13:38 Jebe-Noýon | |
JEBE - PEÝKAM
Taryhy şahslar
Çingiz hanyñ leşgeriniñ iñ bir görnüklileriniñ biri türkmenleriñ gadymy alan-aslar taýpasyndan bolupdyr. Çingiz hanyñ beýik serkerdeleriniñ biri Jebe-noýon (peýkam) gelip çykyşy boýunça alan-aslardandyr. Alan-aslar bolsa gadymy türkmen taýpalarynyñ biridir. Ondan başga-da olam, alili, ýazyr (häzirki garadaşlylar), şeýle hem as, aslar, ýazlar ýaly kiçiräk taýpalar türkmenleriñ arasynda häzirki güne çenli saklanyp galypdyr. Orta asyrlar döwründe aslar Merkezi Aziýanyñ we Kawkaz etekleriniñ ähli territoriýasyna giñden ýaýrapdyrlar. Olar diñe oguzlaryñ we gypjaklaryñ düzümine girmän, eýsem, özbaşdak hem ýaşapdyrlar. Çingiz han türk taýpalary bilen söweş alyp barýan wagty, köp sanly aslar mongollara güýçli garşylyk görkezipdir. XVI asyryñ taryhçysy Reşideddin "Jami at-tawarih" atly işinde aslaryñ batyrgaý serkerdesi Jebe-noýon hakda aýdyp geçýär. Reşideddiniñ ýazyşyna görä, bir gezek aslar Çingiz handan ýeñlip we ähli emlägini aldyryp, gaçyp bukulýarlar. Jebe-noýonam şolaryñ arasynda bolýar. Çingiz han aw edýän wagty Jebäniñ üstünden barýar we ony tanap, onuñ bilen güýç synanyşmagy ýüregine düwýär. Çingiz hanyñ serkerdeleriniñ biri Burji-noýon: "Men şonuñ bilen döwüşjek!" diýip, Çingiz handan ak ýüzli aty bermeklerini haýyş edipdir. Oña at berilýär. Ol atly hüjüme geçip, Jebä tarap peýkam atýar. Ýöne peýkam sowa geçýär. Jebe öz gezeginde peýkam atyp, onuñ atyny öldürýär. Çingiz han onuñ batyrlygyna ýokary baha berip, oña emir-onbaşy wezipesini berýär. Ýuan-şi mongol-hytaý resmi ýyl ýazgysynda hem Jebe-noýon barada ýatlanyp, onuñ hakyky adynyñ Ergeş (Erget) bolandygy, aslardan düzülen goşuna baştutanlyk edip, Çingiz han bilen üznüksiz söweşler alyp barandygy hakda, Burji-noýon bilen bolan söweşde han atyny öldürişi hakda, şeýle-de onuñ Çingiz hanyñ gaşynda mert durup aýdan sözleri barada bellenilýär. Ergeş Çingiz hana: "Eger sen meni öldürseñ, ýeriñ eliñ aýasy ýaly bölejigini hapalarsy, eger meni öldürmeseñ, men saña hyzmat ederin, ýagny, çuñ suwy saklap, daşlary böleklere bölerin" diýýär. Çingiz han Ergeşe şol günden başlap, "Jebe" (peýkam) diýip ýüzlenilmelidigi hakynda buýruk berýär. Bu at onuñ ýaýdan atmakdaky üýtgeşik ukyplary üçin berilýär. Şu çaka Çingiz hanyñ tagta çykmagynyñ öñüsyrasynda (1206) bolup geçýär. Şeýlelik bilen Ergeş-Jebe mongol goşunynda onbaşy bolup, öz serkerdelik ýoluna düşýär. Eýýäm on ýyldan Jebe 10.000 mongol leşgeriniñ baştutany bolýar. 1216-njy ýylda Jebe-noýon öz leşgeri bilen gara-hytaýlylaryñ döwletiniñ - Kuçluk hanyñ goşunlaryny derbi-dagyn edip, olary Hindiguşa gaçyp çykmaga mejbur edýär. Her kimiñ öz dinine uýmaga hukugy bar diýip, öz daşyna musulmanlary ýygnaýar. Biraz wagt geçensoñ, Horezmşalaryñ döwletine garşy harby hereketler başlanýar. Çingiz han Jebe-noýona Horezmşanyñ esasy güýçlerine garşy çykmagy buýurýar. Buýrugy alansoñ Jebe ýola taýýarlanyp başlaýar. Mongol taryhçysy E.Hara-Dawanyñ ýazyşyna görä, Jebäniñ goşuny 20.000 adama ýetirilýär. Jebe-noýon öz goşuny bilen 1218-1219-njy ýylyñ gyşynda deñiz derejesinden 12.000 fut beýiklikdäki Alaý gerşiniñ üstünden geçýän Gyzyl-Art we Derek-Dawan geçelgelerinden geçip, görlüp-eşdilmedik gahrymançylygy görkezýär. Bu edermenlik Gannibalyñ we Bonapartyñ Alp daglaryndan geçişlerinden düýpli tapawutly bolup, uly töwekgelligiñ we batyrgaýlygyñ nusgasydy. Jebäniñ we Çingiz hanyñ ordasynyñ arasynda uzak aralygyñ we uly päsgelçiligiñ bardygyna garamazdan, olaryñ arasynda aragatnaşyk gowy işleýärdi. Bu hem ýokary harby kämilligiñ syry bolup durýar. Täsin ýeri, Çingiz hanyñ ogly Juçy han hem Jebäniñ serkerdelik etmeginde hereket edýärdi. Hojantyñ ýanynda Juçy hany galdyryp, Uebe akyla sygmajak söweş hereketini amala aşyrýar - iñ beýik daglardan we Pamiriñ üsti tekiz belentliginden geçip, ol duýdansyz ýagdaýda Amyderýanyñ ýokary akymlarynda öz goşuny bilen peýda bolýar. Muhammediñ goşunynyñ üstüne esasy bazadan kesilmek howpuny salýar. Jebe Muhammediñ goşunynyñ esasy güýçleriniñ ünsüni özüne çekip, Gyzylgum çölünden mongol goşunynyñ esasy böleginiñ geçmegine mümkinçilik döredýär. Çingiz han Jebe-noýony we Subudaý pälwany täze ýerleriñ söweş ýagdaýlaryny öwrenmäge iberýär. Jebe-noýonyñ 20.000 adamlyk leşgeri bilen iki ýylyñ içinde amala aşyran ýörişleri dünýäniñ meşhur harby operasiýalarynyñ sanyna girýär. Jebe bilen Subudaý Töwriziñ we Diýarbekiriñ eteklerini basyp alyp, gruzin goşuny bilen çaknyşýarlar. Şu ýerde olar örän hilegärlikli harby täri ulanýarlar: Jebe 5.000 adamlyk goşuny bilen bukuda gizlenýär, Subudaý bolsa hileli gaçyp, duşmany edil bukynyñ üstünden eltýär. Netijede, gruzin patyşasy Georgiý Daşanyñ goşuny derbi-dagyn edilýär. Derbent geçelgesinden söweşler bilen öñe süýşüp, mongollar demirgazyk düzlüklere çykanlaryndan soñ, olaryñ garşysyna gypjaklar, alanlar, lezginler çykýarlar. Yzly-yzyna ýeñiş gazanan Jebe öz goşunynyñ düzümine kawkaz alanlaryny hem goşýar. Bu serkerdeler Krym ýadymadasyndan geçip, genuezlileriñ Sudak galasyny basyp alýarlar. Soñ olar ýewroaziýa çöllerine çykýarlar. Şol wagt rus knýazlary güýçli duşman barada eşidip, 80.000-lik goşun toplap, 20.000-lik mongol goşunlaryna garşy ýörişe çykýarlar. Jebe bilen Subudaý hileli gaçan bolup, duşmany çöle äkidýärler. Duşmanyñ goşuny ep-esli uzaklyga çekilenden soñ, olar ýeke galan knýazlaryñ otrýadlaryna zarba urýarlar. Jebäniñ we Subudaýyñ leşgerleri derbi-dagyn edilen duşmany yzarlaman, yza-çöle tarap gaýdyp başlaýarlar. Olar Wolganyñ kenarlarynda bulgarlaryñ (häzirki Tatarystandaky tatarlaryñ ata-babalary, t.b) guran bukusyna düşüp, köp ýitgilere sezewar bolýarlar. Soñ Subudaý Baty han bilen gaýdyp gelip, bulgarlardan ar alýar. Jebäniñ soñky harby hereketleriniñ yzlary Hytaýda ýüze çykýar. Ol 1235-nji ýylda Jürjenleriñ dinastiýasyny dyza çökerip, tutuş Hytaýy basyp alýar. Onuñ şondan soñky ýörişleri barada hiç hili maglumatlar gabat gelmeýär. Öwez GÜNDOGDYÝEW, taryhçy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||