12:24 KEMINÄNIŇ IÇMEGI | |
KEMINÄNIŇ IÇMEGI
Edebi makalalar
Halk arasynda köne geýim ýa-da şoňa meňzeş zat görülse: «Bu-ýa, Keminäniň içmegi ýaly, köp çarşenbäni başdan geçirene meňzeýär» diýilýär. Keminäniň «Içmek» şygryny we onuň içmek bilen baglanyşykly şorta sözlerini eşiden we okan adamlara bu aýtgynyň manysy düşnüklidir. Keminäniň öz ömrüni garyplykda geçirendigi, hemişe kyrk ýamaly ylhanat içmekde gezenligi bardaky maglumatlar nesilleriň aňynda galypdyr. Sowet ýyllarynda döwrüň ideologiýasynyň ýigreneni baý, gowy görýäni garyp bolansoň, ençeme nusgawy şahyrlarymyza «garyp», «garyp maşgaladan» diýlip baha berildi. Kemine-de şolaryň biri. Hatda gepi-sözi töweregindenem has alysraklara ýöräp duran, altyn-kümüş bilen iş salyşýn zergär, halkyň hormatlaýan ahun şahyry Azadynyň ogly Magtymguly babatda: «Magtymguly garyp maşgaladan bolansoň, galyň töläp bilmän, Meňlä öýlenip bilmändir» diýildi. Bu babatda filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedow şeýle ýazýar: «Owaldan ykrar edilişi ýaly, Magtymguly we onuň beýik pederi Döwletmämmet Azady zergär bolupdyr. Altyn-kümüş bilen iş salyşýan maşagalany garyp görkezjek bolmaklyk, hakykata bap gelmeýär» (Amansähedow H. M. Şygyr sungaty we şahyrana şahsyýet. − Aşgabat: Ruh, 1999, 45 sah.). Halk arasynda «Molla Kemine» diýlip, ady hormat bilen tutulan, şahyrlyk, dilewarlyk şöhraty bütin türkmen iline ýaýran, şol döwürde Sarahs, Mary ýaly ýerden ýol harjyny, okuw harjyny tapyp, Hywa ýaly uzak ýere okuwa giden, Äraly pire sopy duran şahyryň garyplykda ýaşamanlygy baradaky hakykat bu gün bolmasa ertir ahyr ýüze çykmalydy. Şuňa görä, türkmen alymlarynyň Keminäni «garyplykdan çykarmak» baradaky synanyşyklary, gürrüňleri edebiýaty öwreniş ylmymyzda geçen asyryň togsanynjy ýyllaryndan başlandy. Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Jora Allakowyň «Edebiýat we sungat» gazetinde çap bolan «Ak guş ýa-da gara garga. Bu edebiýata ýokuşan ýowuz keseldir» atly makalasynda Keminäniň garyp bolmandygy barada durlup geçildi (Allakow J. Ak guş ýa-da gara garga. Bu edebiýata ýokuşan ýowuz keseldir. // («Edebiýat we sungat» gazeti, 1990, 30-njy noýabr.). Edebiýatçy alym M. Amansähedow hem: «Keminäniň garyplygyna güwä geçýän şygyrlar hasaplanýan «Garyplygyň», «Garybyň», «Içmegiň» gös-göni şahyryň hut öz terjimehalyna ýabşyrylmagy onuň garyplygynyň güwäçisi bolup hyzmat etdirildi» (Amansähedow H. M. Görkezilen kitap, 46 sah.) diýip ýazdy. Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Gurbandurdy Geldiýew bolsa, Keminäniň garyp görkezilmeginiň sebäbi barada şeýle netijä gelýär: «Keminäniň durmuşy, synpy häsiýetli şygyrlary ýagdaýlara tomaşaçy hökmünde öz aýtmaly sözüni aýdypdyr. Bu bolsa halk arasyndaky rowaýat-gürrüňlerde, şorta sözlerde şahyryň garyp gatlaga degişli edilip suratlandyrylmagyna, «kyrk ýamaly içmekli» garyp sypatda şekillendirilmegine getiripdir. Şeýlelikde, Keminäniň şahsy terjimehalyndan daşyndan, halky terjimehaly-da döräpdir» (Geldiýew G. Ýagşylykda ýatlaşalyň. − Aşgabat: Ylym, 2013, 262 sah.). Keminäniň içmegine gaýdyp gelsek, şahyryň bu içmegi onuň birnäçe şorta sözünde we «Içmek» şygrynda «taryp» edilýär. «Belli bir ýerini soraň» diýen şorta sözde Keminäniň içmegi barada şeýle diýilýär: «Ol içmek örän könelipdir, oňa her hili zatlar ýamalypdyr, ýamanyň köplüginden onuň asla dereginden oňly zat galmandyr». Bir gezek jahyllar Kemineden içmeginiň haçan tikilendigini soraýarlar. Şonda «Kemine: − Oglanlar, beýle sorag berip, meniň heläk etmeseňizläň, siz onuň belli bir ýerini tutup soraň ahyry! − diýipdir» (Kemine bilen pir. – Aşgabat: Magaryf, 1982). Bu şorta sözde Keminäniň içmeginiň gaty könedigi, oňa dürli döwürlerde ýamalan her hili ýamalardan ýaňa ene dereginiň haçan tikilendiginiň hem bilip bolmaýandygy beýan edilýär. «Goý, sesiň, ýogsam...» diýen şorta sözde hem Keminäniň şol içmegini gyş diýmän, ýaz diýmän mydama geýip gezendigi, içmegine her hili reňkdäki matanyň we şuňa meňzeş zatlaryň ýamalandygy, olaryň selkildäp durandygy görkezilýär. Şahyr bir ýere myhman bolanda, öý eýesi aýal aglaýan gyzjagazyny diňdirjek bolýar we Keminäniň içmegine gözi düşüp, bir ýylgyrýar we gyzyna: « − Goý sesiňi! Ýogsam gulagyňy keser-de molla Keminäniň içmegine ýamaýaryn! − diýýär...» (Kemine bilen pir. – Aşgabat: Magaryf, 1982). Bu şorta sözde-de Keminäniň içmegi – «gülki ýassygy». «Git-de içmegiňi ýamat» diýen şorta sözde «Kemine bir gelne degişmek üçin «Zülpüň» goşgusyndan: Saçyň her bir taryna ýüz müň tümen isteseň, Nagt bereýin pullaryň, bir-birden sana zülpüň – diýipdir. Gelin hem oňa: − Beýle puluň köp bolsa, git-de içmegiňi ýamat − diýip jogap beripdir» (Kemine bilen pir. – Aşgabat: Magaryf, 1982). Bu şorta sözde-de Keminäniň ýyrtyk-ýyrtyk, ýamasy ýetik içmegi ýaňsylanýar, üstünden gülünýär. Ine, Keminäniň içmeginiň şorta sözlerdäki çeper keşbi. Eýsem, onuň şygryýetdäki obrazy, häsiýetlendirmesi nähili? Muňa göz ýetirmek üçin şahyryň «Içmek» şygryny dolulygyna okap göreliň: Agşam gelip oturdym, hiç gelmedi ýanyma, Ot gerekmi, suw gerek − diýmedi myhmanyna, Egnime algaşdyrsam, ot goýberdi janyma, Ýama saýy biri bar, bit bile doly içmek. Meň köwlän çigildemim Töwrizde kyrkdan aşdy, Uzyn gije büküşip, aýak kibtimden geçdi, Eden işim bilmedim, aklym başymdan çaşdy, Şokurdap, il ürküzer ogşuk bahaly içmek. Ertir turup seretsem − dag keýginiň sarysy, Saryna ýagyş degen, hiç galmandyr derisi, Tüýli ýerinden känräk, tüýsüz ýeri − ýarysy, Kimden galan ylhanat, ogşuk bahaly içmek. Içmek, seniň taryhyň kyrk ýamalar görüpdir, Synyn silkip, toýlarda niçe döwran sürüpdir, Uk ýaly galdyrsam, «omyn» diýip durupdyr, Ýel giren ýyrtyklaryň çişläp bogaly, içmek. Bu ýa bir şeýle possun, muny alyp saklasaň, Kän görer sen peýdany, Hywa, Buhar ýükleseň, Bir azrak kemi bar, guşuň dersin bekleseň, Kimden galan şylha sen, şeýle «mazaly» içmek. Nuhuň gämisin tartan babamyza satandyr, Ýel-ýagmyryň astynda ýetmiş ýyllap ýatandyr. Alakadan, garsakdan çala başyn çatandyr, Şondan galan ylhanat, ogşuk bahaly içmek. Bu possuna taý ýokdur, barsaň yrak zemine, Akmaklykda ýapynyp, düşdüň bitiň demine, Bit-büräniň öýüdir, barma munuň çemine Kimden galan şylha sen, şeýle «mazaly» içmek. Kemine diýr, daň atar, alla maňa ýar bolsa, Özge çatma gerekmez, pakyr çatma bar bolsa, Içmek, seniň daşyňda iller hyrydar bolsa, Il ýygnanyp, nyrh kesse − erkek bahaly içmek (Kemine. Saýlanan eserler. − Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýaty, 1954). Şahyr şygyrda içmegiň ýaman tarapynam, ýagşy tarapynam çeper dil, gülki duýgusy bilen sanap geçýär, ýagny ony hem «döwýär», hem öwýär. Içmegiň ýaman tarapy şeýle: ýama saýy bitden doly, şokurdap il ürküzýär, tüýleri ütülip galan, kimden galandygy belli bolmadyk ylhanat, kyrk ýamaly, ýel girýän deşiklerini çişläp bogubermli, ýel-ýagmyryň astynda ýetmiş ýyllap ýatan şylha, bit-büräniň öýi we başgalar. Öwgüli tarapy: egniňe alsaň, endamyňa ot berip, ýyljak edýär, bahasy ogşuga barabar (ogşuk bahaly), toýlarda synyn silkip, niçe döwranlar süren, Hywa, Buhara bazarlaryna eltip satsaň, kän peýda berjek, taýy ýok possun, iller hyrydar, nyrh kesilse, erkek (düýe) bahaly içmek. Kemine içmeginiň kem tarapynam, artyk tarapynam deňläp, tereziniň iki tarapynda goýýar. Eýsem, näme üçin şahyr bit-büreli içmegini ogşuga, erkege bahalaýar?! Ony alak-ga zyňyp goýberiberenok. Içmekde bir hikmet bar ýaly. Bu soragy sähel soňa goýup, Keminäniň içmegi hakynda ýöredilen başga bir pikir hakynda durup geçeliň. Edebiýaty öwreniji, babadaýhanly mugallym Hudaýnazar Begnazarow Milli golýazmalar institutynda geçirilen ylmy maslahatyň materiallaryny öz içine alýan kitapdaky «Keminäniň edebi keşbine bellikler» diýen makalasynda şeýle ýazypdy: «Kemine şahyryň kyrk ýamaly içmek bilen ömrüni ömrüni ötürenligi hakyndaky gürrüňler, şorta sözler «Belli bir ýerini soraň», «Içinde özüm hem bardym» «Gömlen garyplyk» we başgalar, megerem, şahyryň «Içmek» şygry bilen baglylykda dörän bolsa gerek. Şahyr bu pikiri göçme manyda bermekde täsin usuly oýlap tapypdyr. Göçme mana eýe bolan «ýama saýy bitden doly», «janyňa ot goýberip», egniňden asla düşmek islemeýän «ylhanat» içmek − bu garyplygyň özüdir, ýamalary bolsa, ýeter-ýetmezligiň nyşanydyr. Şahyryň goşguda: «Içmek seniň taryhyň kyrk ýamalar görüpdir» diýip ýazmagy diňe türkmen halkynda däl, bütin Gündogar halklarynyň arasynda ýörgünli bolan kyrk sanyny ulanmagy, bir tarapdan, goşgynyň çeperçilik taýdan şowly hem täsirli çykmagyna getirse, beýleki tarapdan, halk arasyndaky «kyrk ýamaly» gürrüňiň döremegine getiripdir» (Begnazarow H. Keminäniň edebi keşbine bellikler. // Garaşsyzlygyň Tugy. − Aşgabat: TMGI, 1999, 73-74 sah.). Keminäniň kyrk ýamaly içmegi hakynda ýöredilen bu pikir, elbetde, awtoryň öz şahsy garaýşy. Ol Keminäniň içmegini garyplygyň, kyrk ýamany ýeter-ýetmezligiň nyşanasy hasaplaýar. Indi Keminäniň içmeginiň syry hakynda öz pikirimizi aýtsak, şol içmek bihal bolmaly däl. Ol ýönekeý bir geýim bolsa, Kemine ony bir eýýäm taşlardy. Emma şahyr ony ata-babadan galan mukaddes miras ýaly saklap, ulanyp ýör. Sopuçylygyň taryhy hakyndaky çeşmelerde, sopuçylyga degişli zatlaryň atlary baradaky sözlüklerde sopularyň, derwüşleriň ýamaly, sal-sal donlary geýip gezendikleri beýan edilýär. Umuman, «kyrk ýamaly içmek» ýa-da «kyrk ýamaly don» aýtgylary dilimize sopuçylyk taglymatyndan geçipdir. Bu barada türk alymy, professor, doktor Ethem Çebeçioglu «Tasawwuf terminleriniň we deyimleriniň sözlügi» diýen işinde türk dilindäki «Abasi kirk yerinden yamali» («Dony kyrk ýerinden ýamaly») diýen aýtga şeýle düşündiriş berýär: «Gadym döwürde derwüşler donlarynyň halal matadan bolmagyna aýratyn üns beripdirler. Şoňa görä, sopuçylykda meşhur bolan belli pirleriň zatlarynyň halaldygyna ynanyp, olardan mata parçalaryny toplapdyrlar. Bulary biri-birine çatyp, özlerine don tikinipdirler. Şol donlara hem «kyrk ýerinden ýamaly» diýlipdir». (Ethem Cebecioğlu. Tasavvuf Terimleri ve Deyimleri sözlüğü. – Istanbul: Anka Yayinlari, 2001). Golýazma çeşmelerini öwreniji, arapşynas Rahmet Gylyjow hem derwüşleriň ýamaly dony barada şuňa golaýrak pikir ýöredýär. Ol derwüşleriň jahankeşde adamlar bolandyklaryny, baran ýerlerinde adamlaryň olaryň haýyr-dogalaryna eýe boljak bolup, halat-serpaý sowgat edendiklerini ýazýar: «Derwüşler özlerine berilýän sowgadyň, ýapylýan haladyň arassadygyna, halaldygyna anyk göz ýetirmeseler, hiç kimden hiç zat kabul etmez ekenler. Eginlerinde birlaý lybasy bar bolsa, özlerinden uly-kiçi adamlaryň ylmyndan, döwletinden, bereketinden ýoksun diýip, özlerine sowgat berlen şol dondur halatlaryň ýa-da ýaglyklaryň bir ujuny gyrkyp alyp, öz donlaryna çatypdyrlar, galanyny bolsa golaý-goltumdaky garyp-gasarlara, ýetim-ýesirlere bagyş edipdirler. Şonuň üçin derwüşleriň donlaryndaky ýamalaryň känligi olaryň ýeter-ýetmez günde ýaşandygyny däl-de, «halal adamlaryň döwletinden ýoksun» diýen yrym bilen edendiklerini bilmek bolýar» (Gylyjow R. Söz manysyn tirer bolsaň... // «Nesil» gazeti, 2012, 16-njy oktýabr.). Bu maglumatlar Keminäniň kyrk ýamaly içmeginiň gizlin hikmetini açyp berýär. Şeýlelikde, şahyryň içmegindäki kyrk ýama öňden gelýän dessura görä, öten pirlerden, halal kişilerden galan tepperik bolmaly. Bu ýerdäki «kyrk» sözüniň halk arasynda gowy görülýän umumylaşdyrylan edebi-çeper sözdügini hem bilip goýmaly. Ýamanyň sany kyrkdan az hem, köp hem bolan bolmagy mümkin. Şahyryň «Nuh eýýämden» galan içmeginden ýüz öwrüp bilmeýänliginiň sebäbi hem oňa öten keramatly pirlerden galan mukaddes içmek hökmünde garalmagydyr. Içmek köne, ýamaly bolsa-da mukaddes. Ýöne onuň kimden, nähili ýol bilen Keminä gelip ýetendigi belli däl. Muny şahyryň özem bilenok. Soňa görä-de, «Ylym bir daragtdyr, yslam onuň saýasy» diýip, öz döwrüniň ylmyny öwrenmäge yhlas eden Äraly piriň sopusy Kemine ötenleriň dessuryna, sopuçylyk ylmynyň ýörelgesine eýerip, gürrüňi edilýän icmegi geýip gezipdir. Elbetde, Kemine orta asyrlardaky özlerini terkidünýälige urup, boýnuna betbagt kädi asyp, ellerine hümmet hasa alyp, «hüw-hak» düýip, il gezip ýören sopy-derwüşlerden däl. Ýöne onuň derwüşlik alamaty kyrk ýamaly köne içmegi geýip gezmeginde. Kemine içmeginiň syryny bilýänligi üçinem ony taşlap bilenok. Sopuçylyk bilen bagly dörän «kyrk ýamaly don» ýa-da «kyrk ýamaly içmek» diýen aýtgylar hem soň-soňlar garyplar babatda, garyplygy-ýoksullygy bildirmek manysynda ulanylyp ugrapdyr. Keminäniň kyrk ýamaly içmeginiň täleýi hem şeýle bolupdyr. Halk we şahyryň ömür-durmuşyny öwrenijiler Keminäniň kyrk ýamaly içmegini tutaryk edip, onyň garyp bolandygy barada netije çykarypdyrlar. Şeýlelikde, «Keminäniň içmegi», «Keminäniň kyrk ýamaly içmegi» diýen ýaly aýtgylar, bir tarapdan, halkymyzyň taryhy-durmuşy, sopuçylykda ýerine ýetirilýän dessurlar bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr. Beýleki tarapdan, bu aýtgylar çeper detal, çeperçilik serişde hökmünde garyplygy, ýeter-ýetmezligi aňladypdyr ýa-da şonuň alamaty-nyşany bolsupdyr. Şahyr «kyrk ýamaly içmek» diýen durnuklaşan çeperçilik serişdesiniň üsti bilen öz zamanasynyň, halkyň ýaşaýan jemgyýetçilik durmuşynyň nogsanlyklaryny, kimiň geýmäge don tapmaýan, kimiň tirme şaly gözleýän («Kim don tapmaz geýmäge, // Kim tirme şaly gözlär» ‒ Magtymguly) döwrüniň durmuş hakykatyny özboluşly, dogruçyl suratlandyrypdyr. Nury SEÝIDOW | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||