18:58 Ile meňzeseň | |
ILE MEÑZESEÑ
Jemgyýetçilik tankydy
K.Gurbannepesowa Şahyr Kerim Gurbannepes elli ýaşap ýören döwürlerinde bir gün redaksiýalaryň birinde duşuşdyk welin, menden az-owlak göwni galandygyny syzdyrdy. Nämemişin, men ony ýubileýi mynasybetli gutlamanmyşym, iň bärkisi, bir otkrytka-da ibermänmişim. Men şonda indem giç däl, gutlagymy ýazdy biläý diýdim. Ine, şu ýazgylar şeýdip döräpdi. Bloknotyma ýazypdym. Şondan göçüribem, okyjylara hödürläp durşum şu. KERIM! Men Gurbannepes aganyň oglunyň elli ýaşyny gutlamak maksady bilen galama ýapyşdym. Meniň gutlag sözüm otkrytka sygjak däl, sebäbi meniň gutlagymyňam iliňkä meňzeş bolmajagy görnüp dur-da. 50 ýaşy ýeňsä taşlan günüňiz dost-ýarlaryňyz süýji-süýji sözler, haýbatly arzuwlar bilen sizi besländirler. Men trafaret sözleri, jümleleri gaýtalap oturmaýyn. Siz oňa mätäç däl. Men iň gowusy, içimi gepledeýin. Ol ýyl, biler bolsaňyz, Anton ikimiz “Edebiýat we sungat” gazetinde “Iç gepletme” diýen žanry döretjek bolduk. Arman, başa barmady! Oňat niýetimizi Täşli Gurban puja çykardy oturyberdi. Şol rubrika bilen köp zatlary aýtmak boljakdy. Bähbit bolsun! Hawa, meniň şu ýazgylarym toý gutlagynyň ýerini tutdy biler diýen umydym bar. Iliňkä meňzemese bolýar. Ile meňzemejek bolmak Aşyrberdiniň hötjetligidir diýip pikir edäýmäweriň. Unuň özi original boljak bolmaga jan etdigimem däl. Ýaşkam atam pahyr maňa: ”Oglum, bir-ä dek gezmegin, birem ile meňzemegin, ýogsam seni il sylamaz”, diýip pent edipdi. Şu sözleri atam pahyr gowy manyda aýdan eken soň seredip otursam. Döredijilikde ile meňzeseň, işiň gaýtdygy biläý. Sahy Jepbary, Kerim Gurbannepesi, Hudaýberdi Durdyýewi… hiç kime meňzedip bolmaz. Meňzedip bolmaýandygyna-da şükür etmeli. Men edebiýatçydyryn diýip kagyz doldurýan kän, emma hakyky ýazyjy-şahyr az. Şeýle-de bolmaly-da. Sotsiologlaryň geçiren barlaglaryna görä, ylmy işgär (ýagny alym) diýen ady göterýän juda köp. Emma ylmy- tehniki progressy döredýänleri şolaryň diňe üç prosenti eken. Edebiýatda-da ýagdaý şeýle bolsa gerek. Kerim! On ýyl mundan ozal men sallahkam (wah, o lezzetli döwur geçdi-le!), bir ýyl tomus zähmet rugsadyna çykamda, gapyny içinden gulplap, “Gumdan tapylan ýüregi” okadym. Howlukman okap çykdym. Onsoň, muňa-da kanagat etmän, däli ýaly, ýeke özum bir içerde daşymdan okadym. Howlukman, daşyňdan okasaň, onuň her bir sözüniň agramy başgaça ekeni. Gitdigiçe şol poema ýalňyzlykda meniň syrdaşyma, dostuma öwrüldi, ondaky gahrymanlar direldiler-de, Çärjew köçesiniň 19-njy jaýynyň 38-njy kwartirasyna girdiler. Men olar bilen mazaly gürleşdim, oturdyk, derdinişdik. Men şondan soň şol poemany propagandirlemäge başladym. Emma başaran zadym bolmady. Bu näme üçin beýle bolýarka diýip pikir etdim. Il aýtmyşlaýyn, şu setirleri ýazýan adamyň atlyny agdaryp, düýelini düňderjek dili barmyşyn. Dilewarlygymy ýarag edinip propagandirlesemem, ýol alyp bilmedim. Soň görüp otursam, bu zat maňa eýgertjek däl eken. Ana, şonda goşgyny proza bilen aýdyp bolýan bolsa, onuň goşgy däldigine göz ýetirdim. Şeýdibem akylyma aýlandym. Çyn poeziýanyň gizlin syryny ynsan dili bilen düşündirip bolmasa gerek. Dünýäde iň gizlin syrlaryň biri, hiç haçan açylmajak syrlaryň biri Dawut ogly Süleýman şeýle diýenmiş: men gaty köp zada akyl ýetirip bilýänem bolsam, käbir zady başaramok – gaýaň ýüzünde ýylanyň yzyny, zenan ýüreginde erkek kişiniň ýoluny, asmanda guşuň yzyny, ummanda balygyň yzyny… saýgaryp bilemok. Poeziýanyň syram adamyň beýnisindäki 14 milliard kletkanyň düşnüksiz oýnudyr. Käbir kitaplary okaýaň weli, ondaky çap edilen sözler setirleri, setirlerem sahypalary emele getirýär. Emma sözler, jümleler, sahypalar direlmän, edil öliniň dodagy ýaly, sop-sowuk bolup galýar. Şol sözler bilen beýan edilýän wakalary okyjy görüp bilenok. Wakalaryň aýak sesi eşidilmeýär. Gahrymanlaryň ýüz keşbini görüp bolanok, sözlerini olaryň öz agzyndan eşidip bolanok. Sözler obraza öwürlenok. Okap barýarkaň, diňe ak kagyzy, onuň ýüzündäki sözleri görýäň. Diňe ak kagyzyň ýüzünde garynja ýaly gara harplar saňa seredip dur. Birinden sahypalar diri adamyny güldürenogam, öldürenogam, jelebiň näzi ýaly sop-sowuk sözler, jümleler okyjyny heýjana getirmeýär, onuň jynsyny üýtgetmeýär (gowy manyda). Biziň tragediýamyz – nalajedeýin goşgular metbugatda, hatda aýratyn kitap görnüşinde-de köp çykýar. Iň erbet tarapam – ýaşlar şo zeýilli goşgulary nusgadyr öýdýärler. Seniň nusga bolaýşyňy! Goşgy diýen at bilen çap edilýän patarrakylardan ýaňa Berzeňňiniň itleri mergilän ýaly, uwlaşyp, meni gije ýarymyndan soň işlemäge goýanoklar. Prozanyň ýagdaýam ybaly däl. Meniň ýazyjy hökminde däl-de, okyjy hökmünde pikirlerimi aýdýan. Men ýazyjy däl. Şeýledigimi özüm bilýän. Bir çüýşe kefir almak üçin iki sagat nobata durup ýören adamdan ýazyjy bolmaz. Zamanymyzyň ritmi şeýledir-dä. Pikir ýöretmäge, uly bir pikiri allalap, eseboýa getirmäge, jemläp, durmuşyň uly bir panoramasyny mazaly görkezmäge meniň ýagdaýym ýok, wagtym ýok. Sportlotonyň şariklery ýaly böküp duran bolgusyz setirlerden doly “eser” ýazmaga-ha meniň ynsabym çatanok. Eger ejir çekip, uly bir zady ýazaýsaňam , çykarmasy hyllalla. Menä käbirleri ýaly ýalbaryp bilemok. Biriniň öňünde ýaýapjalap bilemok. Sebäbi gara güni üçin ejesiniň oýnaşyna kaka diýýänlerden däl. Magşar gününiň jaňy kakylýança meniň şu gylygym üýtgemese gerek. Özüm zamanababrak bolmalydygyna düşünýänem bolsam, gönezligim meni agyzdyryklap saklaýar. Kürt aganyň atan gönezligi-dä. Eýlesi–beýlesi uruş döwrüniň kartoçkasy ýaly ýumoreska maňa besdir. Mende talant ýok. Mende diňe azajyk zehin bar. Bary bilen bazar eýlemeli. Meniň ýumoreskalarym gyzykly diýýärler. Näme üçin şeýledigini bilýäňizmi ? Men mydama iň täsin adamlar bilen tirkeşýän: gedaýlar, tirýekiler, arakhorlar, işigaýdanlar, işden kowulanlar, durmuşdan nalap ýörenler, jelepçiligi kesbi-kär eýlän aýallar, tsiganlar. Men şolardan öwrenýän. Edil Maksim Gorkiniň gahrymanlary ýalydyr. Men görip däl. Emma näme üçindir mydama aýlantusa gözüm gidýär. Muňa türkmenler porsy agaç diýýärler. Aýlantusyň ýaşaýyş ugrundaky hyjuwy meni haýran galdyrýar. Miwe getirmeýänligi üçin, ony mellekli melleginden aýryp taşlanyny kem görenok. Indi-hä düýbüne düw ekäýen bolsam gerek diýip, ony sogrup taşlaýarlaram weli, haý diýmän, ol ýene gögermek bilen bolýar. Ýene kerçeýärler, ol ýene gögerýär. Ol özüni horlaýandyklaryna namys edýän ýaly, täzeden gaýrata galyp, ýene gögermek bilen bolýar. Onuň gujur-gaýraty egsilmeýän bolarly. Il hatarynda sana geçmek, tebigat tarapyndan berlen hukugyna (ösmek hukugyna) eýe bolmak, ýagny ýaşamak ugrunda onuň jan edişini näme bilen deňeşdirjegiňi hem bilip bolanok. Döredijilik adamsyna hökmürowan tebigat tarapyndan berlen zehin ýeterlik däl. Oňa aýlantusyňky ýaly yzygiderli hyjuwam gerek. Egsilmeýän, ýanbermez hyjuw gerek. Arman, şeýle hyjuw mende ýok ! Biziň edebiýatymyzda ýaşlara goltgy berip duran Çingiz ýaly şahsyýet gerek. O-da ýok. Biri bardy, ýatan ýeri ýagty bolsun. Ýöne o pahyr, diňe öz şahsyýetini mazalamak, timarlamak bilen bolup ýördi. Diňe ýeke özüm bolsam diýýärdi. Edil domalan ýaly, biler bolsaňyz, domalan dagyň köplenç guzaýynda gögerýär. Mazaly syn etseň, onuň deminiň ýeten ýerindäki ot-çöpleri eýikdirmeýän bolarly. Men bu zatlary näme üçin ýazyp otyrkam ?! Edebiýatymyzyň ýagdaýy barada pikir alşar ýaly adama zar bolup geçmel-aýt. Pikirdeşleriň başy jem bolanok. Her kim öz başyna. Gije sagat 3 bolupdyr. Elim degende dowamyny ýazaryn-da. Aşyrberdi KÜRT. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |