KELTE MINARA
Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soñ türkmen topragy taryhy ýadygärlikleri bilen hem dünýä tanalýar. Olaryñ il arasynda meşhurlyk gazananlaryndan başga entek öwrenilmedikleri hem bar. Şolaryñ birem Talhatan baba obasy bilen Murgap etrabynyñ arasynda ýazylyp ýatan düzlükde ýerleşýän ''Kelte Minara'' ýadygärlikler toplumydyr. Ol goýnunda ençeme syrlary saklap 7-8 kilometr aralykdan hem seleñläp görünýär. Orta asyrlar şäheri hasaplanylýan bu ýerde ekin ekenlerinde aýallar ýüzük, monjuk, apbasy ýaly gymmatbaha zatlary tapan halatlary bolupdyr. Ýer açylanda ýüzüne hat ýazylan, surat çekilen küýze, kerpiç böleklerine gabat gelnipdir.
Kelteminaryñ gündogar tarapynda hem aralyklary 3 kilometre barabar ýerde köşgüñ galyndylary bardy. Oña ''Owadan tam''diýýärdiler. Ol patyşanyñ gyzynyñ köşgi diýýädiler. Kelteminaradan hem, owadan tamdan hem aşaklygyny ýassyk ýaly ululykda kerpiç düşelen basgançaklar uzalyp gidýär. Olar biri-birine barýar eken.
Aýdyşlaryna görä seljuklar döwründen hem has ir zamanda bu ýerde bir zenan patyşa şalyk sürüpdir. Ol mertlikde, halkyna ýardam bermekde tanalypdyr. Köp kentler oña meýletin birigipdir. Şonuñ üçin barha güýçlenip barýan bu aýalyñ ýurdunyñ, döwletiniñ güýjünden gorkan, duşman ony güýç bilen basyp alyp bilmänden soñ, zenanyñ adamsyna geljekde aýalynyñ ýerine oturmaklygy wada berip, galany açdyrýarlar. Zenan dört çagasyny we ýaranlaryny alyp, ýerasty ýol bilen gidip, duşmandan gutulýar hem-de güýç toplap täzeden şäheri alýar. Dönük adamsyny bolsa zyndana atdyrýar.
Çingiz han döwründe mongollar üç hezek çozup, şäheri alyp bilmän özleri derbi-dagyn edilipdir. Dördünji gezek bolsa sansyz goşun bilen gelip, şäheri rehimsizlik bilen weýran edipdirler. Ol ýerde gazaply urşuñ bolandygyny döwük küýze gaplary, ýer astyndan tapylan kän mukdardaky atyñ, adamyñ süñkleri hem habar berýärler. Ýerasty ýoly Kelteminaradan 20-25 kilometr gündogarda ýerleşýän ''Erezgala'' diýen köşk galyndysyndan hem aşak garañkylyga gidýän basgançaklar boýunça görüpdik. Aýdyşlaryna görä, orta asyrlar döwründe şeýle ýollar köp bolupdyr. Elbetde meseläni giñişleýin öwrenmek geljekde alymlaryñ paýyna düşýär.
Oguljemal ÇARYÝEWA.
"Türkmen dünýäsi" gazeti, 01.2008 ý.
Taryhy ýerler