22:11 Kit süñkleri | |
Kit süñkleri
Goşgular
Kit süñkleri çagşap ýatyr kenarda Ak-ak oñurgalar ala dagmydy? Niçe müñ ton süñkler ýuwdan kitleriñ Öz süñküni elläp gören barmydy? ...Läheñler gozgansa, umman çaýkanyp, Okean yranyp, tapynýar dowul. Polatdan guýlan gunt deý gämiler, Kit gelýär! Hany, heý, öñünden sowul! ...Ynsanlary ynsan döräli bäri, Jandarlary jandar döräli bäri, Gämileri gämi döräli bäri, Iñ täze tankeri hem gadym saly Kitler ýuwudýar käte çöp ýuwdan ýaly. Ýöne welin göwrümi giñ okean, Ýöne welin öwrümi giñ okean, Çaýkanyp-çaýkanyp şondan ikiýan, Ysnat etse beren ene süýdüne - Öz goýnundan ýetişdiren kitinem Gojaman tolkunna dolýar-da bir gün, Çyrpynyp heýjana gelýär-de bir gün, Başdan aýlap, honda zyñyp goýberýär! ...Kit süñkleri ýatyr... Alysdan bolsa Dürbi tutup geçip barýar dargalar. Ýatyr kit süñkleri. Dag ýatan ýaly, Oñurgasyn çokup otyr gargalar!... Sahalin, 1970 Annaberdi Agabaýew | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |