00:04 Ilde gep kän | |
ILDE GEP KÄN
Goşgular
![]() - Gyzymyz, injir güle durmasa çykman, -diýýär. Biz nätjegmiz bilmedik, Injir ol, haçan güllär?! - Nätmesi şeýle, guda, Ýaz öňde, garaşarys. Injir güllän çagynda, Ýene habarlaşarys! Hoş gaýdanlar sawçylar, Ne çiş köýen, ne kebap. Gülsiz injir gyz ýerne, Sypalga bolan sebäp. * * * Ýitigmiz gözläp geldik -diýip, bir garry ene, Öz habaryn ýaňzydan, Sawçy gelen ýerine. “Ýitik” gyz hem ýylgyryp, Oturanmyş bir çetde. Ejesi ters düşünen, Ne many bar bu gepde. Ýüzüni boz-ýaz edip, diýen: -bolmandyr bul-a! Ýylgyrýaň welin, bulaň, nämesin aldyň, tula?! 2023 ý. Geldimyrat SEÝIDOW. Surat: Abdylla MÄMMETBERDIÝEW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||