10:25 Kim bilen kim uruşýar? | |
KIM BILEN KIM URUŞÝAR?
Publisistika
"Indi hiç zat öñküsi ýaly bolmaz". Şuña meñzeş çykyşlary görýärin, okaýaryn... "Hamasyñ" taryhyny kän bilýän ýok. Mysal üçin, 7-nji oktýabr hüjümi aslynda birinji gezek bolanok: "Hamas"/"El-Kassam" brigadalary 23 ýyl öñ, 2000-nji ýylyñ 28-nji sentýabrynda Ysraýylyñ ilatly punktlaryna we harby desgalaryna hüjüm etdi. Uruş bäş ýyla çekdi. Ölen esgerleriñ we raýatlaryñ sany 5 müñ 500 palestinaly, 1.100 ysraýylly we 64 daşary ýurtly boldy. (Ysraýyl tarapynda ölenleriñ 31.7%-i harby gullukçy bolsa, 68.3%-i ýönekeý raýatdy). Şuny goşaýyn: Bu hüjümleriñ Kemp Dewidde ABŞ-nyñ prezidenti Bill Klintonyñ ýolbaşçylyk etmeginde Ysraýylyñ premýer-ministri Ýehud Baragyñ we Palestin hökümetiniñ başlygy Ýaser Arafatyñ arasynda 2000-nji ýylyñ 11-25-nji iýulynda başlqn Ýakyn Gündogar Parahatçylyk konferensiýasynyñ yzyndan başlamagy diýseñ täsindi... "Hamasyñ" öñbaşçylyk etmeginde "Ikinji Intifada" diýilýän bu gozgalaña palestinalylaryñ 35.2%-i gatnaşdy, 46.4%-i bolsa gatnaşmady, galanlarynyñ gatnaşyp-gatnaşmandygy belli däl. Muny indi "Palestin urşy" hasaplap bilerismi? 2023-nji ýylyñ 7-nji oktýabr hüjümi üçin "Hamasyñ" däl-de, Palestinanyñ adyny agzaýarlar. Ýanjap-ýanjap ýazýaryn: Bu uruş "Hamas"-Ysraýyl urşudyr. * * * Palestinanyñ döwlet ýolbaşçysy Mahmud Abbas, "El Fetih"-iñ başlygy... Palestinanyñ premýer-ministri Muhwmmet Yştiýýe, "El-Fetih"-iñ agzasy... Birnäçe ýyllap daşary işler ministri bolup işläp gelen Riýad El-Malki, "El Fetih"-iñ agzasy... Palestinanyñ 16 sany adminstratiw zonasy bar, bularyñ bir bölegini "Hamas" hökümeti dolandyrýar. Parantez açaýyn: "Izzeddin el Kassam" brigadalary "Hamasyñ" harby şahamçasy bolup, guramanyñ aýrylmaz bölegidigine garamazdan özbaşdak (käte "Hamasyñ" öz ýöredýän syýasatyna-da garşy gidip) hereket edýär. Çünki, maglumat alyş-beriş boýunça gowşaklyga ýol bermejek bolup guramanyñ toparlary biri-birinden doly üzñe ýagdaýda hereket edýärler, hiç kimiñ hiç kimden habary ýok. Käbir bolýan zatlary dagy, "Hamasyñ" özem soñ bilip galýar! Ýagny, kimiñ eli kimiñ jübüsindedigi belli däl... Elbetde, 7-nji oktýabr hüjüminiñem añyrsynda nämeleriñ bardygy haçanam bolsa bir gün aýan bolar... Bärde durup geçmek isleýänim şu: Türkiýede syýasatçylar "Hamasyñ" hüjümine zol-zol "Palestina" diýmeleri! Ýogsam bolmasa, "Hamasyñ" soñky hüjümini palestin hökümeti oñlaýandyr öýdýärsiñizmi, pikirem etmäñ! * * * "Hamas" bilen "El-Fetih" esasanam 2006-njy ýyldan soñ Palestinanyñ syýasy liderligi üçin ýaragly çaknyşyga başlady. Iki tarapdanam adam pidalary boldy. Meselem, "Hamas" 9-njy iýunda Gazzäniñ kenarynda sekiz sany palestin raýatynyñ ölümine sebäp bolan bombany partlatdy... Gazzä diñe Ysraýyl girenok! "Hamasyñ" özem gara güýç ulanyp, sebitiñ gözegçiligini we "El-Fetih" hökümetiniñ ygtyýarlylaryny ele saldy. Merkezi hökümet "Hamasy" bikanun gurama diýip yglan etdi. Gazzä embargo goýulmagynyñ şular ýaly birnäçe sebäpleri bardy. "Hamas" bilen "El-Fetihiñ" arasyndaky çaknyşyklardan 600-den gowrak palestinaly wepat boldy. "The Sunday Times" gazeti "hamasçylaryñ" Mahmud Abbasyñ janyna kast etmegi meýilleşdirýändigini ýüze çykardy. Adam hukuklaryna boýunça gözegçilik guramasy çaknyşykda iki tarapy-da uruşyñ çygryna sygmaýan jenaýatlary etmekde aýyplady. Olaryñ agzyny ala tutýan iñ esasy zadam sütem etmegiñ syýasy taktika hökmünde kabul edilmegi däl: - Mahmud Abbas Ysraýylyñ we Palestinanyñ aýry-aýry döwlet gurmaga hukugynyñ bardygyny öñe sürýär. - "Hamas" bolsa Ysraýylyñ bolmagyny bütinleý inkär edýär. Şu syýasy çekişmedenem hemişe Ysraýyl peýdalanýar - "Aksa" metjidine girilýär, Gündogar Ierusalimde palestinalylaryñ öýleri ýykylýar Gazze basylyp alynýar... "Hamas"-"El-Fetih" özara ýaraşdyrylmaga synanyşylsa-da, olaryñ arasy düzelip gidiberenok. "Hamasyñ" soñky hüjümi barada beýanat bermedik Mahmud Abbas Ysraýylyñ garşylyklaýyn hüjümine garşy "külli palestin halkynyñ özüni goramaga haky bardyr" diýdi... Eýse başga näme diýsin? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |