22:10 Jelaleddin bilen hyýaly söhbet | |
JELALEDDIN BILEN HYÝALY SÖHBET
Goşgular
— Salam bolsun Saňa, edermen merdan, Aňyp geläýdiňmi meň bu derdimi?! Maňa seniň bilen gürleşmek derkar, Ýalňyşmaýan bolsam, Menguberdimi?! — Şahyrym, heňňama bir gulak asgyl, Ýigrenç lasyrdaýar, çyrpynýar söýgi. Oguz han — Ýyldyz han — Begdili aslym, Menguberdi — Jelal-ed-din = din beýgi. — Seni halkyň söýdi, duşmanyň öwdi, Sakasynyň mertlikdigne düşünýän. Bilýämiň, Çingiziň yhlasy köýdi?! Sekiz asyr ýüreklerden düşürmän, Heňňamyň süýjüsin, ajysyn dadan Oguz-türkmenlerniň biridiris, biz. Adamzat ölmeýär, ölse-de adam, Görýäň, ýurt berkarar, diridiris biz. — Duşman görse, göhi gelýän düwlekdim, Ýaşlygymda özge howpdan emendim. Kakama bil baglap bilmän düwnükdim, Garşydaşym — Tarhan hatyn = enemdi. Undup derejesin ýurduň, milletiň, Tiredeşin çekjek bolup tagtyna, Şeýdip uly howpy görüp bilmedi, Gyraw çökdi halkyň gül deý bagtyna. — Hawa, «Açylan ýer ýapylar, emma Göreniň gözünde galar» diýleni. Türkmeniň halyna gynandy heňňam, Nagra dartdy asyrlara duwlanyp. Pişigiňki samanhana çenlidir, Taryh Çingize-de bermedi utuk. Hansoltanyň ogly — ýegeniň Mahmyt — Aryň aldy, ýagny — Seýfeddin Guduz. — Sag bol, şahyr... pytran din Horezminiň, Başyn jemlemäge galmaly boldum. Ýitirlen mertebe — boldy meň müýnüm, Arslanyň agzyndan almaly boldum. Şäherler otlandy, il galdy zatsyz, Ýas baglady oguz-türkmeniň şany. Anuştegin, onsoň Muhammet, Atsyz, Il arslan, Tekeş şa, Muhammetşa, men... — Düşünýän. Yzyny çaldym taryhyň, Beýik minarasy Orta Aziýaň, Müň derwezeli şäherimiň tarypy, Aýdym. Ýöne gamgyn sazy bar. Aňym, kalbym, ruhum olaň gurbany Okaýaryn binagärlik haplaryn, Najip baba bilen beýik Kubranyň Aramgähi Tekeş şa, Il Arslanyň. Horezmiň paýtagty gadym Gürgenjiň Her künjünde pederleriň ady bar, Ol atla:ň her biri baýlyk-dür-genjim, Olar beýik geçmişimden ýadygär. — Owalynda türkmen bolup dogulan, Hoş günde-de, gamly günem türkmendir! Türkmen bolmak bagtdyr türkmen ogluna, Bagty gazanmaga welin şer kändir. Düýşüňmi, huşuňmy, hyýalmy giden Parhy ýok, küýsediň, idediň, geldim. Bizi birleşdirýär mukaddes Watan, Türkmen ruhy bilen türkmeniň kalby. — Büdrän ykballaryň hemaýatçysy, Ýowuz ýagyň heder eýlän derdidiň! Begdili neslinden Anuşteginiň Ýedinji arkasy Menguberdidiň! Saragt babaň ylhamyna eýlenen, Heýkel hormat — Meňguberdi merdana! Milletiň Lideri bilen beýgelip, Alkyş aýdýas Arkadaly Serdara! Suratlar - Jelaleddiniñ hormatyna gurulmagy meýilleşdirilýän ýadygärligiñ eskizinden Aşyrmät GARLY. | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr / Goşgular - 16.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |