03:58 Könekesir odasy | |
KÖNEKESIR ODASY
Goşgular
Gelip gören diýdi: «Näme kemi bar?» Munda gardaş, müň bir derdiň emi bar. Adamata, How enäniň demi bar, Güneşe baý, nurdan doly obamyň. Pyragyny gören daglara gurban, Jennet kysmy ýaşyl baglara gurban. Nuh döwründe gurlan çaglara gurban, Gadymýete uzar ýoly obamyň. Kerkawdere gözlerimiň garasy, Bir göreniň geler ýene göresi, Pirderedir jülgelerniň seresi, Ýönekeýden sada ili obamyň. Ýaýlyp ýatyr Könekesir obasy, Ýatyr munda şahyr ýigdiň käbesi. Çeşmäniň başynda durla nepesi, Kuwwat berer saba ýeli obamyň. Üstünde sonarly awlagy kändir, Niýetiň ýamanmy – ýowlugy kändir, Ýagşy bolup gelseň – gowlugy kändir, Bilbilden şirindir dili obamyň. Daglaryna bakyp, doýup bilemok, Waspyny dilimden goýup bilemok. Hiç zat meni munça çoýup bilenok, Aňzak gyşam, mähri ýyly obamyň. ▶ GARDAŞ BILEN Derdiň aýt derde galana, Yşkyňy oda ýanana, Syryňy syrdaş bolana, Sürseň ömür deň-duş bilen. Uly bilen uly bol sen, Halkyň şirin dili bol sen. Öz hakyň guly bol sen, Ömrüň geçer guýaş bilen. Enäni agladan näkes, Bagryny dagladan näkes, Taňrym, oňa bir göz görkez! Hemra bolsun gargyş bilen. Edipdir ol näme günä?! Rehmiň gelsin mährem enä. Gözýaş dökýär däne-däne, Geçýär güni nalyş bilen. Synam içre doly ýara, Ýürek boldy para-para, Tapylmazmy muňa çäre, Daň säherler gözýaş bilen. Suw bilen iý döwüm nanyň, Sag bolsa bor şirin janyň. Bir gün ýere ýetse ýanyň, Perýat kylsaň gardaş bilen. 14.02.1995. ▶ GELMEDI SONAM, GELMEDI Peýda etmez gözýaş, agy, Ýakdy-la aýralyk dagy. Gülşüp, oýnaşmaly çagy, Gelmedi sonam, gelmedi. Soraglasam aýdan-günden, Göwnüň sowaşdymy menden. Umyt üzmen janym senden, Gelmedi sonam, gelmedi. Ýüregimde gaýgy-gussa, Göýä kyrk ýyl ýatan hassa, Ýykyljak şemal öwüsse, Gelmedi sonam, gelmedi. Ýada düşýäň ýatanymda, Gaýgy-gama batanymda. Garaşýan daň atanynda, Gelmedi sonam, gelmedi. Sensiz aýaklarym ätmez, Sensiz meniň günüm ötmez, Günüm ýaşmaz, daňym atmaz, Gelmedi sonam, gelmedi. ▶ DANA ÝAGŞY Gardaşyň duşman olmasyn, Syrdaşyň puşman olmasyn, Solmasyn ýüzüň, solmasyn, Namys-ar ynsana ýagşy. Durmuş ýoly egrem-bugram, Bagryň boldy dogram-dogram. Bir dogan ýanar, bir dogran, Howandaryň ene ýagşy. Öz aslyňa maýyl bolmak, Hak ryskyna kaýyl bolmak, Haktagala saýyl bolmak, Barça musulmana ýagşy. Gojalaňsoň ýaş bolmak kyn, Hemme kişä hoş bolmak kyn, Uly ile baş bolmak kyn, Sahawatlyk hana ýagşy. Haram diýse: «Halal menem», Egri güplese:«Dal menem», Bu ahwalata lal menem, Her kim bolsun, tana ýagşy. Dona bürenmezmiş ýalan, Hany meň bilen deň ýanan, Bu ömrüme hemdem bolan Hak sözlemek dana ýagşy. ▶ PÄHIM Saçagyňda mele-myssyk nan bolsa, Sallançakda çagalaryň han bolsa, Ýanyňda janserek Senem jan bolsa, Başga näme gerek, eý, ynsan ogly. Goňşyň ylgap gelse agyň günüňde, (Näme bolup biler onuň deňinde). Galp ýeňilip, adalatlyk ýeňende, Başga näme gerek, eý, ynsan ogly. Gynanmasaň, gynalmasaň ýanalyp, «Namart eken» diýmeseler synalyp. Başyň belent, ýaşap ötseň sylanyp, Başga näme gerek, eý, ynsan ogly. Aby-zemzem bolsaň çölde galana, Howandarlyk edip bilseň ýanana, «Ýok!» diýmek başartsady ýalana, Başga näme gerek, eý, ynsan ogly. Doga kylyp mydam Hakyň kelamyn, Gysganmasa bir-birege salamyn. Abat bolar iki dünýä-älemiň, Başga näme gerek, eý, ynsan ogly. Hebeşistan, Çynma-Çynda, Pereňde... Ýüzüň gyzarmasa nirde ýöräňde, Ataň boldy saňa görüm-görelde, Başga näme gerek, eý, ynsan ogly. Ýalan söz adamy ryswa edermiş, Şeýtan gelip seni oýnap ütermiş. Özüň bilmeý dowzah oda itermiş, Başga näme gerek, eý, ynsan ogly. Söz ussadym Pyragymdan aýyrma, Ýakyn-u-ýat, yragymdan aýyrma, Orta ýolda ýüregimden aýyrma, Başga näme gerek, eý, ynsan ogly. ▶ ÝAGŞY Öz aýbyny tapan ýagşy, Dost aýbyny ýapan ýagşy. Il örüzip ýöreniňden Okdan belki, gapan ýagşy. Der döküp, pil depen ýagşy, Ýere tohum sepen ýagşy. El serip ýygnan malyňdan Nesip etse, kepen ýagşy. Ýere ýagan tupan, ýagşyň Göwnejaýyn çeken nagşy?! Baş bolmasa, läşdir göwre, Ogram bolsa çopan ýagşy. ▶ ŞAHYRYŇ SÖZI Joş alyp sözlese ýürekden eger, Bilbilden şirindir şahyryň sözi. Kalbyňda gert galmaz, nur bolup ýagar, Ylhamdyr, melhemdir şahyryň sözi. Gudratynda köşki, bagy Erem bar, Dünýäň hazynasy – altyn-zerem bar, Zöhre-Tahyr, Asly bilen Kerem bar, Aşyklara emdir şahyryň sözi. Ten bermedikleriň işi har bolar, Dünýeleri gysymyndan dar bolar, Maly öz başyna dert-azar bolar, Nadanlara teňdir şahyryň sözi. Gamhana bolmasyn älem-jahanyň, Ýagşylykdan sözlär kalbyň, dahanyň. Kuwwat biýr biliňe ýadaw mahalyň, Babagammar heňdir şahyryň sözi. Dünýäň aladasy seriňde mydam, Mertleriň çuň ýürek töründe mydam, Mähir-mughabbetiň zarynda mydam, Şahyryň özi, şahyryň özi. ▶ GAÝGYÇYL ADAM Nurana Aýa bakyp, «Bu niçik dünýä?» diýersiň. Agnarsyň bilmän ýatyp, Gijeler oýa batyp. Bezäp ýedi gat arşy, Aý bakar Aýa garşy. Damarlar dokmaň erşi, Gijeler oýa batyp. Kararyň ýok bir ýerde, Müň alada bir serde. Galypsyň agyr derde, Gijeler oýa batyp. Aýlanar misli jykyr, Başyňda dürli pikir. Edersiň ýüz müň şükür Gijeler oýa batyp. Diýersiň: «Ýok gahatlyk», Göwnüň tapar rahatlyk. Küýsärsiň az-kem şatlyk, Gijeler oýa batyp. Agzybirlik hem saglyk, Şo bolar keýpi çaglyk. Ýada düşer çagalyk, Gijeler oýa batyp. «Nähak gurulmasyn tor, Nan bilen suw bolsa bor!». Diýersiň: «Bolunmaz hor», Gijeler oýa batyp. Beletsiň hak, galada, Dost-duşmanyň tana-da? Sähelçe zat alada, Gijeler oýa batyp. Ýalňyşaýsa negada, Özüni urjak oda. Bolupdyr indi kada, Gijeler oýa batyp. Soraýaňyz: «Kimkän-ä?», Tanşyňyzdyr belkäm-ä! Syryn açmaz her kime Gijeler oýa batyp. Tanap-bilip ýörenim, Iş salyşyp görenim. Daňdan bile örenim, Gijeler oýa batyp. ▶ «ÝIGDIŇ NIÇIK ÝEGDIGINI...¬?!» Ýigdiň niçik ýegdigini¬?! Ýar gaşynda durup merdem Belent başyn egdigini! Ýöne weli bilýän onuň Çyn Görogly begdigini. ▶ ATAMYŇ AÝDANY Adamyň göwnüne degmekden aňsat Zat ýokdur meger. Adamyň göwnüne degmekden agyr Zat ýokdur meger. Şuny elmydama ýada sal, iner, Niçik adamlygyň şonda biliner. ▶ DESSANYM GEL Herki işde hak sözlediň, Garalardan ak gözlediň. Ýeriň gaýmagyn pozmadyň, Dile alan dessanym gel. Gök gürledi, ýagdy ýagyş, Zemin içre saldy nagyş. Ýürek eýlegenim bagyş Bagy Erem bossanym gel. Gör-ä, ol suwsan ýylany, Hudaýym sowsun belany. Bir gün gelip alsa jany, Ilki bilen gyssanym gel. Gola aldym dutarymy, Beýan eýledim zarymy. Aýdaýynmy azarymy? Dosty-dogan, hossarym gel. 22.05.95. ▶ HAKYŇ PERMANY Eger bir gün bolup ýatsam çalajan, Aglap, eňräp, gözýaş dökme bala jan. Zyban içre beripdim men güle jan, Şükür eýle, budur hakyň permany. Zynjyr deýin bir-birege çatylan, Heý-de barmy, munda gaçyp gutulan. Utany ýok, bary diňe utulan, Şükür eýle, budur hakyň permany. Herki zadyň nesibeli güni bar, Herki bagyň öz bilbili, güli bar. Ili il eýlegen saýrak tili bar, Şükür eýle, budur hakyň permany. Syn eýlediň dünýäň sagy-soluna, Aşyk bolup çykdyň soňsuz ýoluna. Kimler güldi, kim aglady halyňa, Şükür eýle, budur hakyň permany. 22.05.95. ▶ BIR TOÝDAKY OÝLANMA Bäş günläp sönmedi ojagyň ody, Açyk durdy zer çaýylan gapylar. Weşeň-weşeň sowgat geldi çar ýandan, Isleseňiz guşuň süýdem tapylar. Ogluny öýerip, gyz çykarýarmy? Belki-de, arzyly kişidir ilde? Ýöne munda garamaýak görmedim, Gürleşýärler olar aýry bir dilde. Toýunda şanyna goşgy okaldy, Aýdyma zowlatdy saýlama bagşy. Neşäniň keýpinden dumanly serler, Tostlar göterildi «ýagşydan ýagşy». Bir zat weli öz erkime goýmady, Kimden galan onuň munça baýlygy? Iller ýaly olam işe gatnaýar, Illeňkiden köp däl alýan aýlygy. Döwlet işindemiş, özi neçellik, Kezzap borly, adamlary çürkeýän, Milisgemi, prokurormy... bilmedim, Adamlaryň gözýaşyndan berkeýän. Pikir etmäň, bahyllykdan daşda men, Ýöne halal bolsun iýýän çöregiň. Gomparaňda näme mersedes münüp, Gara bolsa esasy zat – ýüregiň. Uruşda maýyp bolup gelen goňşynyň Gözlerinde ýigrenç gördüm şo halat. Asyl-asyl piňine däl zaňňaryň, Bar küýi-pikiri manat, manat, manat. Kanuny goraýan kişilerden ol, Ýöne onuň özi durşuna galat. Sežde edýän ýeke-täk bir kanuny – Manat, manat, manat, manat. Beýle kişä duş gelipdim ozalam, Orta ýolda gabat geldim ýene-de. Ol toý tutýar misli ertekidäki, Aglap otyr bäş çagaly ene-de. Toý gowy zat, toý tutulsyn elmydam, Goý, elmydam söýüşilsin, söýülsin. Ýöne seniň, meniň gözýaşymdan däl, Diňe halallyga nika gyýylsyn. 29.05.95. ▶ ILKI BILEN IKIMIZIŇ GÜNÄMIZ Günäliň oduna ýansa günäsiz, Ilki bilen ikimiziň günämiz. Bir biçäre zulum kylsa bir zalym, Ilki bilen ikimiziň günämiz. Tow düşüpdir arasyna doganyň, Güýji bar diýdiler munda doganyň. Agysyna sebäpkäri aganyň Ilki bilen ikimiziň günämiz. Ýetimiň gözünde gördüm gözýaşy, Ýok, ol mesliginden etmändir başy. Bir gojanyň eger çytylsa gaşy, Ilki bilen ikimiziň günämiz. Tanap ýörsüň, ine, sen bir näkesi, Ondan ýaňa doldy sabyr käsesi. Döwülmese eger jellat päkisi, Ilki bilen ikimiziň günämiz. Eger söýgi hakda söýlese zalym, Onuň häsin berip aýnasa alym, Aýy dostlugyna etmezmi çalym? Bu-da biziň ikimiziň günämiz. Salgyma gol bulap, daga çykmak kyn, Bir adamyň göwün raýyn ýykmak kyn. Ýykaňsoňam öňküsi deý dikmek kyn, Dikelmese, ikimiziň günämiz. Bir halkyň ýüzüniň tuwagy şahyr, Niçik bor messebin ýitirse ahyr! Gojaň ýakasyndan tutsa bir jahyl Ilki bilen ikimiziň günämiz. Dünýäde hasapsyz zat ýokdur belkäm, Ýalkansaň ogluňdan, gyzyňdan ýalkan. Agyr günde perzent bolmasa galkan, Zürýadyň däl, ikimiziň günämiz. 30.05.95. ▶ ÝOWUZLYK Aýrylanym üç ýyl boldy kakadan, Ömür ýolum doly döwli wakadan. Aýatdakaň ýowuzlygyn durmuşyň Oýlanman ekenim, eziz kaka jan. Garamaty boýnuňdady maşgalaň, Elmydama şody seniň baş galaň. Munda ýalňyz galan mährem enäni Gysýar indi hem gowurýar boş galaň. 3.06.96. ▶ «BILMEDIM KYSMATA NÄME ÝAZYLMYŞ...» Bu durmuşda gören zadyň azam däl, Göräýmäge weli känem däl ýaly. Durmuş – derýa, akýar mydam çyrpynyp, Käte welin ol göwnüňe köl ýaly. Kä büdüräp, ýykylarsen käte-de, Utulan oýunçy çykar çete-de. Sowularsen saga, käte çepe-de, Bilmedim kysmata näme ýazylmyş. Hydyr diýip ýörenleriň hyrs çykar, Boljak oglan owalbaşda ders çykar. Ajam bolsa hak mydama dürs çykar, Bilmedim kysmata näme ýazylmyş. Bir ýa iki däldir goýberen hataň, Göwnüňe käýinýän ýalydyr ataň. Ol ne agyr ýükdür egniňde ýatan? Bilmedim kysmata näme ýazylmyş. Ýol uzak ýaşalyp ýörülse eger, Haý diýmän garrylyk basmarlar meger, Ýowuz dert – aýralyk ýyldyzy dogar, Bilmedim kysmata näme ýazylmyş... 10.06.95. ▶ ÝA BOLGAÝ, ÝA BOLMAGAÝDYR Kime berdiň erki dünýä! Kimler boldy terkidünýä. Iýer boldy merki dünýä Ýa solgaý, ýa solmagaýdyr. Dertliden sora azaryn, Manysyn okar nazaryň, Gumludan sorsaň Hazarym, Ýa bilgeý, ýa bilmegeýdir. Gadyr bilse, gadyr eýle, Nadanlardan heder eýle. Daňlar atyp, öter öýle, Ýa dolgaý, ýa dolmagaýdyr. Abubekir, Omar, Osman, Hezret Aly – beýik ynsan. Bişseň, köýseň, oda ýansaň, Ýa gelgeý, ýa gelmegeýdir. Seň öňüňde näme hatam, Aşak bakyp, dymma atam. Batsam ýene gama atam, Ýa gülgeý, ýa gülmegeýdir. Köne derdim ýene gorjap, Hasrat çekdim sojap-sojap. Şonda-da durmadym ajap, Ýa bilgeý, ýa bilmegeýdir. Könelerde nakyl bardyr: Guduraýan ýykylýandyr. Aklym alsaň akyl bardyr, Ýa algaý, ýa almagaýdyr. Ýetime dözüm eýlediň, Ejize azm eýlediň. Eýlediň, kasam eýlediň, Ýa ölmeý, ýa ölmegeýdir. Günä işe etmän toba, Gürleseňiz badyhowa. Ýüregňizde beýik Käbe Ýa bolgaý, ýa bolmagaýdyr. 10.06.95 ý. ▶ AMAN SAKLASYN Syr alyp, syr berişmegen, Çyn ýürekden görüşmegen. Dost öýüne baryşmagan, Kişiden aman saklasyn. Haramylyk göwün şady, Ýokdur hiç bir gaýdýan zady. Saňa, maňa belli ady, Kişiden aman saklasyn. Ýüzünde ýok nur-muhammet Görenine atýar töhmet, Ýatdyr oňa halal zähmet, Kişiden aman saklasyn. Lükge-lükge gepi bardyr, Her gepiniň çöpi bardyr. Erbetligiň köki bardyr, Kişiden aman saklasyn. Özün urar daga-daşa, Musallatdyr dynç başa. Şondan ýaňa düşdük aşa, Kişiden aman saklasyn. Arpa ekip, bugdaý istän, Ýok ýerden tupan-gaý istän, Ýas ýerde uly toý istän, Kişiden aman saklasyn. 1-3.07.95. | |
|
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Sendedir sende / Goşgular - 17.07.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Ýar / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |