15:56

Ilkinji jümle

Edebiýaty öwreniş
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 619 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 321 2 »
0
1 myhman  
732
“Biperwaýlaryň dildüwşügi” - diňe adynyň özem gaty ýeser eken.

0
2 myhman  
732
hemme okan zadyň birinji jümlesi ýadyňa düşübem duranok. ýöne soňky okanlaň çala ýadyňa düşýä. şoňçüýn şu wagta çenli duşan iň gowusy diýip düşünmän, ýaňy ýakynda okanlamdan diýip düşünmeli (şu saýtda okadym).

Как часто приходится слышать: "Он очарователен, этот человек, но он — проститутка, настоящая проститутка!" gi de Mopassan "МУЖЧИНА-ПРОСТИТУТКА"

0
3 Bagabat  
43
Maňa şu wagta çenli okan kitaplarymdan, gören kinolarymdan iň ýiti täsir eden jümle, Frensis Ford Koppolanyň "Şu günki Apokalipsis" atly filmindäki: "Bu elhençliklere gark bolmazlyk üçin özüňe kebelegiňki ýaly ganat oýlap tapynmaly" diýen sözlem boldy. Diňe şu sözlemiň täsiri bilen diýen ýaly 1995-nji ýylda ýazylan "Semender" atly powestiňem ilkibaşky ady "Özüňe ganat oýlap tapyn!"-dy.

0
4 mango  
651
Serdar kaka "imrikdirýär" imrindirýär bolmalymyka? (imrikmek-imrinmek).
hemem, "dellekhana-şypahana-keselhana-dermanhana-ýyladyşhana.... boluberse-de mazarlyga "jaýlanyşhana" diýmäň bolman dulaý.

ilkinji jümle ýatda ýok.
ýöne okaýan zatlaň içinde welin ýiti täsir edýän jümleler kän bolýar.
(okumyşdyr öýdäýmäň welin) bulgakowyň master i margaritasynyň başyny okap göreýinle diýip bir-iki sahypa okadym welin.... yzy özüne çekdi ötegitdi.
"alhimik"-de-de şeýle boldy.....
bu agzanlam belki ilkinji jümlesi bilen däl-de durky bilen özüne çekýän eserlerdir.

0
5 Bagabat  
43
Imrindirýär. Dogry bellik. "Imrikdirýär" diýip ýalňyş ýazypdyryn. "Jaýlanyşhana" diýenim, gonamçylyk däl-de, "бюро похоронных процедур" diýen söz düzümini ýekeje söz bilen aňlatmagy makul bildim-le.
"Master i Margarita"-ny bir demde okanam bolsam, Paulo Koelýonyň "Alhimigi" woobşe ýöremedi. Onsoň özüme gaharym gelip, Wargas Lýosanyň eserlerini okap ugrapdym. Bilemok, ýöne Garsia Markesiňem näme üçin daşynda elleri litawrly tans edýändiklerine düşünmeýärin. Meniň üçin-ä juda tukat bolup göründi. Ýogsa köpleriň "Ýüz ýyl ýalňyzlygy" agzasaň, derrew demi tutulýar. Onsoň ýanlarynda duran bolsaň: "Meň-ä dugtorçylykdan başym çykmyýa welin, bi bendäni kim reanimirowat ederkä?" diýip uly gaýga galýaň :-).

0
6 mango  
651
бюро похоронных процедур.
jynaza işleriniň býurosy

0
21 Bagabat  
43
Jynaza (arapça:جنازة) hristianlarda-da barmyka?!

0
7 Revo  
484
SABYRLY GUL KÄBÄ ÝETER

Atam Hojageldi ÖDÄNIŇ ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn.

1.

«Men saňa bir maslahat bereýin: hor bolman ýaşamak isleseň «adalat», «halallyk», «ynsap» diýen düşünjeleriňi öýüň töründe çuň gömüp, ol sözleri diňe diliňe sena edinip ylgaber. Olary nirede gömendigiňi, goý, dogan-garyndaşlaryň, söwer dostlaryň, perzentleriň, mydama ýüregiňdäkini ýaýyp teselli tapýan aýalyň-da bilmesin. Ýogsam adalaty dabaralandyrjak, halal, ynsaply boljak bolsaň, ýer urup ýerde galarsyň. Meniň sözlerimiň hakdygyna ýaşaberseň, hil-hil adamlar bilen iş salşyberseň göz ýetirersiň. Şol üç zadyň durmuşa ornaşyp, ýere düşüp bilmän, ene toprakdan bir ýarym metr çemesi ýokarda – adamlaryň dillerinde ýaşap ýörendigini bilersiň». Bu sözler – Nazar aganyň kakasynyň pendidi.

Osman Ödäýew.

0
8 Alaýabyly  
788
Bäh, hany ýadyma agram salyp göreýin... Ýene ýüzügara etdi (

0
9 Sergezzan  
707
Şu gün irden edara ejemiň öldi habary geldi, belki ol duyn olendir, belki anyrky gun, bellidal. Başlygma ejemiň ölendigni aýdyp rugsat soradym weli, onyň yuzi garabulut boldy. Ol bir hili ynanmady oytyan, cunki meniň yüzim ejesi öleninka menzemeyardi.
Alber Kamyun "Yat adam" eserinden

0
10 guljancharyberdiyewa  
472
Lolita. The light of my life, the fire of my loins. My sin, my soul.
Vladimir Nabokov - Lolita. (we iň soñky sozlemine chenli shu passion yanya)

0
11 eatayew33  
761
Alber Kamýuwyň "Ýat adamy" geňirgendirdi: men ony nähili at bilen okadymkam? "Okamadyk bolaýmaýyn" diýsemem, ejesiniň "öldi habaryny" kabul edişi ýadymdan çykanok. Göwnüme bolmasa, "Чужой" ady bilen okan ýaly bolup durun. Internede girsem, onuň "Посторонний", "Чужой", "Незнокомец" ýaly terjimeleri bar eken. Eseriň manysyna seretseň-ä, oňa "Ýat adam" diýmek birhili bolup duran ýaly.
Bu — eseriň ady, epigrafy, ilkinji jümlesi, jemlemesi baradaky pikirlere kiçijik "goşant" .
Kimiň aýdany ýadymda däl, ýöne "Epigraf eseri däl-de, eser epigrafy açyp görkezmeli " diýen düşünjede bar. Eger eseriň özi adyny, epigrafyny, ilkinji jümlesini ödäp bilmese, haýp giden wagtyňa gynanyp, şol awtora nägileligiňem artyberýär.
Bir dostum bir kitap sowgat berip: Sen şuny diňe epigrafy üçinem okarsyň!" diýipdi. Dogrudanam, ol özüni bir däl, birnäçe gezegem okadaýdy. Ol "Поющие в терновнике"-ди.

0
13 Alaýabyly  
788
Dünýä edebiýatynda "Keseki ýüz" diýip çykdymyka şol?

0
24 guljancharyberdiyewa  
472
'Sayry' dp chykan

0
12 eatayew33  
761
"Пою́щие в терно́внике» — семейная сага австралийской писательницы Колин Маккалоу, опубликованная в 1977 году. Роман стал бестселлером. Согласно исследованиям, проведённым одним из лондонских университетов, каждую минуту в мире продается два экземпляра этого романа. Википедия

0
14 eatayew33  
761
Şu ýerde"Bir söz az, iki söz kän" aýtgy ýadyma düşýär. "Ýat adam" diýseň-ä, "adam" sözi artyk bolup dur, "saýry" diýseňem, gulaga ýakanok. Eseriň manysyna görä oňa"Özge" ýa-da "Başga" diýseňem has dogry ýaly bolaýjak ýaly bolup dur.
Eýranly türkmenleriň bize "gaýralylar" ýa-da türkleriň "ýabanhy" diýenlerinde "gaýra üzülmek", "gaýra tesmek" ýa-da "ýabany" sözleriň täsirinden ýaňa özümi "nekomfortno" duýùşym ýaly bolýan.
Ine, Serdar aga-da "adamzat edebiýatynda" diýýär welin, ters sorag öz-özünden diliňe gelip dur...

0
18 Bagabat  
43
"Fransuz edebiýaty", "rus edebiýaty", "ispan edebiýaty" we ş.m. düşünjeler bar. Onsoň şularyň hemmesini, ýagny tutuş adamzat edebiýatyny göz öňünde tutýan, "adamzat edebiýaty" diýen düşünje-de bar. Ýöne, eliňe "lupa" alyp, onam keseligine tutup seretseň bu adalga: "Hä, onda "haýwanat edebiýaty" hem barmy?" diýen pikiri döredýär. Şol hyýaly "lupany" hasam gyýarak tutup, öz "ýitiligiňden" keýp gapyp alsaň bolsa "Beh, onda belki "mör-möjek edebiýaty" bilen "litosfera edebiýatam" bardyr?" diýen sowallaram döräberýär.
"Degişýän" diýmän degişýändigiňi düşündirmek üçin öňler bu saýtyň teswirlere jogap instrumentinde smaýlik funksiýasy bardy. Indi ýok, şonuň üçinem "degişýän" diýip ýazmaly bolýar. Ýogsa, "lupany" haýsy tarapa öwrüp synlajaklary belli däl. :-)
Degişýän.

0
23 myhman  
732
Serdar akga, gatyrganmak size gelişmeýär.

internetde (wirtual älem diýseň dogry bolýamaý şoňa) adamlar bilen söhbet etme kyn. aňyrdakylary tanaňok, olaram seni tananok. şol wagta çenli ýazan zatlary bilen tanajak bolýaň. oň üstünede (öz adymdan gürläýin), men-ä ýazyjy bolmanymdanmy, nämemi, isleýşim ýaly duýguda ýazyp bilemok. mysal üçin aýdasym gelýän zatlary ýanymdaky birine sypaýyçylyk bilen arkaýyn aýdyp bolýa. edil ýanyňdaka aýdan sözleriňi ýazga geçirseň welin, onuň ýaly sypaýyçylykly bolmaýa. köplenç şeýle sypaýyçylykly ýazdym diýen zadymy täzeden okaýan welin "durşuna oderženiýe bolup duraý" diýýän. onsoň "degişýän" diýen ýaly sözleri iň köp men ulanýan ýaly bolup durun.
düşündirip bilýänmi?

birem, bizde kitap okaýan juda az (näçe betnyşanam bolsa, näçe gorkunjam bolsa hakykatyň ýüzüne dogry seretjek bolmaly), hatda "az" sözem bärden gaýdýa. okan zady hakda pikirlenip, pikirlerinem şol (gyzyl kitaba girizäýmeli) azlyk bilen paýlaşsalar, meň pikirimç-ä gowy zat ýaly bolup dur.

sözleriň manysy hakynda öz pikirimi zýdyp galaýyn. bir pikirde bolmagymyzam ahmal.

"söz manysynyň giňelmegi", "söz manysynyň daralmagy" diýen düşünjeler bardymy?

islendik bir söze täze manylar ýükleseň göterermikä diýýän. esasy zat şol söz agzalanda adamlaryň (iň bolmanda şol söz ulanylýan kärdäki, ugurdaky) aňynda gözöňünde tutulan zat dolulygyna janlanýan bolsa ýeterlikmikä diýýän.

bular meň şahsy pikirlerimdir. dop-dogry diýen zat ýok.

islendik kişi patentsiz ulanyp biler (bulam degişme :-)).

0
20 Bagabat  
43
"Bir söz azlykdyr, iki söz känlik" barada aýdylanda bolsa, iň esasy zat birtopar edebiýaty çyny bilen gowy görýänleriň özara pikir alyşmagynyň, hasam mümkin boldugyndan adamlara mahsus edepliligi saklap, ýöne "ýüz görüp gapyrga syrman" özüni azara goýýan pikirleri orta oklamagy begendiriji hem özüneçekiji ýagdaý. Çünki, Gurbannazaryň aýdyşy ýaly: "ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam"...Isgenderiň sertaraşyna öýkünip, çöle çykyp gurruk guýa gygyryberesiňi getirýän bolmaly.
Onsoňam gyzyklanmalary çalymdaş (ugurdaş) adamlaryň arasyndaky ýene-de bir esasy zat, "degişýän" diýip kän ýazmazdanam, her "jümläniň" ýa-da "sözlemiň" :-) yzyndan smaýlik goýmazdanam, birek-biregiň aýdýanyna, ýagny "gyýa lupadan" gaçyp takyklasak - "ýazýanyna" dogry düşünmek.

0
22 myhman  
732
şoňa diňe "keseki" diýseňem bolaýjak ýalymy?

0
15 eatayew33  
761
*"ýabanjy"

0
16 eatayew33  
761
*ýa-da "ýabançy"
Anygyny bilemok

0
17 eatayew33  
761
Iň bärkisi, şu "ilkinji jümlede-de" "jümle" sözi ýerinde däl ýaly. "Sözlem" bilen "jümläň" arasynda-da bir tapawutjyk ýa-da aýratynlyk bar. Olaryň birinjisine fonetika, ikinjisine bolsa grammatika taýdan seredilýär.
Onsoňam, Serdar aga N.Saryhanowdan iki "jümle" mysal getiripsiňiz )))

0
19 Bagabat  
43
Taňryýalkasyn. "Jümle" bilen "sözlem" diýilýän filologiki adalgalaryň biri-birinden tapawudyny düşündirip bereniňe. "Ölinçäň öwren" diýleni-dä.
Ýöne, bilemok, belki dogrudyr, internetd-ä bu nakyly hasam ulaldyp, şeýle ýazýarlar: "Ölinçäň öwren, barybir akmak bolup ölersiň ýa-da öleniňde birtopar gerekmejek bolar-bolgusyzlyklary bilip ölersiň" :-).
Rus dilinde "Первое предложение" diýmän, diýmäýin diýsemiň çalasowat edebiýatşynaslarynyň näme üçindir: "Первая фраза" diýip atlandyran närsesi bolsa, çeper edebiýatda nazaryýet manysyndaky "jümle" diýen düşünjeden has giňişräk kabul edilýän ýalymyka diýýärin, eger-de ýalňyşmaýan bolsam. Ýöne onuňam şeýledigini ýa-da däldigini ezber filolog-lingwistlerden sorap görmeli.

0
25 Atayew  
493
Gowy tema! Söz bilen iş salyşýan adamlaryň, hususan-da prozaçylaryň üns bermeli meselesi.
Ýokarda getirilen mysallar eserde dramatizmiň näderejede güýçli boljakdygyny habar berýär. Ýöne dramatizme ýykgyn etmeýän klassyklar ýönekeý durmuş wakalaryna ýüzlenende-de ilkinji sözlemi jadyly beýan etmäge synanyşypdyrlar. Şony başarypdyrlaram. Käbir mysallar:

"Городок был маленький, хуже деревни, и жили в нем почти одни только старики, которые умирали так редко, что даже досадно." А. П. Чехов. "Скрипка Ротшильда".

"Şäher kiçijikdi, obaça-da ýokdy, onda ýaşaýanlaryň aglaba köpüsi-de garry-gurtulardy, içiňi ýakaýyn diýen ýaly ol garrylaryň ölýäni örän azdy." Terjime eden Bäşim Ataýew.

"И пришла весна – добрая и бестолковая, как недозрелая девка." В. М. Шукшин. "Степка".
"Açyklygy hem duşnüksizligi bilen ýetişmedik gyza meňzäp, bahar geldi." Terjime eden Atajan Tagan.

1-15 16-21
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]