21:23 Ker bolar gulak | |
KER BOLAR GULAK
Goşgular
Jana ýakar söz tapmasañ birewden, Eşitmez sözüni ker bolar gulak. Parhy ýok bir katra mazaly suwdan, Bir ýerde jem bolsa müñ ajy bulak. Serdaryñ bolmasa, azaşar ýoluñ, Bir begiñ synyndan aýyrma eliñ, Ala bolsa agzy eger bir iliñ, Aýaklar baş bolar, başlar hem aýak. Golunda bolmasa, dünýäniñ maly, Aýdarlar: "Tentekdir, akylsyz, däli", Ýigidiñ bet bolsa alan aýaly, Başyna beladyr, aýagna duzak. Köp barma ýanyna duşman adamyñ, Bilmesin syryñny, almasyn çemiñ, Mert bolsun ýoldaşyñ, duşan hemdemiñ, Bir namart ýoldaşdan ýagşydyr taýak. Mert oglunyñ ýoly düşse üstüñden, Aýamagyn her iş gelse destiñden, Aýrylma gadyrdan aryf dostuñdan, Dilese başyñny çytmagyl gabak. Şirin dil, uz bolsa gözeliñ özi, Ýaraşar altyn şaý, zerbap gyrmyzy, Her gözeliñ eger bet bolsa sözi - Haýypdyr köne biz başyna dolak. Duz bolmasa, tagam bolar bilezzet, Bimagny köp geplän bolar biyzzat, Bolmasa ýagşy söz, şirin mylakat, Küle dönsün görküñ, gurysyn syýak. Uçrasa aryflar, türpe jenanlar, Dür sözler sözlese, şirin zybanlar, Lagnat sözüñ parhyn bilmez nadanlar, Sözlegin kä türki, kä ýerde ýomak. Misgingylyç, bet işlere baş urma, Zehiniñ dagydyp, aklyñ çaşyrma, Kes imdi sözüñni, aklyñ çaşyrma, Lezzeti kem bolar, söz bolsa duzak. Misgingylyç (1850-1908), Gyzyletrek-Garrygala sebitlerinde ýaşan şahyr. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |