12:57 Ierusalim göreşiniñ paýyny jany bilen alan saud patyşasy: Faýsal bin Abdyleziz | |
IERUSALIM GÖREŞINIÑ PAÝYNY JANY BILEN ALAN SAUD PATYŞASY: FAÝSAL BIN ABDYLEZIZ
Taryhy makalalar
Patyşa Faýsalyñ yzynda Ierusalim göreşine bolan ýakynlygy, arap döwletlerine tamakinçiliksiz çemeleşmegi, Malkolm Iks ýaly dünýäniñ çar künjünde azatlyk ugrunda göreşýän musulman aktiwistlerine beren maddy we ruhy goldawy miras galdy Patyşa Faýsal diýlende ýada düşýän birinji zat onuñ Ierusalim hakda eden çykyşydyr: - Doganlarym! Nämä garaşyarys? Dünýäniñ wyždanynyñ oýanmagyna garaşýarysmy? Hany, nirde dünýäniñ wyždany? Mukaddes Kuddusy-Şerif sizi çagyrýar. Nämeden gorkýarsyñyz? Ölümden gorkýarsyñyzmy? Allanyñ ýolunda jihad edip abraýyñ we artykmaçlygyñ bilen ölüp gitmekden abraýly ölüm barmy? Eý doganlarym, biz yslam milletiniñ yslamy taýdan oýanmagyny isleýäris. Biziñ çagyryşymyz yslamy çagyryşdyr. Allanyñ ýolunda jihad etmäge çagyrýarys. Dinimiz, ynanjymyz, mukaddesligimiz we eldegrilmesiz yslam üçin çagyrýarys. Haçan ýadyma düşse, Haremi-Şerifimiz (Ierusalim) we mukaddesligimiz basybalyjylaryñ aýagynyñ astynda depgilenýär we ol ýerde dürli günäler bilen Allaha pitne-pesat we ahlak nogsanlyklary sereşlenýär. Ine, şoñ üçinem Allaha tüýs ýüregim bilen ýalbarýaryn, eger maña jihad etmek we mukaddes topraklarymyzy azat etmek nesip etmejek bolsa, meni şu dünýäde ýeke minudam ýaşatmasyn! 1945-nji ýylyñ 14-nji fewralynda saudlar ýurtdaky nebit ýeñilliklerini doly ele alanlarynda ABŞ bu güýji syýasy ýarag hökmünde ulanmazlygy talap etdi. Saud patyşalygy bu talap bilen ylalaşypdyr we olaryñam muña derek bir şertiniñ bardygyny aýdypdyr: ABŞ Palestinada sionistik döwletiñ gurulmagyny goldamaly däldi. Iki tarapam umuman alanda munuñ mümkin däldigini gowy bilýärdi. ABŞ uly jahan urşuny yzda galdyrypdy we golaýlaşyp gelýän rus howpuny göz öñüne tutup, Ýakyn Gündogarda janyny halas etmegiñ kül-külüne düşüpdi. ABŞ ýöredýän syýasatynyñ uzak möhletleýin meýilnamalarynyñ arasynda sebitde sionistik döwletiñ bähbitlerine hyzmat etjegini bilýärdi. Patyşa Faýsal bin Abdyleziz Faýsal bin Abdyleziz 1964-nji ýylda Arabystanyñ tagtyna oturanda Ýakyn Gündogar tikeniñ üstünde otyrdy. ABŞ sebitde sionistik döwletiñ gurulmagyny goldap beren sözünde durmadygam bolsa, Süweýş kanalynyñ döwlet eýeçiligine geçirilýän döwründe araplaryñ tarapyny tutmagy Saud Aranystanynyñ meselä has oýlanyşykly çemeleşmesine sebäp bolupdy. Patyşa Faýsala ýiti täsir eden birinji hadysa 1969-njy ýylyñ 21-nji awgustynda awstraliýaly prowokator fanat Denis Maýkl Rohanyñ "Mesjidi-Aksany" ýakmasy boldy. Yslam ýurtlarynyñ we dünýä jemgyýetçiliginiñ biperwaýlygy Faýsaly örtendiripdi. "Mesjidi-Aksanyñ ýakylmagy Jemal Abdynasyryñ aradan çykmagyndan soñ Enwer Sedatyñ müsür häkimiýetiniñ başyna geçmegi bilen 1970-nji ýyldan soñra Saud Arabystanynyñ we Müsüriñ arasynda birek-birege ýakynlaşdyran oñyn üýtgeşmeler bolup geçdi. Nasyryñ şahsyýet kultuny öñe çykaran we tutuş sebitiñ howpsuzlygyna howp abandyrýan syýasy pozisiýasy iki döwletiñ ýakynlaşmagyna päsgel berýän iñ uly böwet bolup durýardy. Indi şol böwedem böwsülipdi. Enwer Sedat Müsüriñ Ysraýyla garşy çeken uly ýitgileriniñ ýerini doldurmak isleýärdi, emma Nasyryñ tersine tegelek stolda elini güýçlendirmegi urşuñ artykmaçlygy hasaplaýardy. 1973-nji ýylyñ 6-njy oktýabrynda Müsüriñ we Siriýanyñ birleşen güýçleri Ysraýyla hüjüm etdiler (Ýom-Kippur söweşi, Oktýabr söweşi), bu hüjümleriñ taraplary tegelek stola oturtmak maksady bardy. Ilkibaşda arap güýçleri aýgytly ýeñişleri gazandy we Sinaý çöli jöhit basybalyjylaryndan azat edildi, emma operasiýa şondan soñuny göz öñünde tutmandy. Ahyrynda Ysraýyl bu arkaýynlygy duýan badyna, Müsür heniz bilini ýazdyryp ýetişmänkä herekete geçdi we netijeleri agyr boldy. Müsüriñ we Siriýanyñ bileleşen güýçleri bu ýeñlişe garaşýardy, şonuñ üçinem bu ýagdaý taraplar üçin täzelik däldi. Beýleki bir tarapdan saud patyşasy Faýsalyñ bu ýeñlişe jany ýandy, çünki Ierusalimi şahsy meselesi saýýan patyşa bu ýeñlişden soñ Ysraýylyñ pozisiýasynyñ güýçlenendigini bilýärdi. Patyşa Faýsal tutynyñ añyrsynda durup bu meseläni çözüp bolmajagyna bilip, herekete geçdi. Bütin dünýäni ber-başagaý edip taşlajak çözgüde gelip, nebit geçirijilerini kesdi. Patyşa Faýsal 1947-nji ýylda sebitiñ talanan wagty bolan Ysraýylyñ gurlan döwründe saud delegasiýasynyñ ýolbaşçysy hökmünde günbatarly döwletleriñ ikiýüzliligine we rehim-şepagatsyzlygyna ýakyndan şaýat bolupdy. Şonuñ üçinem ol ýumşak diplomatiki çemeleşmeleriñ hemişe-de araplaryñ zyýanyna gutarjagyny gowy bilýärdi. Patyşa Faýsal bilen ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Genri Kissinžer Konflikti çözmek üçin herekete geçen ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Genri Kissinžer patyşa Faýsal bilen bolan duşuşygyny şu sözler bilen beýan edipdi: "Patyşa Faýsal diýseñ gaharly görünýärdi, aramyzda mylakatly söz alyşma başlar umydy bilen oña degişensiräp "uçarymyñ ýangyjy gutardy, uçarymyñ benzobagyny doldurmak üçin buýruk berseñiz, halkara bahasyndan puluny tölemäge razydygymy" aýtdym. Patyşa gülümsiredi we kellesini ýokary galdyryp, maña pert-pert şulary aýtdy: - Men indi garradym, ölmezden öñ ýeke-täk arzuwym "Mesjidi-Aksada" iki rekagat namaz okamak! Sen maña şu babatda kömek edip bilermiñ? ABŞ muny eşidip, saudlary ýaragly operasiýa bilen gorkuzjak bolýar. Eger bu karardan el çekilmese, sebitdäki ähli nebit skwažinalaryny bombalajakdygyny aç-açan Saud Arabystanynyñ hökümetine mälim etdi. Patyşa Faýsal bolsa nebit skwažinalaryna saudlardan has beter günbatarlylaryñ mätäçdigini we munuñ boş haýbatdygyny bilip durdy. Patyşa Faýsalyñ bu haýbatlara beren jogaby diýseñ täsirlidi: - Elbetde, nebit skwažinalarymyzy bombalap bilersiñiz. Emma ýatdan çykarmañ, biz we biziñ ata-babalarymyz hurmadyr düýe süýdi bilen oññut edip ýaşapdyrys, gerek bolsa ýene-de ýaşarys. Emma siz indi nebitsiz oñup bilmersiñiz. Patyşa Faýsal bin Abdyleziz 1973-nji ýylda "ýylyñ şahsyýeti" yglan edildi we "Time" žurnaly ony sahabyna ýerleşdirdi Saud köşgi şu meseleler bilen başagaý bolup ýörkä, patyşanyñ inisi Faýsal bin Musaid ABŞ-dan gaýdyp gelýär. Patyşa köşgünde arap diplomatlaryny çagyrypdyr we inisi-de bu duşuşyga gatnaşypdyr. Musaid agasyna ýakynlaşýar we onuñ garşysyna geçýär. Patyşa Faýsal arap däplerine eýerip, başyndan öpmegi üçin inisiniñ öñünde egilýär. Ganhor mundan peýdalanyp, sapança bilen agasynyñ kellesinden iki gezek atýar. Patyşa Faýsal gulagyndan we çekgesinden agyr ýaralanýar. Janpenalar ganhory şobada ele salanam bolsalar, patyşanyñ ýagdaýy barha agyrlaşýar. Hassahana getirilende onuñ iñ soñky aýdan sözi inisinden gan algysynyñ alynmazlygydy. Emma halk şeýle bir gazaba atlanýar welin, patyşanyñ bu wesýeti görmezlige salynýar we ganhor Musaid öldürilýär. Bu hadysa Saud Arabystanynyñ nebit embargosynyñam soñy bolupdy. Saud Arabystany bu jenaýatdan soñ syýasy sebäpler bilen bir gezegem nebit sanksiýasyny güýje girizmedi. Malkolm Iks bilen Faýsal bin Abdyleziz / Fotosurat: jamhara.com Patyşa Faýsalyñ yzynda Ierusalim göreşine bolan ýakynlygy, arap döwletlerine tamakinçiliksiz çemeleşmegi, Malkolm Iks ýaly dünýäniñ çar künjünde azatlyk ugrunda göreşýän musulman aktiwistlerine beren maddy we ruhy goldawy miras galdy. Mehmet MAZLUM ÇELIK. celikmehmedmazlum@gmail.com Anna, 20.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |