20:43 Kapasadaky ýa-da gorkak guş | |
KAPASADAKY ÝA-DA GORKAK GUŞ
Hekaýalar
• Hekaýadaky aýdylýan zatlary barlap görmek maslahat berilmeýär. Olar Size laýfhak däl! Irden oýandym. Her günde bolşy ýaly, kimligim we niredeligim (umuman näme zatlygym) aňyma gelýänçä bäş minut dagy oýa ýatdym. Soň ýuwaş-ýuwaş ýadyma düşüp başlady... ... Men Anna we men öýde ekenim. Kellämi günorta bakdyryp ýatyryn ekenim. Ýarganat ýaly başaşak sallanyp duramok ekenim. Kofe içmeli eken. Ony içmek üçin ilki ýuwunmaly eken... (Eken, eken, arpa eken, bugdaý ek...) Aý, bar, ýok bolsana-aý. Adamyň içinde birgiden o:rda ýaşaýar. Bu ýaňky tentegem şolaryň biri. Ýazyp oturan zadyma päsgel berjek bolýa. Käteler, Şepe hem şolaryň birimi-kä diýip howatyrlanýaryn. ...Ýuwunmak üçin elýuwara baranymda, ol ýerdäki aýna, dogrusy ondaky keşbime gözüm düşýär... (Aýna bende bilen hiç kimiň işi ýok. Her kim onda her hili zat görýär, emma aýnanyň özüni bolsa görýän ýok. Aýna bolmadygma şükür. Ýöne adamlar biri-birini hem şondan ibaly saýgarýan däldirler) Bu bolsa, tanyş boluň – Aristotel. ...Indi ýadyma düşdi. Sen şol bir urrodlygyň, gün geldigiçe beterleşmeseň gowlanaňok, işigaýdan. Jigim aýtmyşlaýyn: “Kamera bilen aýna ýalan sözlemeýär”. Bildiňiz fotogeniçny hem däl. Soňra günüň iň ýakymly çagy – daňdanky JAKO:BS! (doganym aýtmyşlaýyn “j”). Ýadyma düşdi, işe gitmeli ekenim. Geýnip bolup (kofýadan soň), ýene dogruçyl aýnaň öňüne bardym. Aýnadaky bu maňa seredýän gelşikli, owadan adam kimkä?! Allajan eliniň boş wagty ýaradan bolmaly. Işe a:jam-a gitmedim. Baryp ruçka bilen galstugymyň gyrasyny gemirdim. Eý, Huda-a-aý! Men ýene gözenekde! Bir ýerlerden hälki ýuwulmadyk çemçe – Şepe çykdy. Ol pyňkyryp: – Bu günem tussagdamyň? – diýdi. – Boşan wagtymy göreňde hem şeýle şatlansaň, ruhum şat boljak. – Amnisiýa ýokmy? – Ol ýeňil jenaýat edenlere berildi. Men bolsa içinde-de dek oturmadym. – Ýeri, bolýa. Bu mordaň sebäbi näme? – Bar gidäýdä şutaýdan! Şepäň içine düşdi. Özümem gülkimi saklap bilmedim. Sesimiz koridory ýaňlandyrdy. Gyzyl-gyran bolup zordan köşeşdik. Soňra serýoz wida geçdik-de, gürrüňe başladyk. Men: – Näme üçin meň gözüm uzaklarda? Hatda nirä seredýäni hem belli däl. Men onuň şu ýerde, şu wagtda bolanyny isleýän. Şepe: – Seniň gözleriň şu ýerde we şu wagtda dur. Uzaklara seredýän we nireligi belli bolmadyk şol ýerlerde bolmagy isleýän seniň ruhuň. – Näme üçin ol, meniň bedenimdekä başga ýerlere atygsaýar? – Sen kapasadaky guşuň şol kapasada begenip ýaşaýandygyny, ýa bolmasa, tussagyň gözenegiň aňyrsyna begenip girendigini aýdyp bilermiň? Elbetde, ýok. Edil şonuň ýaly, adamyň ruhy hem galypda, kapasada, ýagny bedenimizde gulply saklanýar. – Onda, diýmek, adam öleninden soň ol, has dogrusy, onuň ruhy erkinlige çykýar-da? – Haýsy hem bolsa bir guşuň kapasasyndan boşany bilen onuň öňünde başga päsgelçilikleriň ýokdugyny aňlatmaýar. Ýöne, meň pikirimçe adamyň ruhy erksiz. Muny köpler şeýle hasaplaýalar. Şeýle hasaplamaýanlarynda hem maňa barybir. Bu meniň pikirim! We... Erksiz bir zady, ýagny jany erkinlige goýberäýmek... Bilýäňmi näme, Annajan?! Sen näme üçin henizem öz janyňa kast etmän ýaşap ýörsüň? Sebäbi sen gorkak. Sen ýaly akyly näsaz biriniň ölümiň özünden däl-de, onuň soňundan gorkmagy meni geň galdyranok, geň galdyrman hem duranok. Diýmek, sen sag bolmaly. Artmasa-ha, ýetmän duran däl. Sag adamlaryň hemmesi hem mundan gorkýar ahyry. Hatda, soňy barada gep ýok, özünden gorkulýa. – Sen maňa geçen gezek düýbünden başga zatlary diýipdiň, ýagny bu aýdanlaryň gapma-garşysy – erkinligiň arzuwynda ýaşamak. Bu wagt aýdýanyň ölmekden gorkmak, ýagny erkinlige çykmakdan gorkmak; ölümiň soňundan – erkinlikde bolup biläýjek zatlardan gorkmak. – Garşy çykmak biziň hemmämiziň tebigatymyzda bar, dostum. Şonuň üçin meniň aýdýanlarym näçe ynandyryjy bolsa bolsun, barybir adam öz pikirinde galybersin. Şonsuz sen meni diňlemek üçin diňleýän ýaly (ýylgyrýar). Galyberse-de, ölümden soň erkinlige çykjagyňa seniň doly ynamyň ýok. Çyndanam edil meniň aýdyşym ýaly, onuň soňundaky bolaýjak zatlardan gorkýarsyň. Aýdýan-a, meni diňläňok diýip, ýene diňlemänsiň. Şu sekuntda Şepe meniň ýüregme düşdi. Diňe ol däl, dumly-duşum, stol-stullar, papkalar, ruçkam, galstugym, işdäki janlar, bedenler, hereket edýän we etmeýän ähli zatlar... Duýdansyz ýerimden galdym-da, haýdap çykyp gitdim. Diňe iş otagdan däl, edara jaýyndan hem. Diňe edara jaýyndan däl, ýaňky sanan zatlarymdan, özümden gaçdym. Özümdenem gaçdym... Ýöne, nirä?... Ugur nirä bilmedim. Bir haýukdan soň özüme geldim. Çünki, ondan gaçmak aňsat zat däl. Men ýaly gorkaklara has-da, hatda mümkin däl. Ýöne bu barada biraz soňrak... Özüme gelenimde daga ýakyn meýdanlaryň birinde ekenim. Nädip geldim – bilemok. Geň görjek, gözlejek, alada etjek, panika turuzjak adam ýok arkaýyn boluň. Sebäbi olar maňa we hereketlerime belet. Hudaýa şükür, telefonymy hem unudypdyryn. AHYRY... Uludan dem alyp, oturan ýerimden arkanlygyna, terje otlaryň üstüne özümi goýberdim, ýagny bedenimi. Ýene aýdýan özüňi goýbermeklik mümkin däl. Bu meýdanda hiç hili “filosofiki açyş” etmedim. Geň. Hany ýaňky Aristotel? Hälki aýdanymy ýazaýyn. Ýo-o-ok, sözünde durup ýören biri däl men. Lebiz ýok mende... ...Öz-özüňden ýa-da öz-özüňe gidäýmek aňsat iş däl. Nämedi şol... Psihozmy, şizofrenmi... Umuman, şolara göriplik edýän. Şizofrenler – öz guran dünýäsinde ýaşaýanlar. Olar hiç ol dünýäden çykmaz – öz dünýäsinden. Ýene bir topary özünden daşary çykar ýa-da özüni bedeninden daşary çykarar, hiç girmezem, salmazam, ýygnajak hem bolmaz. Hemmeler olary “gowşaklar”, “ejizlänler” hasaplaýar. Başga tarapdan seretseň, bu edil beýle-de däl. Hany, içine-daşyna gidirjek bolup gör hany. Akylyňy, özüňi, pikirleriňi... ýa özüň olardan gitjek bolup... Başardaýmaz. Şonuň üçin hakyky gorkaklar – biz bolýas. Şeýle zatlary etmekden, başymyza geljek belalardan... ählisinden gorkýas. Şu sebäpli-de ol gaýratlylara şeýle gaýraty bolanlygy sebäpli göriplik edýärin. Olar ejizläp däl, şo derejede bizar bolup, “näme bolsa, şo bolsun” diýip biläýjek derejede garadan gaýtmaza öwrülýäler we hersi öz islän ýoluna. Diýersiňiz – göreşmekden ýadaýalar, diýmek ejiz. Sag adamlar ýadanokmy nä? Ejizlänokmy? Ýadap ýa ejizläp iň gymmatly zadyňdan geçäýmek – bu saňa-maňa başartjak iş däl. Ynanmasaňyz barlap göräýiň. Saý-sebäp bilen gaýratlyňyz tapylaýsaňyz, şahsy jogapkärçilik çekemok! Ýöne, köpçülige henizem düşünip bilemok. Bedeninde bir ýeri syzlasa, göni däri-derman, lukman, hassahana we ş.m. Ruhy syzlasa welin, aglaba bölek gizleýär. Gizlemedikleri hem gizlänler ýazgarar. Näme üçin? Olar ýaly gaýratly bolup bilmedikleri üçinmi? Gorkak bolandyklary üçinmi? Doly maýyplyk barada gürrüňem ýok. Gizläň, na zdorowýe. Ýöne... Jan doganlar, ýazgarmak näme?! Eýse, beden bilen birlikde ruh bejergä mynasyp dälmi?! “Beden we ruh saglygy” diýip, nämä bilelikde ulanýarsyňyz, raz už, ýazgarjak bolsaňyz? Hälkiň aýdyşy ýaly, kapasa owadanlyga, remonda mätäç, emma içindäki guş ölüp, porsap, heňlese hem ony owadan kapasada ýaşatmaly? Esasy zat osobnýak ýa köşk bolmaly, içinde 41-45 bolsa-da, “hiçläý”? Onda näme üçin köplenç, ilden (özümizden başga her kim) haraý isleýäris, kimdir birini ýazgaryp durkak? Jan janyň aladasyny etmese, ony ol kapasa dykmak nämä derkar? Diňe şol kapasany wagtlaýyn hereketlendirmek üçinmi? Näme üçin bedenini bejerdeni däl-de, ruhuny bejerdeni ýazgarýar köpçülik?... ...Soň hiç zat bolmadyk ýaly öýe gaýtdym (hiç zat bolmadam-da, näme...). “Kapasajygyma” dolandym. Öýmüze, ol ýerdäki janly we jansyz zatlara dolandym. Çünki, men dolanman bilmedim. Sebäbi, men – GORKAK! • Bellik: Gündelik gepleşiginde köpräk ulanylýan sözleri, çeper bolsun, bolmasyn ýerine görä, has laýygrak bolany üçin ulanyldy. Anna DARAKDIŞ. | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |