21:25 Iki minut / hekaýa | |
IKI MINUT
Hekaýalar
Ol beýle bolar öýtmändi. Suw ony öz bagryna aldy. Azikanyň içi suwdan doldy. Ol ýer şeýle bir sowuk we asuwdalykdy. Ol ýerde Azadyň hereketinden başga hiç hili gymyldy ýokdy. Azat iki ýana dyrjaşýar, emma, azika gurşun ýaly ony baglap goýberenoky. Azat kenara çykmaly. Ýöne nädip? Howa-da ýok, öýken gysylyp gelýär. Ine, ahyr Azadyň hereketi gutardy. Ol suwyň astynda doňdurylyp goýulan ýalydy... Uly kanalyň boýy, asmana boý uzatman, hamana, beýleki kenara geçip, ortada köpri bolaýsam diýän toraňňylardan doludy. Diňeje käbirleri diýäýmeseň asmany gulaçlaýanlary seýrekdi. Güýz hem ahyrlap gelýär. Çygly we sowuk howada kanalyň az-kem öňküsinden azalyp başlan suwy her ýan tolkun urup, alňasap akmasyny bes edenokdy. Suwyň tap taşlanyna garamazdan, göýä ki ol bir ýere howlugýan ýaly, kimdir biri oňa sabyrsyzlyk bilen garaşýan deý, birahat tolkunlaryny gowşadanokdy. Heniz aýazly gyş, älemi ap-ak dona büräp, her ýana öwüsýän şemal agaçlary sypap geçen wagtyndaky ýakymly owazyny, olaryň üstündäki saýrak guşlaryň sesini dym-dyrslyk etmänkä, obanyň adamlary ekin meýdanlardaky mekkedir jöwen, gawun-garpyz, darydyr künjüleri, esasanam, atyzdaky pagtalary ýygnap tabşyrmak üçin dynç wagtyny kemeldip, Gün ýaşyp, Aý öwüşgin salýança ýadawlygy boýun bolman, garynja deý gybyrdap zähmet çekýärdiler. Ýene-de, suuwy asazlan kanalda akym haýýallan badyna obanyň balykçylary kanala eňerdiler. Ine, şol kanalyň etegindäki obanyň ýaş ýetginjekleriniň biri-de Azat. Onuň özi uzyndan hor, garaýagyz, haçan görseň saçyny bir sere edip ýören oglan. Ol uly maşgaladan. Olar sekiz sany: bir oglan, ýedi gyz. Azat bolsa oýüň körpesidi. Bu maşgalanyň hemmesi diýýen ýaly pagta ýygyma gidýärler. Olaryň maşgalasynyň uludygyna laýyk pagta atyzy hem ep-esli bolup, olar aýazly gyşyň öz hökmüni taş-töwrege ýöretmänkä, pagtany ýykgyp dynmak üçin ot-ýalyn dyrjaşýardylar. Azat hem ýygyma gidýärdi. Emma, güýzüň ahyrlap, kanaldaky suwuň azalmagy, balyk möwsüminiň başlamagy onuň ýüregini heýjana getirip, göwün guşuny ganatlandyrýardy. Indi onuň atyzda durasy gelenokdy. Gaýta-gaýta kanala dyzap durdy. Pylanlar balyk tutupmyş diýip eşidäýse dagy Bäh, azalmaka tutup ýetişmeli öz-ä. –diýip içini gürlederdi. Ol ýaşlykdan şol balyk tutmaly diýse bir-iki sany çeňňejigini alyp, ol ýapdan ol ýaba geçip, garmak taşlap, hemişe diýen ýaly iki elini burnuna sokup gelerdi. Biri balyk tutýamyş diýse ýa-da görse şolaryň ýanyndan aýrylmazdy. Şonça ýyldan bäri balyk diýip gidýän-de bolsa, häli-häzirem kämil çykanokdy. Soňa bakan tutup getirýän bolsa-da, boş gelýän wagtam az däldi. Ýene balyk möwsümibaşlady. Balyga gitmeli. Azat günorta çaý wagty, dymyşlygy bozup kakasyna ýüzlendi: --Däde, balygam başlady welin, menem günortana çen pagta ýygyşyp, soň balyga gidäýjek. Aman aga orta boýly, horrak, gür saçlaryna ak girip başlan, ýetmişe golaýlan adamdy. Ol ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmedi. Emma, dogany Şirin: Balykda nämäň bar, pagtany ýygyp, derrew gutaral-a! --Aý, seňki nämäý. Özüm bilerin. --Onsuzam, irden okuwa gidýäň, öýlänem balyga diýip gitseň senden näme haraý? --Bor, okuwa giden günlerim öýlän ýygyşaýaryn, okuwa gitmedik günlem irden pagta ýygyp, öýlän balyga gitjek. Gurrüň şol ýerde gutardy. Azat günorta çaý-nahayny iýip, tor haltasyny alyp kanala tarap eňdi. Kanalyň suwy azalypdy. Indi ol oňkisi ýaly akanokdy. Sebäbi, onuň aňyrdan gelmesi kesilipdi. Kanalyň boýy Azat ýaly balyga diýip gelenlerden doludy. Olaryň hersi bir zatda balyk tutardylar. Kimseler iküç bolup, bir süzme tory alyp kanaly başdan-aýak elekden geçiren ýaly süzerdiler. Käbirleri bolsa, şol süzüp barýanlaryň yzyna tor gurardylar. Galanlary bolsa, gollaryna üç-dört metirlik sançgylaryny alyp kanalyň içinde gaýmalaşyp ýördiler. Azat bolsa, derrw bardy-da, tor süzüp gidenleriň yzyna tor gurmana girişdi. Sebäbi, kanaly süzenlerinde, tora düşmän sypyp galanalry, dogry yza deperdiler we yzdaky torlara düşerdiler. Azat haltadasyny silkip ilki azikany geýdi. Azika bolmasa suwa girer ýaly däldi, suw diýseň sowukdy, a ol bolsa hiç hili suwam, sowugam geçirenokdy. Azika döşüňe çen ýetýär. Şonuň üçin hem gursaga ýetmeýän suwda arkaýyn gezip bolýardy. Azat torlaryny alyp kanalyň bu çetine bir ýylgyn taýagy kakyp, oňa toruň bir ujyny daňyp, özi kanalyň o çetine tarap beeýleki ujuny alyp geçdi we o çetini hem bir ýylgyna daňyp gaýtdy. Şeýdip üç tor gurdy. Oňa çen Tirkeş balykçy sançgysyny süýräp kanalyň iç gyrasyndan ýetip geldi. Ol orta boýly, saryýagyz, daýaw, garnyndan ýaňa aýaklaryny zordan görýän adamdy. Ol daşyndan don geýip, bilini ýaglyk bilen berk guşap, kellä-de, telpek geýip, onam her wagt üstünden aşak basyp göýberýär. Ol gelip, sançgysyny dikeldip, ujyny ýere diräp, --Aw ganly! --Ganly öz-ä. --Düşýämi bir zatlar? --Aý, ikisini aldym. –diýip, Azat haltaň agzyny açdy. --Hä. Aýaguja gaýdypsyň, başyragyna gurmaly ekeniň. Bärleriň çuňňur ýerleri kändir. Onnaňam çöp-çalamly ýerlerem bardyr. Suwa gaçyp iş bolup ýörme. --Aý, ýoklaý, öwrenşip gitdig-ä how bärlere. --Aý ýeke özüň ekeniň şoňa aýdaýdym. Galanynam görüber. Ýöredim men. --Bolýar. Azat şol ýerde gijä çenli aýlandy ýördi. Garaňky gatlyşmanka torlary barlap düşenlerini haltasyna salyp, torlary halta salyp, öýlerine tarap eňdi. Azat günaşa diýen ýaly kanala gatnady durdy. Üçülenj gezek gelende onuň tor gurup duranyny gören Nobat oňa garap: --Haý, nädip dursuňaý, tory çolaşdyryp, sökmänem bileňokmaý. Getir kömekleşeýin. –didi. Ol kelteräkden dykyz gelen, garaýagyz, ýüzi şyramdan doly, gözleri ýanyp duran oglandy. --Al, bir ujuny. --Nädýä onnaň, düşýärmi bir zatlar? --Aý, howa, düşýä öz-ä. --Mundanam aýagujyrakda gowy balyklara bar. --Aý, o taraplar çuňňurrak dälmaý? --Çuň ýerlerem bar, saý ýerlerem bar. Aý, ony saýlap gurup başarmaly-da how. --Näme başarman, baýam başararyn. --Aý, näbilein-da... Ýeke özüň-ä başarmaýmasaň. --Onçasyny görübereris. --Göräýeris. –diýip Nobat çalajadan ýylgyrdy. Biraz salymdan Nobat öz ýoly bilen kanaly ýakalap, ýokarlygyna eňdi. Azat bolsa, torlaryny ýygnap, aşaklygyna gitdi. Biraz salym ýöredi-de, Şutaýlara guraýsam bolar diýip sägindi. Haltadan zatlaryny çykaryp azikasyny geýdi. Eline tory alyp düzedişdirdi-de, hemişekisi ýaly gurmaga başlady. Birini alyp onuň bir ujuny bu çete gaýymlap bir ujuny kanalyň ol tarapyna berkidip gaýtdy. Şeýlelikde ikinjisinem aşak ýüze, ýüz-ikiýüz metir daşyraga gurdy. Ýene ýüz metir süýşüp üçünji toryň bir ujuny bu kenara berkitdi we ikinji ujuny özi alyp kanalyň içine girip beýleki tarapa ýöräp ugrady. Azat bir ädim ätdi, soňra iki, üç, dördünji ädimi ätdi welin onuň öz agramy ony suwuň aşagyna alyp gitdi. Onuň aýak basan ýeri örän çuň eken ol birden kert çuň ýere aýak basypdyr. Ol beýle bolar öýtmändi. Azat aýagyny basandan soň suw onuň döşünden geçip azikanyň içine gidip başlady we göz açyp-ýumasy salymda suwdan doldy we ol kesek çümen ýaly suwuň astyna gitdi. Azadyň aýagyndan gurşun asylan ýalydy. Onuň egninde žempirdir palto-da bardy. Şonuň hasabynada onuň herekt etmesi gaty kyn düşýärdi. Azat ýabany tebigatda ulalyp, tötänlikden adamlaryň eline düşen towşan ýaly iki ýana urunyp başlady. Ol suwdan çykjak bolup barha dyzaýardy. Emma, näçe jan etse-de, ony suwdan dolan azikasy iberenokdy. Ol sähel ýokary galýardy we suw ýene ony öz düýbüne çekýärdi. Azat howul-hala azikasyny çykarjak bolup, ilçeglerini ýazdyrmaga synanyşdy. Ýöne-welin ol suwwyň içinde bolar ýaly zat däldi. Azat bar güýji bilen suwdan çykmak üçin hereket edýärdi. Emma, bu barybir başa baranokdy. Aslynda egniňde azikasyz, palto bilen žempir bolanda suwa gaçyp, ondan çykmak nägumanady. Azadyň hereketleri barha gowşap barýardy we ahyry bir duran ýerinde doňup galdy... Hemme ýer asuwda, hiç zadyň sesi gelenok. Daşyndan göräýmäge bulançak suw, dup-durydy, onuň içi bir tutuş dünýädi. Ol bolsa Azadyň göz öňünde janlanyp dur. Ol ýerde asuwdalyk hökünm sürýär, hiç hili hereket ýok we sowuk. Suwuň astyndan ýokardaky ýaşan Günden soňky gyzgylt asman, kenardaky kanala abanyp duran agaçlar, edil aýna sereden-de görünýän açyk şekil ýalydy. Şol wakalar, hereketler umuman bolup geçýän zatlar Azadyň gözünden birme-bir geçýärdi. Azadyň dogulanyndan şu güne çen durmuşy, bolan zatlaryň bary, şatlygy, gaýgyly günleri... umuman ähli ýatlamalar kadrda goýlan deý göz öňünden geçdi. Soňra bolsa oňa maşgalasy kakasy, ejesi, doganlary... göz öňünde janlandy... Azat indi hiç zady pikirem edenokdy. Hereket umuman ýok. Diňeje gözi açyk. Hemme zadyň gutarmagyna soňky sekuntlar... Azat bir tisgindi. Ine, niredendir bir ýerden, bir zat göz açyp ýumasy salymda, Azady kenara tarap ýokary zyňdy. Ol zat şeýlebir gaty zyňdy welin, myžžyk bolan žempirdir palto, hatda içi suwdan doly, gunt ýaly azika-da garaman, Azady dogry kenara çykardy... Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |