23:19 "Kim aýdypdyr: - Öldi- diýip- Ependi..." | |
“KIM AÝDYPDYR: - ÖLDI- DIÝIP- EPENDI...”
Goşgular
![]() Kim aýdypdyr: - Öldi- diýip- Ependi, Ýok, ölenok, Dünýä indi, Ýaňadan! Anha, barýar ak eşekli Ependi, Depeden-depä, Obadan-oba. Ýatmaz ýerde her şadyýan gep indi. Duzlap ýör ol syrnyhy, Gözläp ýör ol myrryhy. Dilde “bismilla” diýse-de, Unudyp ýör Allany, Iki sözüň birinde, Adamlary aldany. Alasamsyk mollany, Ak mata bilen orap, Orta çykan kelläni. Baran ýeri ala-ýaz, Baran ýeri şagalaň. Gelse gelsin gahary, Öýde ýatan gagalyň, Ile gülki şagalyň. Kim aýdypdyr “Öldi” diýip Ependä, Ýok, ol diri, aýlanyp ýör eşekli. Başynda çüri telpek, Aýagynda-da çepek, Bili guşakly. “Hih” diýip, bir dürtende, Durmaz obaň çetinde. Sagynda Aldarköse, Kemine hem çepinde. Gün-güzeran, gam-gussa, Ýada düşmeýär indi. Adamlar garaşyp ýör, - Geler– diýip, Ependi. Maşalla, Ependi, maşalla, Kakmaz haram heşelle! 15.03.2023. Ilýustrasiýa: Mahmud Eşonkulowyñ "Hoja Nasreddin" karikaturasy. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |