14:47

Käşirmi ýa kelem? / durmuşy wakajyk

Ýatlamalar
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 313 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Bagabat  
43
Kärdeşleriň biri orta asyr ylmy çeşmeleriniň birine düşündiriş ýazyp getirip, tanşyna okamaga berýär. Üç-dört gün yz ýany ondan habar tutýar:
-Ýeri, kallega, nähili? Boljakmy?
Sorag berlen näme diýjegini bilmeýän dek birsellem ýeňsäni gaşap durýar-da, gümürtik dillenýär:
-Äý-ý...neme-dä...
-Hä, bolmandyrmy?-diýip düşündirişi ýazan, howsala düşjek bolup başlaýar.
-Äý, edil "bolmandyr-a" diýjekgä. Ylmy işe mahsus hemme atributlary ýerbe-ýer. Salgylanmalar, çykgytlar, seljermeler, netije. Mazmunynyň strukturasam ýaman däl. Ýöne, birhili tutuşlygyna alanyňda...neme-laý...düýbünden düşnüksiz-laý...
-Aý, ýak, senem-ä,-diýip awtor köşeşýär-de, uludan dem alyp, goluny salgap goýberýär:-O diýýäniň hiç-le. Bolmalysam şeýle. Haýsydyr bir zadyň düşündirişi näçe düşnüksiz bolsa şonça-da bet bolýa, akylly görünýä. A meň bolsa, gara janym galmady, o ýazanymda düýplüräk bir ýalňyş tapaýdyňmykaň diýip...

0
2 Remezan  
1397
Gowy, hekaýalar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]