz urup, kenizler üçin agzyny bölmese, şonda seniň ýaryň. Bolmasa bu bir gezip ýören adamzatdyr-da – diýdi. Bu maslahat Hüýrlukganyň göwnüne jüňk düşdi. – Eý, myhman oglan, şu kenizlerden halanyňy tut, saňa hudaý haky üçin bir gije myhmandarçylyk edeýin – diýdi. Hemranyň Hüýrlukgadan beýle tamasy ýokdy. Bu sözi eşidip, diň asmandan geldi. Hemra aýtdy – Eý, Hüýrlukgajan, men kenizleriň, çorularyň üçin gelemok, sen diýip geldim. Maňa muň ýaly agyr gürrüň aýtmasaň boljakdy – diýdi. Elinde sazy, kime aşyk ekenini beýan edip, bäş agyz söz diýse gerek. Alys ýoldan gelsem, saňa beg bolsam, Seniň göwnüň nedir, nä hyýaldadyr? Ýol ýöriseň, aýakyňa ýol bolsam, Seniň göwnüň nedir, ne hyýaldadyr. Alys ýoldan geldim seni görmäge, Sen gidipsiň syýa zülfüň örmäge, Meniň göwnüm gujagyňa girmäge, Seniň göwnüň nedir, ne hyýaldadyr. Alys ýoldan geldim seni dost diýip, Sen çykmasaň çykar janym gyssanyp, Meniň göwnüm ak gollaryňy ýassanyp, Seniň göwnüň nedir, ne hyýaldadyr? Alys ýoldan gelsem, saňa gul bolsam, Ýol ýöriseň, aýakyňa ýol bolsam, Goýun kibi çar tarapa il bolsam, Seniň göwnüň nedir, ne hyýaldadyr? Hemra aýdar, guçsam inçe biliňden, Gujaklap boýnuňdan, öpsem ýüzüňden, Pisse dodagyňdan, şirin sözüňden, Seniň göwnüň nedir, ne hyýaldadyr? Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Ondan soň Hüýrlukga beslenip, kenizleriň ýüzüne garap: – Heý, akmaklar, indem gitjek dälmisiňiz? Kenizler birbada ürküp ýörüberdiler. Aňyrrak baransoň, ýene Hasy keniz kenizleriň öňüne çykdy. – Munuň git diýenine gidibermelimi biz? Hüýrlukga kümmetde ýatdyk diýýedi. Eger şondan jogap sorasa, maňa jogap berse, ol şonuň ýarydyr, bolmasa gezip ýören adamzatdyr – diýip, ýene-de kenizleri toplap, öňüne salyp gaýdyberdi. Hüýrlukganyň gaşyna gelip, ýene toplanyp duruberdiler. Hüýrlukga: – A zaňňar kenizler, indi näme üçin geldiňiz? – diýdi. Hasy keniz ýene-de: – Bibijan, saňa arzym bar – diýdi. Hüýrlukga dergazap bolup – Aýt arzyňy, arzyň tükenmeýemi seniň – diýdi. Hasy keniz – Bibijan, abaýlaman keple. Sen baýak «Kümmetde ýatdyk, bäş alty agyz ýambur-ýumbur etdik» diýipdiň, şondan habar sora. Jogap berse, Hemra ýaryň, bolmasa munuň bäş agyz sözüne aşyk bolma. Muny geçi bakanda öwrenipdir, düýe bakanda öwrenipdir, iň bolmasa bagşy diňlände öwrenipdir. Sen ýetgeçden özüňe çekýärsiň – diýdi. Hüýrlukga oturyp oýlanyşdy. – Eý, myhman oglan, saňa bäş-alty agyz soragym bar. Şoňa jogap berseň, seniň görjek hezzetiň aňyrsy ýok, eger jogap bere bilmeseň görjek görgiň aňyrsy ýok, ura-ura ýurduňdanam aňryk geçireris – diýdi, gaty gazaba mündi. Onda Hemra: – Eý, Hüýrlukga, sowalyňy beriber, men hak aşyk. Beter jogap bererin – diýdi. Indi Hüýrlukga goluna sazyny alyp, Hemradan sowal sorap, Hemra jogap berip, bäş agyz söz aýdar gerek. Hürýlukga –Säher wagty ýatganyňda, «Tur» diýenler kimler edi? Tutup dessi dabanyndan, «Ýör» diýenler kimler edi? Hemra –Säher wagty ýatganymda, Aly babam «tur» diýdiler. Tutup dessi dabanymdan, «Hatam ýola gir» diýdiler Hürýlukga –Kybla sary bakyp duran, Ýüzünden nur akyp duran, Bäş wagt namaz okyp duran, Namaz uýgan kimler edi? Hemra –Kybla sary bakyp duran, Ýüzünden nurlar akyp duran, Bäş wagt namaz okyp duran, Hezret Omar pirler edi. Hürýlukga –Senem gördüňmi ol düýşi? Hakygat erenler işi. Uzyn boýly gara kişi, Wekil bolgan kimler edi? Hemra –Menem gördüm ol düýşi, Hakykat erenler işi. Uzyn boýly gara kişi, Hezret Osman pirler edi. Hürýlukga –Gezerdi ganym kastynda, Düýrme gylyjy dessinde, Ol otyrgan tagt üstünde, Nika gyýgan kimler edi? Hemra – Gezerdi ganym kastynda, Düýrme gylyjy dessinde, Ol otyrgan tagt üstünde, Şahymydan pirler edi. Hürýlukga –Hüýrlukga, zar eýlesem, Birin-birin ýat eýlesem, Hakykat yktykat eýlesem, Pata beren kimler edi? Hemra –Hemra, zar eýlesem, Birin-birin ýat eýlesem, Hakykat yktykat eýlesem, Hak Mustafa nurlar edi. Elkyssa, iki sözlerini tamam etdiler. Hüýrlukga kenizlere gazap bilen nazar salyp: – Indi näme iş etjeksiňiz? – diýdi. Kenizler öňki ýaly toplanşyp gitmän, goýun kimin pytrap ýöriberdiler. Indi habary kimden eşit. Hüýrlukgadan. Bil bagdan düşekçe ýazyp, dyzdan ýassyk taşlap, geýnen geýimlerini çykaryp, bir daraýy köýnek bilen darak gaýtdy bolup, özüni çymylgana taşlady. Hemra hem gapdalyna özüni oklady. Hüýrlukga ýatdy. – Asly toprak, adamzat el gatynça el gatmaýyn – diýip ýatdy. Hemra jan bolsa: – Asly ot hem aýal, özi gol gatmasa, men bisabyrlyk etmäýin – diýip, bu-da ýatyberdi. Şeýdip üç gije-gündiz geçdi. Indi habary kimden eşit Hüýrlukgadan. Dördünji güne gadam basdy, her näme bolsa-da, aýal oglan çydam berip ýatybilmedi. Çymylgandan sogrulyp çykyp, ojak başyny çalşdyryp bezm etmäge başlady. Çakmagy çakyp, ody ýakyp, ody belentden galyp, suwuň durusyndan çaý goýup, çäýnek-käsäni arassalamaga başlady. Oňa çenli çaý gaýnady. Gyzyl çäýnek, gara-ala käse, çöp çaý, safakly nabat, naýy bir gez çilim taýynlap, garşy temmäki häzirläp, oduň töwereginden aýlanyberdi. Yzyndan gazançany ataryp, çişde-kebapda, çaýda-şerapda bolupbersin. Hemra ýorganyň astyndan gözläp ýatyrdy. Hüýrlukga ser salsa, on dördi gijäniň aýy kimin, gözleri süzülip duran, agzy oýmak ýaly, lebi gaýmak ýaly, galam gaşly, hünji dişli, gara saçly, pisse dahan, agy ak, gyzyly gyzyl, hal-hal, menek-menek, suw içse alkymyndan, käşir iýse bykynyndan görünýä, geýne bilenini geýnip, dakyna bilenini dakynypdyr, asyly gönjük, tylla heýkel, endamyna sefipdir atyr suwy, mum kokyp, Hemrany ýatan ýerinde ýatyrmady. Ysytma bolan adam ýaly, ýerinden galyp, iki egnini kakyp otyr. Munuň bolup otyryşyna Hüýrlukganyň gözi düşdi. – Eý, Hemra, bolup oturşyň nähili? – diýdi. Hemra: – Eý, Hüýrlukga meniň bir köne ysytmam bardy. Bir begenemde tutýady. Bir gynanamda. Şu gün begenemde tutjakmyka diýýän. Onda Hüýrlukga: − Eý, Hemra, çaý iç, çilim çek, şerap iç kebap iý. Onsoň ysytma tutsa göreýin – diýdi. Hemra çaý içip, çilim çekip, kebap iýip, mes bolup oturdy. Hüýrlukga oturyp oýlanyşdy – Asly toprak adamzat. Özüm habar gatmasam, bu maňa müň ýylda-da gol gatyp biljek däl – diýip, tylla desseli gazmany goluna alyp, rugsat berip, bäş keleme söz diýse gerek. Alys ýoldan gelen ejiz myhmanym, Sürewer Hemra janym, döwran seniňdir. Saňa gurban bolsun bu şirin janym, Sürewer Hemra jan, döwran seniňdir. Aşyg bolsaň azat etgin ölümden, Bagban bolup tirgil täze gülümden, Elip dek kamatdan, inçe bilimden, Guçawer Hemraýym, döwran seniňdir. Emeweri leblerimiň gandyny, Tutawer pany dünýä pendini, Ak synam üstünde tylla bendini, Çetewer, Hemraýym, döwran seniňdir. Kişi beýle gahar edermi dostuna, Gylyç alyp çapsyn meni dessine, Çykaweri ak synamyň üssüne, Sürewer, Hemraýym, döwran seniňdir. Hüýrlukga, men haklymy çaşyryp, Kenizleri töweregime üýşürip, Saňa syry pynhan goýman ýaşyryp, Bolawer, Hemraýym, döwran seniňdir. Elkyssa, Hüýrlukga sözüni tamam etdi. Ondan soň Hüýrlukga salygly duran düşege darak gaýtdy bolup taşlaberdi. Hemra janam özüni gapdalyna taşlady. Aşyklar gol boýnuna salyşyp, mähebbet posa alşyp, dal çybyk deý çyrmanşyp, gyzyl gül kimin oraşyp, maksat-myratlaryna ýetip ýatybersin. Şol ýatyşlaryna Hemera daň säher çagynda tisginip oýandy. Atasynyň «Üç aýa çen gelmeseň, çolaşar men kepen dona Hemraýym» diýen nesihaty ýadyna düşdi. Onuň yzarlap çykany hem Bilbilgöýädi. Goluna ilen bilbil ýok, bu-da ýadyna düşdi. Iki agasy bilen bile gaýdypdy. Olardan habary ýok. Agadan, deň duşdan, Misir ilinden, watandan aýrylany ýadyna düşdi. Ýurdundan çykanyny hasaplap görüp otursa, üç aýdan on gün ötüpdir. – Atama şerbende, ýüzügara boldum – diýip, ýerinden laňňa galyp, bir ah çekdi. Ýene-de kellesini ýassyga goýup, gaýta ýatyberdi. Ýene uka gidiberdi. Näge Hüýrlukga oýa ýatyrdy. Hüýrlukganyň göwnüne «Menden başga-da yzynda ýary galan eken-ow, bolmasa ne üçin ah çekdi» diýip, çymylgandan çykyp, Hemranyň kellesini dyzynyň üstünde goýup aglamaga başlady. Hüýrlukganyň gözünden akan ýaşlar Hemranyň ýüzüni ýuwup gitdi. Görse, Hüýrlukga aglap otyr. Hemranyň oýananyny bilip Hüýrlukga – Eý, Hemra, meniň saglygymda ne üçin gam çekdiň? Ýurduňda menden hem başga eý görýän ýaryň galan bolmasa beýtmezdiň? – diýdi. Şu ýerde Hüýrlukga Hemra jana garap, bäş agyz söz diýse gerek. Owaly Hüýrlukga, gaýtargysy Hemradan: Hüýrlukga –Adamzat ähtiniň epru myhmany, Sen ne üçin ahy-pygan çekesen? Perizat ähliniň göwün hoşgähi, Sen ne üçin ahy-pygan çekesen? Hemra –Atam bilbilgöýe gördi düýşünde, Onuň üçin ahy-pygan çekemen. Ajap söwdalara saldy başymy, Onuň üçin ahy-pygan çekemen. Hüýrlukga –O nä guşdur seniň yzlap çykanyň, Şirin janyň yşk oduna ýakanyň, Saňa aýyp dälmi aglap bakanyň, Sen ne üçin ahy-pygan çekesen? Hemra –Atam bilbilgöýe gördi düýşünde, Nä hasratlar düşdi meniň başyma, Dogan gardaşlarym ýokdur gaşymda, Onuň üçin ahy-pygan çekemen. Hüýrlukga –Hüýrlukga aýdar, göwün mätäjim, Gözüm göreji, defämde täjim, Men peri men, tiz görer men elajin, Sen ne üçin ahy-pygan çekesen? Hemra – Hemra diýer bize kysmat şu boldy, Ýol jebrinden gözüm ýaşy sil boldy, Diýşdäki wadamyz ýedi ýyl boldy, Onuň üçin ahy-pygan çekemen. Elkyssa, ikisi sözlerini tamam etdiler. Hüýrlukgajan aýtdy – Eý, Hemra jan, sen onuň üçin gan iýme, gündekiden kemime. Ol guş biziň Hüýrzagpyran afamyzda tap-taýýar durandyr. Saňa alyp berermen. Gel, sen indi çaý nahar edin – diýip, ot başyny çalyşdyryp goş bedessurlaberdi. Çakmagy çakyp, ody ýakyp, ody belentden galady. Tüňçeleri dury suwdan dolduryp goýup, gyzyl çäýnek, çyny käse, safakly nabat, naýy bir gezi çilim, Buhary temmäkisi, goşy bedessur tutuberdi. Yzyndan gazançany ataryp goýberip, çişde-kebapda, çaşda-şerapda boluberdi. Erse barsyny häzirläp goýdy. Hemra jan çaý içip, çilim çekip, nahar edinip wagtyny hoşlady. Hüýrlukga: – Ah, Hemra jan, ýazgyllaşdyňmy? – diýdi. Hemra: – Juda ýazgyllaşdym – diýip, şat bolup oturdy. Hüýrlukga: – Döw Haşrak – diýip, abry-zabary uruberdi. Döw üç, dört gezek ýer depip, gök gürrüldän kimin ýetip geldi. – Bibijan, hyzmatyňyza gulluk! – diýip, tägzym berdi. Hüýrlukga: – Saňa hyzmat şeýle. Mundan Hemrany Semruhyň bagyna alyp gitmeli. Goluna bilbilgöýäni alyp berersiň. Ýene hem agyrtman, ynjytman şu taýyk alyp gelersiň. Eger Hemra jan senden nägile bolsa, gözüňi oýyp, deriňi soýup, dik aşak gömermen – diýdi. Döw biçärede ne gep bar, emedekläp geliberdi Hemra jana: – Arkama mingin. Jylaw ornuna iki gulagymdan ýapyş. Howalap gitmäm bar. Taýyp-gaçyp başyma töhmet bolma – diýdi. Hemra jan döwüň arkasyna hopba boldy. Jaýlaşyp oturyp, döwüň iki gulagyndan elini orap aldy, gözüni ýumdy. Döw Hemradan sorady. – Gaýym oturdyňmy? Ahmal bolma? – diýdi. Hemra: – Juda jaýly oturdym – diýdi. Döw üç-dört gaýta ýere depip, gürrüldäp, şakyrdap, bagyň içini ala tozan edip, gogur mysalynda bolup ýörüberdi. Şol barşynda Semhuryň bagyna ýetişdi. Bir iki tanap ýaş bagyň golaýyna baransoň aýtdy. – Eý, balam, agşam meni, bitmi-büremi, kir-kimirmi, garaz, gijesi bilen ýatyrmady. Şu pynhan ýerde galyp, men geýimlerimi güne taşlasam, saňa salgy bersem, özüň taparmysyň? – diýdi. Onda Hemra: – Beli, taparmen – diýdi. Döw aşaklap-aşaklap, özüni ýere goýberdi. Hemrany usul bilen arkasyndan düşürip, bir galta urdy. Boldy bir döw. Aýagy ýerde, depesi asmanda. Geplese bagyň içi lerzana gelýä. Bagyň derwezesiniň açary döwdedi. Açary Hemranyň eline berdi. – Al, şunuň bilen aç-da, baga gir. Baga ortalawereňde, öňüňde ak ýelekli öý bardyr. Şol öýe baryp girersiň. Onuň töründe bir sandyk bardyr. Şol sandygy arkala-da şu taýyk äkel – diýdi. Hemra salgyny mäkäm alyp, döw bilen hoşlaşyp ýörüberdi. Baryp derwezäni açdy. Bagy ortalaberse, ak öýe gözi düşdi. Öýüň gafysyny açyp içine ser salsa, töründe bir sandyk dur, gün bilen çaknyşýar. Hemra kemerini salyp ony arkasyna atdy. Sandygy alyp meýdana çykdy. Oglanyň bara-bara ökjesi ýeňlip, aýagy götüne ýetip gaýdýar. «Bilbil» diýse, içinde, gör, näme barka, sandyk bara ýeňleýär, iki sany mes keçik meni aldap, boş sandygy göterdip, yzymdan gülşüp oturan bolmasyn – diýip, açaryny eýläk-beýläk towlady, açylmady. Oglan badyna ýüwrüp gelip, çölük sandygy depdi. Sandygyň agzy açylyp gitdi. Içinde altyn kapas kyrk para boldy. Bilbil çykyp sandygyň üstüne gondy. Bir nagra urdy, ýer-zemin gapyşdy. Hemra som gara daş bolup ýykyldy. Indi habary kimden eşit, Hüýrzagpyrandan eşit. Nägä oturan Hüýrzagpyrana bilbiliň nagrasy ýetdi. – Döw Kaknus – diýip arby-zarby uruberdi. Döw biçäre – Bibim, hyzmatyňa gulluk! – diýip, gol gowşuryp tagzym berdi. Hüýrzagpyran – Eý, döw, saňa hyzmat bar. Meni bilbiliň nagrasy oturtmady. Semhuryň bagyna tiz aýlanyp, barlap gel – diýdi. Döw – Hyzmatyňyza gulluk! – diýip, ýene tagzym berip, üç-dört gaýta ýeri depip, gübürdäp, şakyrdap bagyň içini ala tozan edip, bir galta urdy. Boldy bir gogur. Uçup ýöräberdi. Semhuryň bagyna bardy. Defesinden üç mertebe aýlanyp, emaý bilen özüni ýere goýberdi. Gonup bir galtaurdy. Boldy bir döw. Aýagy ýerde, defesi asmanda. Sözlese bagyň içi bolýar ala-gümürdi. Ýuwaş-ýuwaş gelip, ak öýe geldi. Görse, bir käkil pereň oglan beýhuş bolup ýatyr. Bilbilgöýä guş gam bolup, sandygyň üstünde çugudyp otyr. Sandygyň böwri garalyp, altyn kapas kyrk para bolup ýatyr. Döw owal altyn kapasyň böleklerini çöpläp bir ýaglyga düwdi. Soň bilbili arkasyna gonduryp, üç-dört mertebe ýer depip, bir galta urdy. Bagyň içi takyrdap, güpürdäp ala zenzele boldy. Döw gogur mysalynda bolup uçup ýöriberdi. Şol barşyna Hüýrzagpyranyň köşgüniň agzyna baryp, özüni emaý bilen ýere goýberdi. Bir galta urdy. Öňki döw bolup, bilbili goluna alyp, Hüýrzagpyrana garşy gaýdyberdi. Döw işikden gelip, bir aýagy daşarda, bir aýagy içerde tagzym etdi. Altyn kafasyň bölekleri bilen bilbili Hüýrzagpyranyň eline berdi. Hüýrzagpyran bu wakany görüp. – Eý, zaňňar döw, bagyň içinde näme gördüň? – diýdi. Onda döw – Eý, bibijan, seniň şol adamzat ýüzügarasy barsa näme bolsun! – diýdi. Onda Hüýrzagpyran. – Ony sen para kyldyňmy – diýdi. – Ýok, bibijan, bognum ysmady – diýdi. Hüýrzagpyranyň gahary gelip, geýen köýnegine sygman çişdi. – Sen ne üçin adamzady setpara kylman gaýtdyň – diýdi. Döw – Senden rugsat bolmansoň, zat diýmedim – diýdi. Hüýrzagpyran – Bar saňa rugsat, şonuň iri bölegini gulagyň ýaly etmeseň, deriňi diri soýup, dik aşak ýere gömerin – diýdi. Döw biçäre nätsin! – Ajap bolar, bibim! – diýip, gulluk aýdyp çykyp ýörüberdi. Köşkden saýlanyp, üç-dört gaýtara ýeri depgiläp, bir galta urdy. Gogur mysalynda bolup, uçup ýörüberdi. Baryp bagyň defesinden üç-dört mertebe aýlandy. Görse, Hemra hälem ýatyr. Döw aşaklap-aşaklap Hemra jana urdy penjäni. Ony alyp çykyp ýörüberdi. Hemra bir çaklar gözüni açsa, bir belanyň golunda barýar Hemra – Wadaryha, Seddaryh, Hüýrlukga ýarymy,Hysrow atamy, iki agamy, Güljemile siňlimi, ýurdumy, ilimi görmän döwüň golunda öldüm – diýip, bir niçe ýerden tymsal tapyp, elinde sazy bolmasa-da, dilinde sözi, bäş agyz söz diýse gerek. Rehim eýle, gelen döw, Set para-para kylma. Agyrtmagyn bu jany, Bagtymdy gara kylma. Ösdi aýralyk ýeli, Uçdy nowadyň güli, Medet bergin, ýa, Aly, Synamy ýara kylma. Hemra diýer ýalňyz başym, Sensiň meniň syrdaşym, Hüýrlukga ýoldaşym, Set para-para kylma. Hemra diýer garyp guluň adyna, Sen ýetmeseň, kimse ýeter meniň dadyma, Beýle jeza bolarmy aşygy binowana, Pähm eýle bu hala, synamy ýara eýleme. Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Döw arkaýyn uçup ýokary çykyp barýardy. «Ýagşy ýokary çaşaryp taşlaýyn diýip» diýip barýardy. Indi habary kimden al, baýaky döw Haşrakdan. Gulagyna çybynyň sesi ýaly bir ses geldi. Döweregine gözläberdi. Hiç zat görmedi. Erse asmany gözledi. Görse,aeropalan kimin harlap, defesinde döw gezip ýör. Hemrany onuň penjesinde gördi. Bagtygara döw«Indi baryp bibime näme diýerin» diýip, geýiminiň çöwresini çöwre, düzüwini düzüw – endamyna oklamaga aýlanyşdy. Yştanyna gezek gelende, gyssanyp kä agzyny basyp, kä aýagyny basyp, çolaşyp aýlanyp ýör. – Gel meniň biabraý bolanymy hiç kim görjek däl-ä – diýip, balagyny biline gaýym daňdy. Üç-dört gaýta ýer depip, bagyň içine ala-zenzele salyp, bir galta urdy. Boldy bir gogur harlap uçup ýöriberdi. Haşrak döwüň basyp gelşine döw Kaknusyň gözi düşdi. Ol howalap, öňkidenem gaty uçmaga başlady. Haşrak döw deňleşiberensoň – How, Kaknus döw, jora, bäri dur! – diýdi. Onda ol ýeňsesini tüňňerdip, gyňralyp – Meni näme iş etjek? – diýdi. Onda Haşrak döw – Eý, dost, eşideňokmy? Bu ýyl gyş gaty geljek. Seniň eliňdäki awy diläp alyp, bibime eltip berip, seniň arkaňdan bir güpbi geýäýjekdim – diýdi. Onda Kaknus döw – Baryp sen bibiňden güpbi geýip, men bibimden hykgy geýeýinmi? – diýdi. Ýene Haşrak döw – Eý, jorajan, zarym bar, zorum ýok. Dileýärin-dä! Beräý-da − diýdi. Onda Kaknus döw ýene gyňralyp, gaharlanyp – Haşamany alarsyň! – diýip, howalap uçmaga başlady. Haşrak döw – Berjek dälmi? – diýdi. Kaknus döw – Berjek däl diýdim, berjek däl – diýdi. Onda Haşrak döw – Bermermiň? – diýdi. Kaknus döw. – Nädip alarsyň? – diýdi. Eli boş Haşrak döw asmana, Kaknus döwüň depesine çykyp gidiberdi. Defesine çykyp birden inip goýberdi. On iki batman demirden bolan elindäki gürzi bilen Kaknus döwüň çekgesine kakdy. Ýarty çekgesi bilen bir gulagyny alyp gitdi. Ikinji gezek ýene inderjek bolanda Kaknus döw kellesini beýläk sap atdyrdy. Görse Hemrany elinden goýbermänsoň güýji gaýra gelip başlady. Şu ýerde döw – Iň uly bölegiň gulak ýaly bolmasa-da, şapbat ýaly bolsa gerek – diýip, Hemrany golundan ýazdyryp goýberdi. Iki döw girdi söweşe. Habary kimden al, Hemradan. Al asmandan kelemenläp gaýdyberdi. Şol ýerde kyrk çilten erenlerden hümmet sorap, olary ýat edip, zar-zar aglap, bäş keleme söz diýse gerek. Kadyr Alla, men bir ejiz guluň men, Bu gün bize medet berer günüňdir. Pirim Hezret Aly, habar algyn halymdan, Bu gün bize medet berer günüňdir. Barçany ýaradan ýa subhan, Çöl meýdanda etme meni sergezdan, Döw, perige patyşa bolan Süleýman, Bu gün bize medet berer günüňdir. Barçanyň atasy sen ýa Adam sefi, Senden kälä geldi sansyz müň weli, Aşyglaryň piri Ýusup – Züleýha. Bu gün maňa medet berer günüňdir. Hemra diýer garyp guluň adyna, Sen ýetmeseň kimse ýeter dadyma, Aly pirim ýetişip yktykadyma, Bu gün maňa medet berer günüňdir. Hemra şol kelemenläp gelşine, bagyň üç-dört tanap aňry ýanyndaky çaýa dogurlap geliberdi. Kyrk çilten gaýyp erenler, Hezret Aly piri jem boldular. Hemrany tutup alyp, çaýyň düýbünde mäkäm goýdular. Hemra jan bu ýerde ýatybersin. Indi habary baýaky döwlerden eşit. Iki döw birniçe sagatlap uruşdy. Hüýrzagpyranyň döwüniň güýji gaýra geldi. Bir gözi çykdy, bir gözinden aýryldy, bir ganaty syndy. Hüýrlukganyň döwüne hiç zeper ýetmedi. Urşy goýup, sag-aman gaýdyberdi. Gaýdyp, Hüýrlukganyň gaşyna geldi. Hüýrlukga: – Eý, Haşrak döw! Hany Hemra? – diýdi. Onda döw «Men sap atyp gutulybilermikäm» diýip, uruberdi şerraýlyga. – Sen haçan goýberdiň ony menden? – diýdi. Onda oturanlaryň barsy şaýat bolupberdiler. – Alyp gitmediňmi, zaňňar! – diýdiler. Döw näderini bilmäni hakal ornaşdyrmaga aýlanyşdy. – Bibijan, alyp barýadym. Elimden perimi, peýkermi, bir zat kakyp alyp gidiberdi. Eger işiň bolşuny aýtsa döw ölmelidi. Hasabyny tapyp, ölümden aman sypdy, gutuldy. Hüýrlukga munuň aýdanlaryna yşandy. Kenizlere gurandaz diýmän, müneçjim diýmän, kitap garaýan goýman ýygnap getirmegi buýurdy. Kenizler ylgaşyp ýörüberdiler. Bir sagada galman gurrandazlary palmanlary, azaýymhanlary − baryny ýygnadylar. Olaryň içinde iň köp ýaşan biri bardy. Adyna Zeýnep mama diýerdiler. Hemme gurrandazlar: – Hemmämiziň halypamyz, sen Zeýnep mama! Gurrany sen ýaz! – diýdiler. Zeýnep mama gurrany ýazyp goýberdi. Keseräge bakyp – Balam, gördüm, gördüm – diýmäge başlady. Onda Hüýrlukga – Görseň, gören ýeriňe başla! – diýdi. Onda Zeýnep mama – Mamaň nas puluny bol bermeseň gitmerin – diýdi. Hüýrlukga – Maňa Hemranyň didary gadagan, zer gadagan däl – diýip, dokuz tabak tyllany getirip, Zeýnebe berdi. Mama tyllany gapdalynda goýup − Bir-iki tanap arka ýandaky gurruk jaýyň içinde ýatyr Hemra – diýdi. Mama öňüni başlap, Hemranyň ýatan ýerine ugrady. Hüýrlukga perileri bilen onuň yzyna düşdi. Mama götün atjak mergen ýaly her defede bir görnüp ýörüberdi. Baryp çaýyň agzyna ýetişdiler. Eňilip gözlediler hiç zat görmediler. Mama: – Bu çaý kyrk gulaçdyr – diýdi. Hüýrlukga dergazap bolup – Kyrk gulaç ýüpek arkan taýýarla – diýdi. Tanap suw içim salymda taýýar boldy. – Kim girer-de, kim girer – boluberdiler. Onda Simun keniz – Özümi girip, Hemrany alyp çykmaly – diýdi. Ýüpek arkany Simun keniziň biline bent edip, çaýa salladylar. Çaýyň bir burçunda Hemra uzyn düşüp ýatyr. Öňünçä bent edip, Hemrany, soň bent bolup, özi çykdy. Hüýrlukga Hemra ser salsa, reňk ýok, pet ýok, oglanyň zordan demi bar. Hüýrlukga Hemranyň kellesini dyzynyň üstünde goýup, zar-zar aglap, külli gazynasyndan geçip, bäş agyz söz aýtsa gerek. Münejimler kitap alyp geliňler, Gözel ýara şypa barmy, janlarym. Gurrandazlar gurraňyzy salylar, Dertli gula derman barmy, janlarym. Menzil nirde, mekan nirde, jaý nirde, Ah çekip agladygym köşki saraýda. Hemrany goýmaňyz pynhany jaýda, Hemra jana şyfa barmy, janlarym. Kilit bersem hazynanyň baryna, Guwanmaňyz ýalan dünýä malyna, Kyrk bir hazynam huda ýoluna, Gözel ýara şyfa barmy, janlarym. Hüýrlukga aýdar bagtym ötendir, Ýaradandan kysmat şeýle bolandyr, Dostlarym aglaşyp, duşman gülendir, Hemra ýara şyfa barmy, janlarym. (Dowamy bar) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |