22:47 Jelaleddin Rumy | |
JELALEDDIN RUMY
Goşgular
Çagakan terk edip dogduk diýaryň, Rumy gör, nirede tutupdy mesgen. Ylaýhor leşgeriň zarbyna dözmän, Gazabyna dözmän, Müňlerçe Rumy Tünegini taşlap, Malyny taşlap, Gaçypdyrlar, Haşlap – haşlap. Duşman gelýär, Ýuwdarha deý waşşyldap. Çingiz han diýýärler onuň adyna, Nebir – nebir şäherler, Nebir – nebir obalar Tozdy, Ylaýhoruň badyna. Asyrlar geçensoň asyr yzyna, Bir zat meni bu gün oýa batyrýar. Diýýänler bar – men Çingiz han neslinden, Birjik-de ol utanmaýar Öz ylaýhor aslyndan. Gana suwsan ganhor gandan doýmaýar, Bu gün bir mes Çingiz hany “Atam!” diýip oýnaýar. Ömür ele gylyç almadyk Rumy Elinde döwlet galamy Nur bolup aýlanýar JAHAN – ÄLEMI! 13.08.13. ▶ Rubagylar Üýtgewsizdir mukaddeslik süresi; Haýyr-sogap – ine, ömür süresi. Neýlesin bir betnebisiň elinde – Ölçäp bilmez öz – özüni terezi. * * * Bigam gardaş gardaşyndan bizardyr, Göwsünden süýt beren ene azardyr. Mest bolsa-da haram-keýpi-sapadan Barybir ol ýerde tümmek mazardyr. * * * Diýipdiler bedew bolmaz gatyrdan, Haýyr işler çykmaz diýme şatyrdan. Bu akyly öňem telim eşdensiň Diňle muny bu gezegem gadyrdan. * * * Kä aldy, kä bergi bolup ýaşadym Kä bugra, kä ýygra bolup ýaşadym Bir günjük düşekde ýatsa-da goňşym Diýdi: - Ömür görgi bolup ýaşadym!.. ▶ Şahyr dostlaryma Eziz dostlar, Goşgy ýazyp, ylham berdiňiz maňa. Goşgyňyzda melhem berdiňiz maňa. Dutaryma gül heň berdiňiz maňa. Goşgy diýmek näme – duýgudyr başda, Duýgy-da söýgüdir başga. Şondan başlanýandyr ojaga söýgi, Hem-de mährem gujaga söýgi. Il-günüňe söýgi, Gülüňe söýgi, Hemme zat başlanýar ajap duýgudan. Daş boluň, dostlar, Soňy gelmez gaýgydan. Bir pursat göz aýladym men geçene, Az däl eken geçilen ýol, Ýollar bizi alyslara ýollapdyr. Kötel ýollaň agramyna Epmändiris dyzymyzy. Iň esasam Gömmändiris yzymyzy. “Ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir”, Gulagymda diýen sözi atamyň. Durmuş-da bi, ýagşysy bar, şeri bar, Görüp durka köri bar, Eşdip durka keri bar. Özümem ak garga däl, Belki-de, Sany ýokdur hatamyň. Dost tutundym, haýyr-sogap etdim men, Ýagşylary ýüze togap etdim men. Dostlar, siziň bilen duz-emek bolup, Göz ýetirdim bir zada: Siz meniň eziz dostlarym, Hemem çyn dost unutmaýar Hiç haçan eziz dostlaryn. “Toýuma çakylyk bilen gelen dost, Çakylyksyz gelsin ýaman günümde”. Diýen atam bu sözüňe Hemmeler gol goýsa gerek. Gadymýetiň dana sözi Hiç haçanam däldir telek. Senden razy öňde-soňda Çarhy pelek, çarhy pelek. Bir ýar berdiň misli melek, Gyz berdiň gyz ýerine, Goşa didäm – goşa nerim Birisiniň zary men. Bir ganatsyz ýaly men. Eziz dostlar, Goý, dik bolsun başyňyz. Uzak bolsun ýaşyňyz, Büdremesin çapyp barýan atyňyz, Gowşamasyn badyňyz. Guwanyp gezsin mydam, Size ýakyn-ýadyňyz. Gum diýip garbanyňyz, Içi doly hum bolsun. Size gyýa garanyň iýejegi gam bolsun. Birje hoş sözüňiz Göwünlere em bolsun. Elmydama ýanyňyzda Başdaşyňyz hem bolsun. Galanyn özüňiz aýdyň, Ýene başga kim bolsun? Ogul gyza bagt gerek, Bagty özleri gazansyn. Adam gadryn biler ýaly, Goý, birneme kösensin. Dostlar, eziz dostlar, mähriban dostlar, Ömrüňiz zyýat. Hiç haçan Bolmasyn haýat. Diňe arzyly günlere Bolalyň şaýat. | |
|
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |