08:40 Kireýine jaý gözleýän adam hakynda hekaýat | |
Kireýine jaý gözleýän adam hakynda hekaýat
Goşgular
Bir kişi kireýne jaý gözleýärmiş, Oñam bir ýigrenji ülpedi barmyş. Abat jaý agtaryp, gynaman janyn, Eltip alkymyna bir harabanyñ, Diýipdir: "Gadyrdan, oñatja gara, Munda ne üçek bar, ne-de penjire. Eger-de şol zatlar bolanlygynda, Goñşy bolaýmagym ahmal meniñ-de. Ýene-de bir otag bolaýan bolsa, Bu jaý maşgalaña ýeterdi boldan. Daşynda bag dagy bolaýsa ýene, Señkä myhmanlyga gelerdim menem. Şeýleräk ýagdaýda bu görýän jaýyñ, Kemin mundan artyk sanap durmaýyn". Jaý gözleýän aýdan: "Birahat bolmañ, Señ oñat niýetiñ bardygny bilýän. Galmasañam bolar artykmaç derde, Munda ähli günä şol "egerlerde". | |
|
√ Ýatlama / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Sensiz ýola girir isem... / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Üçlemeler / Goşgular - 14.07.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |