22:42 Informasiýa we informatika barada düşünje | |
INFORMASIÝA we INFORMATIKA BARADA DÜŞÜNJE
Ylym we tehnologiýa
Informasiýa (informatio) latyn sözi bolup düşündirmek, beýan etmek ýaly manylary berýär. Durmuşda aňladýan manysyna görä informasiýa diýip, adamyň daş-töweregi gurşap alýan tebigatdan we jemgyýetden duýuş organlarynyň kömegi bilen kabul edýän maglumatlaryna düşünilýär. Adam informasiýany kabul etmek üçin, duýgynyň bäş görnüşinden peýdalanýar: görüş, eşidiş, tagam biliş, ys alyş, syzyş. Informasiýany döredip, geçirip, saklap we täzeden işläp bolýar (informasiýanyň häsiýetleri). Informatika – bu informasiýany kompýuteriň kömegi bilen döretmegiň, saklamagyň, täzeden işlemegiň, geçirmegiň tärleri, kompýuteriň işleýşi we ony dolandyrmagyň tilsimleri baradaky tehniki ylymdyr. Sifr we analog informasiýalar. Kompýuterler sifr informasiýalar bilen işleýärler. Sifr informasiýalary üznükdir (diskretdir), analog informasiýalar üznüksizdir (irki cykan telewizor –analog gurluşdyr). Informasiýanyň kodlanyşy. Islendik informasiýa (mysal üçin,: tekst, surat, reňk, ses) kompýuterde kodlar görnüşinde saklanýar. Informasiýanyň ölçeg birlikleri. Bit informasiýanyň iň kiçi ölçeg birligidir. Bit 0 ýa-da 1 bahany alýar. 1 baýt =8bit (1baýt bilen 256 dürli reňki kodlaşdyryp bolýar). 1 Kbaýt=2¹º baýt=1024 baýt. 1 Mbaýt=2²ºbaýt=1024 Kbaýt. 1 Gbaýt=2³ºbaýt= 1024 Mbaýt. 1 Tbaýt =240baýt =1024 Gbaýt. Faýl (papka) – bu informasiýany saklamak üçin, iň kiçi birlikdir. Ol hususy ada eýe bolan baýtlaryň yzygiderliginden durýar. Informasiýanyň saklanyşy. Personal kompýuter – bu informasiýany döretmek, saklamak, täzeden işlemek we ibermek üçin niýetlenen awtomatlaşdyrylan elektron abzaldyr. Programma – bu buýruklaryň tertipleşdirilen yzygiderligidir. Programma arkaly kompýuter bilen adamyň arasyndaky özara täsire programma interfeýsi diýilýär. Adama kompýuteri dolandyrmaga mümkinçilik berýän fiziki gurluşlara (klawiatura, syçan, monitor we ş.m.) apparat interfeýsi diýilýär. Annamuhammet ALLAGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |