21:00

Kimler kimler bilen bile!

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 621 | Добавил: Gökböri | Теги: Hakan Aksaý | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 34
0
1 Babyşgalaly2570  
1556
Атлары фамилиялары бары-ёгы 3 я 2 харпдан дуряндыгына гарамаздан, гуррунин ким-ким хакында барянына душунаймек ансат дал :)).

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Taryhçy talyplaryň Hindi-hytaý ýarymadasy ýurtlaryny geçenlerinde düşýän ýagdaýy şu

0
3 Injener  
1
Döwletiň hakyky ýagdaýyny demografiýa görkezýän bolaýmasa? Maşgalalar çagany kän bir dogurasy gelenok, diýmek ýurtda real problemalar bar. Eger halk köpelýän bolsa, diýmek bar zat gül ýaly. Men-ä känbir köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ynanyp baramok. Onsoňam monarhiýa sistemasy, demokratiýa sistemasyndan gowy bolmaly, monarhiýany birinji jahan urşynda ýok etdilet öýdýän? Monarhiýa öz hasylyny giç berýär, şondan biz ol sistema kän bir düşünip bilemzok.

0
4 Narcissus  
1589
Diňe öňbaşçylar gowy bolan halatynda gowy ol ulgam. Olar ýaly gowy birinem tapmak Diogeniň eli çyraly "men ynsan gözleýän ynsan" diýişine barýar.

0
6 yaran_yagmur_9  
1578
Injenere:

Düşünjeleriň şolar ýaly garym-gatym edilmesine ýa-da tersine öwrülmesine oturyp haýran galaýmaly.

Döwletiň hakyky ýagdaýyny demografiýa görkezýär, ýogsam näme? Emma demografiki ösüş döwletleriň durmuş ýagdaýynyň ösüşine göni proporsional däl-de, ters proporsional. Ýagny demografik taýdan pajarlap ösüş dünýäniň abadançylyk taýdan iň pes ülkelerinde (meselem, Afrikada) bolup geçýär (bir şert bilen: örän güýçly açlyk togtadylanda (zawod azyk önümleriniň getirilmegi, ynsanperwerlik kömegi) we epidemiýalaryň soňuna çykylanda). Şondan bäri olar ýarym aç ýagdaýda-da, bagyşlaň, alaka ýaly köpelip otyrlar. Asylarboýy ýeter-ýetmezçilikde ýaşap gelýän ýurtlar (Türkiýe, Hytaý) ilatynyň ýagdaýy sähel gowulananda köpelmegini togtatdylar. Çünki durmuşyň eşretini bir dadan nesil san taýdan köpelmegini bes edip, hil taýdan kämilleşmäge ymtylýar (şahsy we karýera taýdan ösüş, bilim we hünär almak, syýahat, medeniýetli dynç alyş, güýmenjeler, fitnes, köp dil öwrenmek...). Ýetde-gütde ýaşaýan jemagatlar diňe köpelmek bilen meşgul, sebäbi çagalarynyň hili pes bolansoň, ätiýaçlyk üçin san köp talap edilýär.

Mysalmy? Deňeşdiriň. Yrakda ýa-da bir afrika ýurdunda, bosgunlaryň çadyrynda her gün bir döwüm gumanitar kömek bilen öňup oturan jübütler (iş-güýç, gazanç, umuman, geljege umyt düýbünden ýok) köpelmekde rekort goýup otyrlar. Germaniýada dokuzy düzüw, geljegi ak ýolly jübüt bolsa köpelmegi şo-ol ertä goýup ("Biz taýýar, ýöne iki-üç ýyl Kariblerde ýaşasak diýýäs, munuň üçin ilki ispan dilini öwrenmeli", soň ýene bir bahana...), iň soňunda birini ýasaýar ýa-da o-da ýok. Her körpäniň daşynda on adam hozanak. Germaniýada diňe garyp ýurtlardan barýanlar köpelýär, emma bir nesilden soň olaram eşretiň yzynda.

Mysalmy? Deňeşdiriň. Kawkazda, Orta Aziýada işsiz-güýçsiz, Russiýa gidip, günlükçilik edýänler şol ýetdi-gütdi gazanç bilen çaga köpelýärler, Moskwada hemme işini şolara etdirip, ýag ýygnap oturanlar hökümet näçe höweslendirse-de köpelmäge göwünsiz. Dünýäniň keýpini görmeli.

Mysalmy? Deňeşdiriň. Ownanystan meniň çagalyk döwrümden bäri depginiň aşagynda. Paýtagt Kabul lagyma bulaşyp ýatyr. Çar töwerek ölüm. Emma Kabul soňky ýyllarda dünýäniň iň çalt ösýän paýtagtlarynyň biri boldy. Çünki pisligiň içinde gurçuk kimin köpelýärler, her hütdük çagadan mygyl-mugul. Ýewropa şäherlerinde bolsa boş binalar kän bolansoň, müňlerçe migrantlary şol ýere ýerleşdirdiler.

Onsoň ykdysady güllüýşiň ilatyň köpelmegine sebäp bolýandygy hakyndaky pikire haýran galýaryn. Elbetde, tebigy ösüşiň gürrüňini edýärin, migrant getirmek başga ýol.

“Monarhiýa sistemasy demokratik sistemadan gowy bolmaly” diýýärsiňiz. Bu iki sistemany deňeşdirmek manysyz, sebäbi olar bir tekizlikde ýatanoklar. Monarhiýany respublika bilen deňeşdirip bolar. Demokratiýany totalitarizm bilen deňeşdirip bolar. Antipodlar şolar.

Monarhiýa bolsa demokratiýa bilen antipod däl, olar bir-birine sygyşýan zatlar. Häzir Ýewropanyň XXII asyrda ýaşap ýören, ABŞ-danam has demokratik döwletleri – Norwegiýa, Belgiýa, Daniýa, Şwesiýa we Niderlandiýa monarhik döwletlerdir. Meselem, Norwegiýa – parlament demokratiýasy. Beýik Britaniýa, Ispaniýa hem monarhiýalar. Olaram köp döwletlere garanda demokratik. Monarhiýa bilen demokratiýanyň paýlaşyp bilmeýän näme zady bar?

Ine, Demirgazyk Koreýa, Eýran, Kuba, Wenesuela – respublikalar. Respulika hem totalitarizm bilen gowy oňuşýar.

Onsoňam, monarhiýalar orta asyrlardaky ýaly bir nesliň beýlekiere ýapyk maşgalasy däl. Häzirki monarhlaryň aýallary – korolewalardyr gersog-knýaginýalar öňki modeller, aktrisalar ýa-da sportsmenkalar. Monakonyň häzirki hökümdarynyň ejesi – oskarly amerikan aktrisasy Kell Greýsdi. Hökümdaryň häzirki (üçünji) aýaly suwda ýüzmek boýunça olimpiýa çempionkasy. Iňlis prinsi amerikaly negr aktrisa öýlenip ýör. Zenanlaram kem galanok: norweg prinsessasy indiki ýyl amerikaly negr şamana (melguna) durmuşa çykmaly. Norweg koroly gara körekeni maşgalasyna goşmaga ör-rän şat diýýär.

Aziýaly monarhlar hem şolardan az demokrat-liberal däl: Taýlandyň koroly öz janpenasyna öýlendi, arap monarhlarynyň içinde hem satyjymy, kätipmi gyzlara öýlenip ýörenleri bar. Iordan korolynyň (Pygamber aleýhyssalamyň nesli) ejesem, aýalam iňlis.

Garaz, gadymy korollaryň, şeýhleriň nesillerine “кот плакал” diýýäni. Olary çynlakaý kabul edip ýörmeli däl. Muzeý eksponatlary.

0
7 Injener  
1
Men ýalňyş pikir ýöredipdirin öýdýän agam, siziň aýdýanyňyz çyndan hem dogry... men aram aram düşünjeleri garýan, ýa-da diňe biziň ýurdumyzyň çäginde pikir ýöredýän. Politika bilen taryh meniň meýdanym däl....

0
9 yaran_yagmur_9  
1578
Umuman, biziň halkymyzda ilatyň köpelmegi abadançylyga, ösüşe baglydyr diýen garaýyş bar. Emma dünýäde görýän kartinamyz beýle däl. Dünýäni dolandyrýan güýç ýagdaý agyrlaşdygy adamlary köpelmäge mejbur edýär, ýagdaý gowulaşdygy çagalaryň sanyny azaldyp, iýmitine, okuwyna, ösüşine ünsi güýçlendirmäge höweslendirýär. Hytaýlylar häzir näme üçin köpelenok? Sebäbi "Gep dogurmakda däl, dogursaň gowy seretmeli, okatmaly, geljegini üpjün etmeli, olam kän eýgerdenok. Özümizem ilki okamaly, durmuşy ýola goýmaly" diýýärler. Öňler gowy durmuşy gözlänokdylar, çünki töwerekde beýle zady görenokdylar. Indi görýärler, höweslenýärler.

Howa, jemgyýeti dolandyrýan "göze görünmeýän" eliň täsin güýji bar. Meselem, uruşda köp erkekler gyrlandan soň erkek çagalar köp doglup başlaýar we balans täzeden dikeldilýär.

Bize bolsa düşünmesegem beýle hakykatlary synlap, ykrar etmek galýar.

0
8 Persey  
397
Kiçijik düzediş : Muna al Hussein - iňlis gelip çykyşlam bolsa, Rania al Ýassin - asly Palestinaly arap maşgalasyndan, ejesiniň garry atasy tarapdanam türk gatyşykly.

0
10 yaran_yagmur_9  
1578
Hä, ajaýyp Raniýa Hüseýniň aýalydymy? Raniýa hakynda eşidýärdim, Hüseýniň aýalydyr öýtmändim. Ol gök gözli hem iňlise öýlenendir öýdüpdirin näme üçindir. Sag boluň!

0
13 Azat_Nurgeldi  
283
Bagyşlaň, goşulmaýyn diýip otyrdym welin, şaman sözüni melgun diýipsiňiz welin, şol porhan, şaman görnüşinde-de ulanylýar. Melgun bolsa demon, despot diýen ýalyrak manylary berýär. Tema degişli dälem bolsa, düzediş berenime aýyplaşmaweriň..

0
14 yaran_yagmur_9  
1578
Diýjek bolýanym, ol afroamerikan hakyky şamanam, porhanam däl, самозванец, kezzap, ýalançy diýýärler. Melgun diýýänim şol manyda. Atabal aga ýaly bir zat bolmaly. Amerikada şolar ýalylar boldy we bar. Şeýdip millionlary aldanlar bolupdy.

Sibirdäki we Alýaskadaky hakyky şamanlarda çyndanam gudrat barmy-ýokmy, ony aýdyp bilemok. Ýöne her näme diýseňem olara melgun diýmek bolarmyka? Ata-babalarymyz ynanypdyrlar şamanlara, häzirem şolardan galan ynançlar bar.

0
25 sylapberdimuhamov  
1428
Demografiya babatda bir zat ýadyma düşdi. Şeyle bir adam bar eken. Hereket edýän reźijme işçi güýç taýýarlap beresim gelenok diýip öýlenmän geçipmiş.

0
26 Bagabat  
43
"Bitine gahar edip ýorganyny (kä ýerde: "içmegini" ýa "possunyny" diýilýän ýerem bar) otlan" diýen bir aýtgysy bar, Türkmen agaň.

0
27 Bagabat  
43
19-njy asyryň ahyrynda, Rus patyşalygynda, döşlerinde orden-medaldan ýaňa ýer ýok generallary bir ýere jemläp, goşun üçin iň aňrybaşy gowy atyň nähili bolmalydygyny kesgitlemegi haýyş edipdirler. Soňra olaryň beýan eden isleg-arzuwlaryny jemläp, netije çykaranlarynda, harby maksatlar üçin iň gowy atyň tos-togalak sypatdaky, wakuumda (boşlukda) uçýan, hiç wagt iým iýmeýän, derlemeýän we ş.m. hereketleri etmeýän, bägül reňkli atdygy anyklanypdyr...

0
28 Bagabat  
43
Rus gardaşlaň bir aforizm-dialogy:
"-Nirde gowy?
-Nirde biz ýok bolsak...".

0
31 Narcissus  
1589
Eý, bu Golliwudyňky dämi. :) Iň gowy rus, hiç bolmaýan rusdyr.

0
29 Bagabat  
43
Anekdot:

Meşhur bolmak üçin näme etmeli?

1965-nji ýyl: kän zähmet çekmeli, gündelik iş ölçegini aňryýany bilen ýerine ýetirmeli, zähmet bäsleşiginde ýeňiji bolmaly ýa-da uly-uly açyşlar eden alym bolmaly, ýa halka ýaran eserleri ýazan ýazyjy bolmaly, ýa täze zatlary oýlap tapan inžener bolmaly, ýa Watan üçin söweşlere gatnaşyp döwlet sylaglaryna mynasyp bomaly we ş.m., we ş.m..

2023-nji ýyl: öz pişigiňi ýa-da ýalaňaç syrtyňy TikTok-a goýmaly.

0
5 Babay  
1481
"Ýurt baştutany saýlawlar esasynda saýlanýar."

Şeýle-de, atasy we kakasy ölenlerinden soñ ýurduñ "müdimilik döwlet ýolbaşçysy" yglan edilipdi.
Ýagny, edil häzir KHDR-nyñ ikisi öli, biri diri, üç sany döwlet ýolbaşçysy bar.


Demirgazyk Koreýa özüni "sosialistik" ýurt hasaplaýar.

Aýratynam Ukraina urşunyñ başlan wagtyndan bäri.

Hezil edip, ýyrşaryp okadym. :)
Hakan Aksaýam okanyňa degýän ýazyjy eken.

0
11 Ependi  
284
Bir tansym şuň adyny: kemçin-yn diýip tutardy)

Putin, Demirgazyk Koreýadan ýarag soramak islegi ýokdur-la. Iň bolmanda, bir ýylky esgerleň türgenleşigine (poligon ýaly) gidýän ýaraglaram tutuş bir ýurdy gyrmak üçin ýetik.

Türkmeniň bir aýtgysy bar: "däl-ä ýel ber, eline-de pil ber". Kemçin-ynam şu wagt Putine gerekli adam. Çala agzyny köweltseň ýetik. Ol samsyk ýadrolaryny uçurmakdan gaýtjak zat däl. Ruslaram muňa gowy düşünýär. Akja jüýje ýene özleri. Oýnatgylar azmy.

0
15 yaran_yagmur_9  
1578
Ruslaryň SSSR döwründen galan, ençeme kilometre uzap gidýän ullukan ammarlaryndaky ol ok-därileriň häzir onçakly haýry ýok. Ukrainleriň üstüne düşübem ýarylmadyk müňlerçe snarýadlar münder bolup ýatyr. Çyg çeken, heňlän, poslan.

Bar, Russiýa ýönekeý snarýady näçe diýseň önderer diýeli, emma häzirki döwürde gysga aralyga atýan öňki artilleriýalar "urşuň hudaýy" däl. Uprawlýaemyý raketalar, istrebiteller, dronlar bilen urşulýar. Olary öndürmekde bolsa daşary ýurtdan alynýan kompanentler ulanylýar. Günbatar bolsa sanksiýalary barha berkleşdirip, olaryň russiýa düşmegini kynlaşdyrýar. Puly bilenem tapmasy kynlaşýar. Russiýa Günbatardan beýle agyr sanksiýalara garaşmaýardy.

Näme üçin Russiýa uçarlardan raketalary Hazar deňziniň üstünden goýberýär? Çünki Russiýanyň çäginden goýberse, biri start alsa, ikisi işlemän, göni aşak gaçýany sebäpli öz ýerini berbat etjek. Köne zatlar. A şeýle edende uçup gitmedik raketalar Hazara gaçýar, düwlenler ölýär, ýene nähili awy-zäherler ýaýraýar, bir gün hasaby soralar.

Ukrain raketalary çipli bolansoň, nyşanany ýarym metr, bir metr säwlikli urýar, ruslaryň çipi bolmansoň (Türkiýe, Ermenistan we käbir Orta Aziýa döwletleri alyp-satarlyk edip, biraz berýärler, öň esse bahasyna) gadymky usulda atýarlar, birnäçe km sowa düşüp, ýa mekdebi, ýa hassahanany urýar. Indi "Patriotlar" gelensoň olaram ýere düşürilmän, howada gapylýar. Emma "Patriotlar" Ukrainanyň tutuş asmanyny ýapardan entek az.

Häzir Russiýanyň we Ukrainananyň tanklary deňleşdi. Emma Ukraina täze günbatar tanklary gelip dur, Russiýa muzeýlerden çykaryp äkidýär.

Rus awiasaiýasy ýaňy hem asmanda höküm sürýärdi, häzir ukrain PWO-sy güýçlenensoň rus uçarlary golaýlaşybam bilenok. Ukrainler bolsa söweş uçarlarynda türgenleşýärler, basym ulanyp başlarlar.

80-nji ýyllaryň ahyrynda, biz gaýdanymyzda, Russiýanyň gaty ägirt harby güýji bardy. Bir kemsiz, diýseň kämil taraplary bardy. Ýogsam problemalary hem bardy. Üpjünçiligi bolsa aýdar ýaly däldi. Iň gowy zatlar goşuna berilýärdi. Harbylaryň hormaty gaty uludy.

Käbirlerimiz ony häzirem şeýledir öýdýäris. Emma 30 ýylda köp zat üýtgedi. Ammarlar talandy, dargady, ol görýän buýsançly, bagtly ofiserlerimiz işsiz galyp, käbiri özüni asdy. Goşun diýseň aýylganç korrumpirlendi. Diňe Şaýgu ýaly çemeçiller ýol aldy. Biziň döwrümizden galan, Owganystanda, Çeçende söweşen, korrumpiýa goşulmadyk hakyky harbylaryň käbirleri ýaňy bir ýerden Wagnerçi bolup orta çykdylar (Wagneriň oňurgasyny düzýän harby hünärmenleri göz öňünde tutýaryn, Bahmutda dogralan etleri däl), olaryň hem parahor goşunyň garşysyna çykyp, nähili bolanyny gördüňiz. Soýuz döwrüniň gymmatlyklary üçin söweşmäge taýýar nesil şonuň bilen gutardy. Indikiler üçin "sowetskiý mir" hem, "russkiý mir" hem söweşip jan bereniňe degýän zatlar däl, olara normal, oňaýly, döwrebap durmuş gerek. Taryh bilen ýaşanoklar. Dogram-da. Öz ýurduna çozulsa bolardylar, emma Putiniň "Waý, olar bize çozdular" isterikasyna ýaşlar ynananok. Olar garrylar ýaly diňe zombi-ýaşige dikanlap oturanoklar, dünýäden habarlary bar.

Bolýar, ýaragam, üpjünçiligem hiç diýeli. Häzirki rus goşunynyň iň uly problemasy - adam serişdesi. Uruş başlaly bäri iň uly mesele. Uruş diňe ýaşuly nesliň arasynda populýar. Ýaş ruslar oňa göwünli däl. Gidýänler yzagalak, çykgynsyz ýagdaýdaky oblastlaryň bisowat, taýýarlyksyz üflisleri. Wagneriň zyklary gyrlyp gutardy. Ukrainler bolsa jebis, kararly, Krym bilen bilelikde ähli ýerlerini gaýtaryp alýança gidişmekçi.

Ýöne, bilmedik, öňräk rus TV-de "Bize 5 müň sany siriýaly kömege gelýär, urra" diýip şatlanýardylar (Türkiýede, Ysraýylda eşidenler "siriýalylaram esgermi" diýip haýran galdy), ýene birnäçe ýüz owgan neşebendi hem kontraktnik bolup gelse, Eýran, D. Koreýa ýarag berse, araplara birmahalky satan warak tanklaryny hem yzyna satyn alsalar, belki biraz şanslary bolar.

0
23 Ependi  
284
Edil beýle-de däldirle, ýagny ýarag tarapyndan. Russiýa köne ýaraglaryny ulanyp biler, çünki, olary muzeýde saklajakmy. Agyr ýaraglaryny entek çykaranoklar. Armata tanklary, Sarmata raketalary we ş.m. Onsoňam, uruş diýilende, Gitleriňki ýaly öňünden çykany tekizläp gidibermeli diýlen zat ýok, ýada Buşyň Yrak döwletini 19 günde basyp alyşy ýaly etmeli diýilen düşünje hem ýok. Ol ýerde bigünä halk ýatyr. Ukrain, Rus, başga-da birgiden öňki soýuzyň adamlary, nesilleri, täze nesiller. Aslynda, şol esgerlerem bigünä. Haýsynyňky dogry, haýsy tarapyňky ýalňyş. Entek oňa seljererden aklym çatanok. Çatmalam etmesin.

0
12 Ependi  
284
Dogry, ýene birzat. Doly ýyly ýadyma düşenok welin, geçen 10 ýyllykdan bäri bolan waka. Eýran, Amerikanlaryň bir pilotsyz uçaryny öz ýerlerinde ele salmagy başardylar. (muny öňem bir mowzukda aýdypdym öýdýän) Amerika bu piloty yzyna kän sorady, bermediler. Nurbatma-nurbat söküp, kopiýasy alynan bolmaga çemeli. Indi olaram ýasap ugrady. Aslynda döwletler arasynda bolýan ýagdaý, beýleki döwletiň artykmaç ýaragy ele salynanda hökmany öwrenilýär, ulanylýar, hem-de garşysyna başga ýaragam döredilýär.

0
16 Narcissus  
1589
Ýaran agamyz, ýalňyşmasam Islenen saýtdaky Hiayress agza öýdýän, ýalňyşsamam günämi geçiň.

0
19 Narcissus  
1589
Edil bu meselede beýledir öýdemok, Gökböri. Bu "günbatar aňy" däl-de, görnüp duran zatlar ýaly meniň pikirimçe.

0
20 yaran_yagmur_9  
1578
Eý, sen, oguz atalarymyzyň mukaddes penakär ononyny özüne at edinip alan gözgyny!

Hala gündogar bolsun, günbatar bolsun, men ýa-ha öz döredijiligimi, ýa-da dünýäniň iň iri habar agentlikleriniň žurnalistleriniň makalalaryny berýärin. Seniňki ýaly ikinji-üçünji razrýadly bir türk ýazar-bozarynyň sensasiýa ugrunda samahyllaýan zatlaryny hil bir zat ýaly edip ile hödürlämok. Ýalçynyň ýaňramalaryny bir pohdur öýdüp, saýty dolduryp otyrsyň şondan, görmedik zadyňdyr şol. Özüňden beter sögünerin, çünki seni hiç zatça-da göremok. Meniň atam-babam seniňkileriň guýrugyny awutdymy onsoň, sen olara deger ýaly?

Ruslar hakda bolsa ýokarky ýazgylaryny oka, sen ýaly "ors" hem diýemok. Rus ýaşlary Putini goldamaýar diýip öz pikirimi aýtdym, diňe öz pikirimi aýdýaryn, her jümlede "öz pikirim" diýip oturaýynmy?

Putine bolsa käbir döwlet işgärleri elini uzadyp görüşenok, prosedura üçin öňünden duýdurýarlar, sebäbi ol детоубийца, elinde 1000 töweregi çaganyň gany bar. Elbetde, Putin Russiýa däl, emma häzir köp ruslaryň ýüzi gyzarýar şol adam sebäpli, dünýäde "Men rus" diýip aýtmaga utanýarlar.

Umuman, biriniň şahsyýetine we müň beteri-de ata-babasyna dil ýetirmäge ukyply seniň derejäňdäki adama gep düşündirjegem bolamok. Seniň öňüňde aklanýandyr diýip pikir edermiň-nämemi, özüňi nämedir saýyp?!

Beýlekilere aýdýaryn: meniň we pederlerimiň hiç bir halk bilen alyp-berişmedigi ýok. Diňe häzir ýadyma düşenini aýdaýyn: atam pahyr awtoulagyň portaçogyny çilim gutularyndan dolduryp gezerdi (özi çilim-nas dadanok). Harby galanyň ýanyndan ýoly düşse aňyrdan tamakin bolup duran esgerlere (olar mydama rusdy, esger diýmek - rus diýmekdi, özlerem mydam hor-zardy, esgerler barada aýdýan) çilim gutularyny zyňyp paýlap geçerdi. Menem ýanynda oturan oglanjyk. Soň ýene portaçok çilimden dolandyr. Ýene şonuň üçin. Awtoulagy togtap galan esgere kömek eder iki-üç sagat ýaga bulaşyp. Onsoň şeýle adam maňa bir milleti ýigrenmegi öwredermi? Jüneýt hana bolsa çäksiz guwanardy sowet döwründe-de. Ýagny taryhyny hem sarpalardy.

Emma Putin agressiýasy başga mesele. Interneti agtarsaňyz ony jan-dilden ýazgarýan eýranlylaram bar, hindilerem, çehlerem bar ýaponlaram, türklerem bar, ispanlaram... Häzir adamzat taryhynda ýetmiş ýyldan bäri ýüz beren iň uly pajyganyň sebäpkäri şol. Biz muny şeýle hasaplaýarys. Hiç kimiň agzyny tutamzok, diňe jogap berýäs. "Birgiden zatlar" diýýär käbiri, meniň üçin iki söz. "Birgiden" - käbirleriniň ölçegi bilen.

Gök şagallara-da, gara şagallara-da aýtjak zadym ýok, siz öz ýoluňyza, men öz ýoluma!

Meniň postlaryma bolsa öz teswirleriňizi arkaýyn ýazyp bilersiňiz, hormatly ulanyjylar! Medeniýetli diskussiýa hemişe ýol açykdyr. Ýalçynyň, wiý, Gökböriniň sahypasy bilen hoşlaşýaryn, terbiýesizler bilen ýolumyz bir däldir.

0
30 yaran_yagmur_9  
1578
Hoş, gök syçanjyk! Ikibaşdan seniň sahypaňda öz ýazýan zadyň ýokdugyny görüp ýördüm. Eliňden bar gelýäni iliň zadyňy gaýtalamak eken. Öz agzyňy açdyň welin şobada içiňdäki hapa dünýäň aňkap daşyňa çykdy.

Diňe ýekeje maslahatym (jelephanaň barada):

Beýikleň ömründen gözläp aýyplar,
Ile jar etmekde näme keýp bar?
Öň-soň taryh üçin has gymmat dälmi
Kiçijik saglardan beýik maýyplar?


Ýalçyn ikiňiz näçe hapa dörseňizem, ol agzaýan beýikleriň ady taryha ýazyldy, eserleri sungatyň mukaddes nusgalary hökmünde nesillere geçip gelýär. Bütin günäleri bilen ol ägirtler sen ýaly gök syçanjyklardan müň esse belentdirler. Ömrüňde öz maşgalaňdan başga zenen ysyny alyp görmedigem bolsaň, barybir senem, menem ertir unudylarys

Dirilere kompromat ýygnaýanlary il-gün itden beter ýigrenýär, merhumlara kompromat ýygnap ýören pislikler üçin "tüf" diýip tüýküligiňi sarp edesiň gelenok.

Adamlar nädip beýle pese düşüp bilýärkäler, öz galamlaryny şeýle hapa-hapa gybatlary dörjeletmäge nädip dözýärkäler - men haýran! Bar oňarýanlary şeýle zatlarmyka? Pyragy atamyzyň "Gurçuk gezer laý içinde" diýşi ýaly gurçuklar öz dömen ýerini - laýy küýseýärmikä?

Garaz, "Beýikleriň şöhratlaryny görebilmeseňiz partlap ýarylaýyň, betbagtlar!!!" diýäýmeli bolýar.

0
32 Ependi  
284
yaran_yagmur_9 Size degişli: "Jelephanalardan çykmadyk ýazyjylar" diýen sitataňyz bilen oňuşamok. Soner Yalçyn olary masgara etmek üçin ýazanok. Gaýtam herkimiň deň, hem-de ýazyp bilmegini, kemsinmän ýazmagyny aýtjak bolýar. Haýsy ýazyjy bolsada dünýä özüňi tanatmak üçin beýle sahnany saýlap alanok, durmuş alyp gidýär, terbiýesi, işi, öz islegi ş.m.

0
33 Ependi  
284
@Gökböri, agza hakynda aýdylanda, Siz entek ony doly tanaňzok. Tanamanam adama ters pikir ýöretmäň teswirinden. Meselem, men Siz hakynda: "Şu döwletde ýaşaýandygyňyza ynanamok, özüňizem žurnalist, daşyndan pitjiň atýan, ýada hakynatutma" diýsem birhili bolmazmy? Bulam şeýle. Siz onuň müňläp mowzuklaryny okaýançaňyz ýene bir ýyl gerek bolar. Ony başaryp bilersiňizmi?

0
34 yaran_yagmur_9  
1578
Ol ýüz müňläp mowzuk terjime etse-de şu derejesinde bolar, ynanaýyň. Mukdar hiç zady üýtgedenok. Siz haýrany bolubilersiňiz, emma men olar ýala bir ýylymy däl, bir minutymy hem sarp etmeýän.

Ýene bolsa maslahatyňyza çyndanam sag boluň, ýamanlygyňyzyň ýa-da pes häsiýetiňiziň ýokdugyny görýärin.

0
17 Narcissus  
1589
Russiýanyň güýçli, hiç ýeňilmeýän, tanklary bilen dagy bir girse Ýewropany alyberjek hasaplanmagynyň sebäbi Putiniň akyly haýrana goýjak propagandalary, ine, bary zat şu, propaganda we onuň jahyl halka edýän täsiri.

0
18 yaran_yagmur_9  
1578
Russiýa ýeňmek üçin elinden gelen hemme zady (ýaderden başga) etdi. Raýat ilaty ruhdan düşürmek üçin şäherleri ýere ýegsan etmek, kluster bombalary ulanmak, ilaty we ýesirleri gynaýan esgerleri başyna goýbermek... ynsap edip ýa-da utanyp saklanan zady ýok. "Putin islese...", "Putin islese..." Elinden gelip-de, aňyrsynda goýan zady ýok onuň. Ýöne ullukan kozyrlary bar ýaly, blef edýär. Indi dünýäde onuň haýbatlaryna öwrenişipdirlerem, reaksiýa hem görkezenoklar.

0
21 Azat_Nurgeldi  
283
Men şu teswirleri okap, bir zada göz ýetirdim. Başga bir döwletde bolýan düşünişmezlikleri özara çözüp bilmeýän raýatlarymyz öz döwletiniň meselesini nähili çözüp bilsinler. Her kim öz pikirini düşünjesini aýtmaga hukugy bar şu saýtda, dogrymy ýada nädogry ony wagt çözýär. Şonuň üçin biri-biriňiziñ garşysyna gidip, biri biriňi ýepbeklemek gelişikli däl hasap edýärin. Her kim öz pikirini ýazmaga haky bar. Kimiň günäkär ýada günäkär däldigini bolsa adyl wagt subut eder.
Men ýokarky teswiri ýazsam ýazdym welin, aslynda men şu saýta edebibiýat äheňli saýt diýip giripdim.

0
22 Narcissus  
1589
Saýta her kim bir zatlar gürleşmäge, pikir edinmäge, intellektual lezzet almaga, birazam "o näme diýipdir, bu näme diýipdir" diýip, gyzyklanyp girýär. Şol sebäpli okajak bolsaň okarsyň, halamasaňam artykmaç gep edip oturman geçersiň, gaty aňsat şeýle dälmi? We edebiýat çeperçilige esaslanýan älemdir, çeperçiligiňem soňy yokdur, hemme zat barada ýazylyp, pozulyp, aýdylyp bilner, şol sebäpli berenden alda oturyber-dä.

0
24 Azat_Nurgeldi  
283
Hä, şeýlemi? Şeýdip düşündirip aýdaýmasaň bilemokdymam, jigim. Şeýdip öwredip duranam bolsun-a aramyzda. Bir teswir ýazdym welin gep edýän men bolaýdym. Döwletiň artsyn, şeýdip akyl berip dur, bizem geregini alarys oturarys-da.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]