17:54 «Hüýrlukga – Hemra» dessany / dowamy -2 | |
«HÜÝRLUKGA – HEMRA» DESSANY / dowamy -2
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Elkyssa, Hüýrlukga sözüni tamam etdi. Kenizler atdan ýykylan atoglan ýaly eýlesini ber-de, eýlesini ber – boluşdylar. Söýünji soradylar. Hüýrlukga öňünçä buşlana güpbi, soňkysyna topby, iň zat bermedigine ýaglyk berdi. Munuň arkasyndan serpaýlanan kenizler Hemrany elden-ele göterip, alyp gaýdyberdiler. Hemrany köşge äkelip, gülap suwuny sepip, öňki kaddyna getirdiler. Hüýrlukganyň wagty hoş bolup, Simun kenizi çagyryp, jarçyny çagyrtdy. Simun keniz jarçy getirdi. Hüýrlukga jarça serpaý ýapyp: – Hüýrlukganyň ýedi gije-gündiz toýy bar. Bagşy men diýme, puhara men diýme, hoja, ýigit diýme – geliberiň diýip, jar çekiber diýdi. Toýa öňünden gelip başladylar. Bagşy aýdyp, toý tabagy çekilip, toý uludan tutuldy. Indi habary kimden eşit, Hüýrzagpyranyň Kaknus döwünden eşit. Ol ýykylyp, sürşüp, bibisiniň alnyna bardy. Hüýrzagpyranyň beýle tamasy ýokdy. Kaknus döwüň bolup gelşini hefeşi gördi. – Heý, zaňňar, döw! Bolup gelşiň nähili? Meniň saglygymda kimden zorluk-sütem gördüň? – diýdi. Onda Kaknus: – Şol siňliň adamzat ýüzügarasy barka, kimden zorluk göreýin! – diýip bagyryberdi. Hüýrzagpyran oýlanyp, öýüne girip, ojagynyň başyny ýumruklaý-ýumruklaý torç etdi. – Şonuň adamzadyny elinden alyp, bir çemçe ganyny içmesem, asla içim sowamaz diýip, gygyryp oturdy. Yzyndan – Hüýrzagpyranyň maslahaty bar – diýip, jar urdurmaga başlady. Birnäçe adamyň başyny jemledi. Hüýrzagpyran aýtdy: − Eý, adamlar siňlim bilen uruş talap edýen. Şoňa gidermisiňiz? – diýdi. Onda duran jemagat – Gidýes – diýip gygyryşdy. Top göterip, baýdak göterip, ýygynyň öňüni başla,p özi gaýdyberdi. Hüýrlukganyň hem göwnüne güman gelip, gurrandazlaryny ýygnap gurra taşlatdy. – Al, üstüňe köp ýygyn gelýär – diýdiler. Hüýrlukga hem – Urşa çykmaga taýyn boluň – diýip jar urdurdy. Sagada galman köp jemende ýygnandy. Bu-da ýygynyň öňüni başlap ýörüberdi. Iki ýygyn sap durup, tebil kakyp, girdi söweşe. Uruş gyzyşyp gitdi. Hüýrzagpyranyň leşgeri degen ýerden basyldy. Gaçyp gelip, Hüýrzagpyrana dykylyberdiler. Oňa çenli bularyň arasyna işan-molla düşüp, urşy goýdurdular. Indi habary kimden eşit, Hüýrzagpyrandan, galan-gaçan leşgerini ýygnap, bir dagyň gowagyna eltip – Men gelinçäm duruberiň. Meň özüm şol adamzady aldap-ogşap, bir ele salyp, ýok edeýin – diýip ýüwrüberdi. Etek alty, ýeň ýedi bolup ýetip geldi. Habary kimden al, Hüýrlukgadan. Ol duşmanyň ýygnyny derbi-dagyn edip, gaýdyp gelip, Hemra bilen çaý-nahar bedessur edip otyrdy. Şol wagtaldyranyy bar ýaly bolup, işikden Hüýrzagpyran girdi. Hüýrlukga onuň beren salamyny aleýik aldy. Hüýrzagpyranyň yşky göterilip, baryp Hemra ýüzi düşdi. Hemrany görüp, huşy başyndan göçüp, darak gaýtdy bolup gaýdyberdi. Sagat çemesi ýykylyp ýatdy. Essine gelip, agzy-burnunyň suwuny süpürişdirip: «Munuň ýaryny aldap alyp, özüme ýar edeýin. Munuň ýaly oglan dünýä bir geler, iki gelmez» diýip, uly oýlanyşyga gitdi. Hüýrlukga muny aňlapdy. Hüýrzagpyran: – Eý, siňlim Hemrany maňa bir gije myhman berseň – diýdi. Onda Hüýrlukga: – Sen zaňňaryň gyzy iki ganat, bir gurup diýip, şunça heläkçilik etdiň. Indi men saňa muny berip, niçik yzyňdan gözläp oturaýyn – diýdi. Hüýrzagpyran yzyna aýlanyp ýörüberdi. Sagada galman bilbilgöýäni altyn kafasy bilen getirip berdi. Hüýrlukga ony ýedi gabat jaýyň aňyrsynda bent edip, ýene gol gowşuryp oturyberdi. Hüýrzagpyran boýnuny bir gapdala taşlap – Muny bir gije bermeseň-de bir sagat berseň, men bir didaryndan doýsam – diýdi. Hüýrlukga ters bakyp oturyberdi. Onsoň Hüýrzagpyran«Her näme bolsa-da dogandyr, ýalbarsam erär» diýip, ýalbaryp bäş agyz söz diýse gerek. Başyňa döneýin Hüýrlukga jan, Hemrany bir gije berseň ne boldy? Janymy janyňa eýleýin gurban, Hemrany bir gije berseň ne boldy? Adamzat getirdiň afaň kassyna, Gylyç alyp çapgyn meni dessine, Çykarsam Hemrany synam üstüne, Ýaryňy bir gije berseň näm boldy. Adamzat ilinden oglan gelipdir, Gelip meniň akyl-huşum alypdyr, Siňlim, senden bir dilegim bolupdyr, Hemrany bir gije berseň näm boldy. Hüýrzagpyran bagtym garadyr, Aýralyk oduna synam ýaradyr, Indi meniň janym çykyp baradyr, Ýaryňy bir gije berseň näm boldy. Elkyssa, Hüýrzagpyran sözüni tamam etdi. Hüýrlukga aýtdy – Eý, şerbende, adamdan hatama çenli nika düşýe diýen rowaýat barmy? Eger rowaýat bolsa, rowaýat tapyp alarsyň. Bolmasa didaryň öçsin, tizräk ýok bol – diýdi.Hüýrzagpyran ýene-de boýnuny burup – Gurbanyň bolaýyn, birje sagat berseň, bir dyzlaşyp otursam – diýdi. Onda: – Ugra diýdim, ugra, didaryň öçsin! − diýip, Hüýrlukga gygyrdy. Indi habary kimden al Hüýrzagpyrandan. Oturyp oýlanyşdy. Özüni okadyp çykaran bir kazy bar erdi. Özi hem Hüýrzagpyrana on dört ýaşaly bäri aşykdy. Garasyny bir görse, tä garasy ýitýänçä garap galardy. Onuň adyna Misgin diýerdi. Özi ýetmiş ýaşyna çykan erdi. Munuň aşyklygyny Hüýrzagpyran bilýärdi. «Şu kaza barsam, ýalbarsam, bir safar meniň üçin imanyny ýuwutsa gerek» diýip, nirdesiň Misgin kazy diýip ýörüberdi. Şol ylgap barşyna giç peýşin ara kazynyň ýanyna bardy. Kazy eline aýna, mykrazyny alyp, jaýyna söýenip, agzynyň çökürtmegräk ýerini kakyşdyryp otyrdy. Günýaşar tarapdan kazynyň gözüne bir gyzyl-çyzyl göründi. Garry adam özüňe mälim, elini kölegelläp, agzyny öwweldip, murtuny çommaldyp gözläberdi. Ýakyn gelensoň görse, Hüýrzagpyran. Kazy ony görüp ýigrimi bäş ýaşyndaky ýigit ýaly boldy. – Zaňňaryň gyzy. Biziň üstümizdenem ýoly düşýän eken-ow – diýip hoňňurdamaga başlady. – Çola ýerde sataşdyň, adamsyz ýerde sataşdyň. Haýsy ýeriň guçmaga, haýsy ýeriň öpmäge kaýym – diýip oňaýlanyp oturyberdi. Hüýrzagpyran gelip salam berdi. Kazy onuň salamyny-zadyny alman: – Aý, Hüýrzagpyran, eýgilikmi, näme aldyran ýaly bolup gelýärsiň? – diýdi. Onda Hüýrzagpyran – Eý, kazym, gelşim-ä eýgilikdir. Men saňa hyzmatymy beýan edeýin – diýip, kaza ýalbaryp, bäş agyz söz diýse gerek. Seriňe döneýin, gül ýüzli kazym, Emma, kazym, nika düşsün diýewer. Bu janym janyňa eýleýin gurban, Düşmese-de nika düşsin diýewer. Semruhyň bagynyň baryn bereýin, Gunduzyň şäheriniň ýaryn bereýin, Genji-hazynamyň zerin bereýin, Düşmese-de nika düşsin diýewer. Kyrk müň gul bereýin bili kemerli, Kyrk müň çory bereýin eli hünärli, Kyrk müň at bereýin tylla eýerli, Düşmese-de nika düşsin diýewer. Başyňa sellelik hasa bereýin, Eliňe tylladan käse bereýin, Her ýanymdan jüpden posa bereýin, Düşmese-de nika düşer diýewer. Hüýrzagpyran aýtdy bagtym garadyr, Yşk oduna ýürek bagrym ýaradyr, Indi meniň janym çykyp baradyr, Emma kazym nika düşer diýewer. Elkyssa, Hüýrzagpyran sözüni tamam etdi. Onda kazy işan aýtdy – Pah, pah, Hüýrzagpyran, derýa kimin joşduň-ow, ýör onda meýhana baraýly – diýip, kazy işan örboýuna galyp duruberdi. Hüýrzagpyran hem galyp duruberdi. Kazy işan: – Hüýrzagpyran, sen öňüni başla – diýdi. Onda Hüýrzagpyran – Eý, kazym, sen ilatyň talyb adamy. Men sen barkaň öňüňden ýöräp bilmen – diýdi. Onda kazy işan ýalandan lohhuldap gülüp: – «Myhman ataňdan uly» diýipdirler. Sen şu wagt biziň atamyzdanam uly – diýdi. Hüýrzagpyran näalaç bolup, kazyň öňüne düşüp ýöriberdi. Bu zaňňar kazynyň köwşi tarkyldap götüne ýetip gaýdýar. Hüýrzagpyranyň tereziläp duran egnine, inçe biline, ak tofugyna ser salyp barýardy. Baryp meýhana girdiler. Kazy işan tafan-tufan kitabyny alyp, agdaryp gördi, emma hiç tafan rowaýaty bolmady. Hüýrzagpyran gyssanyp: – Eý, kazy, tizräk bol, rowaýatyňyzy çykar – diýdi. Onda kazy – Atamdan galan köne kitap bardy, şonuň bir ýerinde görüpdim. Şony äkel – diýdi. Hüýrzagpyran o ýeri, bu ýeri gözläp, boýranyň astynda çaň basyp ýatan köne kitaba gözi düşdi. Ony getirip kazynyň öňüne taşlady. Kazy işan kitabyň ýaryna barynça agtaryp bardy, ýaryna baryp, bir garajyga barmagyny basyp, şala düşen doňuz ýaly hyňlaberdi. Hüýrzagpyranyň göwnüne geldi – Hä, imanyň ýuwutjak ýeriňe geldiň-ow, tapdyňyzmy – diýdi. Onda ol. – Pah, pah, gyzym seniňem sowatdan aňlylygyň peýdasy degdi gerek. Howa, tapdym. Ýaňy näme diýipdiň? – diýdi. Onda Hüýrzagpyran – Semhuryň bagynyň baryn, Gunduzyň şäheriniň ýaryn, genji-hazynamyň zerin bereýin – diýipdim. Onda kazy. – Maly dünýäm kem däl, dogurlanyber aňyrsynda näme bar, onam aýt! – diýdi. – Kyrk müň gul, kyrk müň çory diýipdim – diýdi. Onda kazy: – Ýok-ýok diýdi. Hüýrzagpyran ahyrda: – Her ýanymdan jüpden posa bereýin diýipdim – diýende, kazy: – Pah, pah, Hüýrzagpyran. Ataň halal siýdigi.Berekella, şerigatyň mäkämligi. Seniň bäş ýeriňe zeýnim düşdi. Maňlaýyňdan jüpden-jüpden, her ýaňagyňdan jüpden-jüpden, alkymyň aşagyndan jüpden-jüpden – diýip, kazy sandyraberdi. Hüýrzagpyran gurbanlyga soýuljak erkeç ýaly gelip, kazynyň alkymyna dykyldy. Kazy özüni Hüýrzagpyranyň üstüne taşlap goýberdi. Jöwenden asylan teňňil ýaly baryp, Hüýrzagpyranyň alkymyndan urdy agzyny. Ellerini bolsa orap alypdyr. Asyl Hüýrzagpyrany iýip-içip öldürip barýar. Şol dalaşyp ýörüşlerine Hüýrzagpyranyň eline bir kesewi ildi. Ony kazyň burnuna sokup gaňyrdy, onda-da kazy aýrylmady. Ahyry Hüýrzagpyran bar güýji bilen kazyny iterip goýberdi. Kazy hon ýaly ýere zyňylyp düşdi. Hüýrzagpyran: – Ýör, düş öňüme. Men nirä gideýin, posany haçan alanda bolmaýar – diýdi. Onda kazy degişmä salyp gülüp: – Ýol azygy edi.dik! – diýdi. Hüýrzagpyran kaza selle bejerip berdi. Şeýdip öňünde kazy, yzynda Hüýrzagpyran çykyp ýörüberdiler. Kazynyň sellesi işige galyp bolup duruberdi. Hüýrzagpyran kazynyň sakgalyndan tutup: – Heý, kazy, gytarlap – diýip näçe çekse-de çykmady. Hüýrzagpyran bar güýjüni toplap, selläniň bir çetinden basyp, kazy hem bar güýjüni toplap omzady. Kazy zyňylyp işikden çykdy. Kazy horjuny eşegine salyp, atlanyp Hüýrzagpyranyň öňüne düşüp ýörüberdi. Hüýrlukganyň köşgüniň garasy görnende, Hüýrzagpyran: – Eý, kazy, siňlim gumançydyr. Ikimiz bile barsak guman eder. Sen öňürti barsaň, men soňra barsam niçik bolyr? – diýdi. Kazy razylaşyp ýörüberdi. Emma Hüýrzagpyranyň delili bardy. Baýaky gädik dişler Hüýrzagpyranyň ýüzüniň diri mekan ýerini goýmady. Şony toprak bilen bitişdirip barmakdy. Kazy baryp işikden girdi. Hüýrlukga bolan işleriň baryny bilip otyrdy. Kazy salam berdi. Hüýrlukga onuň salamyny almady. Hüýrlukga goluna sazyny alyp – Sen ajalyňa guwanyp geldiňmi? Ýetmedik ajalyňa gol bulaýarmyň? Saňa boljak işleri bir-bir beýan edeýin – diýip, gapdalyndaky gazmany mämesniň üstünde goýup, kazy betniýete gözläp, bäş agyz söz diýse gerek. Habar bergil, kazy, kaýdan gelersen Emma, kazy, rast jogabyn diýewer. Dogryňdan sözlegil, ýogsa ölersiň, Emma, kazy, rast jogabyn diýewer. Kazy bolan beýle akly çaşarmy, Çaşyp-çaşyp, şerigatdan aşarmy, Siňliden afaga nika düşermi, Emma, kazy, rast jogabyn diýewer. Kazy, hoş gelipsiň biziň araga, Akan ganyň melhem bolsyn ýaraňa, Jüpden-jüpden posa alypsyň paraňa, Emma, kazy, rast jogabyn diýewer. Bir ýanyňdan syrat diýip sürerler, Bir ýanyňdan otly gürzi ururlar, Eden işlerini senden sorurlar, Emma, kazy, rast jogabyň diýewer. Hüýrlukga aýdar gopdy kyýamat, Başyňda galandyr ganly melamat, Ýalan sözläp duşman bolmak ne hajat, Emma, kazy, rast jogabyn diýewer. Elkyssa, Hüýrlukga sözüni tamam etdi. Onda kazy işan – Seniň ýanyňda her bir basan yzym gadagandyr. Meni afaň öňüne salyp, kowup äkeldi – diýdi. Munam Hüýrzagpyran daş işigiň agzynda eşidip durdy. Ol gaharlanyp içeri girip: – Heý, zaňňar, beý diýýänçäň bä diý, pohuňy iýme. Bol rowaýatyňy çykar. Bolmasa kelläňi aldym – diýdi. Gorkan adam özüňe belli, kazy hile salyp – Eý, Hüýrzagpyran, siňliňden gorkýarmyň? – diýdi. Onda ol – Ýok, gorkamok – diýdi. Eýse gorkmasaň gulagyna ýal degir-dä – diýdi. Hüýrzagpyran «tüfä» diýip ugranda, Hüýrlukga «ýit-ä» diýip, berdi gursagynyň agzyna. Hüýrzagpyranyň gahary gelip, Hüýrlukganyň saçyndan orap tutdy. Hürýlukga hem onuň saçyndan orap tutdy. Girdiler gyzyl ýumruga. Şol wagtda assa gaçan namart, guşguna bereket, zeňňä hümmet, gaçyp çykyp gitdi. Kazy işanyň meýhanasy bilen aralykda bir-iki tanap jeňňel bardy. Selle çözülip gitdi. Sümüp tilki gaçyşyny edip gaçyp barýardy. Kazynyň yzy ylla şehitlige meňzäp, her çetiniň başynda onuň sellesiniň bir üptügi galdy. Baryp meýhanasynda girip, içinden gulplap, direg berip duruberdi. Hüýrzagpyran bir zamandan soň görse, kazy nirde, zat nirde. Kazynyň köwşi taýyň ahyry ýaly bolup, gaçan ýerinde ýatyr. Hüýrzagpyran öň etegini çermegine gysdyryp, kazyň yzyndan ýüwrüberdi. Gahary gelen adam, özüňe mälim, hä diýmän kazynyň meýhanasynyň agzyna bardy. Işigi iterip goýberdi, açylmady. – Eý kazy işan, işigi aç – diýip gygyrdy. Onda kazy: – Sen kim, sen – diýdi. Hüýrzagpyran: – Men Hüýrzagpyran – diýdi. Kazy: – Näme işläp ýörsüň? – diýdi. Onda ol: – Yzymdan Hüýrlukga kowup gelýär. Ikimiz bilek birikdirsek, ölümden galýas – diýdi. – Bu wagta çenli meniň bilen güýç birikdirip gün gördüňmi? Meýdandaky hüjrede boluber – diýip, kazy jogap berdi. – Kazy işan, seni-meni goýaly. Aç diýdim, aç – diýip, Hüýrzagpyran azm etdi. Kazy: – Sen bileňokmy? Men messura men – diýdi. Hüýrzagpyran: – Eý, kazy işan, haçan messura bolduň? – diýdi. – Zaňňaryň gyzy, özüň bileňokmy? Ýedi ýyl bolmadymy? Meniň messuralygyma – diýdi. Hüýrzagpyran elini çermäp bar güýji bilen gaharlanyp, gapyny depip açdy. Kazy işanyň ýanagaç ýanynda, bosaga boýnunda, gapysy arkasynda, arabadan gaçyp çykan raýly ýaby ýaly töre maňlaýyny diräp dur. Hüýrzagpyran kazyny, sen ýok, men ýok sakgalyndan tutup, posa alan ýerine getirdip oturtdy. Kazynyň eýlesine, beýlesine geçmäge başlady. Kazynyň gahary gelip: – Meniň abat jaýymy bibat etdi. Bäş agyz posaňy minnet etme. Al-da ýok bol – diýdi. Hüýrzagpyran ýanyp, köýüp, sabyr synasyna saz edip, kaza garap, etjek işlerini beýan edip bäş agyz söz diýse gerek. Ozal meniň bilen bolduň, Gel, jogabyň bergil, kazy. Nä üçin boýnuma gol saldyň Alanjylyňy bergil, kazy. Seni çekdirermen dara, Sürterin ýüzüňe gara, Kylaryn seni set para, Imanyňy öwür, kazy. Tapyp sen aldar kişiňi, Bilip söýlegil işiňi, Walla, keserin başyňy, Tomaşalar görgül, kazy. Hüýrzagpyran ne kylar, Öýüň üssüňe ýykylar, Gyzyň aşyk men dek bolar, Şonda gadrym bilgin, kazy. Elkyssa, Hüýrzagpyran sözüni tamam etdi. Elbetde, kazy işanyň gyzy bardyr-da. Gahary gelip gursagynyň gyllary köýnegini deşip çykara geldi. – Seniň derdiňden gyz-gymrym galjakmy? Posaňy al-da tizräk ýok bol – diýip, abaýlanyp gygyrdy. Hüýrzagpyranyň öňküdenem beter gahary geldi. Gahary gelen Hüýrzagpyran kazyny gaýym çök oturdyp, jübüsinden pereňňi çakgysyny çykaryp, sag gulagynyň ujundan salyp goýberdi. Kazynyň çekge sakgaly bilen bir gulagyny çakgy ýolup düşdi. Soň Hüýrzagpyran: – Aç agzyňy, kazy! – diýdi. Kazy agzyny açdy. Çekge sakgalyny özüne iýdirdi. Beýleki gulagynam şeýdip özüne iýdirdi. Kazynyň maňlaýyna geçip görse, burny dur. Saldy çakgyny. Çakgy kazynyň burnuny ýokarky dodagy bilen alyp düşdi. Kazynyň aşaky dodagy suw alanyň tekjegi ýaly, sallanyp galdy. Hüýrzagpyran: – Kazy işan, biziň ile gelende ýalaňaçlar geýinýärdi, açlar doýunýardy. Sen näme üçin öýkeläp otyrsyň? – diýip, kiçi sakgalyndan saldy çakgyny. Çakgy eňeginiň ýary bilen teýki dodagyny taraşlap alyp düşdi. Kazy bişen kelle ýaly, juwazyň oky ýaly ortada syrtarylyp galdy. Hüýrzagpyran: – Eý, kazy işan, sen nämäňä gülüp otyrsyň? – diýdi. Onda burunsyz kazynyň sesi hüňlenip çykdy. Düşer-düşmez edip – Seniň edip oturanyňa gülýän – diýdi. Hüýrzagpyran: – Ine, meniň edip oturanyma gülseň – diýip, çigninden tutup, süýräp meýdana çykardy. Gursagyna dört para gara sürtüp, eşegine ters mündirip, aýagynyň aşagyndan mäkäm daňyp, eşegi ura-ura jaýyň töwereginden dört mertebe aýlady. Şeýdip kazyny göresi halda onuň öýüniň ileri ýanyndaky uly ýola salyp kowup goýberdi. Kazy eşegiň üstünde gawuna dikilen garantgy ýaly bolup gidiberdi. Hüýrzagpyran köşgüne gelip, bagryny sowuk ýere taşlap ýatyberdi. Indi habary kimden al, kazy işan bilen eşekden. Eşek ajygan ýerinde otlap, suwsan ýerinde suw içip, agnak görse agnap, ýata-tura gidiberdi. Şol barşyna çarwadar iliň üstünden bardy. Goýun-geçi, düýe bakyp ýören çopanlar gyzyltaýak oýnap ýörkäler, özlerine dogurlap gelýän bir garany gördüler. Oglanlar dowul tapyp gaçmaga başladylar. Eşegem olaryň yzy bilen baryberdi. Şol wagt ýykylyp-sürçüp yza galan oglan: – How, joralar bäri duruň, bu baýaky meniň atama nähakdan müň tylla salyp alan kaza meňzeýär – diýip gygyrdy. Onda oglanlar; – Kazy diýeniň şoň ýaly bolýarmy? – diýdiler. – How, doganlar, güýçliden tafan bolsa bildiňizmi – diýdi. Oglanlar anyklamak üçin ýüwrütip gaýdyberdiler. Şo kazylygny anyk tanap, öz atasyna tömet salan oglan öňi bilen kazynyň depesinden taýak inderdi. Kyrk çemesi oglanyň her haýsy bir taýak urup – Janyň kyrk-da bolsa, her gaýsyna bir taýak urduk gerek – diýip gülüşdiler. Soň ýene öz oýunlaryna başlaberdiler. Indi habary kimden al, Hüýrlukgadan. Hüýrlukga Hemra bilen aýşy-aşratda bolup ýatyrdy. Hüýrzagpyran gidensoň, Hüýrlukga bilbagdan ýassyk, dyzdan çymylgan düşedip, öňürti özi, soň Hemrany ýanyna alyp, ikisi bir adam ýaly dolaşyp, öpüşip, guçuşyp, dal çybyk deý çyrmaşyp ýaşaberdiler. Elkyssa, Hemra jan Bilbilgöýäni alyp,Misir ýurdyna gaýtmakçy boldy. Hüýrlukga jan Hemra jana rugsat berip, kyrk kenizini alyp, ýola rowana boldy. Bir mezillik ýol ýöridiler. Hemra jan şu ýerde atdan düşüp –Eý, Hüýrlukga jan, uzadandan ýoldaş bolmaz − diýip, Hüýrlukga jan bilen hoşlaşyp, ikisi garşylykly bir nama aýdar. Hüýrlukga – Mundan gider bolsaň, eziz myhmanym, Bar, Hemraýym, aman-esen gelgeýsen. Perizat ähliniň göwün hoşgähi, Bar, Hemraýym, aman-esen gelgeýsen, Hemra – Indi gider boldum, Misir ýurdyna, Tiz gelermen perizadym, hoş indi. Alla saldy aýralygyň derdini, Tiz gelermen perizadym, hoş indi. Hüýrlukga – Sen indi diýip gider yzyň yzlasam, Kesip-kesip gara bagrym duzlasam, Tä gelinçäň seniň ýoluň gözlesem, Bar, Hemraýym, aman-esen gelgeýsen. Hemra – Aman-esen Misir ýurdyna barsam, Galanja döwrany gelibän sürsem, Güljemile janym, atam-enemi görsem, Tiz geler men, perizadym, hoş indi. Hüýrlukga – Näçe gördüm seniň jebir-jepaňy, Adamzat sen, bawar etmen wepaňy, Aýny çagy sürebilmedim sapaňy, Bar, Hemraýym, aman-esen gelgeýsen. Hemra – Mundan baryp, bolsam Misir iline, Seýran etsem ter çemenli gülüne, Her zaman bakarmen seniň ýoluňa, Tiz geler men, perizadym, hoş indi. Hüýrlukga – Hüýrlukga aýdar, jefa-jebrim bar, Hak ýolunda gazylmagan gabrym bar, Mundan gitseň ýedi aýa sabrym bar, Bar, Hemraýym, aman-esen gelgeýsen. Hemra – Hemra diýer özge gorky bolmasa, Ajal ýetip, şum peýmanym dolmasa, Açylyban täze gülüm solmasa, Tiz geler men, perizadym, hoş indi. Emma sowaly-jogap sözi tamam etdiler. Ondan soň, Huýrlukga jan Hemra janyň boýnuna gol salyp, birnäçe posalar aldy. Onda Hüýrlukga jan aýtdy: – Eý, Hemra jan, uzadandan ýoldaş bolmaz. Bar, aman gel − diýip, Hemra jany kenizler atga göterip mindirdi. Hemra jan ýola rowana bolup ýöribersin. Hüýrlukga jan kyrk kenizi bilen Herem bagynda karar tapsyn. Indi habary kimden al, Hemra jandan al. Az ýörip, köp ýörip, birniçe ýol geçdi. At aýagyndan bikär boldy. Gündizine ýörip, gijesine şöwür berdi. Söz gysgasyna ýagşy. Agalary bilen aýrylyşan ýerine bardy. Erse bular ähti-wefa kylypdylar, bir daşyň astynda üçisi gol goýyşyp, hat ýazyp erdiler hem bilinden sogryp, üç ok goýypdylar. Erse Hemra jan atdan düşdi. Aty bir daşga mäkäm edip, daşyň assyny agtardy, üçisiniň goýan oky dur, haty hem dur. Haty alyp telpegine gyssyrdy. Üç oky alyp biline sançdy. Gaýtadan şasuwar atyny sypap-salgap eýerläp, niredesiň barsa geler ýoly diýip, ýola rowana boldy. Gündizine ylgar urup ýöräberdi, gijesine şöwür çeker erdi. Az ýörip, köp ýörip bir niçe ýoly geçdi. Näge bir gün gije şöwür wagty öňüni bir gara dag tutdy duruberdi. Asmana barabar boldy. Hemra jan eýläk atlanyp sürdi, beýläk aýlanyp sürdi, hiç ýol tapmady. Haýran bolup, atyň üstünde, sazy destinde, bir bäş keleme söz aýdar gerek. Kadyr Alla, aýra saldyň ilimden, Golda meni, gardaşyma ýetirgil. Bir bilbildim, jyda boldum gülümden, Golda meni, gardaşyma ýetirgil. Aýralyk söwdasy başymdan aşdy, Bir aýralyga akyl-huşlarym çaşdy, Aramyzdan niçe menzil çöl geçdi, Golda meni, gardaşyma ýetirgil. On iki ymam bilen ol ýedi weli, Hakyň dostudyr Muhammet Resuly, Pirim Şahymerdan ýa Hezret Aly, Golda meni, gardaşyma ýetirgil. Hemra diýer, aýra düşdim ilimden, Aýralygy ýaman gördüm ölümden, Hydyr, Elýas habar alyň halymdan, Hümmet berip gardaşyma ýetirgil. Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Kybla tarapyndan dag göçen ýaly bolup, tekiz ýer bolup galdy. Hemra jan öňki ýoluny yzarlap ýöriberdi. Az ýörip, köp ýörip, birnäçe ýoly ta kylyp, gündizine ylgal urup, gijesine şöwir çekip barýar erdi. Öňünden bir şäher peýda boldy. Hemra janyň wagty hoş boldy. – Eý, hudaý, men bir ile aralaşdym − diýip, gelip derwezeden dogry köçä düşüp ýöriberdi. Emma bu şäheriň adamlaryna Hemra jan habar gatdy. Şäher adamsy Hemra janyň diline düşmedi. Gaýta masgaralap, daş zyňyp, toprak seçdiler, gygyryşdylar. Şol barabarynda köp bir üýşüp otyran ýygynyň üstüne dahyl boldy. Hemra jan atyň üssünde, sazy dessinde, bulara garap bir bäş agyz söz diýse gerek, agalaryny sorap: Serkerde kylypdyr kadyr hudaýym, Mülküm şoldur, Misir şährin islärin, Meniň açylmady bagty syýaýym, Mülküm şoldur, Misir şährin islärin. Şähri Ispihan Leňňijan bilen, Bu synam dolupdyr derdi gam bilen, Gandakar,Käbil, Hindistan bilen, Kaşgyr, Kokan, Çynma-çyny islärin. Hemra diýer garyp guluň adyna, Rehm eýleýip,Alla ýetsin dadyna, Hüýrlukga perim göňil şadyna, Göňlim alan söwer ýary islärin. Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Ondan soň bu Hemra janyň gelip duran ýeri edil patyşanyň alny bolmazmydy. Patyşanyň bir gyssagal ýumşy çykyp, wezir agzamlaryny, tamam ýagşy ýigitlerini ýygnap maslahat edip otyrdy. Patyşa ýetmiş iki dile düşer erdi. Hemra janyň aýdan sözüniň bir nokadyny taşlaman düşdi. Patyşa oturan jemagata aýtdy: – How, halaýyk, bu ýigitniň aýtganyna düşýemisiňiz? − diýdi. Onda halaýyk: – Patyşaýym, sizler düşmeseňiz, bizler düşmedik − diýdi. Patyşa aýtdy: – Bu ýigit bir ilinden aýra düşip ýörän ýigit eken. Bu ýigitni men ogyl kylsam, bu şäherden halan gyzyny alyp bersem, tagty-täjime eýe kylsam, ýurdyma şuňa tabşyrsam − diýdi. Patyşanyň ogly ýok erdi. Patyşanyň aýranyna Hemra jan düşdi. Jemagat patyşanyň sözüni kabul kyldy. Hemra janyň muňa gahary geldi. – Men seniň ýurdyňa eýe bolup, soltan bolmak üçin gelemok, men bir ýitigçi durman − diýip, arkasyndan sazyny kakyp alyp, atyň üssinde ýene bir bäş keleme söz diýdi. Gulak salyp eşit, şaýym arzymy, Begler, meniň goç gardaşym gidipdir. Meniň açylmady bagty syýaýym, Begler, meniň goç gardaşym gidipdir. Barsagelmez ýola men bardym, Perizatlar bilen döwrany sürdüm, Işim bitip, Bilbilgöýäni aldym, Begler, meniň goç gardaşym gidipdir. Ýol renji saraldypdyr ýüzimi, Eý, agalar, aňlasaňyz sözümi, Perizada delmurdypmen gözümi, Begler, iki goç gardaşym gidipdir. Hemra aýdar, Hysrow şanyň ogly men, Halapda ýatanym, hakyň guly men, Ýaşym kiçi, han ýanynda uly men, Begler, iki goç gardaşym gidipdir. Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Ondan soň patyşa jemagata aýtdy. – Bu ýigit adam ýitiren ýigit ekeni. Meniň aýdan sözümi kabul etmedi − diýdi. Patyşa bir jarçyny çagyryp aldy. Golyna bir dinar berip, jar çekip ýöriberdi. – Her kimse patyşanyň alnyna ýitig adam alyp gelse, iýjek-içjegini ýedi pyştyna barynça patyşalykdan,hem algyt-salgytdan boşadylyp, patyşa baş-aýak serpaý berýe − diýip jar çekdirdi. Jarçy şäheriň bu çetinden jar çekip, o çetine çykdy. Bir agasyn kelmpazçy alyp geldi, bir agasyn külalçy alyp geldi. Kelimpazçy bilen külalçynyň eline patyşa hat ýazyp, möhür basyp berdi. «Indi siziň ýedi pyşdyňyza barynça iýjek-içjegiňiz patyşalykdan bolýa hem algyt-salgytdan boşadyňyz» diýip, baş-aýak serpaý etdi. Indi habary kimden al, Hemra jan agalaryny jem edip aldy. Wagty çenden hoş boldy. – Eý, patyşaýym, indi maňa rugsat ber − diýdi. Onda patyşa: – Maňa üç güne çenli puryja ber − diýip, Hemra janyň ýol azygyny taýynlatdy. Meşik-mitara tikdirdi. Iki inerni azyk-suwdan ýükläp, taýyn etdi. Üçüsine esbaby bilen şaýlap, üç at berdi, gollaryna kesgir gylyç berdi, baş-aýak serpaý berdi, billerine pota baglady, başlaryna jyga sançdy. Ýene jarçyny çagyryp alyp, jar çekdirmäge aýlanyşdy. Jar budyr – Patyşa Hemra janyň ýolga alyp çykýa, alyp çykanda bu şäherniň adamsy hemmesi patyşa bilen bile ugramalydyr − diýip, jar çekip ýöriberdi. Sagada galman kyrk muň adamyň başy jem boldy. Hemra jany ýolga alyp çykyberdiler. Bir menzillik ýol ýöridiler Hemra janyň wagty hoş bolup: – How, patyşaýym, bu hyzmatyň assyndan çykar ýaly bolmady, eden hyzmatyň Alladan gaýtsyn − diýip, atyň üssinde, sazy dessinde, bäş agyz söz aýtsa gerek. Men gider oldym Misire, Hoş galyňyz bizden, şaýym. Döwlet guşy gondy başa, Hoş galyňyz bizden, şaýym. Ili-halklar, pukaralar, Agar arap, omaralar, Hoja, seýit, ulamalar, Hoş galyňyz bizden, şaýym. Säherde saýrar bilbiller, Syýa saçlary sünbüller, Ter açylan täze güller, Hoş galyňyz bizden, şaýym. Hemra diýer, Misirde jaýym, Allaha ýetdi bu ahym, Bir hümmet gyl, patyşahym, Hoş galyňyz bizden, şaýym. Hemra jan bir sagatlap halaýyk bilen hoşlaşyp ýördi. Ondan soň duran hoja, seýit, tamam ulamalar, patyşa, wezir agzamlary patyýa galdyryp, Hemra jany ak ýola saldylar. Patyşa jemagat bilen ýurdunda karar tapsyn. Indi habary kimden eşit, şol bara-barynda ýöriberdiler. Az ýörip, köp ýörip barýar erdiler. Hemra jan her baran ýerinde aw şikäre çykyp, keýik, gulan awlap, bu zaňňarlaryny kebap, şerap bilen mes saklap barýardy. Näge bir güni Ziwer agasy aýtdy: – Eý, Hemra jan, bizleriň-de yzarlap çykanymyz şu bilbildi, bizleriň golymyza bu düşmedi, biziň golymyza ilen ala garga, hekek, torgaý boldy. Sen muny, bu bilbilni perileriň gözüni baglap, jadygöýlik, jögiçilik bilen aldap alansyň, bolmasa bu guş saňa ýok. Sen mynyň ýaly iş bitirer ýaly bizden mert bolypmyň − diýdi. Hemra janyň bu sözi eşidip, gahary geldi. Atyň üstünde, sazy destinde, agalaryna garap, bäş keleme söz aýdar gerek. Eý, agalar, ýaman ýola iberdiň, Namaz şamda bir menzile ýetişdim. Aly pirim kemerimden goldady, Perizady owhalymda görmişem. Ýetip geldi Hüýrlukga ýanyma, Bilbil gondy ter açylan gülüme, Çiltenler käsesin berdi goluma. Mes boluban çölde mygan içmişem. Kybla sary öwürmişem ýüzümi, Perizada delmirdirip gözümi, Soradylar, hak sözledim sözimi, Jogap berip, inçe bilden guçmyşam. Hemra aýdar, guçdym humar gözleri, Bilbil aldym-da, tapdym sizleri, Seýir edip gelmişem dagy-düzleri, Şükir Alla, kän abraýly bolmyşam. Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Onda Hurşyt agasy: – Sen bizden abraýly bolar ýaly nirden çykan öýi ýanan − diýip, Hemra jana hemle kyldy. Onda Ziwer agasy aýtdy: – Eý, Hurşyt inim, özümiz hile salyrmyz, sen entek sabyr kyl − diýdi. Hemra jan ýola rowana bolup ýöriberdi. Ýene-de birnäçe gün ýol ýöridiler. Aryp, çarşap, bir menzile baryp düşdiler. Hemra janyň göwninde hiç zat ýokdy. Öňki adaty ýaly aw-şikäre ugramakçy boldy. Onda Ziwer agasy aýtdy: – Hemra jan, saňa bir kep bar. Her kim ýola çykyp azygyny tüketse, bir döwüm nan, suwyny tüketse, bir katra suw alyşmagaýsyz bolsyn − diýdi. Onda Hemra jan aýtdy: – Agalar, siz oňsaňyz, men oňarman − diýdi. Aw şikara çykyp ýöriberdi. Bu zaňňarlar çaý içdiler, nahar edindiler. Hemra aw-şikärden bäri ugrap, garasy görnensoň, Hemra janyň meşik-mitarasyny dökip taşladylar, özleri ýüklenmäge durdylar. Hemra jan at salyp, goş ýataga geldi. Gelip meşik-mitarany barlasa, içmäge bir gatra suw tapmady. Meşigi döküp, mitarany ýykyp taşladylar. Hemra jan suwsap, daljygyp gelen oglan: – How, agalar, maňa bir gatra suw berseňiz − diýdi. Onda Ziwer agasy aýtdy – Sen zaňňar, ýaňky eden ähdi-wepaňy haçan ýuwutdyň? Saňa ölseňem bir katra suw ýok − diýip, kerweni dartyp ýöriberdi. Hemra jan bir-iki sagat atüssünde ýördi. Oglanyň ahyry huşy başyndan gidip, entemäge başlady. Atyň kä boýnuny, kä ýalyny gujaklaberdi. Şol wagtda bu zaňňarlar Hemrany bu halatda görüp, düşüp otyrdylar. Hemra jan atdan özüni taşlaberip, uzyn ýatyberdi. Ziwer agasy gonjundan hajary çykaryp alyp, bokyrdagyna hanjar goýup, Hemranyň damagyny çalmakçy boldy. Onda Hudaý tarapyndan bir owaz geldi. – Her kim şuňa gazap edip, atsa tüfeň ötmesin, çapsa gylyç ötmesin − diýip. Hemra jan misli garadaş kimin bolup ýatyberdi. Şol wagtda Bilbilgöýä aýtdy: – Eý, agalar, bu öýi ýanan meni Semhuryň bagyndan aýyrdy. Hüýrlukga, Hüýrzagnyran perizatdan aýyrdy. Şu öýi ýananyň iki gözüni oýup beriň. Ýuwydyp bir içimi sowydaýyn − diýdi. Ziwer agasy Hemra janyň iki gözüni oýup, Bilbilgöýä berdi. Bilbilgöýe köp bir hakylly guş erdi. – Myny öten eltse, geçen eltse, mal bakan, çopan, söwdegär eltse, men iki gözüni ýuwutsam, men ölmäni eşek ölýemi − diýip, sag gözüni üýtgetmän sag ganatynda, sol gözüni sol ganatynda bent etdi. Ýuwydan kişi bolup otyryberdi. Indi nabary kimden al, Ziwer, Hurşyt diýen Hemranyň iki agasyndan al. Hemra janyň aýagyna arkan dakyp alyp, daşyň ýüzi bilen süýräp ugraberdiler. Hemra jan agalaryna ýalbaryp: – Meniň läşimi garga, guzgyn dargatmasyn, üssüme bir bäş pil toprak ataweriň − diýip, hem agalaryna ýalbaryp, bir bäş keleme söz aýtsa gerek: Agalar agasy zalym agasy, Öldirme nähakdan, galma ganyma. Üçewmizem bir atanyň balasy, Öldirme nähakdan, galma ganyma. Dogandan doganyň azary bolmaz, Azary bolsa-da, bizary bolmaz, Çöl ýerde galanyň mazary bolmaz, Öldirme nähakdan, galma ganyma. Nesimi dek üssibaşym soýduňyz, Üssüm soýup, gara gözim oýdyňyz, Atam-enemi hasrata goýdyňyz, Öldirme nähakdan, galma ganyma. Özüm ýaş men, hiç iş gelmez elimden, Hemra diýer, aýra düşdüm ilimden, Bir bilbildim, jyda boldym gülümden, Öldirme nähakdan, galma ganyma. (Dowamy bar) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |