13:24 Ine, hakyky musulman: Gahryman Fahretdin paşa! | |
INE, HAKYKY MUSULMAN: GAHRYMAN FAHRETDIN PAŞA
Taryhy şahslar
Söýgüli okyjylarym, bugün geçmişden, ýakyn taryhymyzdan diýseñ täsin bir wakany siziñ bilen ýene bir gezek, korona belasy zerarly öýden çykman oturmaly bolan iki günümizde täzeden gürrüñ bermek isleýärin… Çünki, geçmişde birnäçe gezek ýazylanam bolsa, her ýazgy birnäçe wagtdan soñ undulyp galýar! Fahretdin paşa ýaly hakyky gahrymanlar ýurdumuzyñ buýsanç ýadygärligidir. Bularyñ herkes tarapyndan bilinmegi we asla undulmazlygy gerek. * * * 1918-nji ýyl. Birinji jahan urşundan ýeñliş bilen çykmagyñ öñüsyrasy. Siriýa, Yrak, Palestina we Arabystan frontlarynda goşunlarymyz iñlislerden asgyn geldi. Iñlisler araplary weşeñ-weşeñ altynlara satyn alypdy. Häzirki Saud Arabystany, Katar ýaly ýurtlaryñ ata-babasy bolan araplar türk goşunynyñ, öz dindeşleriniñ arkasyndan namartlarça urupdy. 1918-nji ýylyñ 30-njy oktýabry. Ähli frontlarda urşuñ dowamynda on müñlerçe şehit beren Osmanly uruşdan ýeñlip çykdy. Mondros boýun egme şertnamasyna gol çekildi. Şertnamanyñ talaplaryna görä, ýaragy taşlamaly, goşunlarymyz boýun egmeli. Emma Medinede ýagdaý düýbünden başga.. Söýgüli pygamberimiziñ (s.a.w) "Rawzaýy-Mutahhara" ady bilen tanalýan mübärek gubury mukaddes Medinede ýerleşýär. Fahretdin paşanyñ serkerdelik edýän Medine garnizony birnäçe aýlap araplaryñ we olary goldaýan iñlisleriñ gabawy astynda. Açlyk, suwsuzlyk, ýaragdyr ok-däri ýok, çykalgasyz ýagdaý - tutan ýeriñ gopuk... Alaçsyz galan Fahretdin paşa goşunyna şeý diýýär: - Balalarym, çekirtgeleri gowrup iýiberiñ. Menem iýýärin, iýmezçe däl eken. Gabawda bialaç galan Fahretdin paşa arap dönükligini we boljak işleri öñünden çaklaýar, Medinäniñ elden gitjegini añşyrýar... Şonun üçin ol pygamberimiziñ (s.a.w) guburyna osmanly patyşalary tarapyndan birnäçe ýyllap sowgat edilen ähli gymmatbahaly zatlary toplap, gymmatly hazynany otly gatnawy bilen berk goragçylyk astynda Stambula ýollaýar. Ine, şolardan käbiri: Hezreti Osmanyñ (r.a) keýik derisine ýazylan Gurhany, lagyl-jowahyrlar bilen pygamberimiziñ (s.a.w) ady ýazylan lewhalar, göwherden, ambradan we beýleki gymmatbahaly daşlardan ýasalan tesbihler, "Kewkebi Dürri" diýilýän dört sany uly almaz bölegi, her biri 50 kilolyk altyn şemdanlar we ş.m. ... Medine demirýolunyñ iñ soñky duralgasy. Demirýoly frontlardaky goşunymyzyñ ýeke-täk jan damary. Araplar şonuñ üçin demir ýollarynyñ ugrunda zol-zol sabotaž gurnap, kömekçi güýç hökmünde ugradylýan esgerlerimiziñ, azyk önümleriniñ we ok-däri serişdeleriniñ gelmegine päsgelçilik döredip durýardylar. Dogrusy, iñlis altynlarynyñ jadysy diýseñ güýçlüdi! Her näme-de bolsa, bu gymmatly hazyna Stambula kazasyz-belasyz aşyrylýar. 1918-nji ýylyñ 30-njy oktýabry. Mondros boýum egme şertnamasyna gol çekilýär. Osmanly döwleti boýun egýär. Emma, görseñizläñ, Fahretdin paşa Medinede boýun egmekden ýüz öwürýär! Hawa, döwlet boýun egdi, emma Medine serkerdesi boýun egmejekdigini aýdýar. Birnäçe aýlap Medinede arap-iñlis gabawyna garşy söweşýär. Haçparaz-musulman ýaranlygy türk goşunyna garşy aldym-berdimli ýagdaýda dowam edýärdi. Çäresiz galyp, iñlisleriñ öñünde boýnuny buran Wahdetdin diýen haýyn patyşa Adliýe naziri (Adalat ministri) Haýdar mollanyñ ýanyna iñlis janpenalaryny goşup Jiddä, ol ýerdenem Medinä iberip, boýun egmeýän Fahretdin paşanyñ ýaragy taşlamagyny talap edýär. Paşa boýun egmejekdigini aýdýar! Onuñ beren jogaby şeýle: "Men pygamberimiziñ mazaryny bulara goýmaryn. Gyzyl baýdak şu taýda parlar durar!'' Haydar molla Stambula eli boş dönýär! Dünýä taryhynda bular ýaly waka bolup geçmändi. Bar zat gutarypdy, döwlet gutarnykly boýun egipd, Fahretdin paşa bolsa Medinede aýak direýärdi. Iñlisler we olaryñ ýarany araplar Medinäni ele geçirip bilenokdylar. 1919-njy ýylyñ ýanwary. Ahyrynda boljak iş bolup dynýar!.. Dañ säher çagy paşa pygamberimiziñ (s.a.w) guburynyñ başynda namaz okap durka, boýun sunmakdan başga ýol galmandygyny aýdýan käbir ofiserler onuñ üstüne topulýarlar we ýaka tutuşyp gyzyl ýumruga girýärler. Fahretdin paşa sapançasy bilen gylyjyny pygamberimiziñ (s.a.w) guburynyñ üstünde goýup, garnizon bilen bile duşmana ýesir düşýär. Fahrettin Paşa belli bir wagta çenli iñlisleriñ Müsürdäki ýesirhanalarynda saklanýar. Soñra köpsanly watansöýüjiler bilen bile Malta adasyna sürgün edilýär. Sürgünde bolan wagty harby lybasyny birem egninden çykarmandyr. Iki ýarym ýyldan soñ 1912-nji ýylda Italiýa-Germaniýa-Russiýa-Batumi-Kars ýoly bilen ýurduna gelýär, watan topragyny ogşaýar we Kazym Karabekir paşanyñ goşunynyñ düzüminde Günbatar frontuna aralaşýar. Ankarada Mustapa Kemal paşa Fahretdin paşanyñ sag-salamat dolanyp gelenini eşidip: ‘‘Heniz dirikä adyny taryha altyn harplar bilen ýazdyran serkerdämiz'' diýýär. ‘‘Çöl gaplañy'' we ‘‘Medine gahrymany'' diýen atlar bilen tanalýan, duşmanlarynyñam hormat bilen ýatlan Fahretdin paşamyz 1922-nji ýylda Mustapa Kemal paşa tarapyndan Türkiýäniñ Owganystandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenýär. Owganystan şol ýyllarda-da biziñ üçin iññän möhüm ýurtlaryñ biridi, çünki, Türkiýedäki täze häkimiýeti ykrar eden ilkinji ýurtlaryñ biridi. Fahretdin paşa soñky ýyllarda Türkkan familiýasyny alýar. Ol barada ýazylan, Medinedäki agyr günleri we boýun sunmaly bolan agyr pursatlary beýan edýän iki ajaýyp kitap bar. Ikisiniñem ady: "Medine goragy" (‘‘Medine Müdafaası''). Biriniñ awtory paşanyñ ýanynda gulluk eden ofiser Naji Kaşif Kyjyman, beýlekisi bolsa Medinese "Gyzyl Ýarymaý" (şol wagty ady bilen "Hilal-i Ahmer") jemgyýetiniñ işgäri (we çakym çak bolsa kontrrazwedçik bolmaly) Feridun Kantemir. Olaryñ ikisi-de Medinede paşanyñ ýanynda gulluk edipdirler. Agzalan iki kitabam häzir kitap satylýan dükanlarda ýok, emma bular hökmany suratda täzeden neşir edilmegi we giñden ýaýradylmagy derwaýys kitaplar... Aradan ýyllar geçýär. Günlerde bir gün Feridun Kantemir Stambulda Fahretdin paşanyñ öñünden çykýar we ondan başdan geçiren wakalaryny gürrüñ berip ýatlama-kitap ýazmagy haýyş edýär. Paşanyñ beren jogabyny kitapdan bolşy ýaly alýaryn: [i]‘‘Oglum, herkes watana bolan borjuny berjaý etmel we gep şol ýerde gutarmaly.'' Fahretdin Türkkan 1948-nji ýylda aradan çykdy. Ebedilik ukusyny Stambuluñ "Rumelihisar" gonamçylygynda alýar. Fahretdin paşanyñ Medinedäki başdan geçirmeleri dünýäde deñi-taýy bolmadyk gahrymançylygyñ nusgasydyr. Iñlisleriñ puluna satylan dindeşlerimiziñ hyýanatyna uçrap, döwlet boýun egenem bolsa, pygamberimiziñ (s.a.w) guburyny olara bermejek bolup, ýene üç aýlap kellesi goltugynda aç-suwsuz göreşen türk-musul.an serkerdäniñ ynanyp bolmajak hekaýatdyr. Men bu gahrymanlara çäksiz derejede hormat goýýaryn. Biz bugün şolaryñ saýasynda azat-erkin ýaşaýarys. Allatagala barçasyna rahmet eýlesin, ýatan ýerleri ýagty bolsun. Hakyky dindar we hakyky musulman, ine, şolardy. Olar şol bir wagtyñ özünde watansöýüjidiler. Bir-ä Fahretdin paşa ýalylara ser salyñ, birem soñky ýyllarda döräp, musulmanlyk bezirgenligini edýän, bir eli ýagda bir eli balda, ýurdumyzy kesekilere peşgeş çeken din telekeçisi galphorlara we olara agalyk edýän utanç-haýasyz ogry syýasatçylara göz aýlañ! Eýse, musulman kimkä! • P.S.: Ertirki ýazgymda Fahretdin paşanyñ araplardyr iñlisleriñ eline düşmesin diýip, şol kyn şertlerde Medineden Stambula ýolan şol gymmatly hazynasynyñ tutuş sanawyny berjek. Herhal ýene agzyñyz uçuklasa gerek! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 05.12.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |