17:46 Inflýasiýa hakda käbir zatlar | |
INFLÝASIÝA HAKDA KÄBIR ZATLAR
Maliýe we ykdysadyýet
Inflýasiýa tutuş döwletiňem, her bir adamyňam durmuşyna juda ýaramaz täsir edýär. Şu nukdaýnazardan, bu ykdysady-jemgyýetçilik hadysasy göze görünmeýän, maddy däl närse bolsa-da, oňa ganym duşman hökmünde garamak lazym. Gadymy Hytaý danasy Sun-szynyň aýdyp öteninden ugur alanyňda bolsa, duşmanyňa garşy ilkinji hereket – ony öwrenmekden başlanýar. Eýsem inflýasiýa näme? Çagalykda tapmaça ýoranymyzda gönükdiriji sowallary berşimiz ýaly, ol “janlymy, jansyz”, “guýruklymy, guýruksyz” ýa-da “şahlymy, şahsyz”, “mäleýänmi, molaýan”...? Bu soraga gysgaça jogap bersek – inflýasiýa – bu harytlaryň we hyzmatlaryň bahasynyň gysga wagtda, yzygiderli hem çalt ýokarlanmagynyň netijesinde puluň hümmetsizlenmegidir. Giperinflýasiýa bolsa, şol hadysanyň turboaktiw režimde ýa-da şapadaňlaşyp urşulýan golliwud kinolaryndaky ýaly ekşn stilinde bolup geçmegidir. Ykdysady nazaryýet, inflýasiýanyň aşakdaky görnüşleriniň bardygyny nygtaýar: 1. Süýrenjeň görnüşi. Bu görnüş bahalaryň haýaljakdan, her ýylda takmynan 10 göterimden az möçberde ösmegi bilen häsiýetlendirilýär. Inflýasiýanyň bu görnüşi häzirki zaman döwletleriniň, ählisine diýen ýaly, hatda Birleşen Arap Emirlikleri (3-3,5%), Saud Arabystany Patyşalygy (3,5%), ýaly kuwwatly ykdysadyýeti bolan döwletlere-de mahsusdyr. 2. Öňürdikleýän (galoplaýan) görnüşi. Bu görnüşde bahalaryň ösüşi bir ýylyň dowamynda 10-dan 50 göterime çenli bolýar we beýle ýagdaý şol ykdysadyýetiň kynçylyklary başyndan geçirýändigini aňladýar. 3. Giperinflýasiýa. Bu görnüşde bahalar, gysga wagt aralygynda 50 göterimdenem çalt ösýär. Elbetde, taýagyň iki ujy bolşy ýaly, inflýasiýanyň hem ýurduň ykdysadyýeti üçin düýbünden ýaramaz hadysa däldigini ykdysatçy-alymlar belläp geçýärler. Mysal üçin, rus alymy A.Illarionowyň geçiren seljermelerine görä, inflýasiýanyň ýokary derejesi – her ýylda bahalaryň 25-49 göterim aralygynda ýokarlanmagy döwletiň ykdysadyýetiniň ösüşine badak atýan bolsa, inflýasiýanyň kadaly derejesi – her ýylda bahalaryň 1,1 – 4,7 göterim aralygynda ösmegi ýurduň ykdysadyýetiň ösüşiniň ýokary derejede saklanmagyny üpjün edýär. Inflýasiýanyň ýüze çykmagyna, kagyz pullaryň möçberiniň gereginden artyk artmagy, dürli ýaramaz jemgyýetçilik hadyslarynyň ýüze çykmagy, haýsydyr bir sebäplere görä harytlaryň we hyzmatlaryň azalmagy, tebigy betbagtçylyklar ýaly ençeme oňaýsyz ýagdaýlar getirip bilýär. Puluň hümmetiniň gaçmagy barada bellemeli esasy ýagdaýam, bu ykdysady-jemgyýetçilik hadysasynyň, adamzat siwilizasiýasyna pul-haryt dolanyşygynyň ösmegi bilen täsir edip başlan närse däl-de, has ir döwürlerden ynsanyýete aýrylmaz hemra bolup gelýänligidir. Mysal üçin, aňrybaşy giperinflýasiýanyň, ýagny puluň ýa-da onuň deregini tutýan gymmatbaha metallaryň, şol sanda lagl-jowahyr, göwher, merjen, ýakut we ş.m. daşlaryň hümmetiniň pese düşmeginiň iň düşnükli hem täsirli rowaýaty mysaly – kyrk şäheri dolduryp, öz hazynasynyň arasynda açlykdan we teşnelikden ölen Karunyň wakasy diýsegem ýalňyşmarys. Gündogarda harsydünýäligiň hem-de husytlygyň simwolyna öwrülen bu rowaýaty şahsyň ygtyýarlygynda kyrk şäher doly gymmatbahaly maliýe serişdeleri bolsa-da, onuň şol serişdelerine birje döwüm çörek ýa-da ýeke owurt suw satyn almaga mümkinçiligi bolmandyr. Görşümiz ýaly, Karun üçin şahsy giperinflýasiýanyň emele gelmegine, ilki bilen-ä onuň syrnyhlygy, galyberse-de, onuň likwidligini ýitiren hasaplaşyk serişdelerinden doly ammar hökmünde çykyş edýän şäherde, ynsan ýaşaýyşy üçin zerur bolan zatlary edinmek mümkinçiliginden mahrum galmagy sebäp bolupdyr. Ýene-de bir mysaly Injilden getireliň. Injil, 4-nji Patyşalyklar Kitabynyň, 6-njy babynda şeýle sözler bar: “Wenadad, Siriýa patyşasy, özüniň ähli goşunyny ýygnady we ýola düşdi, we Samariýany gabawa aldy. We Samariýada uly açlyk boldy, haçan-da olar ony gabawa alanlarynda eşegiň kellesi segsen sikl kümüşe satylýardy, we kepderi tezeginiň bir kabasynyň dördünji ülüşi kümüşiň bäş sikline berilýärdi”. Eger-de bu mysal getirilen jümlede agzalýan ölçegleri häzirki zaman düşünjelerine geçirseň, onda eşegiň kellesiniň bahasy takmynan bir kilogram kümüş bolýar. Kepderi tezeginiň bir litrlik çüýşäniň üçden birine barabar möçberiniň bahasy bolsa 60 gram kümüş bolýar duruberýär. Bu mysalymyzda, Samariýa şäheriniň ýaşaýjylary üçin giperinflýasiýanyň döremegine, daşky faktor bolan, Wenadad atly patyşahyň olaryň şäherini gabamagy sebäp bolupdyr. Gadymy, has takygy rowaýaty dünýäde, giperinflýasiýanyň ýüze çykmagynyň ýene-de bir mysalyny getireýin. Injilde Süleýman pygamber döwründe Gadymy Ysraýyl döwletiniň ösüşiň belent derejesine çykandygy aýdylýar. Şol döwürde döwletiň baýlygynyň esasy çeşmeleriniň biri Afrikada (mifiki Ofir ülkesinde) tapylan altyn känleri (rowaýatlarda “Süleýman şanyň känleri” diýilýär. Ol känleriň anyk salgysy häzirki güne çenlem anyklanmadyk) bolupdyr. Bu babatda Injilde Süleýman pygamberiň şol känlerden alnan altyn daşalyp başlandan soňra ähli gap-gaçlarynyň sap tylladan ýasalandygy, onuň öýünde kümüşden hiç zadyň galmandygy, şol günler kümüşiň bahasynyň hiç zat bolup galandygy hakynda aýdylýar. Şeýlelikde, bu mysal getirilen dini hekaýat, Süleýman pygamberiň hökümdarlyk eden döwletinde pul serişdeleriniň (gyzylyň) çakdan aşa köp bolmagynyň onuň hümmetsizlenmegine - giperinflýasiýa getirendigini beýan edýär. Edil şuňa çalymdaş waka, Ekkleziastdan has soňraky döwürde-de, Ispaniýada emele gelipdir. XVI asyrda Peru we Meksika ülkeleriniň altyn hem kümüş känleri açylandan soňra, kümüşiň öndürilmegi 60 esse ýokarlanypdyr. Bu bolsa öz gezeginde ilk-ä Ispaniýada, soňam Ýewropada kümüş puluň bahasynyň pese düşüp, harytlaryň bahalarynyň gysga möhletde 2,5-4 esse artmagyna itergi beripdir. Gadymyýetde bolup geçen inflýasiýalar hakda ýene-de bir mysal, Ahemeni patyşasy Dariý milady ýyl hasabyndan öňki 522-486-njy ýyllarda hökümdarlyk sürende, Wawilonda (Babylda) turan gozgalaňy basyp ýatyrypdyr. Şonda-da Gündogaryň iň baý şäheri bolan Wawilony talanlaryndan soňra pers goşunlarynyň erkin dolanyşyga goýberen altyn-kümüş teňňeler, gymmatbaha daş, bezeg şaýlary görnüşindäki serişdeleri bahalaryň sähel wagtda 2-3 esse galmagyna getiripdir. Mundan başga-da, taryh ylmynda Gadymy Rim imperiýasynyň dargamagynyň esasy sebäpleriniň biriniň giperinflýasiýa bolandygy hakynda-da çaklama bar. Gadymy Rim şalarşalygyndaky giperinlýasiýa milady ýyl hasaby boýunça takmynan 200-nji ýylda başlapdyr. Taryhda: “Antoniý mergisi” diýen at bilen galan, epidemiýa Rimiň ilatynyň agramly bölegini ýok edipdir. Bu bolsa Rimde işçi güýjüniň ýetmezçiligine, şonuň netijesinde-de isleseň-islemeseň zähmet haklarynyň düýpli ýokarlandyrylmagyna getiripdir. Netijede ellerine öňküsinden köp pul düşen işçiler köpçüligi öňkülerinden has köp haryt satyn alypdyrlar. Bu bolsa bazarda harytlaryň ýetmezçiligini emele getiripdir. Şol sebäplem gysga wagtda harytlardyr-hyzmatlaryň bahasy birnäçe esse artypdyr. Rim döwletiniň hökümeti bu ýagdaýdan çykalga hökmünde zikgelenýän kümüş pullara käbir başga metallardan (mysal üçin, mis, gurşun, galaýy, bürünç we ş.m.) garyndylar goşmak arkaly, teňňeleriň hümmetini peseltmek hakynda netijä gelipdir. Bu çäre zerarly öň zikgelenýän kümüşiň şol bir möçberinden has köp teňňeleri zikgelemek başardypdyr. Ýöne, söwdagärler gaty bahym Rim hökümetiniň bu pyrryldagyny paş edip, harytlaryň bahasyny ýene-de galdyrypdyrlar. Onsoň Rim hökümeti (Imperator we Senat) teňňelerdäki kümüşi hasam azaldypdyr... Garaz, Gadymy Rimde hökümetler bilen öndürijileriň we satyjylaryň bu “kim-kimi ütmeşek” oýny tä miladynyň 300-nji ýylyna çenli dowam edipdir. Netijede, alymlaryň hasaplamalaryna görä, şol ýyl şondan ýüz ýyl öňki ýagdaý bilen deňeşdireniňde Rimde giperinflýasiýa 15 000 göterime ýetipdir. Imperator Diokletianyň dolandyran ýyllarynda bolsa giperinflýasiýa şeýlebir bulam-bujar derejä ýetipdir welin, Rim hökümeti köpçüligiň gündelik sarp edýän harytlaryna (esasan azyk önümlerine) takyk kesgitlenen bahalary bellemäge hem-de şol bahadan gymmat satan satyjylar babatda, hatda ölüm jezasyna çenli baryp ýetýän temmi çärelerini girizmäge mejbur bolupdyr. Emma, bu çäreler gerekli netijesini bermändir. Şol sebäplem, Rimiň dargamagyna ýakynlanda, ýüzlerçe ýyllap kuwwaty bilen Oýkumenany (şol döwür adamzada mälim ýerleri) elendiren döwlet, halkyna ummasyz möçberde salynýan salgytlara garamazdan, hatda öz goşunynam saklamaga serişde tapmandyr. Gadymy dünýäde bolup geçen giperinflýasiýanyň ýene-de biri, Gadymy Hytaýda, milady ýyl hasabynyň 520-527-nji ýyllarynda dolandyran imperator Putunyň döwründe bolup geçipdir. Şol zamanlar Hytaýda mis teňňeler demir teňňelere çalşylypdyr. Emma, söwda dolanyşygyna gatnaşyjylaryň täze demir pullary ýaramaz kabul edendikleri sebäpli, harytlaryň demir şaýdaky bahalary az wagtyň içinde juda ýokarlanyp, satyjylar bilen alyjylar demir teňňeleri, ilki haltalap, soňra arabalap daşamaga mejbur bolupdyrlar. Hytaýda şeýle waka soňam, milady ýyl hasabynyň 1191-1240-njy ýyllarynda hökümdarlyk eden Sun nesilşalygy döwründe döräpdir. Şol eýýamda, Hytaý hökümdarlary kagyz pullary dolanyşyga girizipdirler. Kagyz puluň özüne düşýän gymmatynyň, altyn-kümüş ýaly gymmatbahaly metallardan, hatda mis, demir, bürünç ýaly metallardanam ýasalan pullardan has arzandygy sebäpli, Sun hökümdarlary mugt ýerden dolanyşyk serişdelerini edinmegiň yşgyna düşüp, kagyz pullary gereginden artyk köp çykarypdyrlar. Netijede bazar dolanyşygynda pul artykmaçlygy emele gelip, gysga wagtda kagyz pullar-a hümmetsizlenipdir, nyrhlaram ummadan çykypdyr. Ylmy maglumatlara görä, Sun imperiýasynda giperinflýasiýanyň derejesi 2092,2 göterime baryp ýetipdir. Taryhda giperinflýasiýanyň ýüze çykmagynyň ýene-de bir täsin wakasy bar. 1324-nji ýylda Maliýa şalygynyň patyşasy Mansa Musa Mekgä haja barýarka Müsür soltanlygynyň Kair şäheriniň üstünden geçýär. Şonda Mansa Musa patyşanyň özi we onuň ýanyndaky adamlar Kairde şeýlebir köp altyn sowýarlar welin, onuň sowan pullary tutuş Müsür soltanlygynda takmynan 10 ýyla golaý wagtlap dowam eden giperinflýasiýanyň ýüze çykmagyna getiripdir. Häzirki wagtda-da Zeminiň ýüzünde aglaba köp döwletlerde giperinflýasiýa ýüze çykýar ýa-da yzygiderli dowam edip gelýär. Ýakyn döwrüň taryhyndan ugur alyp, giperinflýasiýa has çökder bolan döwletler barada maglumatlary beýan etsek, şu aşakdakylary bellemek bolar: 1. Zimbabwe (2000-2009 ý.) Bu Afrika döwleti esasan, oba hojalyk önümleri bolan temmäki, pagta, çaý, şekerçiňrigi ýaly harytlary daşary ýurtlara satýar. 2000-nji ýyllarda Zimbabweniň hökümeti 2000-nji ýylda ýerli daýhanlaryň ýagdaýyny gowulamak bahanasy bilen ýewropaly mülkdar-öndürijileriň mülklerini muzdsuz ellerinden almaga (konfiskasiýa etmäge) başlaýar. Netijede, ýurtda önümçilik düýbünden diýen ýaly bes edilip, eksporta ugradylmaga haryt galmaýar. Üstesine-de döwletiň hökümetiniň bu “oýny” daşary ýurtly maýadarlary “ürküzip”, olar ýurda maýa goýmaklaryny kesýärler. Maýadar hem-de mülkdar bolan raýatlarynyň hukuklary kemsidilen döwletler bolsa Zimbabwe barada ençeme söwda gadaganlyklaryny (sanksiýalar hem-de embargolar) girizýärler. Netijede, 2008-nji ýylda Zimbabwede giperinflýasiýanyň derejesi bir ýylda 231 000 000 göterime barýar! Ýagny, bu ýurtda bahalar her 1,5 sagatdan iki esse ýokarlanýar! Emma, muňa garamazdan, şol geçen ýyllarda Zimbabweniň häkimiýetleri giperinflýasiýanyň öňüni almak üçin hiç hili çäre görmän, arkaýyn öz pullaryny “neşir” etmeklerini dowam edýärler. Diňe olaryň “neşir” edýän pullarynyň ýüzündäki sanlaryň yzynyň nollary artdyrylýar. Şeýlelikde, 2008-nji ýylyň iýulynda Zimbabweniň dükanlarynda 3 sany towuk ýumurtgasynyň bahasy 100 milliard zimbabwe dollary bolýar. 2009-njy ýylda bolsa, giperinflýasiýa zerarly Zimbabwe öz pul serişdesinden ýüz dönderip, içerki dolanyşykda amerikan dollaryny hasaplaşyk serişdesi hökmünde ykrar edýär. Halkara synçylar ýewropaly mülkdarlardan alnan ýerleriň häzirem ulanylman, boş ýatandygy hakynda habar berýärler. 2. Wengriýa (1945-1946 ý.) Ikinji jahan urşunda çägi derbi-dagyn edilen Wengriýa, uruşdan soňky tozgunçylykda, hiç hili önümçiliksiz galýar. Üstesine-de ol gitlerçilik Germaniýanyň ýapjasy hökmünde ýeňiji döwletleriň esasysy bolan SSSR-den doly garaşly ýagdaýa düşýär. Ýeňiji döwletlere puşmana tölegini (reparasiýalary) töländen soňra Wengriýa ägirt uly daşarky bergileri bilen batyp galmak (bankrot) derejesine düşýär. Netijede-de, Wengriýanyň işiginden “salam” bermän giren, bihaýa hem diýdimzor giperinflýasiýa, ýurduň törüni eýeleýär-de, wenger halkynyň depesinde “küştdepdi oýnamaga” başlaýar. 1945-nji ýylda, giperinflýasiýa başlanda, Wengriýada iň uly hümmetli pul birligi 10 müňlük pengýo (häzirki forintden öňki wenger pul birligi) bolan bolsa, bary-ýogy iki aýdan soň, dolanyşyga 10 millionlyk hümmetli pengýo girizilýär. Biraz soň, 100 millionlyk, yz ýanyndanam 1 milliardlyk pengýolar “çap” edilýär we ýaýradylýar. Şol müddet wenger giperinflýasiýasynyň derejesi 400 göterime ýetip, nyrhlar her 15 sagatdan iki esse galýarlar. Soňabaka wenger ykdysady giňişliginde 1 trillionlyk, 1 kwadrillionlyk we 1 sekstilllionlyk pullaram peýda bolýar. Ahyrynda-da bu giperinflýasiýa 1946-njy ýylyň awgustynda wenger Milli bankynyň “forint” atly täze pul birligini girizip, öňki “pengýo” pul birligini ýatyrmagy bilen tamamlanýar. 3. Gresiýa (1944 ý.) 1941-nji ýylda Germaniýa italýan goşunlary bilen bilelikde Gresiýany basyp alýarlar. Şonda-da Germaniýa Gresiýany ägirt uly möçberde “okkupasiýa üçin çykdajylar” diýip medeniýetli atlandyrylan “gamçy hakyny” tölemäge mejbur edýär. Bu tölegler Gresiýanyň ykdysadyýetini üstüne garry göhert çöken gawun deýin mynjyradyp taşlaýar. Gresiýada açlyk başlanýar. 1943-nji ýylda Gresiýada iň iri pul birligi 25 000 drahma bolan bolsa, bary-ýogy bir ýyldan soň 100 milliard drahmalyk pul çykarylyp ugralýar. Şol döwürde, Gresiýada bahalar her 28 sagatdan iki esse köpelýär. Diňe şondan 7 ýyldan soň Gresiýa bu çökgünçilik läbiginden halas bolmagyň hötdesinden gelýär. 4. Ýugoslawiýa (1992-1994 ý.) SSSR dargandan soň sosialistik döwlet bolan Ýugoslawiýa hem dargamaga başlaýar. Üstesine-de köp milletli döwletiň öňki düzüm birlikleriniň arasynda raýatlyk urşam başlaýar. Bu urşy ýatyrmak üçin Birleşen Milletler Guramasy Ýugoslawiýanyň garşysyna ençeme gadaganlyklary girizýär. Netijede ykdysady çökünçilik başlanýar. Nyrhlar her 34 sagatdan iki esse artýar. Ýurduň hökümeti goşmaça pul serişdelerini neşir etmäge girişýär. 1992-nji ýylda Ýugoslawiýanyň iň uly pul birligi 5000 dinar bolsa, şondan iki ýyl soň 500 milliard dinarlyk pullar peýda bolýar. Diňe, 1994-nji ýylda ýurtda hasaplaşyk serişdesi hökmünde nemes markasynyň girizilmegi giperinflýasiýanyň öňüni alýar. 5. Germaniýa (1922-1923 ý.) Birinji jahan urşunda ýeňlenden soň Germaniýa ägirt uly möçberdäki puşmana töleglerini (reparasiýalary) töläp, ykdysady çökgünçilige düşýär. Ýurtda nyrhlar her 49 sagatdan ýokarlanýar, her aýda täze, has iri pul birlikleri çykarylýar. Germaniýadaky giperinflýasiýanyň netijesinde neşir edilen iň iri pul birligi 100 trillion markalyk puldyr. Şol pul birliginiň satyn alyş hümmetem şol döwürde 25 amerikan dollarynyň hümmetine barabar ekeni. 1923-nji ýylyň noýabrynda “renta markasy” atly täze pul birliginiň dolanyşyga girizilip, markanyň denominasiýa edilmegi, Germaniýany giperinflýasiýanyň holtumyndan sypdyrýar. 6. Fransiýa (1795-1796 ý.) 1789-1799-njy ýyllardaky Fransuz ynkylaby (rewolýusiýasy), Fransiýa korollygynyň daşarky bergisi 4 milliard liwre ýetende başlapdyr. Bu bergi esasan, ýurduň taryhynda iň sowajaň korol hökmünde ykrar edilen Lýudowik XV-niň günäsi bilen ýüze çykypdyr. Ynkylapdan soň täze fransuz hökümeti emele gelen ykdysady çökgünçilikden çykmak üçin fransuz ybadathanasynyň mülklerini ýörite karznamalary (obligasiýalary) berip, millileşdirmäge (döwletiň eýeçiligine almaga) hem-de olary satmak arkaly maliýe serişdelerini “gazanmaga” başlapdyr. “Ýokary netijeli” hasaplanan bu pişäni amala aşyrmaga çakdan aşa gyzygan ynkylapçylar, täze karznamalary şeýlebir köp neşir edipdirler welin, ol obligasiýalar kesgitlenen nyrhlardan Fransiýadaky mülk ýerleriniň her birini azyndan dört-bäş gezek satyn almaga-da ýeterlik bolupdyr. Şol döwürler, giperinflýasiýanyň iň ýokary derejesinde nyrhlar her 5-10 günden ýokarlanypdyr. Mysal üçin, 200 kagyz liwr bahaly jübüt ädik, 5-10 günden soň 20 000 liwre satylypdyr. Ynkylapçy häkimiýet, bu jygba-jyg ýagdaýdan çykalga hökmünde, döwlet hazynasyndaky jemi 1 milliard liwr möçberinde bar bolan ähli kagyz pullary hem-de olary neşir etmek üçin ulanylýan enjamlary Wandom meýdanynda dabara bilen otlapdyr-da, 1797-nji ýylda “frank” atly metal pullary dolanyşyga girizipdir. 7. Peru (1984-1990 ý.) 1984-nji ýylda, daşarky söwda gatnaşyklarynda hem-de içerki önümçiliginde ýüze çykan dürli meseleler sebäpli, Peru döwletiniň milli pul birligi bolan “sol”-yň halkara bahasy çaltlyk bilen pese düşmäge başlapdyr. Netijede 1984-nji ýylda Perudaky iň iri pul birligi bolan 50 müň sol 500 müň sola öwrülipdir. Biraz soň Peru hökümeti pul reformasyny geçirip, “inti” atly täze pul birligini dolanyşyga girizipdirler. Emma, ykdysadyýet ylmyndan belli bolşy ýaly, içerki önümçiligi we daşarky söwda aragatnaşyklaryny ösdürmezden puly näçe çalyşsaňam, onuň netijesi sabyn köpürjigine meňzeş bolýar. Şoňa görä-de, 1990-njy ýylda Perudaky 1 müň inti 5 million intä öwrülýär. Ahyrynda, 1991-nji ýylda köp sanly özgertmeleri geçirmek arkaly Perudaky ykdasy ýagdaý kadalaşýar. Deňeşdirmek üçin aýdylanda, 1991-nji ýyldaky 1 täze sol 1984-nji ýyldaky 1 milliard sola barabar ekeni. 8. Ukraina (1993-1995 ý.) Ukrainada görkezilen iki ýylda giperinflýasiýanyň derejesi her aýda 1400 göterime barabar bolupdyr. Mysal üçin, Ukraina garaşsyzlygyny yglan edenden soň, iň iri pul birligi 1 müň kupon bolan bolsa, 1995-nji ýylda eýýäm 1 million kupon bolupdyr. Şonda, ýagdaýy düzetmek üçin döwletiň Milli banky 100 müň kupony 1 griwna çalşyp, täze pul birligini dolanyşyga girizýär. Şol döwür 1 griwnaň ýa-da 100 müň kuponyň bahasy amerikan dollarynyň 20 sentine barabar ekeni. 9. Nikaragua (1986-1991 ý.) 1979-njy ýylda bolup geçen ynkylapdan soň Nikaraguada ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň agramly bölegi millileşdirilýär. Netijede, ýurduň ägirt uly möçberdäki daşarky bergilerem bu çäräniň üstüne urna bolup, ýurtda ykdysady çökgünçilik emele gelýär. Bir ýylyň içinde iň iri pul birligi bolan 1 müň kordob 500 müň kordoba öwrülýär. 1988-nji ýylda bolsa Nikaraguaň hökümeti giperinflýasiýany bes etmek üçin kordobany täze kordoba çalyşýar. Emma, bu çäre peýda bermänden soň 1990-njy ýylda biri 5 million kordoba barabar bolan altyn kordobany dolanyşyga girizýär. Ýöne, diňe ýurduň ykdysadyýetiň agramly bölegini düzýän oba hojalyk pudagy dikeldilenden soň Nikaragua ykdysady çökgünçilikden çykmagyň hötdesinden gelipdir. 10. Kraina (häzirki wagtda Horwatiýanyň düzüminde) (1993 ý.) Kraina – bu öň serblere degişli bolan, ýöne 1998-nji ýylda Horwatiýa birikdirilen, resmi ykrar edilmedik ýurtdyr. Ýöne, bu ýurt Horwatiýa birikdirilmezinden öň agyr giperinflýasiýany başyndan geçiren we onuň öňüni almagyň hötdesinden gelmedik döwlet hökmünde taryha girmegi başarypdyr. Bu ýurtda hiç hili önümçiligem, eksportam bolmandygy sebäpli, bary-ýogy bir ýylyň içinde dolanyşykda bolan 50 müň dinarlyk iň iri pul birligi 50 milliardlyk dinara öwrülmegi oňarypdyr. Netijede diňe tutuş halkara bileleşiginiň tagallasy bilen, bu ýurt Horwatiýa birikdirilenden soňra giperinflýasiýanyň “ demirgapan gujagyndan” sypypdyr. 11. Awstriýa (1919-1923 ý.) Awstro-Wenger imperiýasy dargandan soň Awstriýa özbaşdak döwlet bolýar. Öň bu imperiýanyň merkezi bolandygy sebäpli, Awstriýanyň imperiýadan garaşsyzlygyny alan goňşulary Çehoslowakiýa, Ýugoslawiýa onuň bilen söwda gatnaşyklaryndan ýüz dönderýärler. Gysga wagtdan soň bolsa bu üç döwletiň arasynda uruş başlaýar. Awstriýa uruş hereketlerini maliýeleşdirmek üçin pul neşi edýän enjamyna bat berýär. Netijede 1919-1923-nji ýyllarda dolanyşykdaky pullaryň möçberi 14250 göterim artýar. Şeýlelikde, 1919-njy ýylda 1 amerikan dollarynyň bahasy 16,1 awstriýa krony bolan bolsa, 1923-nji ýylda 1 amerikan dollarynyň bahasy 70800 kron bolýar. Awstriýa bu çökgünçilikden diňe şol döwürler hereket eden iň abraýly halkara guramasy bolan Milletler Ligasynyň beren karzlarynyň hasabyna çykyp bilipdir. Ýöne... Awstriýa ykdysady çökgünçilikden çykan badyna-da, ony Adolf Gitleriň baştutanlyk edýän faşistik Germaniýasy, ýurduň çägine goşun salmak arkaly, “meýletin” özüne birikdiripdir. 12. Hytaý (1937-1949 ý.) Hytaýda giperinflýasiýa döwlet tarapyndan harby çykdajylary ýapmak üçin pul serişdelerini gereginden artyk çap edilendigi zerarly 1937-1949-njy ýyllarda bolup geçipdir. Mysal üçin, 1927-nji ýylda 1 amerikan dollarynyň bahasy 3,41 ýuan ekeni. 1945-nji ýylda bu baha 1222 ýuana öwrülipdir. 1949-njy ýylda bolsa 23,3 million ýuan bolupdyr. Diňe, haçan-da hökümet köne 3 million ýuany täze 1 ýuana çalyşmak arkaly denominasiýa geçirenden soňra, ýurtda ykdysady ýagdaý düzelmäge başlapdyr. 13. Polşa (1923-1924 ý.) Polşa Rus imperiýasy dargandan soň 1918-nji ýylda garaşsyzlygyna eýe bolupdyr. Ýöne, soňra Polşanyň hökümeti Sowet Russiýasy bilen urşa başlandygy sebäpli, harby çykdajylaryny ýapmak üçin goşmaça pul serişdelerini çap etmäge mejbur bolupdyr. Netijede, 1923-nji ýylyň 31-nji maýynda 1 amerikan dollarynyň bahasy 52875 polýak markasy bolsa, 1924-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda 1 amerikan dollarynyň bahasy 10,3 million polýak markasyna satylypdyr. Şol döwürler Polşanyň hökümetiniň neşir eden iň iri pul birligi 50 million polýak markasy ekeni, 100 million markalyk pul birligini bolsa çykarmak meýilleşdirilipdir. 14. Ýaponiýa (1944-1948 ý.) Ikinji jahan urşundan soň gutarnykly haraba öwrülen Ýaponiýada bahalar gysga wagtda 5300 göterim ýokarlanypdyr. Bu giperinflýasiýanyň esasy sebäbem, ýapon hökümeti tarapyndan uruş üçin çykdajylaryň öwezini dolmak maksady bilen üznüksiz neşir edilen, halk arasynda “banan pul” diýlip atlandyrylýan harby ýenler ekeni. Bu pullar hökümet tarapyndan 1945-nji ýylda hakyky däl diýlip yglan edilipdir. 15. Argentina (1975-1991 ý.) 1971-nji ýylda Argentinada harytlaryň hem hyzmatlaryň bahasynyň-a yzygiderli galmagy, ilatyň girdejileriniňem üznüksiz pese düşmegi ýaly ýaramaz ykdysady hadysa ýüze çykypdyr. Bu ýurtda giperinflýasiýanyň çür başynda puluň hümmetsizlenmegi 5000 göterime ýetipdir. Diňe 19 ýyldan soň, 1990-njy ýylda döwletiň ykdysadyýetini durnuklaşdyrmagyň maksatnamasyna laýyklykda täze pul birligi dolanyşyga girizilip, salgyt kanunçylygy özgerdilenden soňra, ýurtdaky ýagdaý kadalaşypdyr. 16. Ysraýyl Döwleti (1979-1985 ý.) Ysraýylda 6 ýyllap dowam giperinflýasiýanyň öňüni almak üçin, 1985-nji ýylda hökümet tarapyndan köpçüligiň gündelik sarp edýän harytlarynyň anyk toparlarynyň bahalaryny merkezleşdirilen tertipde doňdurmak hakynda çözgüt kabul edilýär. Netijede bir ýylda, bu ýurtda giperinflýasiýanyň derejesi 50 göterim pese düşýär. 1986-njy ýylda bolsa, bu görkeziji 19 göterime çenli aşak düşürilýär. 17. Wýetnam (1981-1988 ý.) 1984-nji ýylda Wýetnamda dowam edýän inflýasiýa birdenkä öňürdikläp başlaýar-da, giperinflýasiýa öwrülýär duruberýär. Nyrhlar 1986-njy ýylda 500 göterim galýar. Ýurduň hökümeti diňe 1988-nji ýylda belli bir derejede bu ýaramaz hadysanyň hötdesinden gelmegi başarýar. 18. Braziliýa (1986-1994 ý.) 1970-nji ýylda Braziliýada inflýasiýanyň 15-300 göterim aralygynda öňürdikläp ösmegi başlanýar. Ýöne, geň zady, şonuň bilen birlikde-de ýurduň ykdysadyýeti durnukly ösmegini dowam edýär. Diňe 1985-nji ýylda ýurduň hökümeti bu çaýkanyp duran “hiňňildigiň” üstünde saklanmagyň hötdesinden gelip bilmän, giperinflýasiýa ýüze çykýar. Gysga wagtda nyrhlar 2000 göterim ýokarlanýar. Hökümet bu ýaramaz hadysa garşy göreşip, täze pul birlikleri – kruzeýrony, kruzadony, real kruzeýrony we realy – dolanyşyga goýberýär. Ýöne, diňa birnäçe sapar geçirilen dewalwasiýalardan (gymmaty gaçan pullary ulanyşdan aýyrmak we olary durnukly hem-de doly gymmaty bolan kredit biletleri bilen çalşyrmak) soň 1994-nji ýylda, ýurtdaky ýagdaýy umumy ykrar edilen halkara ülňüleriň derejesinde saklamak başardýar. 19. Türkiýe (1990-2005 ý.) 1990-njy ýylda türk lirasy uly tizlikde hümmetsizlenmäge başlaýar. Bu bolsa türk ykdysadyýetiniň 15 ýyllap çökgünçilikde bolmagyna getirýär. Diňe, 2005-nji ýylda inflýasiýanyň derejesini 10 göterime düşürmek başardýar. Maglumat üçin aýdylanda, türk hökümeti tarapyndan 1 million köne türk lirasy 1 täze türk lirasyna çalşylypdyr. 20. Angola (1991-1999 ý.) Diňe 1991-nji ýylda, bary-ýogy bir ýylyň dowamynda Angolanyň milli puly 10 esse hümmetsizlenýär. 1995-nji ýylda pul reformasy geçirilende 1 müň köne kwanza 1 täze kwanza çalşylypdyr. Angolada ikinji pul çalşygy 1999-njy ýylda geçirilýär. Ýöne, bu gezek 1 million köne kwanza 1 täze kwanza çalşylýar. Şeýlelikde, 1995-nji ýyldan öňki kwanza bilen 1999-njy ýyldan soňky kwanza deňeşdirilende 1 000 000 000 = 1 bolýar duruberýär. 21. Bolgariýa (1991-1997 ý.) Uzaga çeken giperinflýasiýa zerarly Bolgariýa tas defolt (bergiňi üzmekden boýun gaçyrmak – sada söz bilen aýtsaň: döwletiň özüni bankrot hökmünde yglan etmegi bolýar) yglan etmek derejesine baryp ýetýär. Diňe 1997-nji ýylda hökümet tarapyndan pul dolanyşygyny üpjün etmegiň täze usullary herekete girizilenden soňra, giperinflýasiýanyň derejesini 1000 esse pese düşürmek başardýar. 22. Belarus (1994-2000 ý.) 1994-nji ýylda Belarusyň pulunyň hümmetsizlenmegi başlanyp, 1999-njy ýylda ol 1000 esse pese düşýär. 2002-nji ýylda Belarus döwleti denominasiýa geçirende köne 10 müň belorus rublyny täze 1 belorus rublyna çalşypdyr. 23. Gruziýa (1995 ý.) Gruziýanyň dolanyşyga girizen “lari” atly pul birligi 1993-nji ýylda 1000 esse hümmetsizlenýär. Netijede 1993-nji ýylda geçirilen pul çalşygynda 1000 000 köne lari 1 täze lari pul birligine çalşylýar. 24. Ekwador (2000 ý.) 2000-nji ýylda Ekwadoryň pul birligi 75 göterim arzanlaýar. Şol ýyl ýurduň hökümeti giperinflýasiýanyň öňüni almak üçin milli puluň – sukreniň hümmetini amerikan dollarynyň kursuna baglamak hakynda kanunçylyk namasyny kabul edýär. Milli puluň hümmetini amerikan dollarynyň (ýa-da başga islendik erkin ýörgünli daşary ýurt pulunyň – walýutanyň) kursune baglamak diýlende, milli puluň amerikan dollaryndaky bahasyny takyk kesgitläp, resmi berkitmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda Ekwadorda onuň sukresi däl-de, amerikan dollary hasaplaşyk birligi diýlip ykrar edilen. 25. Rumyniýa (2000-2005 ý.) Rumyniýada sarp edijilik inflýasiýasy 2000-nji ýylda 50 göterimden geçipdir. Netijede 2005-nji ýyla çenli rumyn hökümeti inflýasiýany ýeňmegiň başga alajyny tapman, 10 000 leýi 1 täze leýe çalşyp, denominasiýa geçirýär. 26. Madagaskar (2004 ý.) 2004-nji ýylda Madagaskaryň milli pul birligi frank 50 göterim hümmetsizlenýär. Netijede 2005-nji ýylyň ýanwarynda täze pul birligi bolan ariari dolanyşyga girizilip, 5 frank 1 ariarä çalşylýar. 27. Meksika (2004 ý.) 1982-nji ýylda Meksika özüniň halkara maliýe borçnamalaryny berjaý etmekden ýüz dönderip, defolt yglan edýär. Soňra ýurtda ykdysady çökgünçilikden çykmak üçin ilki dewalwasiýa başlanýar we öňki 1000 peso 1 täze peso çalşylýar. Emma muňa garamazdan, 2004-nji ýylda Meksikanyň soňky pulam 60 göterim hümmetsizlenýär. 28. Günorta Sudan (2011-2021 ý.) Bu ýurt 2011-nji ýylda garaşsyzlygyny aldy. Emma, häzirki güne çenli bu döwletiň puly her ýylda takmynan 100 göterime golaý hümmetsizlenmegini dowam edip gelýär. Ýokarda beýan edilen maglumatlara jemleme hökmünde, şulary bellemek gerek. Elbetde, ýokarda-da aýdylyp geçilişi ýaly, islendik jemgyýetçilik hadysasy diňe ýaramaz ýa-da diňe peýdaly bolup bilmeýär. Inflýasiýanyňam peýdaly taraplaryny görmek üçin oňa başgaça garamak zerurmyka diýýärin. Şunuň bilen baglylykda, bir tymsaly belläsim gelýär. Bir baýdan nädip baýandygyny soranlarynda ol: “Men özgeleriň ýeňip bolmajak kynçylygy gören ýerinde mümkinçilik gördüm” diýip jogap beripdir. Ýönekeý adam hökmünde inflýasiýa hötde gelmegiň, lenji çykanam bolsa, ýüzlerçe ýyllaryň tejribesi esasynda işlenip düzülen iki usuly şularmyka diýýärin: 1. Çykdajylaryňy mümkin boldugyndan azaltmak we gazanjyňy has tygşytly ulanmak; 2. Goşmaça serişdeleri gazanmagyň usullaryny agtarmak. Bu ugurdan birneme tejribe toplan hünärmenler, goşmaça serişdeleri gazanmak babatda birnäçe durmuşy ýörelgeleri hödürleýärler: 1. Gazanç etmekçi bolýan işiňi, oňa başlamazyňdan öňinçä köptaraplaýyn ilik-düwme öwrenmek. Sebäbi biziň her birimizem diňe ömrümiziň şol pillesinde aňymyzyň ýetýän zadyna düşünýäris. Düşünjämizi giňeldip, täze bir zada doly göz ýetirmek hem-de ony özleşdirmek üçin bolsa, hökman munuň üstünde köp we yhlasly zähmet çekmeli. (Terjimeçiniň belligi: “Ýedi ölçäp bir kes” diýýär, Türkmen aga). 2. Eger-de täze işe başlamak üçin serişde goýmaly bolsa, ýitireniňde özüňi öte agyr ýagdaýa salmajak möçberde serişde goýmaly. (Terjimeçiň belligi: “Az bolsun uz bolsun” diýýär, Türkmen aga). 3. Hiç bir ýagdaýda husytlygam, göripligem etmeli däl. Öz meşgullanýan işiňe çalymdaş işleri edip, seniňkiden has köp gazanýanlara içigaralyk etmek adamy guradýar, işe bolan höwesini gaçyrýar. (Terjimeçiniň belligi: “Rysgal-berekediňi gaçyrýar” diýýär, Türkmen aga). 4. Öz aňyň, ukybyň, zähmetsöýerligiň ýetjek işine baş goşmaly. (Terjimeçiniň belligi: “Sygmajak ýeriňe sokulma” diýýär, Türkmen aga). 5. Edýän (etjek) işiň we oňa dahylly ugurlar barada dünýägaraýşyňy birsyhly ýokarlandyrmaly. Şeýle edilende, gazanç etmäge täze mümkinçilikleriň döreýändigi durmuşda subut edilen hakykat. (Terjimeçiniň belligi: “Bilimi güýçli müňüni ýykar” diýýär, Türkmen aga). 6. Islendik zat barada tankydy pikirlenmek we her bir maglumaty çalt hem ýokary hilli seljermek ukybyňy ösdürmeli. (Terjimeçiniň belligi: “Özüni bilen weli” diýýär, Türkmen aga). 7. Edýän işiňde isleýän netijäňi gazanyp biljekdigiňe, geljekde-de şol işiňem, gazanjyňam ösdürip biljekdigiňe ynamly bolmaly. (Terjimeçiniň belligi: “Ynam dine ýarpy” diýýär, Türkmen aga). 8. Hasabyňa jür bolmaly. Öz-özüňi aldamaly däl. (Terjimeçiniň belligi: “Aýbyny ýaşyran aýňalmaz” diýýär, Türkmen aga). 9. Çekinmeli däl. Seniň etmekçi bolýan işiňde üstünlik gazananlara seredip, bu üstünligiň haýsydyr bir görlüp-eşidilmedik syry bardyr öýtmeli däl. Hemme kişem adam. Üstünligiň formulasy şundan ybarat: Zähmet+Ukyp+Azajyk şowlulyk=Nesibe. (Terjimeçiniň belligi: “Hasap edeniň bolmaz, nesip edeni bolar”-am-a diýýä welin, Türkmen aga...). 10. Şu ýokarda aýdylanlaryň hemmesine-de, özüňe-de, umuman durmuşdaky islendik närsä-de dogry baha kesjek bolmaly. Çünki, adatça dogry netije tejribeden gelip çykýar, tejribe – ýalňyşlyklardan emele gelýär, hata bolsa – nädogry netijäniň, ýalňyş pikirlenmegiň zürýady. (Terjimeçiniň belligi: “Ajygan ölmez alňasan öler” diýýär, Türkmen aga). 11. Şowsuzlyga uçraýsaňam ruhdan düşmeli däl. (Terjimeçiniň belligi: “Ýykylsaň ýer göterer” diýýär, Türkmen aga). Internet maglumatlarynyň esasynda terjime edilip taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |