20:07 "Kassam" brigadalarynyñ gurulyşynda Enwer paşa detaly | |
"KASSAM" BRIGADALARYNYÑ GURULYŞYNDA ENWER PAŞA DETALY
Taryhy makalalar
Goranyş formasy we guramaçylyk taýdan "Kassamyñ" täsirlenen iki esasy taryhy şahsyýeti bardy: Enwer paşa we Omar Muhtar Balfur deklarasiýasy jar edilende türkleriñ ýaşaýan ýerleri bilen birlikde musulmanlar ýa her frontda ýeñilipdi, ýa-da gönüden-göni basylyp alynypdy. Eger mümkin bolsa Anadolynuñam daşyna zyñyp, Stsmbuly okkupasiýa astynda saklamagy partiýasynyñ maksatnamasyna öwren iñlis premýer-ministri Lloýd Jorjyñ daşary işler ministri Artur Jeýms Balfuryñ ady bilen ýatlanýan bu deklarasiýa Ýakyn Gündogary sarsdyryp taşlapdy. Artur Jeýms Balfur Balfur üstünligini Lord Rotşilde şu sözler bilen buşlaýardy: "Onuñ alyhezretleriniñ hökümeti Palestinada jöhitler üçin milli ýurt gurulmagyna oñyn seredýär we bu maksadyñ amala aşmagyny añsatlaşdyrmak üçin elinden gelenini etmäge taýýar. Palestinadaky häzirki jöhit däl köpçülikleriñ raýat we dini hak-hukuklaryna, başga ýurtlarda ýaşaýan jöhotlrriñ eýelik edýän hak-hukuklaryna we syýasy statuslaruna zyýan berjek hiç bir zadyñ edilmejekdigini bilmelidirler. Bu deklarasiýany Sionistik federasiýanyñ dykgatyna ýetirseñiz, köp minnetdar bolarys". Bu deklarasiýa orta çykandan soñ musulman geografiýasy uzak wagtlap ümsümlige bürendi. Tä "Gara el" ("El-Kaf El-Aswad") atly topar gozgalañ oduny ýakýança... Iñlislerem, jöhitlerem musulmanlaryñ syýasy uýgunlaşmalaryna şeýle bir öwrenişipdi welin, olar bu garşylygyñ öñünde ilkibaşlarda nähili hereket etjeklerini bilmän galdylar. Az wagtyñ içinde gozgalañyñ añyrsynda duran adamyñ kimdigi belli boldy: Muhammedin Izzüddin bin Abdylkadyr bin Mustafa el-Kassam. Kassam ylym adamsy hem bolsa, ýönekeý wagyzçylardan däldi. Ol Tripolitaniýada ilki Enwer paşa, yzyndan Omar Muhtar bilen bileleşip italýan basybalyjylaryna garşy göreşipdi we jahan urşy wagtynda-da fransuz basybalyjylaryna garşy watan goragçylarynyñ simwolyna öwrülipdi. Şoña görä hem jöhitleriñ we iñlisleriñ garşysynda ýüñi ýeten watan goragçysy bardy. Onuñ watan goragçysynyñ medeniýeti taglymy häzirki "Kassam brigadalary" diýip tanalýan goşun birikmeleriniñ binýadyny düzüpdi. Izüddin el-Kassam • Izzüddin el-Kassamyñ ömri we göreş ýoly Kakasy kadyry tarykatynyñ görnükli müderrislerinden bolan Kassam 1882-nji ýylda häzirki Siriýa degişli Lazkiýede dünýä indi. Heniz 14 ýaşyndaka Kairiñ "El-Ezher" uniwersitetine gidip, 1909-njy ýyla çenli dini bilim aldy. Tripolitaniýanyñ italýan basybalyjylary tarapyndan basylyp alynmagy Kassamy aktiw syýasata aralaşdyrdy. Tripolitaniýa söweşi Ol türkler üçin esger, pul we ok-ýarag toplap, mitingleri gurady. Hatda Tripolitaniýadaky gahrymançylygy beýan etmek üçin bir gimnem ýazdy: Eý Rahman bolan we Rahym bolan Allahym, Sen soltanymyzy (Osmanly patyşasy) muzaffar eýle, Bizlere inaýat eýle, küffar italýanlary ýeñeliñ! Kassam Enwer paşa üçin ýygnan 250 adamlyk goşun bölümi bilen frontda düýpli işleri edip bilmedi, çünki edil şol wagt Balkan urşy turdy. Ýöne ol Kassam goşun bölümini dargatmagyñ ýerine, osmanly goşunyna goşuldy. Bu bölüm nyzamly goşunyñ hataryna degişli edildi we Kassamam goşunyñ ymamy bolup işe başlady. Birinji jahan urşunda Kassam osmanly goşunynyñ hatarynda birinji möhüm tabşyryklary ýerine ýetirmäge başlady, emma uruşda osmanly goşuny esasanam Gündogar frontlarynda ýeñilmäge başlansoñ, Kassam dogduk depesi Siriýada fransuz okkupasiýasynyñ öñüni almak üçin watan goragçylarynyñ podrazdeleniýelerini döretdi. Sebitde bir bitewi döwlet gurmak maksady bilen hereket edýän arap toparlarynyñ bardygyna garamazdan, Kassamyñ bu tendensiýalaryñ tersine hereket etmegi Siriýanyñ goragynda asgynlamagyna sebäp boldy. Fransuzlar tarapyndan kimdigi aýan bolansoñ egindeşleriniñ bir bölegi Anadola geçse, Kassam Palestina gitmegi saýlady. Anadolyda greklere garşy göreşmegiñ ýa-da Palestinada iñlislere garşy söweşmegiñ haýsam bolsa birini saýlap almaly bolan Kassam palestin frontyny has möhüm hasaplady. Tripolitaniýa söweşi Mustapa Kemal Atatürk Tripolitaniýa frontyndan bäri ýakyn gyzyklanma bildiren watan goragçylaryna, şeýle-de Şeýit Ahmet Eş-şerif Es-Senusä gujak gerip, olara Anadolynyñ azat edilmegi ugrundaky göreşde öz ýanyndan ýer beripdi. Kassamyñ ýanynda göreşen watan goragçylarynyñ bir bölegi bolsa, Ankaranyñ tarapyna geçipdi. Kassam az wagtyñ içinde Palestinada watan goragçylarynyñ gizlin toparyny döretdi we Balfur deklarasiýasynyñ ýyl dolanşygynda - 1935-nji ýylyñ 2-nji oktýabrynda ilkinji ýaragly operasiýasyny amala aşyrdy. Onuñ düzen watan goragçylarynyñ topary "Ihwan" we beýleki toparlardan tapawutlylykda, "Teşkilaty-Mahsusanyñ" (osmanly kontrrazwedkasy) täliminden geçipdi we türk azat-edijilik toparlarynyñ reflekslerine eýedi. Ol hakyky watan goragçylarynyñ goşuny ýaly hereket edýärdi, razwedka maglumatlaryny toplaýardy we duşman bilen başa-baş çaknyşmagy makul bilýärdi. Şeýle çemeleşme ilkibaşda Palestinanyn azatlygy ugrunda göreşýän toparlarda bölünişiklere sebäp boldy. "Enwerçi" goragyñ palestin halkyny halkara jemgyýetçiliginde kyn ýagdaýda goýjakdygy we raýatlara garşy gandöküşlikleri kanunylaşdyrjakdygy hakdaky pikir birgiden jedelleri döretdi. Kassamyñ basmaçy taktikasy iñlisleri düýpli goranyşa geçmäge mejbur etdi. Wagyzçy öýlerde gizlenip, köplenç 10-15 adam bilen gezip, çozuş eden wagtlarynda az wagtyñ içinde ýüzlerçe adam toplap, sebitiñ howpsuzlygy taýdan aýylganç howpa öwrülýärdi. Ol belli bir ýerde ştab guranokdy, belli bir ierarhiýanyñ düzümine-de girenokdy. Kassamyñ bu strategiýasy her bir palestinalyny potensial esgere we kontrrazwedka işgärine öwürýärdi we howpuñ günbe-günden ulalyp, güýçlenmegine sebäp bolýardy. Iñlisler bu ýagdaýyñ parhyndady we 500 adama ýakyn güýç bilen bolýan ýerini anyklandsn soñ Kassamyñ üstüne gaýtdy. Kassam iñlisler tarapyndan gabawa alynanda, ýanynda özi bilen bile 15 adam bardy we çaknyşykda - 1935-nji ýylyñ 20-nji noýabrynda gahrymanlarça wepat boldy. 1936-njy ýylyñ watan goragy Kassamyñ ölümi onuñ toparyny dargatmagyñ ýerine, 1936-njy ýylyñ 19-njy aprelinde ýüze çykan we käbirleri tarapyndan "Birinji intifada" hasaplanýan üç ýyllyk urşuñ ýangynyny döredipdi. Iñlis baş komissarlygy Kassamyñ ölümi bilen başlan topalañ tolkunyny ykdysady çäreler we embargo girizmek arkaly basyp ýatyrmaga synanyşdy. Bu çäreler peýda bermänsoñ, iñlisler jöhitleriñem goldaw bermeginde uly gyrgynçylygyñ başyny başlady. 1936-1939-njy ýyllar aralygynda palestin ilatynyñ 10%-i zalymlarça gyryldy. Bu gandöküşlikler Müsüriñ, Yragyñ, Iordaniýanyñ, Siriýanyñ halklarynda bimöçber uly trawmalara sebäp boldy. Ahyrsoñunda 1948-nji ýylyñ meşhur Arap-Ysraýyl urşunyñam esasyny düzdi. Araplar 1948-nji ýylyñ urşuna 1936-1939-njy ýylyñ gandöküşlikleriniñ ar alyşy hökmünde garaýardylar. "Kassam" brigadalary / Fotosurat AA Häzir "Kassam" brigadalaryna adyny bagyş eden Izzüddin el-Kassamyñ ömri we göreş ýoly biri-birine baglanyşýan wakalar zynjyrynyñam köklerini emele getiripdi. Elbetde, raýat ölümlerine sebäp bolýandygyny oñlamak mümkin dälem bolsa, goranyş formasy we guramaçylyk taýdan "Kassamyñ" täsirlenen iki esasy taryhy şahsyýeti bardy: Enwer paşa we Omar Muhtar. Şonuñ üçinem Kassamyñ topary beýleki arap watançy toparlary tarapyndan "enwerçi" diýen ýaly aýyplamalara uçraýardy. Elgaraz, meseläniñ bize galtaşýan ýeri-de şular ýaly görnüşdedir. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Sişenbe, 10.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |