14:22 Hyýalyña-da getirip bolmaýardy | |
HYÝALYÑA-DA GETIRIP BOLMAÝARDY
Publisistika
Ýarym asyr bäri amerikan syýasatyna syn edip gelýänler üçin şu güne çenli käbir zatlary hyýalyña-da getirip bolmaýardy. Hiç kim amerikan prezidentligine kandidatyñ myhman nutukçysy Ysraýylyñ premýer-ministri bolan kongres ýygnanyşygyny boýkot etjegini hyýalyna-da getirmeýärdi. Kim bolanda-da, ABŞ-da hiç kimse 80 kongresmeniñ ýygnanyşygy boýkot etjegini hyýalyna-da getirmeýärdi. Sanlara üns bereliñ: 18 däl, 8 däl! Garri Trumeniñ Ysraýyl döwletini ykrar eden gününden bäri birnäçe ýyl geçenden soñ çarşenbe güni Waşingtonda bolup geçenler ABŞ-Ysraýyl gatnaşyklarynyñ taryhyndaky iñ möhüm syýasy we sosial üýtgeşme boldy: Kongresiñ içinde we daşynda Netanýahunyñ resmi saparyny we çykyşyny ýazgarmak üçin ýurduñ çar künjünden demonstratlar geldi. Gaza urşyndan öñ hiç bir amerikan, aýratynam syýasatçy demonstrasiýa geçirmek üçin rugsat almaga ýürek edip bilmezdi. Waşingtondaky syýasy manzaranyñ dünýädäki jöhit hereketuniñ esasy sütünlerini häzirki wagta çenli hemme zatdan beter gorkyuzandygyna şek-şübhe bolup bilmez. Amerikan gazetleri, syýasatçylary, mediýasy, öñdebaryjy syýasatçylaryndan käbirleri Ysraýylyñ pozisiýasyna, kararlaryna, syýasatyna köre-körlük bilen ytagat edýär. Waşingtonda "yza tesme", "ýeñliş", "lobbi" ýaly sözler ulanylanda, araplaryñ göz öñüne tutulýandygyny bilýärdiler. Emma Waşington çepbesine çöwrüldi we AIPAC (ABŞ-Ysraýyl Halk bilen işler boýunça komiteti) gowşady. Netanýahu amerikan kongresine "ýeñiş wadasyny" berip geldi, özüni däl. Ol eýýäm bir ýyla golaý wagt bäri "Hamasa" garşy uruşda kömek soraýar. Netanýahu araplaryñ sesini, bu sesi diñlemegi ýa-da güýjüni ykrar etmegi ret edýän paýtagtda hut özi yetirdi. Gaza urşunyñ başlangyhynda Jo Baýden Tel-Awiwe gitdi we bir günüñ içinde görlüp-eşdilmedik goldawyñ boljakdygyny aýdyp, yzyna dolandy. Indi bolsa, prezidentlige kandidat, prezidentiñ orunbasarlygyna kandidat şübheli, jedelli we gorkuzyjy adamyñ diñleýjileriniñ arasynda bolmagyna garşy çykýar. Başgaça aýdanda, dünýäniñ iñ güýçli ýurdy bilen ilkinji ýaranynyñ arasyndaky iñ esasy gatnaşyk hem ullakan ýüke öwrüldi. Ýetirilen zyýanyñ möçberine düşünmek üçin Netanýahunyñ öñki üç resmi sapary wagtynda Waşingtondaky atmosferany şumatky resmi sapar bilen deñeşdirmek ýeterlik. Onuñ gelmegine garaşmagyñam geregi ýokdy. Soñky hepdelerde amerikan habar beriş serişdeleri Gaza meselesine beýleki habar beriş serişdeleri ýaly seredýär, hakykatlary we wyždanyñ sesini görmezlige salyp bilmeýär... Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 26.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||