18:01 «Hüýrlukga – Hemra» dessany / dowamy -4 | |
«HÜÝRLUKGA – HEMRA» DESSANY / dowamy -4
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Indi habary kimden al, Hüýrlukgajandan al. Onyň ýüregine bir howp düşdi. Kenizlereine aýtdy – How, kenizler, meniň ýüregim gysmaga başlady, ýöriň şu ýygyndan baryp habary alaýlyň − diýdi. Kenizler – Ajap bolar, bibim − diýip, kyrk kenizi jem boldular. Hüýrlukgajan kenizleriň öňüne düşüp, gaz ýörüşini edip, Hemra janyň ýatan çaýyna ýöriş kyldy. Erse gelip görse, Hemra jan çaýyň içinde durur. Hüýrlukga jan şuny görüp, huşyndan gidip ýykyldy. Kenizler huşt gülünden getirip ysgatdylar, aby-hoýaz suwundan üssine sepdiler. Bir sagatdan soň, Hüýrlukga jan huşuna geldi. Huşuna gelip, aglamaga başlady. Onda Mährem kenizi, Simun kenizi aýtdy – Eý, bibijan, her kim başyna iş düşse merdana bolup, mert bilini guşamak gerek. Myňa bir çäre kylaýly − diýdi. Onda Hüýrlukga jan aýtdy – Başyňa döneýin, Simunjan, çäresi ne turur, men bilmesem − diýdi. Onda Simun aýtdy: – Bizler bilermiz. Bu çaýyň içine meni taşlasaň, men Hemra jany alyp çykarmen − diýdi. Hüýrlukga bu maslahaty makul gördi. Hüýrlukga – Döw Haşrak − diýip, abry-zabry uruberdi. Haşrak döw häzir boldy. – Lepbeý. Nä hyzmat − diýdi. Hüýrlukga: – Bar, saňa göz açyp ýumynça puryja, Semhuryň bagyna baryp, segsen gulaç ýüpek arkan işip häzir kyl − diýdi. Döw harlap göterilip ýöriberdi. Bir sagatda getirip häzir kyldy. Emma ýüpek arkany Simun janyň biline bent edip, Hüýrlukga çaýga taşlady. Emma Simun jan garaňky çaýa baryp düşdi. O künçini, bu künçini gözledi, Hemrany tapmady. Otyryp oýlanyşdy – Alla janym, Hemra bu çaýyň içindeýok boldy gerek. Men muny çagyryp göreýin diýip, çunki ebni nowbahar ýyglap, bäş keleme söz aýdar gerek. Yşgyňda çykdy janym, güldir meni, Hemraýym, Teşneläp çölde galdym, gandyr meni, Hemraýym. Zülpleriň hup ýaraşar, düşer ýaňaga, dilber, Seni söýüp sataşdyk, ýüz miň jepaýa, dilber. Köp ýyglatdyň yzyňda ýandyr meni, Hemraýym, Yşgyňda çykdy janym, güldir meni, Hemraýym. Ýusup bilen Zylyha söwmek sen dek mynany, Köp ýygladym yşgyňda güldir meni Hemraýym. Simun aýdar saklagyl, beýle ähdi-wefaňy, Sen bolmasaň neýleýin ýalançy bi wefany. Elkyssa, Simun keniz sözüni tamam etdi. Ondan soň Hemra jan: – Men bu ýerdedirin − diýip, ses berdi. Simun keniz öňünçä arkasyna Hemrany bent edip çykardy, ikilenji özi çykdy. Hýürlykgajanyň Hemradan beýle tamasy ýok erdi. Hemra janyň iki gözi ýok, ýüzi gyzyl gan, ýer sermäp oturan kör. Emma Hüýrlukga jan Hemrany, bu halatda görip: – Myňa ne çäre kylarmen. Allatagala myny tizräk ýygnasyn − diýip, çunki ebni now bahar ýyglap hem Hemranyň ölümini diläp, bäş keleme söz aýtsa gerek. Şu gün gara gözüň ýok görseň ýagty jahany, Kişi mundag bolarmy, jyda bolsa tende jany, Ýakdy meni, örtedi bu gün ýalançy jany, Aslyňy beýan kylsam, Misir şähriniň soltany, Men aýlansam gözüňden, ýarym, saňa näme boldy Her dem turdym ýerimden, saglygyňa guwandym, Ataň-eneň yrza bolsun diýip, menziliňe göýberdim, Şükür ylylla ölmeýin, gaýta ýüziňi gördim, Haşrak döwi mindirip, bag-erama iberdim, Men aýlansam gözüňden, ýarym, saňa näm boldy Ile äşkär eýledim, Hüýrlukga adymy, Kime beýan eýleýin synamdaky odumy, Indi nirä baraýyn, kime aýdaýyn dadymy, Eý, Hudaýym, kabul kyl meniň köňül şadymy, Men aýlansam gözüňden, ýarym, saňa näm boldy Elkyssa, Hüýrlukga jan sözüni tamam etdi. Hemra jan Hüýrlukga janyň sözüni başdan-aýak yzarlap düşünip otyrdy. Hemra –Meniň bir tamam şundan erdi, bu-da meniň ölümimi diläp otyr. Waý, Allatagala, maňa güýjiň ýetmeýemi, meni tizräk algaýsyz − diýip, elinde sazy bolmasa-da, dilinde sözi, zar-zar aglap, bäş keleme söz aýtsa gerek. Owal adyň Rahman Rahym, Menden amanadyň algyn, Hudaýym, Gahar etseň, edersiň ýer bile egsan, Goýma amanadyň algyn, Hudaýym. Ýörär erdim din ýolunda jan edip, Ýetimi güldirip, garyby şat edip, Goýma meni köp ýygladyp, zar edip, Menden amanadyň algyl, Hudaýym. Peýmana dolgaly on dört ýaş edi, Iki agam meniň bilen kaş edi, Iki gözüm bardy, wagtym hoş edi, Menden amanadyň algyl, Hudaýym. Hemra janyň dilinde Aly Murteza, Gardaşymdan geldi maňa bu bela, Hudaýym, sen rehim eýlegil bu hala, Ýogsa amanadyň algyl, Hudaýym. Elkyssa, Hemra jan zar-zar aglap sesini tamam kyldy. Hüýrlukgajan: – Ne üçin muňa azar berdim, ýanyp duran oduny ölçerdim − diýip, özüni ýolup ýele berdi, ýel getirip maňlaýyna urdy. Zar-zar agalmaga başladi. Ondan soň otyryp oýlanyşdy – Bu bir muňly biçäredir, göwnüni aldamak bolar − diýip, çünki now bahar ýyglap, bäş keleme söz aýdar gerek. Gafyl erdim, ýaňy geldim gaşyňa, Aýlanaýyn nerkes gara gözüňden. Dostum Hemra, ne gün düşdi başyňa, Aýlanaýyn nerkes gara gözüňden. Nesimi dek ýar ýolunda soýuňlar, Üssüm soýup, gara gözüm oýyňlar, Gözüm alyp, ýar gözünde goýyňlar, Aýlanaýyn, Hemra, seniň gözüňden. Kişiniň agasy şeýle bolarmy, Basyp onyň gara gözün oýarmy, Kyýamatyň webalyna galarmy, Aýlanaýyn, dostum, seniň göziňden. Hüýrlukga aýdar, ýandym odyňa, Ýanyp eda boldym, ýaryň derdine, Dostlar galyp, duşman gitsin ýurduna Aýlanaýyn, dostum, seniň gözüňden. Hüýrlukga aýdar bagtym ötendir, Ýaradandan kysmat şeýle bolandyr, Dostlarym ýyglaşyp, duşman gülendir, Aýlanaýyn, ýarym, seniň gözüňden. Elkyssa, Hüýrlukgajan sözüni tamam etdi. Hüýrlukgajanyň aýdyşy ýaly, Hemranyň göwni Hüýrlukgadan çenden hoş boldy. – Eý, söwer ýarym, iki dünýälik ýoldaşym, senden tamam şeýle erdi. Meni häzir Allatagala bir minuda galdyrman alsa, senden razydyryn diýdi. Onsaň Hemra jan joşup, bäş keleme söz aýtsa gerek. Hoş gelip sen, perizadym, bu ýere, Ine, meniň halym sordyň, söwdügim. Öz gardaşym saldi meni bu çaýa, Armanym ýok, gördüm seni, söwdügim. Aman-esen Misir şäherine barsam, Çemen baglap, täze güllerin tirsem, Mübärek jemalyň dal boýyň görsem, Şükür edeýin galan deme, söwdigim. Gelmedi diýip, meniň ýolum gözleýen, Kesip-kesip jiger bagryn duzlaýan, Her zaman ah uryp derdim sözleýen, Güljemile janym görsem, söwdügim. Hemra aýdar meniň saraldy ýüzüm, Halaýykga dessan bolsun bu sözim, Eýäm razy kylsa düzelse gözüm, Atam-enem jany görsem, söwdigim. Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Hüýrlukgajan bu sözi eşidip, aglamaga başlady. Onda Simun kenizi aýtdy. – Her kim başyna iş düşse, mert bolup, merdana bilini guşamak gerek. Aglamak bilen iş bitmese gerek. Sen Hemra janyň gözüniň idegine çyksaň. Goluňa sazyňy alsaň, ylgarrak namalar çertseň, Hysrow şanyň baryp alamanyna, şaýatki Hemranyň gözünden derek tapylsa gerek − diýdi. Onda Hüýrlukgajan: – Maňa bu maslahaty ýagşy berdiň − diýip, kabul kyldy. Erse ala gaýyşli gazmany goluna alyp, çunki nowbahar ýyglap, delmuryp, dört tarafyna garap, Hysrow patyşanyň alamanyny aralap, şirin janyndan geçip, genji-hazynasyndan geçip, bir bäş keleme söz aýdar gerek. Söz Hüýrlukga jandan Hemranyň gözünden beriň bir habar, Tenden aýryp, şirin janym bereýin. Bir ýanyna sürsün sowky-sapany, Herem bagyň ygtyýaryn bereýin. Ýörär edi Herem bagda mes olyp, Murgy zarly baglaryň güllerin tirip, Ondan aýra düşdüm, bu ýerge gelip, Täji-tagtym, ygtyýarym bereýin. Herem bagda ýörär edi Şasuar, Bu gün mende ýokdur zerre ygtyýar, Ýagşy kişi Hakdan myradyn tapar, Oňa şalyk ygtyýarym bereýin. Huürlukga aýdar budyr dilegim, Yşk oduna ýandy meniň ýüregim, Hemranyň gözi erdi meniň dilegim, Maly-mülküm külli barym bereýin. Elkyssa, Hüýrlukga jan sözüni tamam etdi. Ýanyp, köýüp, aýlanyp ýöriberdi. Hysrow şanyň alananyna bir, bir aýlandy. Hemranyň gözünden derek tapmady. Aglap-aglap, yzyna gaýtdy. Erse, çaýyň başyna geldi. Erse, Hemranyň hem gözünden tamasy bar erdi. Derek tafylmansoň, aglap, aglap, gan ýyglap, öz ölümini özi diläp – Gözgyny edip goýynçaň algyl − diýip, bäş keleme söz aýdar gerek. Ýalançyda görir gözüm bolmasa, Neneň edip ýaranaýyn bu dünýä Alladan dilesem, ölüm bolmasa, Neneň edip aldanaýyn bu dünýä Kimseler patyşadyr, kimseler wezir, Kimsäge zulumdyr, kimsäge jebir, Allanyň rehimine köp kyldym sabyr, Neneň edip ýaranaýyn bu dünýä Bu dünýä diýgeniň bir ajap jaýdyr, Owaly horramdyr,ahyry waýdyr, Iki gafylyja kerwen saraýdyr, Neneň edip ýaranaýyn bu dünýä Beg bolaýyn diýsem, ilim bolmasa, Baý bolaýyn diýsem, malym bolmasa, Ýalançyda görir gözüm bolmasa, Neneň edip ýaranaýyn bu dünýä Hemra bu gün boldy biçäre, Köp şükir eýleýin rahmany sabra, Köp agladym goýma meni bu jebre, Neneň edip ýaranaýyn bu dünýä Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Emma Hüýrlukgajan öňki aglamagy aglamakmy, zary gurýan bolup, bagyrmaga başlady. Simun keniz çydam berip otyra bilmedi. Towsyp ýerinden galyp – Seniň derdiňe, bibijan, çäre kylarmen − diýip, Hysrow şanyň ýygnyna aýak aldygyna ylgap ýöriberdi. Baryp Hysrow şanyň alamanyny aralap, şanyň goşunyna bardy. Baryp patyşadan Bilbilgöýä guşy sorady. Patyşa buýrdy – Kasym wezir, baryň Bilbilgöýäni alyp geliň − diýdi. Kasym wezir Bilbilgöýäni altyn kafasy bilen alyp geldi. Simun keniz Bilbilgöýäni alyp gaýdiberdi. Getirip Hüýrlukgaga berdi. Hüýrlukga altyn kapasyň agzyny açdy. Syçrap bilbil meýdana çykdy. Bilbilgöýä guş Hüýrlukga ser salsa,reň peti galmandyr, gözleri meýnisine ýapyşyp, saçlary aluwda bolupdyr. Muňa Bilbilgöýäniň rehimi gelip, jak jak uryp, bir gezi ýokary galyp: – Hemra janyň gözi mendedir − diýip, habar berse gerek. Perizadym, melul bolma, Hemra janyň gözi mendedir, Gaýgy hasratdan galma, Hemranyň gözi mendedir. Meniň deýin bilbil ýokdur, Bilseň Rum, Isfyhanda, Seniň deýin peri ýokdyr, Kaşgar bilen Çynma-çynda. Gelir erdi meni alyp, Rugsady güle dolanyp, Ýaradana şükir kylyp, Hemra jan Misir iline. Perim, seni şat etmesem, Ygtykat perýat eýlesem, Bilbil diýr dorusyn söýlesem, Hemranyň gözi mendedir. Elkyssa, bilbil sözüni tamam etdi, ganatynyň teýinden çykaryp, Hemranyň öňinçä sag gözüni, soňyndan sol gözüni berdi. Hüýrlukganyň wagty hoş bolyp, tas ýüregi ýarylyb erdi. Hemranyň wagty hoş bolyp, tas asmana uçyb erdi. Üçüsi şu ýerde otyryp, derdi gamdan, başdan ötenden gürrüň etdi. Gürrüň birnäçe wagta çekdi. Ondan soň Hemra jan aýtdy: – Sen atam-enemiň, Güljemile janymyň, Hüýrlukga ýarymyň,bütin Müsir halkynyň bitirmedik işini bitirdiň, sen maňa kyýamatlyk gardaş boldyň − diýip, bilbile aýtdy. Onda Hüýrlukgajan: – Sen ýagty dünýäniň çyragy bolduň, hiç kimniň bitirmedik işini bitirdiň, meniň hem kyýamatlyk gardaşym bol − diýdi. Bilbil ikisiniň hem aýdanyny kabul kyldy. Üçüsi Gurany ortada goýyp, kyýamatlyk gardaş okaşdylar. Ondan soň, Hemra janyň wagty hoş bolup, bilbile garap, owaly Hemra jan, yzy Hüýrlukga jan, soňra Bilbilgöýe − üçüsi kyýamatnama aýdyşdylar. Hemra: – Janym bilbil, janym bilbil, Sen bolgyl, kyýamatlyk gardaş. Süňk hossarym, howandarym, Damardaky ganym bilbil. Hüýrlukga: – Sen eýlediň müşgili asan, Hudaýym, zyýada ýasan, Göňlim baldy bahry-bossan, Külli ygtyýarym bilbil. Bilbil: – Hemra şahym, gam iýmegil, Dünýäni haşöter, bilgil, Rahmany ýada salgyl, Her demiňde, gardaş Hemra. Elkyssa, üçüsi sözüni tamam etdi. Hüýrlukganyň wagty hoş bolyp – Döw Haşrak − diýip perman etdi. Döw Haşrak minuda galman häzir boldi. Onda Hüýrlukga aýtdy: – Sagada galman Heremiň bagyna bargaýsyz. Heremiň bagyndan bir ak gül, bir gyzyl gül getirgeýsiz. Aby haýat suwyndan bir käse suw getirgeýsiz. Şony alyp gelgeýsiz. Eger-de sagatdan gijä galsaň, deriňi soýyp, saman tykarmen − diýdi. Döw biçäre gök güwürdän ýaly güwirdäp, takyrdap asmana çykyp, ýöriberdi. Baryp Heremiň bagyndan bir ak gül, bir gyzyl gül, aby haýat suwyndan bir käse suwy jem edip, sagada galman, Hüýrlukganyň ýanynda häzir boldi. Getirip Hüýrlukgajanyň ýanynda goýdy. Aby haýat suwy bilen Hemranyň göz ornyny hekimler üç mertebe ýuwdular, gözüni üç mertebe ýuwdular. Gyzyl gül bilen jaýyny syrdylar, ak gül bilen ornyna goýdular. Hemra janyň gözüni daňyp goýdular. Birnäçe wagt garaşdylar. Hemra janyň gözi röwşen bolmady. Ondan soň Hysrow şa çunki ebni nowbahar ýyglap bäş agyz söz aýdar gerek. Kadyr Alla, men bir ejiz guluň men, Bu gün maňa medet berer günüňdir. Bu ýagty jahan zyndandyr maňa, Bu gün maňa medet berer günüňdir. Ol Misir şährinden çykmyşam bäri, Otuz üç müň sahabanyň serweri, AbuBekir garyplaryň rehberi, Bu gün bize medet berer günüňdir. Dostlar gutulmadym gam ile zertden, Ýüregim doludyr, gam bilen dertden, Taňrynyň arslany ýa Şahymerdan, Bu gün bize medet berer günüňdir. Garyp Hysrow aýdar hanyň sözüni, Başda Aly nefes etdi özüni, Körfe guzym Hemra janyň gözüni, Nuryn berer bolsaň berer güniňdir. Elkyssa, Hysrow şa sözüni tamam etdi. Birnäçe wagt garaşyp otyrdylar. Ondan soň hekimler ylmy hemaýat kyldylar. Ondan hem Hemranyň gözi açylmady. Ondan soň Mähriban enesi çünki nowbahar ýyglap: – Hemra jan üçin hem gözümi bagyşlaýyn, Haktagala kabul kylgaý seň − diýip, ýanyp-köýüp, bäş keleme söz aýtsa gerek. Men ölirmen iller, boluňlar bahyl, Ozaly men bu Allaga sygyndym, Özüň höküm eýlegil, rebbim jemil, Ybraýym, Ysmaýyl, saňa sygyndym. Bu ýagty jahanda düşdim zyndana, Misli sarwan dek çyksam meýdana, Zar, zar ýyglap, ýalbarsam Şahymerdana, Ýa, Muhammet Mustafa, saňa sygyndym. Ozaly rehm kilgyl gudratly Ganbar, Men ejiz men, Hakdan özge kimim bar, Özüň asan kil, gudratly setdar, Abu Bekir, Omar saňa sygyndym. Mähriban diýer bolupdyr bagtymyz gara, Ýa,Allahym eýlegil bu derde çäre, Ýalbaraýyn derdim artyp bir para, Ýakup ogly Ýusup, saňa sygyndym. Elkyssa, Mähriban sözüni tamam etdi. Hemra janyň gözi hiç röwşen bolmady. Ança halaýyklar durup ýyglaşdylar. Allatagala gol ýaýyp, mynajat kyldylar. Hekimler kitap garadylar, gurrandazlar gurrasaldylar, hiç çäre kyla bilmediler. Andan soň Güljemile siňlisi zar-zar ýyglap, Hemra janyň gözüni diläp, bu hem bäş agyz söz diýse gerek. Başyňa döneýin, döwletiň guşy, Aýlanamen, Hemra, seniň gözüňden. Ýigitler serweri, ýygynyň başy, Aýlanamen, agam, seniň gözüňden. Men zar-zar ýygladym çöli-muganda, Ýat kylyp agladym, dili zybanda, Başda kismatyn bilmez her bende, Aýlanamen, janym, seniň gözüňden. Güljemiläň gözde ýaşy egsilmez, Taňrynyň tagdyryn bendesi aňmaz, Özi asan etse bir deme galmaz, Aýlanamen, Hemram, seniň gözüňden. Elkyssa, Güljemile sözüni tamam etdi. Birnäçe wagt garaşyp oturdylar. Hemranyň gözi röwşen bolmady. Andan soň Kasym wezir zar-zar aglap, elinde sazy, dilinde sözi, çunki nowbahar ýyglap, bir bäş agyz söz diýse gerek. Eý ýaranlar musurmanlar, Dünýäde ýigit ölmese. Ne müşgildir, şa guluna, Başynda gözi bolmasa. Kim girdi hakyň ýoluna, Teswisin alyp goluna, Ne kysmatdyr şa guluna, Döwletiň guşy bolmasa. Ölmesin, dostlar, ölmesin, Rakyplar jahana gelmesin, Açylgan güller solmasyn, Bagynda bilbil bolmasa. Kasym diýer sözlär sözi, Saýrar çemeniň bilbili, Bagy eremiň täze güli, Açylyban hem solmasa. Elkyssa, Kasym wezir sözüni tamam etdi. Halaýyk gol göterip, Allatagala mynajat etdiler. Birnäçe dogalar okadylar. Onuň bilen-de Hemra janyň gözi röwşen bolmady. Indi habary kimden al, Hüýrlukgajandan al. Ol ýanyp-köýip, kyrk çilten erenleri ýat edip, Allatagala mynajat kylyp, bir bäş keleme söz aýdar gerek. Owal adyň Rahman Rahym, Pygambere inen Gurhan haky üçin, Gudratyndan ýaratdy ýedi gat ýer asman, Muhammet Mustafa, Şahymerdan haky üçin. Gara eýle duşmanlaryň ýüzüni, Kabul eýle şikessäniň sözüni, Lutfyň bilen açyl ýaryň gözüni, Hezret Aly Şahymerdan haky üçin. Ahyret başçysydiniň göwheri, Taňrynyň guly Aba Bekiri, Hudaga köp ýyglap, kylsam şüküri, Ol Muhammet pasly şahry haky üçin. Hüýrlukga aýdar, budyr dilegim, Hijr odyna köýdi meniň ýüregim, Hemranyň gözüdir meniň dilegim, Omar, Osman, Aba Bekir haky üçin. Elkyssa, Hüýrlukga sözüni tamam etdi. Ondan soň kyrk çilten gaýyp erenler, birnäçe perişdeler jem bolyp geldiler. Emma Şahymerdan pir Hemrajanyň gözüni üç gaýta sypalady, bir gysym toprak berdi, «gözüne sürtgil» diýdi. Hemra jan alyp gözüne sürtdi. Hemra janyň gözi öňkisindenem röwşen boldy. Şahymerdan pir patyýa göterip, Hemra janyň gözünden gaýyp boldy. Hemra jan ýagty jahany gördi, Hysrow atasyny, Mähriban enesini, Güljemile siňlisini, Hüýrlukga ýaryny gördi. Tamam öziniň mekdepde bile okan ýar-dostlaryny gördi. Misir şäherini baryp gördi. Galan demine şükür edip, goluna sazyny alyp, duran ýygyn bilen saz bilen görişse gerek, gör bak, näme diýýär. Eý, ýaranlar, musyrmanlar, Geliň, janlar, görüşeýliň. Hoja, seýit, ulamalar, Ulyg, kary, görüşeýli. Biziň bilen mekdep bolan, Gol tutuşyp bile gezen, Bir-biriniňsyryn alan, Deň-duşlarym, görüşeýli. Bilbil çeker ahy-zary, Gülden gaýra bolmaz ýary, Hoja, seýit, ulyg, kary, Kary işanlar, görüşeli. Bilbiliň bagryn paralap, Gülüň ýüzüni ýaralap, Muhannes ýüzi garalar, Zalym aga, görüşeli. Hemra aýdar, odyr işim, Nä belaga düşdi başym, Iki dünýäde ýoldaşym, Hürlykgam, görüşeýli. Emma Hemra jan sözüni tamam etdi. Duran ýygynyň hemmesi bilen uludan kiçä görşüp çykdy. Ondan soň, Hysrow şa Hemra jany ýanyna çagyryp aýtdy – Eý, balam, dünýäde bir zat bilen gowşan ekeniň. Munyň dek perizat hiç kimge gowşan däldir. Indi şuny ýurduňa alyp gitmek eliňden gelermi? − diýdi. Onda Hemra jan – Ary geler, atajan, menden aýra jany bolmaz − diýip, goluna sazyny alyp, Hüýrlukga janyň ýanyna bardy. Hemra jan – Eý, Hüýrlukgajan, galan deme şükir edeýli − diýip, bir bäş keleme söz aýdar gerek. Gör bak, näme diýýär. Gel, gideli biziň ile perizat, Ikimize myndaý zaman tapylmaz, Aýşy-aşratda döwrany sürsek, Ikimize myndaý zaman tapylmaz. Bu dünýede bäş gün oýnagan galar, Taňry her kimsäni bir göre salar, Bir güni bizden amanadyny alar, Şükür kylsak jana midar tapylmaz. Säher wagty öser aýralyk ýeli, Degresinde saýrar şeýda bilbili, Öz ýurduňda galdy Eremiň güli, Ikewmize gül reýhan tapylmaz. Hemra diýer, gitsek Misir ýurdyna, Gol bereýli erenleriň merdine, Hemme doga etsin onuň derdine, Ikewmize jana mydar tapylmaz. Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Onda Hürlykgajan aýtdy: – Sen şahyr sen. Her sözleri diliňe dolar sen. Seniň haraba baýguşhana ýurdyňa kim gitjek − diýip, ters garap otyryberdi. Hemra janyň myndan beýle tamasy ýok erdi. – Alla janym, myňa ýokmaýan gürrüň aýtdymykam − diýip, aýdan sözüne puşeýman kylyp, köp oýlanyşyga gitdi. «Gel, şuňa bir degişmeräk, geler-geçer söz aýdyp göreýin» diýip, onda näderkä diýip, bäş keleme söz aýdar gerek, gör bak näme diýýär. Perizadym, melul bolma, Misir bize il emesmi Dolanyp goýnuňa girsem, Ol güli reýhan emesmi Çöllerde ýeke gezenden, Ata-eneden bezenden, Hijran oduna dözenden, Ýar gujagy jan emesm Misiriň bagyna bardym, Birnäçe döwranlar sürdüm, Kysmat tartyp seni gördüm, Aşyga myrat emesmi Şol bilbilni menden alan, Tutup bizi çaýga salan, Hemra jandan jyda galan, Ol iki zalym emesmi Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Ondan soň Hüýrlukgajan – Ozalda şunuň ýaly ýakymly söz aýtsaň bolmadymy, göre girjek, görden çykjak diýdiň, meni köp sermisar etdiň, gör bolsa-da wagtynda görübereris, indiki galan döwrany şatlykda sürmek gerek, senden aýra janym bolmaz, giderin ýurdyňa − diýdi. Hemra janyň wagty hoş bolup, atasynyň ýanyna bardy. – Eý, atajan, Hüýrlukga jan gitmekçi boldy − diýdi. Onda Hysrow şa − Men wezir agzamlarym bilen ugrabersem näder − diýdi. Hemra jan – Ajap bolar − diýdi. Hysrow şa tamam wezir agzamlary, ýar-dostlary, deň-duşlary, hoja, seýit, kary, işanlary bilen jem bolup, ýola düşüp rowana boldylar. Hemra jan hem öz deň-duşlary, ýar-dostlary bilen ýelmaýanyň üssine kejebe goýup, Hüýrlukgany gelin-gyzlar bilen mindirip, bular hem ýola düşdi. Tamam Hysrow şanyň alamany, Hüýrlukgajanyň perileri Müsir ýurduna goşylyp ýöriş etdiler. Erse Hemra jan ýola çykandan soň, gökböri berip, at çapdyryp, mes bolup ýöriberdi. Emma indi habary kimden al, Hysrow şadan. Ol Misir iline bardy. Baryp wezir-agzamlaryny ýygnap, toýuň enjamyny iýiberdiler. Toý enjamyny jemläp, bir jarçyny çagyryp alyp, goluna bir dinar berip jar çek diýdi. Jar budur – Patyşanyň ýedi gije-gündiz toý-tomaşasy bar. Her kim sazanda bolsa, göýende bolsa, bagşy bolsa, at çapan, seýis bolsa göreşýän pälwan bolsa, gelibersin − diýip ýöriberdi. Emma toý başlanyp gitdi. Hemra jan hem öz deň-duşlary bilen gelip ýetişdi. Söz gysgasyna ýagşy, ýedi gije-gündiz şeýle bir şatlykda geçdi. At çapdyrdylar, altyn gabak atdyrdylar, göreş tutdyrdylar. Sekizlenji güni toýy sowdylar. Yzyndan molla-müfti, kazy-kelanlar çagyryp, Hüýrlukga jany Hemra jana nika gyýyp bermekçi bolanlarynda «Wekilçiligiňi ber» diýse, daş dek bolyp otyrdy. Wekilçilik ygtyýaryny bermedi. Hüýrlukga: – Hemranyň asly toprak-adamzatdyr, meniň aslym ol-perizat dururman. Ikimiziň süňňimiz barabar ermes − diýdi. Emma patyşa halaýyklary jogap berip goýberdi. Ondan soň Hüýrlukga özi bilen gelen perileri ýurduna gaýtarjak bolup, Simun kenizi öz ornyna baştutan goýup, külli Herem bagyny, şalyk ygtyýaryna tabşyryp, bäş agyz söz aýtsa gerek, gör, näme diýýär. Mundan gider bolsaň Simun kenizim, Barsaň atam-eneme salam digeý sen. Hasrat bilen geçdi ýaz bilen güýzüm, Barsaň deň-duşlara salam digeý sen. Başgysy perileri baş boluň, Aý başynda, ýyl başynda duşyşyň, Jäht eýleýip bir-biriňize gowuşyň, Barsaň ýar-dostlara salam digeý sen. Meniň onda daş galypyr watanym, Hasrat bilen örtenipdir bu tenim, Mülkim diýip mesgen eýläp watanym, Barsaň erem iline salam diýgeý sen. Her kimse şa bolar öz mekanynda, Gaýgy-külfet köpdir Misir ilinde, Hüýrlukga aýdar adam golunda, Barsam ganhorlara salam diýgeý sen. Elkyssa, Hüýrlukga sözüni tamam etdi. Hüýrlukga öziniň bu taýda galanyny tussag hasap etdi. Dişi ýyljyrap, bir gülmedi. Ondan soň periler jem bolup, Hüýrlukga bilen birme-bir görüşdiler. Onda Hüýrlukga perilere rugsat berip, ýolga saldy. Indi habary kimden al, perilerden al. Az ýörip, köp ýörip, bir niçe gün ýoly ta kylyp baryp, Semhuryň bagyna ýetişdiler. Bylar ýurdynda karar tapsyn. Indi habary kimden eşit, Hemra jandan. Hüýrlukgajanyň eýlesine-beýlesine geçip bir güldirjek bolýar. Emma ol doňan daş dek dişi ýylgyranok. Hemra myny görip – Eý, Hüýrlukgajan, beýdip otyrsaň meniň ömrüm hasrat bilen geçse gerek − diýdi. Hemra jan goluna sazyny alyp, Hüýrlukga garap bäş agyz söz diýse gerek. Göwnimiň öýüni bent etmiş, Ak ýüzinde goşa haly sonanyň. Ak gollary gyrmyzyga boýalmyş, Gyzyl üstinde ýaşyl aly sonanyň. Jebriňe dözer men gaşyma bende, Bu janym galmady jigerde tende, Arzuw eýläp ýete bilmen her günde, Hup gurylmyş söhbet-sazy sonanyň. Ak jeren dek delmiripdört ýana baksaň, Boýnuňa tylladan heýkelňi daksaň, Her zaman seýil edip, şadyýan kaksaň, Gulagyma hup geler sazy sonanyň. Hemra aýdar bakjalardan goş eýläp, Meý içeli göwün wagtym hoş eýläp, Näz eýleme ýakyn ýoly daş eýläp, Ýandyrdy janym sözi sonanyň. Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Ondan soň, Hüýrlukga jan uludan bir güldi. – Hä, indi boldy, meniň şanyma aýdan sözüň. Ýör ikimiz bag seýline çykaly − diýip, Hemra janyň golundan çekdi. Ikisi gol boýuna salşyp, mähebbet posa alşyp, çynky peçek gül kimin çyrmaşyp, baga ýöriş kyldylar. Erse baga baryp ýetişdiler. Baryp baga ser salsalar,güller açylyp bilbiller saýraşyp, bakbaklar dem çarçyp, çotylar näz eýläp, gumrylar dem tartyp, buzowaşlar ýap gazyp, serçe serenjam berip, gogurlar kethudaçylyk edip, her kim öz şowhy bile bolup, bulaklar çar-para akyp, miweler pişip, öz agramyna özi düşüp, duran jaýa etişdiler. Bularga ança wagt tomaşa kyldylar. Erse Hüýrlukgajan aýtdy – How, Hemra jan, öýle namaz wagty ýetip barýa, indi gaýdaýly − diýdi. Ýene öňki däp boýynça gol boýyny salyşyp, mähebbet posa alyşyp, çynky peçek gül kimin çyrmaşyp ýöriş kyldylar. Emma baryp saraýga ýetişdiler. Hysrow şa Hemrany çagyrtdy. Hemra jan şahyň gaşyna bardi. – How, kyblgähimatam, hyzmat ne turur bize − diýdi. Şa onda – How, balam, men garrapdyryn. Ýaşym ýetmişden ötdi. Il hyzmatyna ýara bilemok. Tagta talaň düşmänkä, şu tagty saňa tabşyrsam diýip, çagyrdym − diýdi. Onda Hemra jan – Ata jan, aryn olar − diýip, patyşanyň aýdan sözlerini kabul kyldy. Hemra jan tagt üssine çykdy. Tamam şanyň şalyk ygtyýaryny aldy. Wezir wekilleri gol gowşyryp hyzmatynda boldy. Gaýtadan Hemra jana şa toýynyň maslahatyny etdiler. Toýy sähetli güne goýdular. Sähetli gün ýetip geldi. Bir jarçyny çagyryp alyp, goluna bir dinar berip,«Jar çekip ugraň» diýdi. Jar manysy bu turur: – Hemra janyň şa toýy bar. On iki gije gündiz. Her kim toýa gelse iýjegi-işjegi şadan berilýär. Baýgy men diýme, ýagşy men diýme, seýis men diýme,pälwan men diýme, pukara men diýme, hoja men diýme, seýit men diýme, işan men diýme, molla men diýme,toýa geliber − diýip, jar uryp ýöriberdi. Rast köçe, belent köçe, pes köçe, aralap baryberdi. Emma toý başlanyp gitdi. At çapdyrdylar, altyn gabak atdyrdylar, bagşy aýtdyrdylar, göreş tutdyrdylar. Pukara garyplara köp-köp yngam berdiler. Söz kiçesine ýagşy, on iki gije gündiztoý şu halatda geçdi. On üçinji gün toýy sowdular. Yzyndan baýaky Hüýrlukga wekilçiligini bermändi. Nika hem gyýylmandy, molla-işan, kazy-kelan ýygnanyp, Hüýrlukgajany Hemra jana nikalap berdiler. Hemra jan tagt üssinde wagty hoş keýpi kök, hut zyýada bolup, bir bäş agyz söz diýse gerek. Söz budyr Şükür hakyň dergaýyndan, Seni miýesser eýledi. Men goluňdan igdim bir meý, Aşyglyk eser eýledi. Bolmagan işlere men baryp, Bilbilgöýäni agtaryp, Kyrk günläp çölde ýalbaryp, Janymga eser eýledi. Döwiň penjesinden gaçdym, Alla diýip ýere düşdim, Hüýrlukga jany guçdym, Özimçe eser eýledi. Tutup çaýga saldy bizi, Gara boldy duşman ýüzi, Hemra janyň ahyr sözi, Bu gün muhteser eýledi. Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Erse Hemra jany ak öýiň daşyndan üç gaýtara aýlap işikden saldylar. Bilbagdan ýassyk, dyzdan çymylgan, öňinçä Hüýrlukga jan taşlady özini, yzyndan Hemra janam taşlady özini. Ikisi bir adam dek, dal çybyk dek çyrmaşyp, gol boýyna salyşyp, mähebbet posa alyşyp, aşyglar myrada ýetdi. Aşyglar ýetdi myrada, ýamanlar galsyn uýada. Ýamanlar galyp näme boljak, hemmelar etsin myrada. Soňy. © Sözbaşy ýazan we çapa taýýarlan Nury Seýidow, ylmy işgär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |