00:44 Iki şereket | |
IKI ŞEREKET
Publisistika
Ýer titrän wagty düşürilen wideoýazgylarda täze gurlan "karton" jaýlaryñ ýykylyşy ýatlamalarymy birnäçe ýyl yza saratdy. Žurnalistligimiñ on iki ýyly Ankarada geçipdi. Döwrüñ giñ gerimli jaý-gurluşyk işleri syýasatyñ ünsünden düşmedi. Mysal üçin Stambulyñ Pendik-Kurtköý (Sabiha Gökçen adyndaky) howa menzili dowamly göz astyndady. Özem Mejlisde iki gezek derñew komissiýasy guruldy. Käbir syýasatçylar Ýokary Diwana ugradylmak islendi we ş.m. Kurtköýde Ösen Tehnologiýa-industriýa parkynyñ gurulmagy hakda karar çykarylandan soñ 1988-nji ýylda maksatnama güýje girdi. Türkiýäniñ dünýäde bäsdeşlik güýjüni artdyrma maksatly şu maksatnama täzeçillik-innowasiýa esasly industrial goldawy, ylmy we tehnologiki barlaglary ösdürmegi we bilim sistemasyny gurşap alýardy. Munuñ özi "Türk Kremniý jülgesi" maksatnamasy diýmegi añladýardy. * * * Maksatnama üçin maliýe çeşmesini tapmaga ilki howa menzilinu gurup, işletmek meýilleşdirildi. Gerekli koordinasiýa, meýilnamalaşdyryş, döwlet eýeçiligine geçirme, infrastruktura goýumlary üçin Gorag-senagat uprawleniýesine tabşyryk berildi. Maksatnamanyñ tutumy uludandy: ýygnanşyklara DPT, TÜBİTAK, TOBB, İTÜ- ODTÜ ýaly uniwersitetler, TSE, SHGM, DHMİ, DLH, THY, MSB, KOSGEB, TUSAŞ ýaly raýat-jemgyýetçilik howa ýük daşaýjy guramalar gatnaşdy. Ylmy-tehnologiýanyñ talaplaryna laýyk howa menziliniñ gurluşygy örän eserdeñlik bilen alnyp baryldy. Gurluşyga jogapkär edilip Transport ministrliginiñ garamagyndaky Demirýollar, portlar we howa meýdanlary boýunça gurluşyk işleri müdirligi bellendi. Jikme-jikliklerine girip durjak däl... Netijede: Howa menzilini gurmak işi üçli konsorsiuma ynandyldy: Alarko-Metiş-Eko şereketleri… Jümle-jahana buýsanç bilen gürrüñi berilýän - ösen tehnologiýalar bilen gurşalan Sabiha Golden howa menziliniñ başga bir aýratynlygy bardy: howa menzili 8.00 ballyk ýer sarsgynyna çydamlydy. Ýeri-de ýörite saýlanyp-seçilip alynypdy we bek presslenipdi. * * * "Alarko"-nyñ Ishak Alatonyñ we Üzeýir Garihiñ şereketidigini-hä bilýänsiñiz. A beýleki ikisi? Ankara merkezli "Metiş", "Eko" hem uly işleri bitiren tanymal gurluşyk firmalarydy. "Metiş" Liwiýa ýaly ýurtlarda iş alyo baran şereketleriñ biridi. Mysal üçin, ABŞ-nyñ Ganadaky, Malidäki, Päkistandaky, Rumyniýadaky, Gürjüstandaky, Katardaky binalaryny we nadstroýka taslamalaryny edipdi. Onuñ eýesi Kadir Sewer Türk Kontraktorlar bileleşigine (Türk Müteahhitler Birliği) uzak wagtlap başlyklyk etdi. "Eko" hem ýurduñ içindäki we daşyndaky onlarça uly taslamalary ýerine ýetiren gurluşyk şereketidi. Ýörite ugurlary-da howa menzilleridi: Izmiriñ Adnan Menderes adyndaky, Bodrumyñ Milas, Konya, Kayseri, Malatýa, Elazıg, Diýarbakır, Bandyrma, Akhisar, Muş, Batman, Merzifon bilen NATO-nyñ Injirlikdäki howa menzillerini, Balaton amerikan harby howa menzilleri... Eýesi-de Ibrahim Ýaýkyrandy. Ankarada žurnalist bolup işlänleriñ bu şereketleri bilmeýäni ýokdur. Ýöne: Ýer titremesine çydampy gurluşyk alyp barýan "Metiş"-dir "Eko" howa menziliniñ gurluşygyny tamamlandan soñ bankrotlaryny talap etmäge mejbur boldy. Bu gurluşyk firmalary sarsgyna çydamly binalaryñ çykdajylaryna döz gelip bilmedilermi? Gürrüñsiz, birden köp sebäp bardy olañ batmagyna... * * * Gepi şunça daşdan aýlamagymyñ sebäbi sözümiñ başynda ýazan täp-täze "karton öýleriñ" ýykylýan wideogörnüşi boldy! Kime gaharlanyp bileris? Raýat diş-dyrnak bolup ýygnan puluny berip öý satyn alýar. Ol nirden bilsin kontraktor jaý guranda nähili gurluşyk materiallaryny ulanypdyr, öý ýer sarsgynyna çydamlymy? Nirden bilsin, häkimligiñ jaý gurulýan wagty gözegçilik edenini-etmänini? Nirden bilsin döwlet ýer etýudy ýaly sarsgyndan öñ iş alyp bardymy? Kanunçylyk namalaryny ýerine ýetirmegi talap etdimi? Hiç kimiñ öz işini etmändigine ýene bir gezek şaýat bolduk! Döwlet ýer titremänkä etmeli işini eden bolsa, XXI asyrda şindizem şeýle uly weýrançylyk bolarmydy? Seýsmiki kartada Türkiýäniñ 92%-niñ köp ýer titreýän zolakda ýerleýändigini görmek bolýar. Şular ýaly ajy hakykata we bolup geçen şunça ýer titremelerine garamazdan döwlet nämüçin ýatan çöpi galdyranok? Döwlet nämüçin diñe tomaşa edip oñýar? Döwletiñ barlygynyñ düýp sebäbi - halkyna ýagşylyk etmekdir, ölüme itermek däl. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |