00:13 Kim bu Jefri? | |
KIM BU JEFRI?
Publisistika
Robert W.Komer (1922-2000)… MRU-nyñ (CIA) düýbüni tutmaga gatnaşdy. Parol ady "Çeşme maşyny - Bob". Wýetnam urşuny köreden Makjorj Bandiniñ (ABŞ-nyñ gizlin adamlaryndan) başlyklyk edýän Döwlet howpsuzlyk geñeşinde geñeşçi bolup işledi. "Doñuzlar aýlagynyñ okkupasiýasy" we "Kuba raketa krizisi" ýaly gizlin operasiýaly koordinirlediler. Ysraýylyñ premýer-ministri Lewi Eşkol bilen ylalaşyp, 1965-nji ýylda Ýakyn Gündogara ilkinji ýadro ýaragyny getirdiler! MRU-nyñ 1967-nji ýylda Wýetnamda gynamaly sorag etme, jynsy zorluk we kast edilşik ýaly hapa ýumuşlaryny ýerine ýetirýän "Phoenix" programmasyna ýolbaşçylyk etmek tabşyryldy. Sorag etme merkezlerinde 26 müñ 369 (käbir maglumata görä 41 müñ) wýetnamlyny gynamalar bilen öldürip, 81 müñ 740 adamyñ “zyýansyzlandyrdylar”… Bütin dünýäde "wýetnam gassaby" ady bilen tanaldy... Taryhyñ dili 1968-nji ýylyñ 28-nji noýabryny görkezende... Komer ABŞ-nyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenip, Ankara ýollandy. Deniz Gezmişiñ başyny çeken segsen talyp üýşüp, ilçi Komeri alyp gelen uçary "Yeşilköy" howa menzilinde ýumurtga ýagmyryna tutdular. 1969-njy ýylyñ 9-njy ýanwaryna gelinende... Sinan Jemgil, Hüseýin Inan, Ýusuf Aslan, Ulaş Bardakçy, Taýlan Özgür ýaly talyplar Ýakyn Gündogar Tehniki uniwersitetine (ODTÜ) gelen Komeriñ gulluk awtoulagyny ýakdylar. Hadysadan soñ ýokary okuw jaýynyñ ýapylmagyna uniwersitetiñ talyplary nägilelik beýannamasyny taýýarladylar: "Doly garaşsyz Türkiýe prinsipiniñ durmuşa geçmegine böwet bolmak üçin ellerinden gelen pyssy-pyjurlygy edýän güýçler ODTÜ-ly talyplaryñ nazarynda barça sylag-hormatlaryny ýitirendirler." Beýannamanyñ aşagynda ODTÜ Sosialist garaýyş kluby, ODTÜ talyplar forumy bilen bilen birlikde ODTÜ ülkü (idealist) ojagynyñam goly bardy? Sözümi näme üçin munuñ bilen başladym? • TÜRKÇE REPORTAŽ Türkiýäniñ Siriýa syýasaty ýene petige giredi. ABŞ-nyñ Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jefri resmi gepleşikleri geçirmek üçin howlukmaç Ankara geldi. Jefriniñ ýigrimi gün öñem Türkiýä gelip gidendigini göz öñüne tutsak, onda bu resmi saparyñ nähili wajypdygyna we gyssaglydygyna düşünmek kyn däl. Jefri uçardan düşüp-düşmänkä korrespondentiñ iñlis dilinde beren soragyny türk dilinde jogaplady: "Häzir biziñ ýaranymyz Türkiýäniñ esgerleriniñ üstüne uly howp abanýar. Bu howp rus we Esad hökümetinden gelýär. Ortada şehidimiz bar, yzy ýarasyn, galanlaryna ömür bersin. Biz bugün Ankara gelip, türk hökümeti bilen bilelikde emele gelen ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak we mümkingadar elimizden gelen kömegi etmek isleýäris..." Jefri näme üçin türkçe interwýu berdi? Daşary ýurtly diplomatlaryñ biri türk dilinde geplän wagty, biziñ raýatlarymyzyñ damarlaryndaky gan lasyrdap başlaýar! Bugün jemgyýetçilik pikir soraşmasyny geçirsek, iñ halanýan diplomat Jefri bolup çykar! Eýse hakykat näme? • ASYL KIMLIGI Komeri ýumurtgalap garşyladylar. Jefri türkçe gepländigi üçin simpatiýa bilen garşylandy. Ýogsam bolmasa onuñam geçen ýoly Komeriñkiden parhly däldi: Komer bilen bile wýetnam urşuna gatnaşdy. Döwlet howpsuzluk geñeşinde geñeşçi bolup işledi. MRU-nyñ agentidi. (2011-nji ýylda MRU-nyñ "Göreldeli gulluk edendigi üçin" medalyny, 2012-nji ýylda "Ýolbaşçy" medalyny aldy.) MRU-çy musulmanlaryñ "merkezi" Berlinde boldy. Şeýle-de psihologik söweş alyp barýan "Hür" ("Azatlyk") radiosyna ýolbaşçylyk etdi. Ugur Mumju Türkiýäni ýetmişinji ýyllarda terrorçylyga gark eden bikanun ýarag söwdasynyñ merkezi (we Rim papasynyñ janyna kast etmäge synanşan Mehmet Aly Agjanyñ gatnaşyklarynyñ bazasy) Bolgariýa boýunça barlag geçirip ýörkä, Jefri bu ýurtda işläp ýördi! Sofýadan Türkiýä geldi: 1983-1987-nji ýyllarda Adanada we Ankarada syýasy-harby ofiser bolup işledi. "Berlin diwaryny" ýykmaga çytraşýarkalar Jefri Berlindedi... Balkanlar (öñki Ýugoslawiýa ýurtlary -t.b.) bulaşýarmy - Jefri Bosniýadadyr... Pars aýlagy urşy turdumy- Jefri Kuweýtdedir... 1999-njy ýylda missiýanyñ şefi bolup ýene Türkiýä geldi. ABŞ-nyñ Albaniýaky, Yrakdaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinde işländen soñ, ýene Türkiýä geldi. Onuñ ýörite hünärmenlik ugry Türkiýe merkezli Ýakyn Gündogardy. Ýakyn Gündogar Maksatnamasynyñ (ÝGM) iñ esasy wekili we Daşary işler ministri Kondoliza Raýzyñ ýörite geñeşçisi boldy. Hudson we Waşington institutlarynda kürtler hem-de Ýakyn Gündogar boýunça leksiýa berdi. Sözümi jemlär bolsam: Diýmek, AKP-Erdogan Siriýada "deñize düşende ýylandan aslyşmagy" daşary syýasat hemlesidir öýdýär! Diýmek, AKP-Erdoganyñ umydy - Rokfelleriñ dünýäni dolandyrýan Daşary gatnaşyklar geñeşiniñ we MRU-nyñ Daşary geñeş kollegiýasynyñ agzasy bolan Jefri, şeýle dälmi? Serediñ: FETÖ-nyñ "aýagyny" jedelleşip durýanlara teklibim: işe Jefriden başlasynlar, FETÖ-nyñ hukuk kanaly bilen döwlet apparatyndaky ähli ýüpleri ele geçiren 2010-njy ýylyñ konstitusion üýtgeşmeler boýunça referenduynyñ iñ janköýer tarapdarlarynyñ biri-de Jefridi! Akyl nogsanlygy jahyllykdan döreýär... "68-iñ" rewolýusionerlerini-idealistlerini näme üçin "biçendirler" öýdýärsiñiz? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.02.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |