10:09 Hyýaly jemagatlar: Hakykatdan-da has howply hakykat | |
HYÝALY JEMAGATLAR: HAKYKATDAN-DA HAS HOWPLY HAKYKAT
Publisistika
"Agzalarynyñ arasynda gönüden-göni gatnaşygyñ bolan ilkidurmuş obalardan has uly ähli jemgyýetler hyýaly jemgyýetlerdir. Şonuñ üçinem, jemgyýetler hakyky we hyýaly hökmünde göz öñüne getiriliş terzine görä bölünýär". "Hyýaly jemagatlar" - Benedikt Andersonyñ ýazan, müsürli ylmy-barlagçy Halid Fehminiñ bolsa "Paşanyñ ähli adamlary" atly gymmatly monografiýasynda üstünde ymykly durlan meseläni dykgatymyza ýetirýän kitap. "Watansöýüji" wagyz-nesihatlarda aýdylyşy ýaly, zamanabap ýurtlaryñ hiç wagtam gan, din, dil, medeniýet ýaly gadymy köklerden emele gelen tebigy ýurtlardan bolmandygyna ynanýan Anderson bu halklaryñ hyýalydygyny öñe sürýär we şeýle diýýär: "Agzalarynyñ arasynda gönüden-göni gatnaşygyñ bolan ilkidurmuş obalardan has uly ähli jemgyýetler hyýaly jemgyýetlerdir. Şonuñ üçinem, jemgyýetler hakyky we hyýaly hökmünde göz öñüne getiriliş terzine görä bölünýär". Anderson bu ideal ýa-da hyýaly identiçnost duýgusyny döredeniñ IV asyryñ ahyrlaryndaky kapitalistik modernizasiýadygyny, "ýeke-täk okyjy gatlagyny" döreden çaphanaçylygyñ we neşirleriñ giñden ýaýramagynyñ şäherlerde ýa-da obalarda gürleşilýän dilleriñ köplügini aradan aýrandygyny aýdýar. Munuñ zamanabap döwlet awtoritarlygyny berkitmek üçin kwalifikasion üýtgeşmedigini sözüniñ üstüne goşýar. Diýdimzorluk ýoly bilen ýeke-täk dili okaýanlar hyýaly döwlet jemgyýetiniñ binýadyny düzýär. Anderson umumy jemgyýetçilik hakydasyny kemala getirmäge goşant goşan üç "modern" guramanyñ ilat sany, döwlet kartalaryny taýýarlamak we döwlet muzeýlerini gurmakdygyny aýdýar. Teoriýa gysgaça alanda şular ýaly görnüşde. Birem şu täsin kartinany göz öñüne getiriñ: Asly alban awstriýaly ýaş ýigit nädip Yrakda bir ýerde selpäp ýören "halyfyñ" sözi üçin yrak we siriýa režimlerini ýykmak maksady bilen YŞYD-a goşulmak isleýär? Özem şu "siriýa emiri" bilen dawalaşyp arasyna tow düşen müsürli öñbaşçylary Eýmen Zewahiriden aýrylan "halyf" üçin! Ol müsürli-de Owganystanda ýa-da şoña golaý bir ýerde ýaşaýar... Zewahiri müsïrli-de bolsa, owganystanly "möminleriñ emiri" molla garaşly! Ýagny, görşümiz ýaly bir topar ekstremistler puştun bandasyna serdarlyk edýär... Belki-de, jogaby Andersonyñ orta atan, ahyrynda añlarda şekillenen we soñundan hut özümiziñ şaýat bolan "hyýaly jemagatlar" teoriýasyndan tapyp bilersiñiz. Ýagny, aslynda hyýaly göz öñüne getirme bolan bu teoriýa soñabaka hakyky barlyga öwrülýär: iki aýagy, iki eli bilen kem-köstsüz bedene eýe bolup ylgaýar, howadan dem alýar we durmuşyñ jokramasynda goýalýar. Şundan hereket edip, hyýaly güýjüñ diýdimzorlugyndan gürrüñ edip bolar. Aslynda biziñ hemmämiz aýry-aýry hyýaly güýjüñ miwesi. Şu hyýalyýetden gabardylan taryhy problema öwrülen syýasy yslamyñ "hyýaly jemagaty" nädip hakykata öwrüldi? Nädip emele geldi? Ony şekillendiren obýekt näme? Gahrymanlary ýa-da terk edenleri kim? Ugry hanjak we näme isleýär? Şular ýaly göýdük we galp fantaziýalar az sanly taryhçy bilen teoretikleriñ arasyndaky teoretiki çekişmelerden ybarat däl. Bular şol bir wagtyñ özünde ölümiñ, jenaýatyñ, sabotažyñ meýilnamalary. Asly alban awstriýaly ýaş ýigidiñ YŞYD-a uzaýan başdan geçirmeleri-de munuñ aýdyñ subutnamasy. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Şenbe, 07.11.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |