21:35 Kimiñ eli kimiñ kisesinde | |
KIMIÑ ELI KIMIÑ KISESINDE
Publisistika
Amerikan Kongresi 1917-nji ýylyñ 6-njy aprelinde arasynda Osmanlynyñ hem bolan "Üçler soýuzyna" garşy uruş yglan etdi. 1917-nji ýylyñ 28-nji iýuly. ABŞ ýarag sõwdasyny we önümçiligini koordinirlemek üçin Harby senagat geñeşini (WIB) gurdy. WIB gözegçiligindäki uruş mobilizasiýalary arkaly ýarag öndürijiler, çig mal bilen üpjün edijiler, patent eýeleri, "JP Morgan Co" ýaly bankirler we başgalar görlüp-eşdilmedik baýlygyñ eýesi boldy. Jerald P.Naý Žurnalist, amerikan senatory Jerald P.Naý uruşa gatnaşma maksadynyñ käbir baýlara köp pul gazandyrmakdygyny nygtap, 1934-nji ýylda Senatda "Ok-däri indistriýasyny derñemek boýunça ýörite komitetiñ" gurulmagyny gazandy. (Meselem, "Golliwudy" uruş oduny tutaşdyrmaga" synanyşmakda aýyplady). Emma hiç hili netije gazanyp bilmedi. "Prezident Wilsonyñ guburyna ysnat getirýäñ" diýip, gazaply ýazgardylar! Derñew işi ýapyldy. * * * Prezident Wilsonyñ düzen WIB uruş geñeşinde ýarag almak boýunça jogapkär işgär Robert S.Brookingsdi. Ol kim we bize näme dahylly ýeri bar? Biznesmen Brukings salgyt tölemejek bolup, beýleki amerikan baýlary ýaly haýyr-sahawat işlerini etdi. Intellektual görünmek onuñ iñ esasy maksatlarynyñ biridi. Waşington uniwesitetine million dollarlyk kömek edip, uniwersitetiñ adminstrasiýasynyñ başlyklygyna saýlandy. Brukingsiñ "uniwersitete golaýlygy" bilen uruş geñeşine girmegi añsat boldy! Robert S.Brukings Birinji jahan urşundan soñ Brukins bitiren işleri üçin "Ýokary hyzmat" medaly, Fransiýanyñ "Hormatly legioner" nyşany, Italiýanyñ korolynyñ ýörite nyşany bilen sylaglandyryldy... 1932-nji ýylda aradan çykandygy sebäpli uruşdan baýan adamlary derñeýän komitetde düşündirişi alynman galdy. Käbir uruş syrlary onuñ özi bilen bile ýeriñ astyna gitdi... "Intellektual" sypatly uruş barony başga nämeleri etdi? * * * Birinji jahan urşy amerikan imperializminiñ "iliñ mellek ýerine" göz gyzdyryp başlamagy bilen oñman, globallaşma döwrüniñem başyny başlady. Bu agressiwlik-basyp alyjylykly syýasat diñe ýarag arkaly ýöredilmeli däldi... "Rockefeller", "Carnegie", "Ford" ýaly adamzada täsirini ýetirip biljek "añ-düşünje guramalaryny" Brukings hem gurdy... Şindizem dünýäniñ iñ täsirli “think tank” guramasy bolan Brukins instituty Waşington uniwersitetiniñ hukuk fakultetiniñ binasynda - 1928-nji ýylda guruldy. Munuñ öñinçäsi-de bardy: Brukins 1916-njy ýylda syýasy barlaglary geçirýän garaşsyz "Hökümet ylmy-barlaglary institutyny (IGR) gurup, institutyñ direktory boldy. Emma indi ýerliligiñ möwriti geçip, global döwür başlaýardy we adamzadyñ (global ykdysady, daşary syýasat ýaly) syýasy düşünjesine täsir etmelidi! Institut "Rockefeller", "Carnegie", "Ford" fondlaryndan nägadar köp pul alan bolsa, şindizlerem "Bill & Melinda Gates", "JPMorgan Chase" fondlaryndan, daşary ýurdyñ iñ köp haýyr-sahawatçylaryndanam Katar döwletinden pul almagyny dowam etdirýär. (Onuñ hasabyna geçirilen pul 2020-nji ýylda 355,2 million dollara ýetdi.) * * * Brukings institutynyñ ilkinji geçiren işleriniñ birem 1929-njy ýylyñ ykdysady krizisine garşy prezident Ruzweltiñ kollektiwçi Keýnesýen Döwlet gowulandyrma adminstrasiýasyna garşy çykmak boldy. Başga mysallar bereýin: - Ikinji jahan urşundan soñ Ýewropany Halas ediş maksatnamasyna ýolbaşçylyk etmek üçin meýilnama taýýarlady, bu meýilnama "Marşall meýilnamasynyñ" hamyrmaýasyny düzdi... - Brukingsiñ daşary syýasat boýunça ylmy iş alyp barýan alymlarynyñ prezident Buşyñ jeñbazçylykly syýasatlaryny çakdanaşa goldamagy köp nägilelikleri döretdi. Galyberse-de: Brukings instituty "Ýakyn Gündogarda amerikan syýasatyna oñyn düşünilmegini gazanmak üçin" 2002-nji ýylda Ýakyn Gündogar syýasaty merkezini gurdy. Kemal Derwiş Bu bolýan tötänliklere seretseñizläñ: Orsyýeti öwreniji Stroub Tоlbott 1994-nji ýyldan 2001-nji ýyla çenli Daşary işler ministriniñ orunbasary bolup işledi. 2002-nji ýylda Brukings institutynyñ direktory wezipesine geçdi. Orunbasary edibem 2009-njy ýylda ýanyna kimi alanyny bilýäñizmi - Kemal Derwişi!.. Makala şuña çenli! Wah, men dikdüşdiligimi edip, kellämiñ göçgünine Kemal Derwişi öwjek bolup nämeleri ýazyp otyryn... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |